Surat

Sapar çukury

“Soňky wagtda neşekeşler bilen, neşe satýanlar bilen gatnaşyklar gurmak milli howpsuzlyk gullugynyň işgärlerine-de mahsus boldy. Olar ony düzetjek bolman, gaýtyp goşuldylar, onuň hemmesi ýolbaşçylaryndan başlady. Ony hemmäňiz bilýäňiz. Ony halkymyzam, döwlet ýolbaşçylaram ýazgardylar. Döwlet derejesinde baha berdik. Ýöne mundan aňryk, indi nokat goýup, Milli howpsuzlyk komitetinde isleýänlere şert döredip, şolaryň abraýyny, şol döwlet edarasynyň kämil, döwletiň, jemgyýetiň howpsuzlygyny goramaga işini gönükdirmegi gurnamaly biz” diýip, Saparmyrat Nyýazow 2004-nji ýylyň maý aýynyň ortalarynda, adamlary samsyk ornunda goýup eden gürrüňleriniň birinde, öň KGB diýlip atlandyrylan edaranyň işgärleriniň ozal kämil, döwletiň, jemgyýetiň howpsuzlygyny goramak üçin işlemek şertiniň bolmandygyny, munuň döredilmändigini, ýagny özüniň olaryň neşe satýanlar bilen gatnaşyk gurmagyna 15 ýyldan gowrak wagt bäri ýol berip gelendigini boýun aldy.

Ol bu gürrüňi ýagdaýy hakykatdan hem düzetmek, howpsuzlyk işgärleriniň bolmadyk ýa ýitiren abraýyny dikeltmek üçin däl, sowet-partiýa oýnuny dowam etdirmek üçin etdi we gözboýagçylygyny ömrüniň ahyryna çenli kesp edinip, yzyndan gelýänlere miras goýdy.

''...mundan aňryk, indi nokat goýup, Milli howpsuzlyk komitetinde işleýänlere şert döredip, şolaryň abraýyny, şol döwlet edarasynyň kämil, döwletiň, jemgyýetiň howpsuzlygyny goramaga işini gönükdirmegi gurnamaly biz'' diýip, özüne şa şahyr diýdiren oýnatgy türkmen dilinde dogry sözlem düzüp bilmeýändigini-de, emele gelen agyr ýagdaýa, döwlet baştutany hökmünde, bile-göre ýol berýändigini dilinden sypdyranyny hem bilmeýärdi.

Öňki komsomol, partiýa işgäri Baýramnur Söýünow oňa ynanýan adamlarynyň ýanynda ''halkyny gowy tanaýar-da, ýok edilen halkdygyny gowy bilýär-de, elimizden hiç iş gelmejegini bilýär-dä'' diýýärdi.

Ýöne ol özüniň il ykbalynda oýnaýan karam oýnuny ol ýa-da beýleki görnüşde aýtmanda-da, ýanyndakylaryň käbiri, güýç gurluşlarynyň işgärleri, il içindäki akylly-başly, päl-niýeti düzüw bolan adamlar onuň 1990-njy ýyllaryň başynda arakdan arzan bolan neşä, giň ýaýran neşe söwdasyna we neşekeşlige öz wezipesinde saklanmak, halky syýasatdan has daşlaşdyrmak üçin ýol açandygyny gaty gowy bilýärdiler. Emma ol adamlar muny aýtmaga gaýrat tapman, ogry şärigi bolmagy saýlap alypdylar.

1997-nji ýylda, ikinji gezek töhmet bilen saklanamda, MHM-niň birinji bölüminiň müdiri Allamyrat Allakulyýew esasan neşe söwdasy, neşekeşlik hakynda daşary ýurt metbugatynda edýän çykyşlarymy bes etmelidigimi, ýogsa erbet boljakdygyny aýdypdy /Ol soň tutulan neşeleri kakasyna satdyrmakda aýyplandy/.

Dogrudanam, erbet boldy. Diňe maňa däl, tutuş halka, hatda neşeden bähbit görenleriň içinde-de ýanan az bolmady… Sebäbi neşekeşlik, jogapkärçiliksizlik bilen, bisowatlyk, biparhlyk, ''hehe-hehe'' medeniýeti hem ösdürildi. O diýilýän ýazgarma bolmady...

Görnüşinden, neşe söwdasy, bisowatlyk bilen, henizem dowam edýär, ýokary gatlagyň wekilleri, olaryň gymmat okuw jaýlarynda okaýan çagalary, aýdylmagyna görä, ‘gününi neşesiz geçirmeýär’.

Golaýda howa menzilinde geroin bilen tutulandygy aýdylan gelniň edýän gürrüňi, eger-de sosial ulgamda paýlaşylan wideo asyl nusga bolsa, Sapar çukurynyň hakykatdanam örän çuň gazylandygyny görkezýär.

Dogrudanam, adamlar bu karam oýna daşyndan, islän adamyň goşulyp, peýda görüp biljegine, onuň türkmen durmuşynyň aýrylmaz bir bölegi bolup galjagyna şindem ynanýarmykalar? Ýa-da, Ylymlar akademiýasyndaky alymlar, döredijilik işgärleri, žurnalistler, ÝOJ-lardaky professorlar, mekdeplerdäki mugallymlar, ak halatly lukmanlar, telekeçiler... Sapar çukuryny gazyşmakdaky yhlaslaryndan azajygam bolsa, bolmanda öz agtyklarynyň öňünde utanjak dälmikäler?..

Bu biziň 1991-nji ýylda, resmi taýdan garaşsyz ýurt bolalymyz bäri, çagalarymyz bilen Sapar çukurynda galmaga razylyk berendigimizi aňlatmaýarmy?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026