Ölmedik lukman
Onuň ady Dr. Ýuan Şuýiň. Ol onlarça ýyllap gadymy hytaý lukmançylygy bilen meşgullandy. Garyp-pukaralary mugt bejerdi. Derdine em etdirmäge puly ýetmeýän näsaglara pul berdi. Ahyrynda, aradan çykmazyndan öň bolsa, mazar daşyna ýazylmaly zatlar barada ýörite görkezme galdyrdy.
Ol mazar daşyna goşgy setirleriniň ýazylmagyny pent etmedi. Mazar daşynda gazanan üstünlikleriniň sanawynyň bolmagyny hem islemedi. Ol diňe netije beren, näsaglara kömek eden emleriň ýazylmagyny isledi. Ol bu emleriň ýazgysynyň daşa oýulyp ýazylmagyny, şeýlelikde, islendik adamyň olary okap, ulanyp bilmegini isledi. Bu mazar daşy Hytaýdaky gonamçylyklaryň birinde ýerleşýär. Ol durşuna em ýazgylary bilen örtülen. Her setir — bir bejergi, her setir — bir sowgat.
Adamlar bu ýere gelip, daşdaky ýazgylary okaýarlar, olary ýazyp alýarlar, surata düşürýärler. Soň bu ýazgylar olaryň näsag garyndaşlaryn, tanyşlaryn baryp ýetýär. Onuň mazaryna her gün 300-400 töweregi adam zyýarat edýär. Şeýlelik bilen, bu ýer diňe bir ýas, hatyra ýeri däl, eýsem derde derman, şypa tapylýan mekana öwrüldi. Ol öz bilimini özi bilen äkitmedi; ony şol bilime mätäç adamlar üçin elýeterli edip gitdi.