Konformizm diwaryna urulýan teşeler

Sosial mediada bir garry enäniň kassire garaşyp oturan wagty, oturan ýerinde ýazan we goşgy haýyş eden gelne okap beren goşgusy meni şygyrýetiň asyl däpleri we konformizm hakynda pikirlenmäge mejbur etdi. Biziň halypalarymyz, sowet-kolonial döredijilik terbiýesini alan ýazyjy-şahyrlar aňyrdan gelýän däplerden ýüz öwrüp, eklenç we howpsuzlyk aladalary sebäpli konformist bolmaga mejbur bolupdylar.

Gynançly ýeri, olaryň ''Oňarsaň bar zady oňatlyga ýor'', ''Bagtlylyk hakynda'', ''Sabyr'' ýaly konformist goşgularyna şindem dogry baha berlenok we olary 'nusgalyk eser' hasaplap ýörenler, şol bir wagtda-da jemgyýetde giň ýaýran konformizmi goldap, öz aýaklaryna 'palta urýanlar' hem az däl.

Emma, 90-yň yzyndan ýetip barýandygyny aýdýan we il içinde, konformizimiň ejirini ilkinjiler bolup çekýän ýönekeý adamlaryň arasynda goşgulary 'jana' diýip diňlenýän ene döredijileriň sowet-kolonial terbiýesini bize mälim bolan bir eseri bilen hem doly ret edýär.

Şu sebäpden bu goşgyny, adyny hem bilmeýän şahyrymyň ýürek eserini diňläp, ýitip gitmezligi üçin, kagyza geçirdim.

Kassir gelmedi

Uzakdan gaýtdym ýuwaşja ýöräp,
Ellerim ýaryldy, dodaklam gurap,
Kararym ýetenok oturyp, turup,
Garaşyp otyryn, kassir gelmedi.

Irden ugramda, bissimilla diýýän,
Hudaýa sygynýan, pygambere uýýan,
Togsanyň yzyndan ýetib-ä barýan,
Garaşyp otyryn, kassir gelmedi.

Ýaşap ýörün Goşapilli obada,
Elim ýakamda, dilim tobada,
Gelip ne güldürdiň uzyn nobata,
Garaşyp otyryn, kassir gelmedi.

Ýanýoldaşymyň agyrrak haly,
Peýda edenok dermandyr däri,
Bahymrak geler-how diýipdi häli,
Garaşyp otyryn, kassir gelmedi.

Kötelli ýollary pul bilen çözläp,
Agyr dertde, derman tapmadym gözläp,
Syrymyň ýarsyn ýaýyp, ýarysyn gizläp,
Garaşyp otyrym, kassir gelmedi.

Süňňümi owratdy durmuş gamçysy,
Ýakamy çüýretdi gözümiň damjasy,
Öýde ýatyr ýigitleriň nowçasy,
Garaşyp otyryn, kassir gelmedi.

Süýji zatlar alyp gitjek iýmäge,
Däri-derman aljak, kuwwat bolmaga,
Howlugýana menem öýe barmaga,
Garaşyp otyryn, kassir gelmedi.

Gözlerime sataşmasyn gözleriň,
Ellerimden sypap tutar elleriň,
Şondan meniň saňa diýjek sözlerim,
Garaşma, ezizim, kassir gelmedi...

Bu goşgyny kärdeşim görkezdi, 'garry enemiz iki sözde, 'kassir gelmedi' diýip, türkmen reallyklaryny aňyrsy-bärsi bilen açaýypdyr' diýdi.

Işden gaýdyşyn, maşynyň içinde-de, soň gijesi bilenem meni hiç ýere goýbermän saklan eser maňa gerekli diplomlary alyp, gerekli ýerlerde işlän adamlaryň ömür beren gulçulyk diwarlaryna urlan birje teşe bolup göründi.

...soňky döwür, sosial media göz aýlap, konformizm diwaryna urulýan teşeleriň barha köpelýändigine, halk aňyna agyr zynjyr bolan döwlet senzurasynyň dag daşlaryny togalap geljek siliň öňünde durup bilmejekdigine barha kän ynanasym gelýär.

Amerikan psihology Rollo Meýiň sözleri bilen aýtsak, biziň jemgyýetimizde batyrlygyň beýle ýüzi, antonimi gorkaklyk däl, ol konformizm...

Konformizm hakyky kimligi, şahsdaky şahsyýeti ýok edýän bolsa, batyrlyk jemgyýetçilik basyşyna garşy iki-ýeke bolup durmagy, Don Kihotlygy aňladýar.

Gorkaklyk diňe gorkmak ýa-da gaýratyň çatmazlygy bolsa, konformizm doly tabynlygy, boýun egmegi aňladýar.

Siz, howpsuzlyk we ýekirilmezlik, iliň biri bolan bolmak üçin dymýan ýa ýokardan aýdylýan zatlara baş atýan köpçülige goşulyşýarsyňyz. Jemgyýet bu hili goşulyşmany, ýagny garşylyk bildirmekden saklanmagy sylaglaýar.

Bu hili goşulyşma üçin hiç hili töwekgelçilik gerek däl we bu ony häzirki zaman durmuşynyň gizlin duzagyna öwürýär.

11-13.09.2026.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026