Toýly Tekäniň kyssasy

Il-ýurt üçin işlejek bolup öldürilen, ady tutulmaýan ildeşlerimiň ruhuna bagyşlaýaryn.

Bu gürrüňi ilkinji gezek 2013-nji ýylda eşitdim. Ýöne 1994-95-nji ýyllarda bolandygy aýdylýan wakany töwerekleýin öwrenmek, hakykatda nämeleriň bolandygyny anyklamak başartmady. Şol bir wagtda, häzirlikçe, ýurtda güýçlenýän ýapyklyk, repressiýa syýasaty sebäpli, howpsuzlyk ýagdaýlaryny nazarda tutup, belli bolan detallaryň ählisini açmaýaryn.

''Gürrüň bersem, sen durup bilmersiň, bir gün ýazarsyň... Men ýazyp biljek däl, içimde göterip ýadadym'' diýip, ýaşuly galamdaşym aýtdy. ''Yglan edilmedik tirýek, geroin urşy hakynda ilki ýazyp başlanyňda, Toýly Tekäniň kyssasyny bilýän däldir, hökman aýtmaly diýdim, ýöne barmaga çekindim, sebäbi eýýäm berk gözegçilik astynda saklanylýandygyňy bilýärdim.''

Dogrudanam, Toýly Teke hakynda hiç zat bilmeýärdim.

''Ýurt açylar, mundan aňryk ýapyk galmaz, faktlar barada ýazmak hem beýle agyr jenaýat hasaplanmaz diýen umydym bar. Bu fakt, Toýly Teke pespäl ýigitdi, oň ýaly ýere baranlar boýy bilen hapa çümýär, emma ol beýle bolmady... Şu sebäpden onuň ýörgünli ady Duşmandy, neressäni köp zat bilýändigi üçin ýok etdiler...''

''Ol näme bilýärdi? Başdan başlamasaň, bu ýurtda fakt bilen pikiriň arasyny açmak kyn, belki, entekler mümkin hem bolmaz'' diýdim.

''Başdan başlaýyn onda, Toýly Teke Gyzyletrek raýonynyň Şarlawuk (Gyzylbaýyr) obasynda doglan, Owganystanda gulluk edip, batyrlygy üçin söweşjeň medallar, orden bilen sylaglanypdyr. Men tanyş bolamda, Içeri Işler ministrliginiň neşe serişdelerine garşy göreş bölümine ýolbaşçylyk edýärdi. Ondan öň haýsy ýerlerde, nähili ýol geçenini bilemok. Podpolkownik diýen harby çini bardy. Gaz-24 maşyny bardy, gaty asylly oglandy…''

''Ol edaralarda işläp, asylly, pespäl bolup galmak kyn bolaýmasa, duza gaçan şor bolar diýipdirler. Fakt diýýäniňe geçip bilmezmiň?''

''Bir fakt, ol Italiýada neşe serişdelerine garşy göreş boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşyp, kabul edilen resminamalara Türkmenistanyň adyndan gol çeken resmidi. Ikinji fakt, neşe söwdasyny edýänleriň içindäki ýörgünli ady Duşmandy, il içinde-de onuň adyny ‘duşman’ diýip tutýanlar az däldi. ‘Duşman’ diýilse, bu Toýly Teke diýildigidi...

''Toýly, inim, çagalaryň bar, olary pikir edeňokmy? Sen-ä bu, neşe satýanlary-beýlekini soňuny saýman tutýaň, ol işleri edýän adamlaryň ählisi bu işe tötänden goşulan däl, berk goragly, hossarly bolsa bildiňmi? Kän göze-başa düşdi diýip, birden ýok etmesinler, näme goragyň bar?'' diýip, bir gün ondan gönüläp soradym.

''Hiç hili goragym ýok... Ýöne çagalaryma awtobus duralgasyna-zadyna gideňizde, köpçüligiň içinden ýöräň, çetden, gyrak-bujakdan ýöremäň. Biri gelip kast etjek bolsa ýa ogurlap alyp gitjek bolsa, töweregiňizdäki adamlar garşylyk görkezer, il-gün kömek eder diýip tabşyrýan'' diýdi...

