Bilinmeli zatlar

The person who writes for fools is always sure of a large audience. Arthur Schopenhauer

Onuň, belki, özüne göwünlik berip, ýa-da dolandyryjylara ýaranmak, aç-hor halky köşeşdirmek üçin ýazan bir goşgusyny şindem çyndan guwanyp okaýanlar, sosial mediada paýlaşýanlar bar, ýöne gepiň aňyrsyna, ony kimiň we näwagt, näme üçin aýdýandygyna seredýän ýok.

Bu goşguda sabyrly bolmak, gyssanmazlyk ündelýär, hemme zadyň wagty gelende ýerbe-ýer boljakdygy aýdylýar. Kolonial döwrüň başga bir şahyry öz wagtynda, eger başaryp bolsa, ''hemme zady oňatlyga ýormagy'' pent edipdi.

Dilde hemişe ynsabyň, pespälligiň tarapynda bolan, eşege tirkelen düýäniň ýagdaýyna düşünen, şol sanda beýlekileri çybyk, özüni galjak töňňe saýan şahyr bu goşguda ''şükür, ähli zadyň çägi bar'' diýen netijä gelýär. Ýöne durmuş diňe bir adamyň mysalynda däl, asyrlar boýy, iki zadyň – barlygyň we adam akmaklygynyň çäksizdigini görkezýär. Dogry, barlygyň çäksizdigine şübhelenýänler hem bar...

Uzyn gepiň gysgasy, arhiwimi dörüp otyrkam, wakalaryň içinde bolanyň sabyr-kanagata çagyran
pahyr barada goýman ýazdyran maglumaty öňümden çykdy. Howpsuzlyk aladalary üçin, çeşmäniň adyny aýtmaýaryn.

“Sapar Ataýewiç Berdinazar aga ýüzlenip, ‘Saýlandyň, saňa Magtymguly komitetini bereýin, aýlyk belläýin, “Mersedes” bereýin, Mekan köşgünden sekretarşaly-zatly kabinet berýin’ diýdi.

Bilmesek näme, şondan öň idili işlän, uzak aýlyk alan ýeri ýok eken pahyryň /bu ýalan, onuň ýagdaýyny bilýärdiler, ýöne ol şol wagt, prezidentiň patyşa diýlip yglan edilmelidigini açyk öňe sürýän we ýazyjylar koalisiýasyna iň gerekli kartdy – redaktoryň belligi/. Nebis eken-dä, daşoguzlylaram gaty azdyrdylar, 65 ýaşyny öňürti gidip, Sapyş Çerkez bar, ady kolhoza dakylan, şonda belledi...

Prezident oňa ‘Berdinazar aga, ýanyňa Daşoguzdan diplomat alyp gaýtmagy bes et, men öz etjek işimi bilýän’ diýmäge çenli baryp ýetdi, sypaýylyk bilen kän duýdurdy. ‘Aý, işden gitmersiň, men özüm aýdaryn, ýöne oňa-da emlemeli zat bar. Diplomatyňy maňa berip goýber’ diýip, [pul] alyp gaýdýan eken, pahyr. Özüne-de siňdirýän zady ýok, Moskwadaky ogly Nazar alyp gidýän eken ol diplomaty, içindäki puly bilen. Prezidentiň golaýyna-da baranok ol pul.

Bu habar prezidente ýeteninden soň, iň soňunda çydap bilmän, ogluny bahana etdi... ‘Sen ogluňy haýyş edýäň-beýleki’ diýeniniň aňyrsynda şol zatlar ýatyr. ‘Oglumy armiýadan boşat. Öýümde bolsun” diýipdi-dä, Berdinazar aga. Bu gürrüňleriň aňyrsynda şol diplomatlar ýatyr.

93-de dyzymyza çöküp, hununy satyn aldyk ol... Çärjewde ony pyýan eden Kaýum Taňrygyuly, gije alyp gidip, giýewisiniň restoranynda içirip... Bilýän gürrüňiň-dä. Baýram Jütdi ikisi masgara boldular. Baýram-a sag, olam [Berdinazar] pyýan.

Prezident ‘Berdinazar aga söz berýän, şondan soňra pereriw’ diýdi, kagyzlaryny dörüp otyr, seredenok. Çärjewde geçýär Ýaşulular maslahaty.

Birdenkä Berdinazar turup ugrady, men beýlede, yzagrakda otyryn. Tapçanda oturylýar-da. Her tapçanyň arasy üç, 2,5 metr çemesi, ýylan ýaly bolup, bu tapçandan o tapçana ýapyşyp barýar-da. Ýöräp bilenok, pyýan, erbet pyýan. Ahyry ýetdi...

Prezident entegem bilenok, şol kagyz dörüp otyr, gol çekmeli zatlarydyr-da.

Prezident başyny galdyrman, ‘Baýram Jütdi, senem gel’ diýdi… Ikisini ýaraşdyrjak bolýar-da, gurultaýdaky agzalalykdan soňra... 93-de.

Berdinazar aga gürrüňe başlady, ‘Biz bir gowy döwrüň ýaşulusy bolduk, belent mertebeli prezident, sen bizden öň öl’ diýdi. Biz senden öň öleli diýjek bolup, ýalňyşyp aýdan zady bolmaly, elbetde.

Prezident ýalta seretdi, görse Berdinazar ýap boýundaky gamyş ýaly, iki ýana yranyp dur. Gaty oňaýsyz ýagdaýa düşdi, belki-de gyssanjyna, başga näme etjegini bilmän, Berdinazaryň sözüni kesdi-de, ‘Baýram, sen aýdyber onda’ diýdi.

Baýram, çenim, ‘şuň ýaly adamy başlyk etdiňiz, bizi kemsitdiňiz’ diýjek bolandyr-da, ‘biz eşegiň yzyna tirkelen inere döndük’ diýdi. Ol eşek diýende Berdinazary göz öňünde tutandyr welin, bu ýerde prezident – ýurduň baştutany bolan adam eşege deňelýän ýaly bolup eşidildi. Prezident ‘adamlar, ýygnak ýapyk’ diýdi.

Şu aralykda Kaýum Taňryguly maňa pul hödürleýär, ‘sen prezidentiň ýanyna bar, wagty geldi, meni başlyklyga geçir, bir ýaşuly başlyk bolmaly diý, meniň aslym ärsary däl, hojadyryn, puluňam bererin, nämäňem bererin’ diýýär.

Aý, garaz, Berdinazar bilen prezidenti zordan, ýarym ýylda ýaraşdyrdyk. Men hemmesiniň içinde boldum-da, indi şulary ýazmaga ejap edýän. Bolmanda bir magnitofon ýazgysy etmeli-dä, bilinmeli-dä nämeler bolany...”

Arhiw bellikleri tapgyryndan, 2012-nji ýyl.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026