Surat

Jaýy ýykylanyň jaýy

Goňşusy gülen bolup, içiniň ýangynjyny daşyna çykardy: "Il bilen gelen toýda-baýram, he-he..." Emma Alty Goçuň gülküsi tutmady. Sebäbi onuň öz eli bilen guran jaýy ýykylýardy. Ol ony mekdepde okaýan ogullary, aýaly bilen, işden soň gelip, diş-dyrnak bolup dikeldipdi. Ýogsa oňa, köçäniň beýle ýüzünde, biraz ýokarda hökümet resmilerine berlen ýerde gurlan jaýlar ýaly uludan tutulan, iki gat, garažly-beýlekili willalar bilen deňeşdirseň, jaý diýmegem bolmaýardy.

Şäherde, darajyk beton jaýda, hiç wagt idili suw çykmaýan ýokarky gatda ýaşap, ýeri, mellegi aşa küýsänindenmi ýa bagly howlynyň açyk, sereň howasyndan, guşlaryň owazyndan serhoş bolup, bu ýere gelse, onuň iki ädimlikde gara dumanyň içine çümüp oturan şähere, iş ýerine hiç dolanasy gelmezdi.

Jaýjagazyndan başga, bu ýerde onuň çagalary, obadan ýöriteläp gelen bagban kakasy bilen eken baglary hem bardy. Olar şonda iň gowy sortlaryny saýlap üzüm, alma, armyt, nar, injir... nahallaryny oturdypdylar, hoz agajyndan başgasy eýýäm gowy hasyl berýärdi.

Baglaryň bir çetinde ini iki metr, uzynlygy 12 metr çukur gazyp, beton guýup ýasan howzunda bolsa, seýrek balyklary köpeldýän moskwaly kärdeşiniň maslahaty bilen, her dürli balyklary ýetişdirýärdi...

"Sowetistan dargap, prezident döredijilik işgärlerine Berzeňňiniň ýokarsyndan ýer berjek diýende, gaty hemem ir begenen ekenim" diýip, ol içini gepletdi. Ol wagt prezident "ýazyjylar, siz maňa gerek" diýýärdi, sebäbi olardan gorkýardy. Emma indi, iki-ýekesi bolmasa, täze hökümete gaýtadan satyljak ýazyjylar satyldy, köpüsi hasap bilen durmuşa çykdy we prezidentiň islegini aýtdyrman, diýdirmän ýerine ýetirýär.

Ol başda, Ýazyjylar birleşiginiň çal saç başlygynyň pyşyrdap aýdan sözleri çyn bolsa, prezidentiň aýlyk bellejek on-on bäş ýazyjysynyň biri bolmalydy. Çal saç Sowetistan dargamazyndan öň hem ýazyjynyň aşa känliginden, öňýeteniň şahyr boljak bolmagyndan nägile bolardy. "Biziňki ýaly kiçijik milletde iki-üç ýazyjy-şahyr bolsa bes, galany artyk" diýip, ol Alty Goçuň işleýän ýerine gelende kän gaýtalardy.

Elbetde, şol iki-üç ýazyjy-şahyryň biri onuň özi bolmalydy. Sebäbi ol gazet-žurnallarda goşgusy ýa kyssa eserleri, hatda ýönekeý ýol ýazgylary çykanda hem, esasy okalýan ýazyjylaryň biridi. Emma ol öň hiç wagt beýle uly wezipeli, resmi adam bolmandy: atasy ýerinden-ýurdundan göçürilen baýlardan bolsa, kakasy stalin türmesinde ölüpdi, özi ýaşlykda ogurlyk edip, türmä basylypdy, soň tapanyny içipdi.

