''Gybatly döwrüň'' gürrüňi

Bir tanşym ‘Tirkiş bagşyny diňleýärsiňmi, bizde-de ahyry Wysoski döredi’ diýip hat ýazdy. Netijede, ömür adyny eşitmedik aýdymçymyň, Tirkiş Hotjyýewiň iki aýdymyny diňledim.

Birinji aýdymyň sözleri durmuş gowgalaryny gören adamyň galamyndan çykana meňzeýär. 1991-nji ýyldan soň, döwlet senzurasynyň we gara sanaw zulmatynyň astynda beýle goşgynyň ile çykarylyşyna geň galdym. Belki, men bilýän däldirin, beýle eserler kän ýazylandyr. Ýöne, sözünde Wysoski ýa protest äheňleri çala duýulsa-da, oňa beýle güýçli aýdym diýip biljek däl...

Aýdymyň sözleriniň liriki gahrymany ykbala ýüzlenip, arzym bar diýýär we şobada-da onuň inkär edilmezligini soraýar. Elbetde, bu onuň arz-şikaýatlaryň diňlenmeýän döwründe ýaşaýandygyny gaty gowy bilýändigini aňladýar. Soňy has gyzykly:

“Gör, kimlerde karzym bar, hernä bergidar etme!’’

Liriki gahryman ykbaldan eýýäm bolan zady bolmadyk etmegi, bergili adamy bergisiz etmegi, belki-de bergisini üzüşmegi soraýar.

Bu protestmi ýa-da ýarysyndan gowragy garyplyk derejesinden aşak düşen ilatly ýurtda her bir dilegçiniň dile getirjek senasy?

Dogry, aýdymy hakykatdanam protest aýdymyna meňzedýän sözler hem bar – “Sanjy köpdür böwürde, şu gybatly döwürde...”

Resmi metbugatda ''Bagtyýarlyk eýýamy'' diýilýän döwürde aýdylan ikije söz - ''gybatly döwür'' aňlatmasy aýdymy ýüzüniň ugruna hakyky pitne aýdymy derejesine galdyrýar. Bu, belki-de, adamlaryň pitne aýdymyna zar bolmagy netijesinde döreýän duýgudyr. Ýa-da bolmasa, bagşynyň sesi, sazy, ýüz keşbi bizi, durşuna gam-gussa öwrülen ýurduň ogul-gyzlaryny pitne aýdymyny diňleýän diňleýjiniň ornunda oturdýar... Bilmedim...

Bu ýerde awtoritar režimli, metbugaty doly senzura astynda galan, protest ýa pitne äheňli eserleri döretmegiň howply bolan ýurdunda aýdyp bolmajak zat aýdylýar we, “Ýalňyşaýsam eger-de, ýazgar, günäkär etme” diýip, eýýäm ýalňyşan awtoryň içindäki gorkusyna hem şaýat bolýarsyň. Ol gorky saňa-da geçýär...

“Öňümde bahar-gyşym, gowgasy kän çal başym, //Iň soňkuja haýyşym, maňlaýymy şor etme” diýýän bagşynyň zaryn äheňindäki gam-gussa, aýdymy birki gezek gaýtalap diňleseň, örän kyn ýagdaýdadygyny aýdýan liriki gahryman seni öz duran ýerine, belki-de, asylan dar agajyna ‘golaýladýar’.

“Azana duçar etme”, “Namarda mätäç etme”, bu dilegler halk dilinde hemişe bar we soňky otuz ýyldaky türkmen reallyklary näçe uzak dowam etse, olar şonça-da uzak saklanar we, aglap-eňräp, ykbala ýa Alla ýalbaryp, aman galjak az bolar. Haýp, şu-da bizi, gadym döwürlerdäki ýaly, bagşylaryň aýdymyndan derdimize derman gözlemäge itekleýär...

Bagşynyň ikinji aýdymynda liriki gahryman ýüregine ýalbarýar, ‘sabyr et’ diýýär we öz düşen ýagdaýyny, söýen gyzynyň ýatdan çykmazlygyny 'Allanyň syry' hökmünde häsiýetlendirýär, oňa ýetme ýok diýýär.
Belki, sözüne üns bermän, diňe sazyny diňleseň, bu aýdym hem gowudyr. Bilmedim...

Men sungat synçysy däl, aýdym-saz hakynda diňe diňleýji hökmünde söz açyp bilerin. Ýöne türkmen sungatynda protest, pitne ýa belli bir derejedäki garşylyk, nägilelik aýdymlarynyň ýeriniň gädilip durandygyny we ‘mukaddes ýeriň’ uzak boş galmajakdygyny, yzdan gelýän nesilleriň ýüreklerindäki hakykat hyjuwynyň beýle uzak jylawlatmajakdygyny welin aýdyp biljek.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026