Hudaýyň ak ketenisi
Mylly Täçmyradyň agtygy Nursoltan Hojamyrat gyzynyň ruhuna bagyşlaýaryn.
Adamlar Papa ejäniň gözleriniň alnynda, birden üýtgedi. Ýok, olar ozal beýle däldi, başgady.
Ýa ol adamlara ozal başga göz bilen garadymyka? Ýa bu üýtgeşiklik birden däl, kem-kemden bolup geçdimikä? Käte onuň kellesine şu soraglar hem gelip geçýärdi. Emma ol ýene adamlaryň ozal beýle bolmandygy, biraz başgarak bolandygy baradaky başky pikirine dolanyp gelýärdi.
Ol ussat sazandanyň maşgalasynda dünýä indi. Özünden öň bolan oglan dogany ýogalansoň, kakasy onuň Nursoltan adyny tutmakdan gorkdy, "beýle gowy adynyň bardygyny bilse, hudaý munam menden alar, gowusy Kekrejigim diýeýin, Ajybalgazym, Papajygym diýeýin" diýdi. Emma Hojamyrat neresse gyzyna uzak guwanyp bilmedi, ol üç ýaşly çagaka, 1939-njy ýylda inçekeselden ýogaldy. Papajygyň ejesi bolsa, maňlaýyny täzeden synamak üçin gowşutly bir adama durmuşa çykdy. Şeýdip ol hem kakasyz, hem ejeli ejesiz ýetim galdy, emma atasyna "atam jan", enesine "enem jan" diýip, olaryň "köşejigi" bolup, ýetimligini tas bilmän ulaldy. Ilki uruş, soň ýer yranmasy sebäpli, o wagt näme kändi - ýetim kändi.
Soň, on ýaşlarynda ol ejesiniň hem ýogalandygyny, taşlap giden-de bolsa aňynda, ýüreginde bir ýerde aýatda diri oturan naçaryň özüni ýene bir gezek, özem ymykly terk edendigini eşitdi.
Ol ejesiniň özüni soňky gezek däl, ilki gezek, aga-gara düşmez çaga wagty taşlap gidenini içden, ýüreginden hiç bagyşlap bilmedi, muny aýtmaga, dile almaga hem namys etdi, "eje" diýen sözi hiç diline almajak boldy.
Emma bir gezek, megerem sekiz ýa dokuz ýaşlarynda, agyr ýaraman, gyzgynyna samrap ýatyşyna birki gezek "eje" sözüni özi bilmän diline aldy we ejesiniň sesine gözlerini açdy. Başdaşy ýogalandan soň ýeke zürýadyny taşlap giden naçar gyzynyň başujynda gözlerinden buýur-buýur ýaş döküp, onuň garaja saçlaryny sypalap otyrdy. Soň ol şonda atasynyň ýörite Gowşuda gidip, öňki gelnini gyzjagazy bilen hoşlaşmaga alyp gelenini kän ýatlady.
Enesi oňa "seniň ejeň maňlaýy ýöremedi, ýogsa arpadan bugdaý çörek bişirýärdi, bu görünýän gelinler bugdaýdan arpa çörek bişirýär" diýerdi.
Kakasynyň bir öýlenen, bir öýlenmedik dogany uruşda dereksiz ýitdi. Atasy diňe öz ogullarynyň ýetim galan çagalaryna däl, syrgyndaky beýleki ýetimlere hem hossar çykdy, baryny paýlaşdy, bugdaý nany ýetmese, bugdaý sözden doýurdy.
Soň, ulugyz çykanda, ýanýoldan gelýän ors aýalyň atasynyň deňinden geçip, esli wagt yzyndan aňalyp durup: "Bu aksakgal goja kim, ýa men perişde görýänmi?" diýip soraýşy onuň ömürlik göz öňünde hem ýüreginde galdy.
Ony on sekiz ýaşanda özi ýaly ýetime, kakasy uruşdan gelen, emma uzak ýaşaman köriçegeden ýogalan obadaş oglana, Hangeldä berdiler. "Balam, garypdyklaryny bilýän, ýöne ’ogly gowy’ diýip berdim. Zat gonakdyr, ’ýapynmaga ýorganlaram ýok eken’ diýip gynanmagyn" diýerdi.