Ýöne Sowetistanyň ýykylmagy ony, ilkinji bolup prezidenti patyşa diýip yglan etmek teklibini öňe sürensoň, iň süýji düýşünde hem görüp bilmejek derejesine, maşynly-sürüjili, gapysy sekretar gelinli durmuşa ýetirdi. Emma bu döwran uzaga çekmedi, ol demirgazyk regiondaky başlyklaryň üstüne aýlanyp, olary wezipelerinde saklamak wadasy bilen pul ýygnap başlan güni hem özüni, hem Sowetistandan miras galan Ýazyjylar birleşigini taryhyň çukuryna zyňdy.

Dogry, prezident indi diňe hökümete satylmadyklaryň däl, häkimiýet bilen bireýýämden bäri öý-işik bolup ýörenleriň hem jaýyny ýykýardy. Onda-da lezzet bilen, hem içi, hem ýüzi gülüp ýykýardy. Ol diňe öz beren ýerinde gurlan jaýlary däl, eýsem şäheriň ortasynda kyrk ýyl ozal ýörite ýazyjylara niýetlenip gurlan howlulary hem ýykýardy. Ýogsa şol howlularyň köpüsinde ony ýerde-gökde goýman öwýän ýazyjylar ýaşaýardy. Bir tapawudy, ol howlular, bir gepe görä, ol ýerde ony öwmeýän bir kejiriň ýaşamagy sebäpli ýykylan bolsa, başga bir gepe görä, garry ýazyjylaryň biriniň aýalynyň prezidentiň ejesi hakynda ýaýradan ýaramaz gürrüňi sebäpli ýykylýardy.

Elbetde, prezident diňe ýazyjylaryň jaýlaryny ýykýar diýmek hem adalatsyzlyk boljakdy, ol öz döreden baýlarynyň, düýnki gün uly wezipä bellän, bile ogurlyk eden egindeşleriniňem jaýlaryny ýykýardy, başarda, olary türmä-de basýardy.

Alty Goç şäheriň ýokarsynda, baýyrlaryň başlanýan ýerinde, dag eteginde berlen ýeriň yzyna alynmagyny ilki ne akylyna, ne-de ýüregine sygdyryp bildi. Ýazyjy goňşularynyň biri pyşyrdap, "Başy ýazyjylary pikir edip bilýändikleri üçin ýigrenýär" diýse, ýene biri "ol öwýän ýazyjylaryň biriniň ’samsyk-laý, bize-de oýnadyp ýör’ diýenini eşidipdir" diýýärdi. Üçünji biri bolsa, bu ýeriň Türkiýeden gelen Ahmet Çoluk diýilýän kürt telekeçisine satylan bolmagynyň ahmaldygyny çaklaýardy.

Bujagaz ýer Alty Goçuň soňky ýapyşalgasydy: öň ýaňy ýörjen-ýörjen eden hususy neşirýatyny işlemez ýaly edipdiler, soň, daşary ýurt radiosyna maglumat iberip başlanda, nebelli adamlar tarapyndan ogly pyçaklanypdy. Şeýdip, howpsuzlyk resmileri ganhory ýa ganhorlary tapmagy wada berensoň, ol daşary ýurt radiosy bilen aragatnaşygyny bes edipdi.

Alty Goçy ýene bir oýlandyran ýa çuň pikire batyran zat bolsa, jaý ýykýan işçileriň ýüzündäki begenç, kanagatlanma duýgusy boldy. "Prezidentiňki ýaly, bularyňam içi gülýär" diýip, ol buldozeriň astynda mynjyran üzüm agaçlaryny synlap durşuna oýlandy. Olar uzak obalardan gelip, paýtagtda para berip, jemagat hojalygyna işe giren ýaş ýigitlerdi.

"Ýene jaý salmadyklar, bag ekmedikler utdy, he-he..." diýip, goňşusy ýene güldi. Bu gülki Altyny onuň ilki aýdan sözüne gaýtaryp getirdi. Emma ol, goňşusynyňky ýaly, bu belanyň diňe öz başyndan inmändigi, eýsem uly iliň başyndaky zatdygy sebäpli hem köşeşmedi. Tersine, "Men näme üçin şeýle eden-etdiligiň diňe öz başymdan däl, eýsem ulus iliň başyndan inenine begenmeli ýa-da mundan öz göwnüme teselli tapmaly?" diýip, öz-özüne sorag berdi.

