Çigit satýan gyzjagaz

Men o gyzjagazy aýazly gyş günleriniň birinde, Aşgabadyň "Parahat" mikroraýonynyň başlanýan ýerindäki jaryň üstünden geçýän köpriniň ýanynda gördüm. Şondanam ol meniň gözümde galdy...

Ir ertirdi. Adamlar işe howlugyşyp barýardylar. Gyzjagaz bolsa, öňüne çaga oturgyçjygyny alyp, köpriniň ýanynda dik durdy. Ýöne duranokdy, çigit satyp durdy. Çepiksije, garajürjenje, alty-ýedi ýaşlaryndaky gyz çaga, ir ertir ýyly düşekde myrlap ýatmaga ýa-da kitaplaryny goltuklap mekdebe gitmäge derek, gyşyň aňzagynda, köpriniň üstüne çykyp çigit satýardy.

Köpriniň hem asfalt ýoluň üstünden taýyp gelýän sowuk ýel gyzjagazyň egnindäki dermantin keltekçedir çit köýnekden göni geçip, arryjak petekäni bir zarbada elesledip alyp, inçejik aýajyklaryny dagam doňara getiren borly, ol duran ýerinde, burny soýuk-sypjyryk köwüşjiginiň bir ökjesine, birem daraklygyna agram berip, özem bilmän çalaja bökjekleýärdi. Başyndaky ýaglyjagam gyşaryp, ony bolşundanam horaşaja, ejiz görkezýärdi.

Belki, men ony görmän geçsemem geçerdim, ýa-da görsemem üns bermezdim. Sebäbi soňky döwürde çigitmi ýene bir zat satýan ýa-da el serip gedaýçylyk edýän çaga gaty köpelipdi. Onsoň her kim öz çagasyny hor etmese kaýyldy, iliň çagasy nädip ýör, näme işleýär, kime ne gaýgy?

Emma men o çaganyň gabadyndan parhsyz geçip bilmedim. Dogrusy, onuň özi meni geçirmedi. “Daýy, çigit alsaňyzlaň?!” diýdi. Şo üçje sözem meni “Häh” diýlen ýaly tisgindirdi we duran ýerimde daňyp taşlady. Birhili, o sözleriň aýdylyşynda üýtgeşik bir jady, çaga mähribanlygy hem uly soranjaňlyk bardy. O mähribanlygyň hem soranjaňlygyň, galyberse gyzjagazyň sowuk howada çyplajyk eşikli bolup durşunyň gabadyndan etden ýürekli adam parhsyz geçip gider ýaly däldi. Emma adamlar geçişip durdular.

Men aljyrap: “Çigidiň näçeden?” diýip soradym hem ýüzümiň ugruna jübimi sermäp, pulumyň barlygyny-ýoklugyny barladym. Gyzjagazyň sowukdan bürşüpjik duran ýüzi açyldy:

“Uly guýguçdakylar bir müňden, kiçileri bäş ýüzden, bir pakam ýokdur, daýy. Arassa çigitdir, tagamam gowudyr” diýip jedirdedi.

“Guýguçlary özüň ýasadyňmy? - diýip, men onuň dogumjygna begenip soradym. - Ýa ejeň ýasap berdimi?”

“Kiçilerini özüm, ulularyny ejem ýasady” diýip, gyzjagaz juda çagasyradyp beren soragyma bada-bat jogap berdi we “Size haýsysyndan, ulusyndanmy ýa kiçisinden?” diýip sorady.

Men: “Ulusyndan - diýdim, soňra gyzjagazyň şoňa-da begenişini görüp, - ikisini beräý” diýip, üstüne goşdum. Gyzjagaz muňa monça boldy. Meniň uzadan iki müň manadymy uly adam ýalyjak bolup içki jübüsinde ýygşyrdy.

Men çigitli guýguçlary jübilerime ýerleşdirip durşuma: “Saňa sowuk dälmi, üşäýme birden, ejeň satmaly eken-dä çigidi bumat?” diýip, ünjimi daşyma çykaranymy duýman galdym. Aýtsamam aýtdym welin, bu sözlerim gyzjagazy utandyrar ýa gynandyrar diýip uly alada-da galdym. Emma gyzjagaz bu sözüme-de göwnibir ýaly jogap gaýtardy:

“Çigidimi bahymrak satyp gutarsam üşejek däl-le, ejem o köpriniň üstünde çigit satýar” diýdi.

Şundan soňam gidiberen bolsam boljakdy, emma ýene dilime dygy bolmady.

“Hol aşakda, duralgaň ýanynda, gazýet dükanynyň gapdalynda adam köp bolýar, hem ykyşagrak” diýdim.

“O ýerde enem oturýa, “Kakaňyz iş tapýança menem kömek edeýin” diýýä...” diýip, gyzjagaz birhili gamly seslendi.

Men diňe şundan soň, megerem indi aýdara-diýere hiç söz tapman, öz ýoluma gitdim. Sebäbi özümem üç-dört ýyl bäri işsizdim. Şol gyzjagaz ýaly üç sany garagöz çagam bardy. Şolary aç-hor etmejek bolup ir ertirden gijagşama çenli maşynly kireý edýärdim. Şol alada hem meni çigit satýan gyzjagazdan has alyslara alyp gitdi. Maşyn goýan ýerimden maşyn alyp, şäheriň bir o çetinden, birem bu çetinden çykdym. Ilki ýangyç pulumy gazanaýyn diýdim, soň çagalara birki kile etem iýdirmeli diýdim, onsoň kiçi oglumyň aýakgabynyň aşagy gopupdyr, täzelemeli bolar diýip haýdadym, garaz agşama çenli duruw bolmady.

