Surat

Ykbalyň ykbaly

Onuň adyna Ykbal Mesih diýýärdiler. Ol 1983-nji ýylda Pakistanyň Lahor şäherinden 17 km uzaklykda ýerleşýän Muridke obasynda, hristian maşgalasynda doglupdy.

Kakasy maşgalasyny taşlap gidensoň, tämizçi bolup işleýän ejesi ony dört ýaşynda 600 rupiýa — 12 dollara gulçulyga satmaly boldy. Sebäbi ejesiniň Arşad haly kärhanasynyň eýesine bergisi bardy.

Ol dört ýaşyndan on ýaşyna çenli haly dokady.

Ykbal hepdede 7 gün, 30 minutlyk arakesme bilen, günde 14 sagat
haly dokady. Daň atmazdan öň oýanyp, pyýada işe gitdi. Işde çagalary, gaçyp gitmez ýaly, haly dokalýan enjamlara zynjyr bilen baglaýardylar. Ýalňyşsalar, urup-ýenmek, dikbaşşak asmak bilen jeza berýärdiler.

12 ýaşyndaky Ykkbalyň agramy 27 kilogram bolsa, boýunyň uzynlygy 120 santimetrdi. Ol alty ýaşly çaga ýaly görünýärdi. Sebäbi onuň bedeni açlykdan we zynjyrlanmadan ýaňa ösmegini bes edipdi.

Bir gün ol gaçyp, polisiýa ýüz tutdy. Hojaýyna satylan polisiýa işgärleri ony yzyna, gaçan ýerine gaýtaryp berdiler.

10 ýaşynda ol ikinji gezek hem gaçmagy başardy. BLLF (Borç gulçulygyndan Azatlyk fronty) aktiwistleri ony tapyp, mekdeplerinde okuwa ýerleşdirdiler we ol olaryň sesine öwrüldi.

Alty ýaşly çaganyň ululygyndaky oglanjyk BLLF bilen zawodlarda barlag geçirip başlady we 3000-den gowrak çagany gulçulykdan azat etdi. 1994-nji ýylda ol ABŞ-nyň Reebok Adam Hukuklary baýragyna mynasyp boldy 12 ýaşynda Amerikada münbere çykyp: "Bizi irden sagat 4-de oýarýardylar we günde 12 sagat işlemäge mejbur edýärdiler..." diýdi.

Ol dünýä belli bolup, Pakistanyň "haly mafiýasynyň" - çaga zähmetine daýanýan milliardlarça dollarlyk senagatyň duşmanyna öwrüldi.

1995-nji ýylyň 16-njy aprelinde, Pasha baýramynda dogduk obasyna, ejesini görmäge gelen oglan welosipedli, doganoglany bilen meýdanda işleýän garyndaşyna nahar alyp barýarka 12 kalibrli tüpeň bilen arkasyndan atylyp öldürildi. Ol 12 ýaşyndady.

Polisiýanyň resmi maglumatyna görä, "Aşraf atly daýhan ony tötänlik bilen atyp öldürdi". Resmi däl, giňden ynanylýan maglumata görä, ol haly mafiýasynyň buýurmagy netijesinde öldürildi.

Bu jenaýatyň üsti henizem açylanok. Onuň jynazasyna 800 adam gatnaşdy. 2000-nji ýylda oňa Çagalaryň hukuklary boýunça Bütindünýä Çagalar baýragy gowşuryldy.

16-njy aprel, Ykbalyň hatyrasyna, Çaga gulçulygyna garşy halkara gün hňökmünde bellenýär.

Ol 12 ýyl ýaşady. Alty ýylyny zynjyr astynda, haly dokap geçirdi Iki ýyl azatlykda ýaşady. Şol iki ýylyň dowamynda köp adamyň 80 ýylda edeninden has köp iş etmegi başardy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026