Altydan hiç bir jogap eşitmänsoň, goňşusy eşidiler-eşidilmez hüňürdedi: "Ozal mikroraýonda ýaşaýanyma gynanardym, howluly jaýda ýaşaýanlara gözüm giderdi. Indi ýüregim buz ýaly, negözel jaýlaryň gurluşyk materiallary Maryda, "Ahalyň gözýaşy" diýilýän bazarda satylýar. Beton jaýymdan aýlanaýyn diýýän indi."

Alty Goç ýene zat diýmedi.

"Ýa indi bizem prezidente ýok ýerinden ’gahryman kaka’, ’baý ata’ ýasaýanlaryň hataryna goşulsakmykak, o wezipeleriňem üsti gyzyl el boldy?" diýip, ol ahyrynda gitmek bilen boldy. Alty oňa ne ’otur’, ne-de ’sag bol’ diýdi. Sebäbi diýen sözüniň nähili don-telpekde, näçeden we kime satyljagyny bilmeýärdi.

Ol agşam öýünde jaý ýykýan oglanlaryň ýüzündäki şatlyk, kanagat duýgusy hakynda ýene we ýene oýlandy. Bu şatlyk, birhili, oňa öňden tanyş ýalydy. Şol wagtam ynanyşýan kärdeşi Mälik Gara telefon etdi-de, gitjek ýeri bolmasa, on-ýigrimi minutdan çaýlaşmaga gelmekçidigini aýtdy. Ol ’gel’ diýdi. Çünki, öý ýykýanlaryň şatlygy baradaky aladasyny, adatça edişi ýaly, aýalyna aýdyp ýeňletmän, başga biri bilen bölüşe, gowy boljak ýaly göründi.

"Garyp oglanlaryň begenenini geň görme, olar ’şäherde bir baýyň öýüni ýykmaga gatnaşdyk, hökümetiň arkasyndan arymyzy aldyk’ diýýändirler" diýip, Mälik Gara onuň aladasyna gülüp jogap berdi.

Alty Goç gözlerini tegeledi: "Men baý däl-ä, baý görjek bolsalar, biziň jaýlarymyzyň ilerisinde salnan howlulary görsünler!"

"Olaryň gözüne olam bir, senem: şäherde kwartiraň, dag eteginde bagly-howuzly howlyň, aýagyň aşagynda maşynyň bar!"

"Bolanda näme? Men döwletiň malyny ogurlap, para alyp ýaşamok!" - Alty ýeň bermedi.

"Bu biziň günämiziň azdygyny aňlatmaýar..." - Mälik Gara sözüniň yzyny aýtmaga çekinen ýaly köpmanyly dymdy.

"Dile Alty-bile Alty, näme diýjek bolýaň? Indi her bir aňyrdan gelen bisowat, edep-terbiýe görmedik üçin men özümi günkärlemelimi?"

"Bu ýerde aňyrdan ýa bärden gelen adam ýok: biziň hemmämiz şol obaly oglanlar - diýip, Mälik Gara ýüzüni sallady. - O gün türmeden çykan kärdeşimize ’göz aýdyňa’ bardym. Tussagyň yzyndan baran sabyny ogurlaýan soldatlar begenýär diýýä türmä basylanyma. ’Dek gezmeli ekeniň-dä’ diýýämişler. ’Olar owarram, aga-gara düşünmeýän çagalar’ diýse, azyndan iki kärdeşimiz knb-ä jaň edipdir, ’şony tutup, dogry etdiňiz, indi türmeden diri goýbermäň’ diýip".

Birsellem olaryň hiç biri geplemedi.

"Bu şu gün dörän ýagdaý däl, azyndan ýüz ýyl bäri şeýle - diýip, dymyşlygy Mälik Gara bozdy. - Bolşewikler ilkinji baýyň ýa orta daýhanyň malyny elinden alyp, özüni sürgün eden gününden bäri, ýa ondanam aňyrrakdan gelýär bi..."