Ol Tagtabazarda öldürildi. Bu waka şeýle boldy. 45 kg tirýek bilen tutulan narkobaron gaçýar. Onuň gaçyşynyň jikme-jikliklerini bilip bilmedim, bagty çüwüp gaçýarmy ýa-da ýörite gaçyrylýar, bellisi ýok. Gepiň gysgasy, ol meýdana, gum içine gaçýar. Şeýlelikde Toýly, neşä garşy göreş bölüminiň başlygy hökmünde, Annamämmedow (familiýasyny ýalňyşýan bolmagym mümkin) diýip bir maýor, olam şol bölümiň işgäri, Tagtabazara uçýarlar.''

Galamdaşym pikirini durlajak bolýan ýaly biraz sägindi-de, gürrüňini dowam etdirdi.

''Bärden uçup barýarlar, pendi çölünde görlen ýerlerini aýdýarlar. Bularyň ýanyna, kömekçi diýip, iki sany ýerli polisiýa işgärini goşýarlar, çinleri leýtenant… Bu dört adam baryp, gaçgagy çak edilýän ýerinden tapýar we daşyny gabaýar. Narkobaron olara ‘gelmäň, gidiň, ýogsa sizem, özümem ýararyn’ diýip, elindäki granaty görkezýär. Toýly oňa ‘sen beýtme, belki, atuw jezasyny bermezler, ýyl bererler, ol ýylyň soňundan kemelmegi mümkin. Diri galarsyň. Häzir sen ozaly bilen özüňe kast edýäň’ diýip, ony köşeşdirmäge, gürrüňe güýmemäge çalyşýar we Aşgabatdan bile baran maýoryna, işdeş ýoldaşyna ümleýär.

Ozal gürleşilişi boýunça, ol tirýek söwdagäriniň arka tarapyna geçip, bildirmän gelip, granatyny zyňyp ýetişmez ýaly, onuň eliniň daşyndan tutmaly eken...

Toýly gürleşip durka maýor gaçgagyň arka tarapyna geçýär we ýuwaşlyk bilen oňa ýakyn gelýär. Narkobaron muny duýýar-da, granatyny orta oklaýar. Toýly gözsüz batyrlyk edip, granata tarap ylgaýar, niýeti aýagy bilen depip aýyrmakmy ýa eli bilen alyp, ýarylmanka daşraga zyňyp ýetişmekmi, belli däl...''
Galamdaşym ýene sägindi. Men onuň bu jikme-jiklikleri nähili bilýändigini sorajak boldum, ýöne saklandym.

Galamdaşym, belki-de maňa ýetirmeli edilen gürrüňini dowam etdirdi.

''Hawa, Toýly granata tarap ylgaýar. Şol wagtam arkasyndan oka tutulýar... Tagtabazardan kömekçi diýlip goşulan leýtenantlaryň biri elindäki awtomatdan bir tapgyr ok goýberýär. Bu-da fakt, Toýly Tekäniň arkasyndan bir sekuntda 18 ok degýär. Ol granata ýetip bilmän ýykylýar. Şol aralykda maýor tirýek söwdagärini granatyň üstüne ýykyp, aşak basmaga ýetişýär. Granat ýarylýar... ''

Ol soň, beýleki ýaralary gutulsa-da, Pendi çölünde ýaralanan maýoryň şol hadysadan soň, tä ömrüniň ahyryna çenli gepläp bilmändigini aýtdy.

''Bellisini bilemok, hiç kimiň günäsini göteresim hem gelenok. Bu onuň hakykaty aýtmazlygy üçin şeýle boldumy ýa hakykatda şeýle boldy, aýdyp biljek däl… Göwnüme güman giderýän zat kän, ýöne müňkürlikden daşrak durjak bolýaryn. Emma dile geldi – bile geldi, dikuçar-beýleki çagyrmaga mümkinçilikleri bolsa-da, muny etmän, olary şol ýerden Tagtabaza ýa Guşga awtoulagly, Uaz 469-da alyp gaýdýarlar, Toýly Teke ýolda heläk bolýar.''

