"Haýynyň" haýyşy
Onuň öýüne obada sylanýan, soňky on ýylda toýuň-ýasyň resmi ýüzi bolan aksakgaly iberdiler (Öň o ýaşuly oňa sakgal goýbermeýändigi üçin igenipdi, emma ol ýas ýerinde edep saklap, sakgala ynanmaýandygyny aýdyp bilmändi.).
Aksakgal ýüzüni garaňka tutup geldi. Gapydan giren ýerinde dyzyna çöküp, onuň merhum ene-atasyny ýatlap, ýarym pyşyrdy bilen arap dilinde bir zatlar okady, soňundan türkmençe olaryň jaýynyň jennet bolmagyny diledi. "Bagyşla, işli bolup, wagtynda bendeleriň belli günlerine görnüp bilmedik" diýdi.
Ol hekaýanyň yzyna garaşdy.
"Oba agyr ýagdaýda, gyşda oduny, tomusda suwy ýok, akar ýaplar gömüldi; arçyn azdy, at üstüne at, araba üstüne araba alýar, halkyň halyny bilmeýär. Bir zat edilmese boljak däl..."
Ol çagyrylmadyk myhmanyň ýüzüne soragly seretdi: "Muny näme üçin maňa aýdýaňyz?"
Aksakgal, aşagyndaky gaty palas otyrýerini agyrdan ýaly, biraz oýkanjyrady-da, atylan ok daşdan gaýtmaz etdi:
"Meni ýaşulular iberdi, ’çykyp halka çagyryş-beýleki etse, ile baş bolsa’ diýdiler."
Ol başyny ýaýkady: "Goluňda gudrat bolmasa, adamlara çagyryş etmek manysyz, men beýle manysyz iş etmezmikäm diýýän.’
Aksakgal dowam etdi:
"Gorkma, indi türmä bassalar - halk arkaňda durar, öňküler ýaly öýünde busmaz, sebäbi millet gelen ýerine düşünýär, öňki däl..."
Ol ýylgyrdy:
"Düşünýän bolsalar - aýt, indi maňa, çagalaryma ’haýyn’ diýmesinler, özüm hiç, enem-atamyň ýüregini agyrtdylar, olaryň ruhlaryny ynjytdylar... Özüne, öz çagasyna haýynlyk edenleriň başga birine ’haýyn’ diýmegi gülkünç bolýar."