Hangeldi onuň özünden iki ýaş uludy, iki aýal dogany we kakalary uruşdan gelenden soň doglan oglan jigisi bardy. Ol gozakdan düşmän, tara dokap, adamsyny okatdy. Haýp, onuň statistika tehnikumyny bäşlige gutaryp, Moskwada ýokary bilim almak arzuwy başa barmady, yzyndakylaryň eklenç aladasy bilen yzyna geldi.
Ilki-ilkiler, enesi towuklarynyň ýumurtgasyny ýygnap, bir bedre bolanda alyp gelip, howlyň agzyndan "Gözeliň ogly öýdemi?" diýip sorardy. Eger "ýok" diýseler, ol öýe girip, "köşejigini" görüp giderdi, "bar" diýseler, ýumurtgaly bedräni howlynyň gapysynyň iç ýüznüde goýup, "köşejigini" görmän gaýdardy.
Olaryň obadaşlary barha ulalýan, 1948-nji ýylyň ýer yranmasyndan soň täzeden gurulýan Aşgabadyň içinde öňki oturan ýerinden sähel ilerde paýlanyp berlen täze ýerde, gadym ata-baba goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklap, çogdamja bolup galdy.
Ilki iki çagasy ogul boldy, soň gyzy, ýene ogly, soň ýene gyzy we iki ogly boldy. Emma körpe ogly bäbejikkä ýogaldy, soň ýene gyzy boldy. Soň-soňlar, çagalary mamalaryny soranda, "mekdepde başga çagalar sorasa näme diýeli?" diýende, ol: "künji ekmäge gitdi" diýäýiň diýerdi, mamaly gürrüňi basymrak başdan sowardy. Ýogsa daýzalarynda ejesiniň ikinji nikasyndan bolan gyzy bilen tanşyp, toýda-ýasda baryp-gelişdi, il ýüzüne sypaýylygy elden bermän gatnaşdy.
Onuň taradan, düýpli gyňaçdan başlan ’biznesi’ soň begres basmaga ýazdy, has soňlar tikin maşynda aýal-gyzlaryň keşde salnan ýakalaryny etdi, gapdalyndan howluda öküz bakdy, baggoýun saklady, tamdyrda çörek bişirdi. Elbetde, bular ýedi çaganyň iýjek-geýjegini taýyn etmekden, içerini-howlyny gül ýaly edip saklamakdan soňky ’biznesdi’.
Dogry, başda gaýny gapdalynda durdy, soň gyzlary, ogullary el-aýak bolup ýetişdi, gelinleri egninden diredi. Ilki bir ogly, soň ikinji, üçünji we dördünji ogly maşyn alyndy. Emma adamsy gozakly motordan aňry geçmedi, onuň "azat bazar" gelende köçä bakýan penjireli otagdan açan dükanyny bolsa işletmediler, dilegçi polisiýa, häkimiýet wekilleri, her hili barlagçylar kän kişiniň dükanyny çökerdi ýa ýapdyrdy.
Gowy ýeri, ogullarynyň ikisi ýokary bilim aldy, biri tehnikum gutardy, gyzlarynyň ikisi ýokary bilimli, ortanjy gyzy hünär mekdebini gutardy, körpe ogly sürüji boldy. Körpesinden beýleki gelinleriniň ählisi ýokary bilimli. Daýzalarynyň, ejesiniň doganlarynyň çagalary hem kileň okady, bilimli, hünärli adamlar bolup ýetişdi.
Emma ol ilki ogluna öýermek üçin bergä girende biraz aljyrajak, darykjak boldy. Megerem şol wagtlar öňden gelýän kellagyrysy, gan basyşy ýaramazlaşdy. Gaýny oňa Ahmet ahundan doga-tumary, dem salnan, çüflenen duz-beýlekini kän getirdi. Emma olaryň hiç peýdasy degmedi. Bir gezek, gaýny goýman, obadaş aýallara goşup, ony Gyzylarbat tarapda, demirýoluň boýundaky Isgender stansiýasynyň ýanynda bir gumalakça hem ugratdy. Emma ol gumalakçy, gapydan gireninden: "Wah, gyzym, ýol söküp gelip oturmaly däl ekeniň, sen maňa ynanaňog-a" diýdi.
