Adam mümkinçiligi
Adam aýtdy:
Sosial medaida biri "Milli güýç görkezijisi, bar bolan tebigy baýlyklaryny, şeýle-de adam, ykdysady, ylmy we harby mümkinçiligini göz öňünde tutup, belli bir ýurduň güýjüni kesgitlemekde dünýäde iň habarly we meşhur görkeziji" diýip ýazypdyr.
Beýleki biri özüniň bu hilu global (integral) görkezijilerden gaty gorkýandygyny aýdyp: "Eger bu görkeziji şeýle ähliumumy bolsa, onda bu parametrdäki U. ýurdundan ençeme esse ýokary bolan R. ýurdunyň ony üçünji ýyl ýeňip bilmezliginiň sebäbini nädip düşündirmeli" diýip sorapdyr. Elbetde, ol adam mümkinçiligi diýlende, onuň aň, üşük derejesini hem nazarda tutýan bolmaly.