Ahmet Gurbannepesowyň günäsi nämedi?

Men bu soragy açyk goýýaryn, belki, bilýänler bardyr. Ýöne onuň türkmen edebiýatynda başda biraz sylan intellektuallarymyň biri bolandygyny, eden gowy işleriniň hem unudylanyna we, 1991-nji ýylda Berdinazar Hudaýnazarowyň söz, metbugat, döredijilik azatlygyna garşy alyp baran namart göreşine goşulanyna gynanýandygymy aýdyp biljek.

Ahmet Gurbannepesow, meniň bilýänim, metbugatda soňky gezek 2015-nji ýylyň ýanwar aýynyň aýagynda, ýogalanda ýatlandy.

45 ýyl çemesi dostana gatnaşykda bolan, Ýazyjylar birleşiginde 15 ýyl çemesi bile işleşen ýazyjy onuň türkmen edebiýatyna elli ýyllap hyzmat edendigini aýtdy. Eýsem, milli edebiýata 50 ýyl hyzmat eden şahyryň döwlet eýeçiligindäki metbugatda ýogalanda hem ýatlanmazlygynyň sebäbi näme bolup biler? Ol partiýanyň we hökümetiň öňünde, şindem ýatlanýan kärdeşlerinden agyr ýa bagyşlanmaz ýaly, nähili uly ýalňyşlyk etdikä? Bu soragy birnäçe ýazyja, şahyra hem žurnaliste berdim.

Olar ‘bilemok’ diýen manyda jogap berdiler. Ýöne bir kärdeşim, ara wagt salyp, ‘sessiz’ seslendi, adyny aýtmazlygy sorady.

“Ahmet neresse, öňki pikirlerinden dänmän gidenliginde, beýle bolmaly däldi. 80-nji ýyllaryň başlarynda ýa 70-nji ýyllaryň aýaklarynda, anyk ýadymda däl, žurnalistika ýok, şol bir galyplar bar diýip, o döwürlerde köp adamyň het edip bilmejek tankydy makalasyny ýazdy. Halbaý Ýomutbaýew diýip biri bardy, gowy adamdy, ýaşynyň soňunda tanyşdym, gaty ýumşak adam ekeni, kino studiýanyň zadyň direktory bolupdy, ýokardan ýazmaly diýip, görkezme berlen bolmaly. ‘Ahmet Gurbannepesowyň nigilistik pikirleri’ diýip, onuň aýdan zatlaryna garşy çykyp, jogap makalasyny ýazdy. Emma bu Ahmediň abraýyna boldy, daşyndan zat diýmeseler-de, ony içinden sylaýan kändi. Okaýan, pikirlenýän adamlar metbugatdaky durgunlygy gowy bilýärdiler…

Meniň pikirimçe, Ahmet şol başdaky derejesini saklamalydy, emma bu bolmady. Tirkeşýän adamlaryny, suwdan gury çykýanlary tanamady. Şaýat bolan zadymy aýdaýyn. Adyny aýdyp oturmaýyn, Ýazyjylar Birleşiginiň jogapkär işgäriniň eden ogurlygynyň üsti açyldy. Ýazyjylar birleşiginiň önümçilik birleşigi diýen ýaly gurama döredip, bir işler edipdirler.

Jenaýatyň üstüni açan prokuratura, Orazgeldi Aýdogdynyň gidere ýeri ýok. ‘Ogurlanan puly pylança wagtyň dowamynda ýerinde goýuň, prokuratura pul ýerinde goýuldy, işi bes ediň diýeris diýýär. Ýüzi agyr, hem özünden gorkýar, hem öz adamlaryny goramaly. Iki oduň arasynda galan resmi, ikimizem öňki Komsomol işgäri bolamyzsoň, ýagdaýyny açyk kitap ýaly okap otyryn.

Şol wagtam Ahmet ara goşulýar. Ogurlykda tutulan dostunyň adyny tutup, ‘şu işden aýrylsa, menem işlemerin, giderin’ diýýär. Içimden ‘Otur-da, seň näme işiň bar, puly iýen biri, sowan biri’ diýýärin.

Oraz Aýdogdy, öňem düşen ýagdaýyna zordan çydap oturan adam, ‘Seni gözümiz-gaşymyz çekip oturanok, şu gün gidäý sen gidesiň gelýän bolsa’ diýdi.

Neresse, birhili boldy, ýüzüni boz-ýaz edip, ‘Aý, edebiýatda agramymyz, ornumyz bardyr öýdýärdik welin’ diýdi. O.Aýdogry: ‘Ýok, sen ornuňy başga ýerden gözle’ diýdi.

Ahmedi gowy görýärdim, ol gözümiň alnynda beýle kemsidiler öýtmändim… Otur-da leksiýa diňlän bol-da, ‘o gitse, menem gitjek diýip, dyzan bolmak nämäňe gerek. Kime gal, sen gerek diýiljek bu ýurtda? Onsoňam, Oraz Aýdogdy ony ölse giderjekmi? Janyny paralajak, saklajag-a, özüniňki ahyryn ol’ diýýän. Soň kelläme gelýär, ‘muňa akyly ýetmän duran däldir, ýöne üsti açylan dosty ‘senem eýle-beýle diý, sesiňi çykarman oturma, golda-beýleki diýendir, goldan boldugydyr’ diýýän. Bilemok-da…

Ýazyjylar birleşiginiň näme öwrülenini bir Alla bilýär… O kezzap ýapylan birleşigiň möhürini tabşyrman saklapdyr. Ýogsa şol gün akt ýazdyryp, polisiýa eltip tabşyrmaly. Günleriň bir güni başga bir maliýe işiniň üsti açyldy. Ýazyjylar birleşigi ýapylanyndan näçe ýyl soň… Kagyzlaryň ýüzünde şol möhür, ýapylan edaranyň möhüri basylypdyr. Baş prokuratura yzarlap ugrady welin, g… gyssaga düşüp, öz günäsini oturanja gyzjagazyň üstüne atjak bolýar.

Medeniýet ministrliginde, Oraz Aýdogdy hem wise-premýer, hem ministr, döredijilik intelligensiýasy bilen işlemek üçin döredilen bölümiň sekretary, ýene iki sany işgäri bar. Ýaňky, Ahmediň gorajak bolýan ‘dosty’, ‘meň habarym ýok, şo gyz bir ýerden möhüri tapyp, şol basandyr-da’ diýýär. Ýaňky gyz aglap, ýüzüne durýar, ‘sen meniň kakamdanam ýaşuly, utanaňokmy, maňa töhmet atmaga’ diýýär.

Gyssap ugraýarlar welin, Ahmediň ‘dosty’ boýun alaýýar, ‘hawa, men möhüri sakladym, ýöne şu işiň üsti açylanda, çekiç bilen döwüp, pylan ýerdäki tualete taşladym’ diýip, özi boýun alýar. SSSR döwründe agaçdan ýasalan, ýüzüne rezin ýelmenen möhür-dä… Ýazan düşündirişi prokuraturada duran bolmaly, saklanan bolsa… Diňe şonuň üçinem iş kesip bolýardy, emma Oraz Aýdogy arka durup, köp zady bassyr-ýussur etdiler.

Olar mydama suwdan gury çykýardylar, ýöne Ahmet ýalylar muny başarmaýar. Galanyny özüň pikir ediber.”

Arhiwde galan bellikler tapgyryndan. 2015-2017-nji ýyllar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026