Soraman saklanyp bilmedim. ''Men eşitmändirin, metbugatda-beýlekide hiç zat aýtmadylarmy, siz bu detallary nireden bilýärsiňiz?''

''Gazetde Toýly Teke hakynda bir makala çap etdiler, ony ‘Edermenligi üçin’ diýen medal bilen sylagladylar. Gyzlarynyň biri, ady Bagty bolsa gerek, dädemiň ýoly ýitmesin diýip, harby instituta girdi… Ol harby bölümleriň birinde gulluk edýärdi. Emma bir bahana tapyp, uzak işletmän, onam işden kowdular.''

''Toýly Tekäni atyp öldüren leýtenanta näme boldy? Ol ony näme üçin oka tutupdyr?''

''Leýtenanta bolan zat ýok. Sorag edipdirler, ýöne çylşyrymly operasiýa wagtynda bolan ýagdaý diýip, ony sud-beýleki etmän goberipdirler. 'Men oňa çenäp atamok, aňyrsynda duran tirýek söwdagärine çenäp atdym, aljyradym, munuň ýaly uly operasiýa birinji gezek gatnaşyşym' diýip düşündiriş ýazdyrypdyrlar, wessalam. Öz pikirimi aýtmaly bolsam, bu leýtenant berlen buýrugy ýerine ýetiren bolmaly. Bu operasiýa hakykatda narkobarony tutmak üçin däl-de, Toýlyny ýok etmek üçin gurnalan bolmaly...''

''Siz ony nireden, nädip tanaýardyňyz? Nähili gatnaşykda bolduňyz?''

''Şarlawukda birki sany dostum bar, şolar 'bar, biziň dostumyz, seňem agaň bolýar' diýipdirler Özi gelip, tanyşlyk açdy. Birki gezek öýüne-de bardym. Guryhowdanda ýaşaýardy. Bir gezek daçama obadan gelen ejesini hem alyp geldi, tanyşdyraýyn diýip, bir käse çaý içip gitdiler.''

1995-nji, 97-nji ýyllarda deslapky tussaghanada başdan geçiren bendiligim köp adama gowy biznes bolan tirýek, geroin söwdasyna has ýakyndan syn etmek mümkinçiligini beripdi. Ýöne bilýän, öwrenen zatlarymdan beilmeýän, hiç wagt bilip bilmejek zatlarymyň hem gaty kändigini, keýpi-sapanyň, ýeňil gazanjyň gara ýesiri bolan adamlaryň çen-çakymdan kändigini hem güman etmän duramokdym. Faktlary, bir-birege, yzdan gelýän nesillere edilen dönükligi ýaşyrmak isleýän, betbagtçylyga getiren peslikleri ýazjak, aýtjak bolýanlary 'ilden aýyp gözleýän' adamlar hökmünde häsiýetlendirip, eger başarsa, ýüzüniň ugruna garalap, ýok etjekleriň az däldigini welin gaty gowy bilýärdim.

Galamdaşym gürrüňini dowam etdirdi.

''Işi bolansoň, ol maşgalalaryň müňläp tirýek, geroin duzagyna düşüöini, bu ýagdaýyň arkasyndan baýaýan adamlaryň durmuşyny gowy bilýärdi. 'Haýsy öýde näçe kilogram neşe bardygyny bilýän' diýýärdi. 'Bir kilodan geçýän bolsa, ministriň rugsady bolmasa, barmak gadagan. 10, 20 kilo neşäniň duran ýerlerini bilsem-de, ol ýerlere golaýlap bilmezdim. Bir gezek Eýrandan geroin gelýär diýen maglumat aldyk. Ilki bir maşynda 50-60 gram geroin gelmelidi. Şol sag-aman geçse, yzyndan 8, 10 kilogram geroin gelmelidi. Bu maglumaty bilýän, meniň özüm bilen bile, ýedi adamdy. Ilki gelen maşyny, bilmezlige salyp, getirilýän neşäni tapmadyk bolup, geçirip goýbermelidik...''