Has soňraky ýyllarda onuň kellagyrysy uly oglunyň el-aýak bolup, bergi-borja girip, çagalary, inileri, dostlary bilen üýşüp, ýyllap guran jaýy ýykylanda gatyja bimaza etdi. Belki-de ony jaýyň ýykylmagy däl-de, şondan soň üç çagasy bilen öňki darajyk kwartirasyna dolanyp gelen oglunyň birden hassalap, agyr ýatmagy gorkuzdy, alada goýdy.
Ýa-da ol häkimiýetleriň ilki şäheriň çar künjeginden adamlara jaý salmak üçin ýer berip, soň olaryň baryny-ýoguny berip guran jaýlaryny ýykdyrmasyna düşünip bilmän, kellesine agram saldy. Ol ýer yrananda ýykylan jaýlary kän görüpdi, jaýlaryň aşagynda galan adamlar "Çopanata" öwlüýäsinde tutuş bir oba bolup ýatyrdy, olaryň yzynda galanlar şindem her nahardan soň gapyllykda ölen hossarlaryny ýatlap, doga-töwir edýärdi.
1948-de ýykylan jaýlaryň ýerinde uzak ýyllar diňe wagtlaýyn jaýlar guruldy, adamlar gowy jaý salmaga gorkdular. Prezident diýilýän hem muny bilýär, onuň öz ejesi, jigileri hem kesegiň aşagynda galypdyr. Emma ol näme üçin dikuçarly şäheriň üstünden aýlanýar-da, adamlaryň ýaşap oturan jaýlaryny ýykmagy buýurýar? Ol muňa näme diýjegini bilmedi.
Soň oýlanyp otursa, ol adamlardaky üýtgeşikligi ilki, ogullaryny öýerende hem duýan eken. Adamsynyň özi ýaly ýokary bilim alyp bilmedik, emma hasapdan gowy baş çykarýan kursdaşy bardy, ol magazin müdiri bolup işleýärdi. Çagalary oňa ’zammag daýy’ diýerdiler. Ana, şol zammag daýy ogul öýerjek obadaşlaryna öz bahasyndan düwünçeklik bir top ýelýyrtan, çit, atgulaklyk şapyrdyk, gije-gündiz-beýleki bererdi. Bir gün ol zammag, obanyň çetinde ýaşaýan ýedi çagaly dul aýlyň uly ogluny öýerýänini eşidip geldi-de: "Şolara aýdyň, gelsinler, gerek zatlaryny magazinde boldugyndan berjek bolaýyn" diýdi.
O wagtlar magazinde üýşüp duran zat bolmazdy, toý etjekler bu zatlary jygyllykdan, iki-üç bahasyndan satyn almalydy. Soň ol bir toýda şol dul aýalyň ýaňky ’zammag daýy’ barada aýdan sözlerini eşidip, olary esli wagtlap ýadyndan çykaryp bilmedi. Ol aýal şonda: "Hakyt şonça zady öz bahasyndan beräýdi, magaziniň skladynda üýşüp ýatyr eken! Gapdalyndan ’toý gatanjym’ diýip, bir top çiti mugt berdi. Biz ýaly garyba şeýle eçilýän bolsa, özleri näçe alýarka?" diýipdi. Ol bu aýala näme diýjegini bilmedi, ýöne zammag daýyny günäkärläp bilmedi. Sebäbi ol näme-de bolsa obadaşlaryna, garyp-gasara el uzadýardy, el uzatmanda-da etjek zadyň ýokdy.
Soň ol bu gürrüňi Ýolla gargaýan obadaş aýaly görende hem ýatlady. Olaryň obasyndan iň ösen Ýolly boldy, ol prezidentiň "sag goly" diýip gürrüň etdiler. Ýolly Aga şopuryň uly ogludy, ondan uly iki gyz bardy. Emma Aga şopur obada iki gyzyny hem ýokary okuw jaýyna ýerleşdiren seýrek adamlaryň biridi. Oba bilýärdi, Ýolly başardygyndan obadaşlarynyň möhümini bitirýärdi. Emma ol aýal onuň öz ogluny diýen ýerine işe ýerleşdirmändigi üçin oňa agzyna gelenini diýýärdi. Soň aýallar Ýollynyň onuň iki ogluna işe ýerleşmäge kömek edendigini, emma üçünjisiniň ýumşuny bitirip bilmändigini gürrüň etdiler.
