Surat

Tümlükden ýadan halk

Tötänden, ozal suwjuk, manysys hasaplap diňlemedik aýdymlarymy diňläp, türkmende soňky onýyllyklarda ýüregini paralan, öz derdine ýanyp, belki-de, uly ile mahsus hal-ahwaly goşgy setirlerine geçiren we halk hasratyny açan şahyrlary açdym.

Özüni Atda atlandyran şahyryň çykmadyk kitabyny bir bagşynyň “Ömrüm” diýen aýdymynda ‘warakladym’. Ýarasynyň köpdügini aýdýan şahyr amanadynyň kösemän alynmagyny, agyrysynyň syzdyrylmazlygyny isleýär. Men oňa düşünýärin...

Ýok, ol diňe aňsat ölüm islemeýär. ‘Tümlükden ýadadym, çykaraý daňa’ diýip, haýsydyr bir jellada ýa ýaradana däl, öz ömrüne ýalbarýar, ‘Meni wagtyndan öň öldürme’ diýýär.

‘Sallançakdan yzarladyň bagtymy’ diýip, ol namys-arly tagtynyň ýykylmazlygyny isleýär. Elbetde, adam bolan onuň bu islegine düşünmeli...

Şahyryň derdini saza goşup aýdýan bagşydan diňläp, ol aýdyma baş atyp oturanlary görüp, ajap wagty ýele sowrulan, sergezdan bolup ölmekden gorkýan adamlar, bütin bir il göz öňüňe gelýär.

Bagşy saňa ýetim ösen bir çaganyň däl, belki-de, ýetim galan ulularyň, halkyň agysyny ýetirýär, ýashana öwrülen bir obanyň däl, ‘öz gabrym özüme gazdyrma’ diýýän bir şahyryň däl, belki-de, ýüz müňlerçe ynsanyň, çäresiz adamlaryň ahyny getirýär...

Bu aýdymy diňläp, ýat illerden yzyňa, ýurduňa dolanmazlyk, onuň agysyna aglamazlyk mümkin däl.

Psihologlar adamlary iki topara – özbaşdak pikirlenip, netije çykaryp bilýänlere we özbaşdak pikirlenip bilmeýänlere, diňe başgalara gulak asyp ýa ynanyp ýaşaýanlara bölýärler. Az ilatly, tebigy baýlyklara, güneşe we ýere baý ýurtda şeýle garyplygyň döredilmegi we saklanmagy tötänlikmi ýa pikirlenip, gürleşip, düşünişip we hereket edip bilýän adamlaryň juda azlygy bilen baglymy?

Bu sorag soňky döwür, halk agysyny aglaýan aýdymlary diňlänimde, barha kän dilime gelýär.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026