''Beýlekiler kimler?'' diýip soradym.

''Içeri işler ministri, ministriň iki orunbasary, serhet gullugyndan birnäçe adam... Bilip bolmaz, birdenkä ýaraga ýapyşsalar diýip, ýanymyza 4-5 sany esgeri hem alyp bardyk. Gümrük geçelgesinde barlan bolup gaýtmaly welin, nireden çykany belli däl, ýaňky ýanymyza alan soldatlarymyzyň biri geldi-de, pyçak bilen sideniýänyň arkasyny dildi. Biz geroiniň şol ýerde gizlenendigini bilip durus. Ýöne ony geçirmeli diýip gepleşipdik. Soldata bu tabşyrygy kim berdi, kim geroiniň gizlenen ýerini aýtdy? Men däl, muny bilýärin, beýleki alty adamyň – bu iş üçin döwletden gowy aýlyk alýan adamlaryň haýsam bolsa biri aýdan bolmaly, 'maşynyň töwereginde durkak gel-de şeýt' diýip, öňünden tabşyran bolmaly. Emma muny soramak, derňemek howpludy, buýrugyň has ýokardan berlen bolmagy mümkindi… Şeýdip, geroiniň uly partiýasy gelmedi...''

''Ministr munuň näme üçin beýle bolany bilen gyzyklanmadymyka?''

''Ony soramandyryn. 'IIM-de üç orunbasar bar, olaryň biri türmeler, kadrlar boýunça orunbasar, bu operasiýa barada hiç zat bilenokdy. Operatiw işler boýunça orunbasar bilýärdi. Ministriň orunbasarynyň bilmeýän zadyny rýadowoý soldat bilýär, şu geň' diýip, başyny ýaýkaýyşy göz öňümde dur. 'Bir kilodan agyr bolsa, ministr kim bilen ylalaşýar, bilemizok, diňe golaýyna barmaly däldigini bilýäs' diýýärdi. Şol döwürde, onuň öldürilen wagty IIM-niň başlygy Gurbanmuhammet Kasymowdy. Gowy tanaýardym, ýöne olar ýaly zatlary sorap bolmaýardy.''

''Nyýazow güýç gurluşlarynyň ýolbaşçylaryny göni aýyplaýardy, hiçisi sesini çykaryp, men ol işleri edemok diýip bilmeýärdi. Annamyrat Garajaýew, ol edaranyň ofiseri 95-de sorag edýärkä, 'ýurdy neşä ýatyrdyňyz-a, milli howpsuzlygy goraýan bolsaňyz, uly neşe baronlaryny tutuň-da, kiçilerini kowalap oýnaman' diýsem, 'biz nädeli, tutup, köşge tabşyran neşelerimiz ýene bazara çykarylýar' diýip, gaharyna dilinden sypdyrdy.''

''Muny bilmeýän galdymy näme? Nyýzow bir ýygnakda '36 tonna neşäm bar, köşgüň podwalynda saklaýan' diýip öwündi, telewideniýede berlen zat bu. Ýöne Toýly neresse Nyýazowdan razy bolup bolup gürleýärdi, 'gowy eden zady – orus goşunyny çykardy' diýýärdi. Bilýärsiň-ä, serhedi orus goşuny goraýardy. Geroini geçirmegem, tutmagam şolara baglydy. 'Serhet kesekileriň elindedi, ýurdy 1993-de çykarylýança, serhet ellerinden alynýança gaty buladylar' diýýärdi. Ýöne, 'özümiziňki kesekiden kem oturdymy?' diýsem, gamgyn ýylgyryp, 'bir kilodan artygyna rugsadym ýok' diýip, açyk boýun alýardy.''

Saklanyp galýan howpsuzlyk aladalary sebäpli, bu kyssany häzirlikçe soňlaman goýýaryn.

2013, 2026 ýý.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026