Bäş wagt namazyny sypdyrman okan atasy pahyr "gymyldan gymyldyň günä, başyňy basyrnyp ýataýmasaň, ýöne başyňy basyryp ýatmagam günä" diýerdi. Ol namaz okamady, ýogsa ýaşy bir çene baranda başladam, emma bir gezek eglende, gözi garaňkyrap, maňlaýy gütüläp pola degdi-de, şondan soň ony bes etdi.
Tüweleme, her çagasyndan iki-üç agtyk gördi, emma adamsy olaryň okuwyny alada etdi. Sebäbi ýokary okuw, öňki ýyllara garanda hem, bilime däl-de, barha kän para-peşgeşe ýatdy, prezident diýilýäniň jyny jaýdan soň okuwa, student orunlaryna düşdi.
Okuw gymmatladygyça-da neşe, ilki tirýek, soň gerion arzanlady. Ilkiler neşe toýlarda, bagşy-sazandaly meýlislerde ýoň boldy, soň diňe toý mesleri bilen çäklenmedi, her öýe ýa öýaşa sowuldy, myhman alanlaryň dulunda goş basdy, negözel oglanlary sandan çykarýança-da hiç ýere gitmedi.
Adamlar aýdardylar, obalarynda uruş ýyllarynda hem ogry bolmandyr, emma gerion gelenden soň gapylarda ne serlen eşik, daş işikde çykarylan aýakgap durdy, ne-de suwly kündük. Iň beteri, öýüň, maşgalanyň diregi, aýalynyň, çagasynyň gorag-galasy bolmaly erkekler, eşidilýän gürrüňlerden çen tutsaň, gara ganym bolup döredi. Ýok, ol muny diňe eşidip oňmady, gördi.
Ilerki köçedäki goňşularynyň biriniň ogly, gözüniň öňünde ulalan ýuwaşja çaga, birki ýyllykda öý-işik bolan syrdam ýigit bir gün agşamara uly köçä gaçyp çykan gelnini ýençdi. Tomsuň günüdi. Körpe oglunyň işden geljek wagty bolansoň, derweze serlip açylyp goýlupdy. Birden köçe tarapdan gykylyk eşidildi. Ol ilki agzyna gelen hapa sözi gaýgyrman gygyrýan erkegiň nadara sesini, soň ýüzemi, ýeňsämi degýän şarpyk, ýumruk seslerini, ýanýola gülçüldäp ýykylan gelniň arkasyna, eginlerine degýän aýak seslerini eşitdi. Ylgap köçä çykan erkekler gelni neşeden azarlan adamsynyň elinden aldylar. "Hana, geroiniň getirýän ýeri" diýip, körpe gelni derwezäni ýapyp durşuna pyşyrdady. "Neşe tap" diýip, aýalyna azar berýär diýýärdiler, emma beýledir öýtmeýärdim" diýip, ol soň gaýnyna aýtdy.
Soň ol şol köçede ýenjilen gelniň gaýnyndan bu ýagdaýyň tas bir ýyllap dowam edendigini eşitdi. "Nädeli, goşulyp bilemzok, ejesini, kakasyny hem urjak ol o wagt. Her gezek gelnimiz maýyp bolar, indi galmaz öýdüp gorkýarys, emma ýene aýak üstüne galyp, öýüň ody bilen girip, küli bilen çykyp ýör görgüli" diýip, naçar ene aglamjyrap gürrüň berdi. "Diňe biziňki däl, goňşularda-da bar ýagdaý..."
Soň bir üýşmeleňde okuwly aýallaryň biri: "Tutuş ýurt neşekeş, sebäbi neşäni döwlet satdyrýar, iň ýokarkydan ygtyýarsyz çöp başy gymyldanok" diýdi.