Agşamlyk maşynymy goýup, gabat gelen awtobusa aslyşyp, öe dolandym. Öýümiň golaýynda, häli irden çigit satýan gyzjagaza salgyny beren duralgamda maşyndan düşdüm hem heniz ýapylmadyk kioskdan “Edebiýat-sungaty” alaýyn-la diýip ýöneldim. Şol wagtam kioskyň edil öňünde oturan garra gözüm düşdi. Irdenki gyzjagazyň “O ýerde enem oturýa, “Kakaňyz iş tapýança menem kömek edeýin diýýä” diýen sözleri güpbe ýadyma düşdi.

Gazet alyp mazam bolmady. “Şu gazeti almak nämä gerekdi aslynda, ondan iki guýguç çigit alan bolsaň, garra kömek bordy” diýip, ýoldan beýläk geçenimden soň içimi gepletdim. Bu pikirimi öe gelip, aýalyma-da aýtdym.

“Senem çaga ýaly, haýsy bir işsiziň çagasyna ýa enesine kömek etjek - diýip, aýalym igendi. - Onsoňam bumat çigit düşewüntli diýýäler, her kim başga zada güýji ýetmän çigit alýa. Bire-bir galýamyş. Geçen bazarda Jygyllyga gidemizde awtobusyň içi haltalap çigit alyp gelýän aýaldan doly ekeni. “Arrassalap gowrup satýas, gowy peýda galýar” diýip, aýallar gürrüň edýärler.”

Şondan soň men şäherde kireý edip ýörşüme çigit satýanlaryň barha köpelip barşyny biygtyýar synladym. Olar dükanlaryň agzynda-da, bazar meýdanlarynda-da, duralgalarda-da, ýöne ýanýollarda-da, nirede bir adam geçäýer öýdülýän ýerleriň ählisinde bardylar. Çem gelen ýerde, gyş ýa tomus diýmän, ýagyş ýa ýel diýmän, köneje ýaglygyň üstünde çigitjiklerini üýşürip, çigit satypjyk, çigit çigitleşipjik otyrdylar. Olaryň töwereginde meniň Watanymyň bazar ykdysadyýetine geçiş döwründe iň bir geçginli harydyň, çigitlenen çigitleriň gabyklary pytraşyp ýatyrdy...

Netijede men her gezek “Parahat” mikroraýonynyň jarynyň üstünden pyýada ýa maşynly geçemde-de şol gyzjagazdan çigit almagy, şeýdibem onuň gahrymançylyga barabar yhlasyna ujypsyzja-da bolsa goldaw bermegi adat edindim. “Seniň çigidiň arassa hem tagamly” diýip, hil bir bahana-da tapyndym.

Gyş geçip ýaz geldi, Watanymyň bazar ykdysadyýetine geçiş döwri ýeneki gyşlara uzap gitdi. Çigit satýan gyzjagazlar, garrylar bolsa hasam artdy. Birhili, adamlaram çigitlenen çigit gabyklaryna çalym edýän ýaly, boşaşyp, içiniň maňzy alnyp taşlanan ýaly görnüp başladylar. Men olaryň hiç biriniň bu çigitli ahwalaty, çigit satýan gyzjagazlary, garrylary, gark bolanyň sypaldan ýapyşyşy ýaly aljyraňňylygy görmeýşine, asla muňa pikir bermeýşine geň galdym.

“Adamlar-ow, şu çigit satýanlary bir görseňiz-le, bu gowulykdan habar berenok-how!” diýip gygyryberesim geldi. Emma saklandym. Sebäbi gygyranyň bilen bu gykylyga düşünjek ýokdy ýa-da men muňa düşünmezler diýip pikir edýärdim.

Hudožnik dostumyň okuwçylarymyň işlerini görüp git diýip jaň edeni taň bir zat boldy. Giçlik ussahana sowuldym. Ine-de türkmeniň geljekki hudožnikleriniň işleri! Olar maňa hemişe-de niçiksidir bir arkaýynlygy, nesilleriň ölmänligi, diýmek, türkmeniň ýaşajaklygy baradaky beýik pikiri gaýtaryp bererdi. Bu gezegem şeýle boldy. Meniň öňümde dik durupjyk çigit satýan gyzjagazyň hem ýanýolda gaty asfaltyň üstünde aýbogdaşyny gurup oturan çigitçi garrynyň plastilinden ýasalan şekilleri durdy. Onda-da nähili şekilleri, şol meniň görşüm ýaly çuňňur hasrata hem çykalgasyzlyga ýugrulan ejiz, naçar hem beýik şekilleri durdy. Olar türkmeniň ýurdunyň garaşsyzlyga çykyp talanan döwrüniň, işsizlik hem neşekeşlik döwrüniň, erkekleriň bu bela-beterleriň hiç birine garşy durup hem öýe çörek getirip bilmedik döwrüniň, çagalardyr garrylaryň çigit satyp gazanjak çörek puluna gaty mätäç döwrüniň simwollarydy.

“Ýeri, nähili?” diýip, hudožnik dostum meniň pikirimi bilmäge howlukdy. Men oňa gowy diýen manyda baş atdym.

“Saglyk bolsa, bu günlerem geçer. Çigit satýan gyzjagazlar ulalarlar, okarlar, baýdak ýaly gelin bolarlar. Ýöne men şol beýik günlere ýetsek, şäheriň ortarasyndan çigit satan gyzjagazyň, işsiz ýa neşekeş kakasyna erjelligiň hem göreşiň beýik nusgasyny görkezen, şeýtmeli bolan çaganyň nalaç hem beýik heýkelini dikeltmegi teklip ederdim...” diýip içimi gepledenimi welin aýtmadym.

Oktýabr, 1998.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019