Soň o baýlaryň, häzirki demokratlar ýaly, döwletiň ýa halkyň malyny talap baý bolmandygy, akyl-paýhas, asyrlyk tejribe, maňlaý deri bilen baý bolandygy barada öňem kän aýdan sözlerini gaýtalady.

"Emma biz olaryň başyndan inen gara töhmete ilki mekdep partasynda, samsyk goşgulary okap heşelle kakdyk, soň olary garalan ýazyjy-şahyrlary halypa edindik. A olar, halypa diýsek, özlerini asmandan asýardylar... Ýadyňdamy, akademik bolup bilmän ölen halypamyza "Wolga" berenlerinde gomalyşy? "Minkabinetiň maşyn berilýän howlusyndaky garawul ýaşuly ’Bä, ahyry bir halal adama-da "Wolga" berlenini gördüm-aý’ diýip begendi" diýýärdi. Ol özüni iň halal adam hasaplaýardy. Öýi ýykylan baýlaryň ruhuny basgylap, galp goşgy ýazdym diýip wyždan azabyny çekenokdy..."

“Geçmişe sapança atmaly-la!” – Alty kärdeşini saklajak, bolmanda haýalçyratjak boldy. Sebäbi ol onuň bäri-bärde durmajagyny bilýärdi, häsiýetine beletdi. “Geljek bizi top okuna tutmasyn soň!”

“Men geçmiş däl, şu gün barada gürrüň edýärin. Çünki o bolan zatlar, bäş-üç adam ölenem bolsa, entek geçmişe öwrülenok, geçenok, biz bilen ýaşaýar" diýip, Mälik Gara turmak bilen boldy.

Ol ony daşaryk, aşaky gatdaky girelgäniň agzyna çenli ugratdy.

"Geçmişe sapança atan bar bolsa, olar biziň halypalarymyzdyr. Käsi ömrüniň soňky pellesinde biraz oýlandy, bolmanda ikiçäk gürrüňçilikde ýalňyşyny boýun aldy. Emma köpüsi ölýänçä geçmişe sapança atdy, asla tanaman, bilmän garalan adamlarynyň ruhundan ötünç soramagyň dagy pikirinem etmedi..."

Alty onuň elini gysyp durşuna: "Dogry, sen mamla, emma dogry zatlar bir başga, durmuş, reallyk bir başga, ol adamlary maýmyn edýär" diýdi.

"Durmuş etmeýär, biziň özümiz maýmyn bolýarys - diýip, Mälik onuň bilen ýene ylalaşmady. "Aýn bolmasa, özümizi aklajak bolýarys. Halypalarymyzy goran bolmagam öz aladamyz bilen bagly. Hil bir şägirtmişik. Şeýdip, biz olaryň ýalňyşynyň gapdalynda durýarys, olary, diýmek özümizi derňemek islemeýäris, sebäbi bu barýan ýoluňdan yza dolanmagy talap edýär. Üstesine muny adamkärçilik hökmünde görjek, görkezjek bolýarys..."

"Gelejegiň topy dogrudanam hem biziň, hem çagalarymyzyň we agtyklarymyzyň üstünden ýagýar!" diýip, Alty basgançakdan ýokaryk çykyp gelşine, içindenem bolsa, kärdeşi bilen ylalaşdy. Ýöne bu gürrüň ony uzak gijesi bilen gözlerine çiş kakylan ýaly etdi.