Ozal köçelerinde diňe bir neşekeş bardy, Ol "Bu jennetdiri" çalýan tanymal sazandady. Emma onuň tirýek çekýänini kän adam bilmezdi. Bir gezek adamsy onuň öýüne baryp, iki-üç sany bişen kerpijiň arasynda sim gyzdyryp oturanyny görüp, utanyp geldi. "Utanjyna, ’repetisiýa geçip otyrdym’ diýip, dutaryny gazan bolýar, pahyr" diýip, adamsy soň-soňlar hem gynandy ýördi. Sebäbi soň ol sazandanyň ýedi oglunyň aglabasynyň agzy hapalandy. Olar adamsynyň dükanyna pul diläp barha kän gelmäge başladylar. Ýogsa olaryň köpüsi hudaý beren talantdy, haýsy saz guralyny eline berseň, çalar oturardylar, sesleri gowudy.
Bir gyşda, garly gün onuň gapysyndan ol sazandanyň ogullarynyň biriniň gelni geldi: "Nursoltan eje, aýaga geýmäge köwşümem ýok-da, gaýyn atamyň köne köwşüni geýýän’ diýip, aýagyndaky ýirik-ýyrtyk köwşi görkezdi. Ýöne ol şol wagt bu gelniň hem üç oglunyň neşekeşligiň gurbany boljagyny, soň onuň ýerine gelende şol garly gün beren aýakgabyny ýatlap aglajagyny bilmeýärdi.
Herhal, ilerki gelniň ejesi zor çykdy. Obadan gelip, ozal işlemäge rugsat berilmedik gyzynyň medinstitutdan alan diplomyny tanyş görüp-beýleki edip dikeltdi we gyzyny gapdaldaky poliklinika işe ýerleşdirdi. Şeýdip ol hem maşgalasyny bozman saklandy, hem gyssanan goňşularynyň "tiz medisina kömegi" boldy.
Ilkiler prezidentiň ýanyna baranlar derrew baýaýar, ol öz baýlaryny döretjekmiş, ýurtda iki ýüz sany baý bolmalymyş diýen gürrüň ýaýrady. Olaryň obasyndan Ýolly bilen onuň doganoglany Begli baýady. Emma onuň ýokaryk çykan giýewisi baýamady, tersine prezident bilen duşman boldy we ahyrynda çagalaryny alyp, ýurtdan gaçdy. Soň Ýolly, Begli türmä basyldy diýenlerinde, ol öz giýewisiniň we gyzynyň prezidentiň arkasyndan baýamandygyna, onuň döredýän iki ýüz baýynyň sanawyna girmändigine begenmek begendi.
Bir günem prezident öldi diýdiler. Ol ozal adamlaryň başga biriniň ölümine begenişlerini we bu begenji daşyna çykaryşlaryny hiç görmändi.
Täze prezident "neşäni ýok etjekmiş, indi hökümet tirýek-gerion satýanlary gorajak dälmiş, neşe bilen tutulanlary amnistiýa düşürjek dälmiş" diýdiler. Adamlar muňa-da begendi. Şondan birki aý soň şäheriň etegindäki obada ýaşaýan körpe gyzy gelip, obalaryndaky neşekeşleriň ýeke-ýeke ýygnalyp äkidilişini, tas her öýden diýen bir ýa iki oglanyň, kä öýlerden bolsa üç-dört oglanyň neşekeş bolup çykyşyny ýakasyny tutup gürrüň berdi.
Soň ýatyrylan pensiýalar, çaga pullary dikeldildi, hatda işlemediklere hem pensiýa berlip başlandy. Jaýlaryň köçe tarapynda, 1990-njy başynda ilki bir otagyň penjiresinden açylan, soň biraz giňeldilen we uzaga gitmän ýapylan hususy dükanjyklar gaýtadan açylyp başlandy. Munuň üstesine, howluda gutap, somsa, manty, çörek, çapady, gatlakly, tort... bişirip satýanlar köpeldi. Agşamara sagat bäşden, altydan soň köçe kiçiräk bir bazara aýlanýardy. Ýagny, adamlaryň işden gaýdýan wagty bu köçede iş sagady, şonuň bilen birlikde-de toý-dabara başlanýan ýalydy. Satýanyňam, alýanyňam keýpi kökdi, adamlaryň elinde, köp bolmasa-da, pul bardy. Adamsy pahyr muňa begenmek begendi. Ol ilki gözden, soň aýakdan galyp, öýden çykyp bilmeýärdi. Ýöne ol köçeden gelýän sesleri, salama we soramaga gelýän adamlaryň seslerindäki ýeňilligi duýup, daşary ýurda giden gyzynyň dolanyp gelmegine umyt baglaýardy. Käte bolsa, gijäniň bir wagtlary oýanyp, gyzynyň adyny tutup gygyrýardy. "Gel-ä indi, geläý-dä, köp garaşdyrdyň-a!?" diýerdi.