Alty ahyry uklap bilmän, tekjeden baş halypasynyň - Ussadyň kitaplarynyň birini alyp, diwana gyşardy. Çal saçdan, häzirki başlygyndan öň ol Ussat bilen dostdy. Ol oňa, beýlekiler ýaly adyny ýa atasynyň adyny tutman, "Ussat" ýa "Ussadym" diýip ýüzlenerdi, muny ýaranjaňlyk-beýleki hasaplamazdy. Sebäbi halypasy şol wagtyň ölçeglerinde hakykatdanam ussatdy, il içinde ykrar edilýärdi, partiýanyň iň götergileýän şahyrlarynyň biridi, kyrkam ýaşamanka "halk ýazyjysy" adyny alypdy, redaktor, baş redaktor, parlamentiň deputaty, Magtymguly baýragynyň eýesi ýaly derejeleri bardy, bir topar komissiýanyň sözi ýer kertýän agzasydy. Çal saç ony şol wagtlar gözünde oky bolsa urjakdy, ýöne hiç çäresi ýa elinden gelýän zat ýokdy.

Ol Çal saçy kellesinden kowup, Ussady göz öňüne getirjek bolup jan çekdi. Sebäbi, görüp otursa, ýogalaly bäri, ony kän ýatlamandyr. Emma ol halypasyny diri wagty bir günem ýadyndan çykarmandy, käte jaň edip, işden soň onuň öýüne barardy. Elbetde, eli boş barmazdy, konýaklyja barardy. Konýak içeýin diýse, günde tapjagam bolsa, Ussat onuň bu edehedine begenerdi, birki gezek göterenlerinden soň, ýeserje degişmeler tapyp, öz gürrüňine özi jykyrdap, hezil edip gülerdi.

Ol Ussadynyň bir gylygyny gowy görerdi, ýazýan gelinleriň birnäçesiniň halypasy bolsa-da, hiç wagt olary utanja goýjak gürrüň edip öwünmezdi, beýleki ýazyjylardan tapawutlylykda, zenan syrlaryny berk saklardy. Ýogsa Alty, açaryny iki günlük soran başlygyna - Ussada berip, ussahanasyna bir hepde girip bilmedik hudožnigiň soň krowadynyň aşagyny iki günläp mynçgalanyp zyňlan goşguly kagyzdan arassalandygyny hem, jaýynda ýaş gelniň goşgulary redaktirlenen başga birlerini-de bilýärdi.

Ýöne ýakyndan synlasaň, köpräk baryp-gelişseň, adamyň daşyndan kän bildirmeýän seplerini, gowşak damarlaryny hem bilýärsiň, öwrenýärsiň. Has dogrusy, saçak başynda, içilende, ikiçäk gürrüňde aýdylan, başga hiç wagt aýdylmajak bir söz hem saňa adam hakynda ozal asla bilmedik, aňlamadyk bir topar zadyňy aýdyp bilýär. Käte bu zat barada şol wagt däl-de, aradan esli wagt geçenden soň oýlanýarsyň we ömür garaşmadyk netijäňi çykarýarsyň.

Ussat biwagt gaýtdy. Biri onuň jaýlanan güni, howlusynyň daş işiginde şeýle diýdi: "Partiýa şelaýaynlyk edip, ähli derejäni alaryn öýdýärdi, akademiklige büdredi bende, öwgi-tarypa gaty öwrenişipdi, öz ýalanyna özi ynanýan adam hem gülkünç, hem gynançly" diýdi.

Alty Goç bu gürrüňe şol wagt üns bermändi. Emma soň bir gün, Ussat ýogalmazyndan birki hepde öň öýüne baranda, onuň çüýşe ýarpy bolandan soň janygyp aýdan sözlerini ýatlady: "Maňa hiç at-dereje gerek däl, günüme goýsalar bolýar!" Ýöne bu sözleriň aýdylyşy oňa at-derejäniň gerek däldigini däl, gaty gerekdigini, onuň şol at-derejä, ýalan söhrada gaty mätäçdigini, açdygyny, belki-de agyr şöhratkeş, derejehor bolandygyny, eger ýene we ýene at, dereje bermeseler, öwmeseler, götergilemeseler, uzak ýaşap bilmejekdigini, armanly, aç-mätäç halda, garyp öljekdigini görkezýärdi. Ol bu gelen netijesini şol wagtam kellesinden basymrak kowmaga çalyşdy, häzirem. Şol alada bilenem çyrany öçürmän, eli kitaply gyşaran ýerinde ymyzgandy we düýşünde ýene şol gözi, içi gülýän oba oglanlaryny gördi. Olar indi diňe gülmeýärdiler, eýsem gaty-gaty gygyryp, onuň bir ýerlerden gularynda galan goşgy setirlerine-de gygyrýardylar:

- Çakmak baýyň elinde,
Tokmak baýyň elinde,
Biri-birinden beter
Akmak baýyň elinde-e...

Ol siňe-siňe seredende, jaý ýykýan oglanlaryň ýüzleriniň öňki ýüzleri däldigini, olaryň halypasyna, Ussadyna bir almany iki bölen ýaly meňzeşdigini gördi. Hemem, garaňky asmanda ýyldyrym çakan ýaly, kompartiýa agza bolmak üçin guma gidip, iki ýyla golaý çopan bolup işlände kellesine gelen sorag ýalpyldap göründi: "Biri-birinden akmak bolsa, olar nädip baý boldyka? Häzir biziň hemmämiz akylly, mekdep gutaran, ýokary bilimimiz bar, emma içimizde baý ýog-a?" Şol wagtam ol bir zadyň kütek sesine tisginip oýandy. Başyny galdyrsa, elindäki kitap - Ussadyň çagalar üçin diýip çap etdiren, emma içi durşuna syýasat, ideologiýa sarnamasyndan doldurylan goşgular ýygyndysy pola gaçypdyr.

Alty Goç özüniň bolup ýatyşyny hiç kimiň görmänine begendi we polda ýarym açyk ýatan kitaby alyp, tekjede görünmejek bir ýere dykdy.

Daşarda jahan ýagtylypdy. Ol hasyr-husur sport eşiklerini geýip, kiçijik demir demkeşine çaý demlendi-de, çeňňegini hem alyp, jaý ýykdyrýan prezidentiň şähäriň içinden çekdiren emeli derýasynyň boýuna gitdi. Aladasy balyk däldi, aýalynyň ýüzüni görüp, neme bolanyny soramagyny, jaýa gynanmazlygy maslahat bermegini, soňam öldürilen ogluny ýatlap aglamagyny islemeýärdi.

Alty Goç derýanyň boýunda hem aňsat öz alasarmyk pikirlerinden saplanyp bilmedi, emma suwa seredip oturyşyna birden irkildi.

Ol birsellemden ýeňse tarapdan gelýän aýak seslerine oýandy. Gaňrylyp seretse, dört sany daýaw ýigit ýetip gelýär. Olaryň öňüni çekip gelýän gök sport eşikli onuň ýegenidi, çagalykda galpagyny syran hem, sünnet edilen güni başujynda oturyp, ilki eline pul berenem özüdi. Emma ol türkmen-türk mekdebinde okap, namaz okamaýan daýysy bilen salamyny kesdi. Indi bolsa howpsuzlyk gullugyna işe giripdir. Alty Goç ýegenini görmedik bolup, çeňňegine seretdi. Daýaw ýigitler onuň deňine ýetip, säginen ýaly etdiler.

"Eý, bilýäňizmi näme? - diýip, onuň ýegeni seslendi. - Men hol oturan adamyň bar-a ..." Ýanyndakylar onuň hapa sögünjine hikirdeşip güldüler. "Agzyma saman dykmaň, dykmaň agzyma sypal!" diýip, ýegeni ýanyndakylary güldürip bilenine göterilip, daýysynyň agzyna öýkündi. Alty Goç bu setirleri ilki gadagan edilende ýazyp, ilkinji gezek aýal doganynyň öýünde, häzir özüni özünden çykarmaga synanýan ýegeniniň doglan gününde okapdy.

Alty Goç howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň daşlaşyp barýan aýak seslerini eşitdi, emma yzlaryndan seretmedi.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024