Ol käte köçä çykyp, adamsynyň jaýyň ýeňsesinde kän ýyllar öň ýasan agaç oturgyjynda dyz epip, irki ýyllary ýatlardy. Başda bu köçäniň ortasyndan jar geçerdi. Olaryň jaýlary siliň köne akabasynyň gyrasyndan gurlupdy. Ilkiler bu akabany gömüp, daş düşäp, asfalt ýazyp, gowy ýol etdiler. Emma ençeme ýyl gelmedik sil bir ýyl gelip, ýoly iki böwsüp, gömlen jary dikeltdi. Soň ol jary ýene gömdüler, sil ýene öz diýenini etdi. Onsoň ol ýerden, ýoluň ortarasyndan beton ýap gurdylar. Ol ýap sil gelende dolup akardy we çagalaryň mekdebe gidende geçýän paýapyllaryny alyp giderdi.
Indi ol jar ýokdy, siliň gelýän ýeriniň öňünden, dag içinde gaçy gurlupdy. Ozal şäheriň bir gyra köçesi bolan ýol bolsa, prezident köşgüniň golaýjagyndaky esasy gatnaw ýollarynyň birine öwrülipdi.
Emma adamlaryň şatlygy uzaga çekmedi. Ýene dükanlary ýapdyrmaga başladylar. Her kim çytraşdy. Adamlar köçede maşgala agzalarynyň birini garawul goýup, polisiýa-beýleki ýokka işlejek, gazanç etjek boldular. Oňa goňşulykdaky üç-dört öýüň dükanlarynyň garawulçylygy ynanyldy. Köçede, pişijegi bilen bile oturan ýerinden, polisiýa maşyny görünse, ol "ýygnaweriň, gelýär" diýip gygyrmalydy. Şondan soň ol, işini gutaran ýaly, howla girýärdi. Soňabaka, ol "gelýär" diýip gygyranyndan, ýanynda oturan pişigi hem, işini gutaranyna begenýän adam ýaly, ylgap howla girmäge başlady.
Ýöne dükanlar ymykly ýapdyrylmazdan, ozalky ýetde-gütdelik, umytsyzlyk gaýdyp gelmezden öň adamsy pahyr dünýäsini başgalady. Ol gaýgy etdi: "Kakasyny görmedi, gyzym gelende, menem bolmasam näder?" diýdi. Şu-da onuň gadymky derdini, kelleagyrysyny güýçlendirdi, käte-käte aljyradyp başlady. Herhal, hudaý diýen ýeri bar eken, gyzyny gördi: kakasy bilen hoşlaşdyrmadyk hökümet oňa ejesini görüp gitmäge rugsat berdi. "Razydyryn, gyzym, ölmäkäm gördüm, armanym ýok!" diýdi. Ýöne gyzy yzyna, ýat illere dolanjak bolanda duýdurdy: "Iş-beýleki berjek diýseler, geljek bolmaň entek, siz bu ýeriň aýlygy, düzdüni bilen oňmarsyňyz!"
Onuň gaýduwsyz kelleagyrysy ýene yza çekildi, goňşy gelniň eli sanjym dermanly nobatçylyk çeken günleri tas ýat boldy. Emma biraz janlanan durmuş ýene ýuwaş-ýuwaşdan yza, öňki günlere dolandy. Çagalary ýanynda zeýrenmese-de, ol durmuşyň barha gymmatlaýandygyny, aýlyklaryň bolsa tas öňküligine galýandygyny, üstesine iş meselesiniň hem barha çataklaşýandygyny, işiň bolsa-da, ony saklamagyň kynalýandygyny eşidýärdi. Adamlar "başlyk bolan azýar, utanman aýlygyňy meniň bilen paýlaş hem diýjekler" diýip gürrüň edýärdiler.
Belki-de aladasyny bildirmejek bolup, körpe gelni bazardan gelende, ol onuň alan zatlaryny öwýärdi. Ýöne soňabaka munuň ýönekeý öwgi däldigine, hakyky begençden, hudaýyň berenine şükür etmekden gelýän kanagatdygyna göz ýetirdi.
Gelinleri, agtyklary zeýrenmese-de, käte salama gelýän goňşy gelinler onuň ýanynda içini dökýärdi. Şol aralykda ol bir zeýrenji - ilki-ilkiler hiç düşünip bilmedik "çäre" zeýrenjini has köp eşidip başlady.
Ogullary, gelinleri ony kän öýde oturtmaýardylar, bahana bolsa, "men galaýaýyn-la, dyzymda ysgyn ýok" diýenine bakman, ýanlary bilen toýa-çakylyga alyp gidýärdiler. Olar: "Kakamyzyň öýden çykman oturmagyna ýol berip ýalňyşdyk, bir gün uzak ýaşadyp bilsek ýaşatjak, öýde oturtjak däl" diýýärdiler. Şeýle toý-çakylyklaryň birinde bir garyndaşy zeýrenmek zeýrendi: "Çäre bilen öldürjek bu meýit bizi - diýip, ol köpçüligiň içinde prezidente gargady. - Oral aýal halyma, güýzüň güni ak keteni geýip, köýnekçe, ýukajyk ak köwüşli, sowuk ýagşa ezilip, üç sagatlap köçede durdum. Ýanymda-da özüm ýaly bir topar aýal. Elimize-de çişirilen ak şarlary berdiler. Prezident geçende, ak şarlary asmana uçurmaly diýdiler. Içimden sowuk geçdi. Özüm owarram diýsem, ýoluň beýleki gyrasynda gelnim, mekdepde okaýan gyzym hem ak ketenili, elleri ak şarly dur. Ahyry geldi ýer ýuwdan. "Meýdiň ýansyn, ýerler çekse bolmaýamy seni" diýip, depdim şarlaryny..."
Ol: "Sögünme, adama gargama" diýdi. "Wah, sögünmän nädeýin, daýza? Bir hepde düşekde ýatdym soň. Indem ak ketenisi, ak köwüşleri üçin eden bergilerimizi üzmeli. Çäresine barmasaň, bujagaz işiňem boljak däl, onsoň biz kesek gemirmelimi? - Onuň sesi jaýyrçyk atdy. Emma ol aglaman saklandy. - Öldürmän goýjak däl bu meýit bizi! Her kim daşary ýurda gaçyp gidip bilenog-a!"
Ol ýene: "Gargama, hudaýa tabşyr-da oňaý!" diýdi. Şol wagt ol bu naçaryň gaýtdy habaryny eşidip, öýünde bagyrjagyny, "Waý, Papa eje jan, senem ak keteni geýdiňmi? Wa-aý! Bizem seniň ýaly uruşdan öň doglup, ýetim galan bolsak, emma seň ýaşyňy ýaşap, seňki ýaly hudaýyň ak ketenisini geýsek bolmyýamydy? Ene-ataly ulalyp, öz mertebämizi basgyladyp, köçede dünýä masgara bolmasak bolmyýamydy?!" diýip aglajagyny akylyna getirip biljek däldi.
"Dirä gümän, ölä - aýan" diýleni. Indi ol bularyň hemmesini bildem, gördem. Ajy habary eşidip gelýän adamlaryň köplüginden, köçäniň iki gyrasyny dolduran maşynlardan alada galyp, ýoly Çopanata gonamçylygynyň ýanyndan baglan polisiýany-da gördi, ýasa gelýän aýallary şol ýerdäki çatrykda düşüren taksiçiniň "bagyşlaň, daýzalar, şundan aňryk geçirenoklar, bu köçede bir ministr ýogalypdyr" diýen sözlerini-de, oňa "wah, ministr däl-le, Papa eje ýogaldy-la" diýenleri-de eşitdi. Hatda daşary ýurtda bozlaýan gyzyny, aýalyna gözýaşyny görkezmejek bolup, daşaryk ylgamaga çykan giýewisini hem gördi...
Obadaşlary oňa atasyna mynasyp 82 ýyl ýaşady, halal ýaşady diýdiler.
(Bu Baýramgülüň hekaýasy, men ony ýazmasam, özümi bagyşlap biljek däldim.)
Praga, 9.10.17-17.03.18.