Baş heýkelçiniň başagyrysy

Baş heýkelçiniň ýene elleri titredi. Ol "görmedik bolaýbilsediler" diýen ätiýaç bilen töweregindäkilere, iş bilen başagaý şägirtlerine göz aýlady. Ýöne şägirtleriniň başy aşak, iş bilen gümradygyny görüp, ynjaldy. Emma bu ynjalma uzaga çekmedi.

"Ýeri, hiç kim görmände näme, öz bileniň ýeterlik dälmi?" diýip, ol içini gepletdi. "Şägirtleriň edepli, gowy maşgalalardan çykan, kyn döwürde edilen ýagşylygyň gadyryny bilýän oglanlardygyny bilýäň-ä, olar seniň gözüňe göni garamaga ejap edýärler-ä... Özüňem bilýäň, gözleri sende, emma seniň gabagyň galandan, olar gözlerini başga ýere sowýarlar, görenlerini bildirerlermi saňa?.."

Ol elindäki keserini işläp duran daşynyň üstünde goýdy-da, patyşalaryň pyýada barýan ýerine gitdi. Bu ýer onuň özüni iň rahat duýýan ýeridi. Ol ilki eline-ýüzüne sowuk suw çaldy. Soň dikanlap ellerine seretdi. Olar häzir titränokdy. Ol barmaklaryny ýeke-ýekeden gymyldadyp gördi... "Ýok-la, ýadawlykdandyr-la... içemok, çekemok..." Ol bu sözleri daşyndan aýdanyny bilip, erbet tisgindi. Ozallar diňe pikirini edýärdi.

***
Bu pikir onuň toýda baş redaktor bilen bir stoluň başynda oturan gününden başlanypdy. Onuň elleri titreýärdi. Ol garşysyndaky keltejik, emma wezipe basgançagynda şeýle ýokaryk çykmagy hem uzak saklanmagy başaran adamyň aç gultunyp oturyşyny synlap oturan bir sagat gowrak wagtynda, edil bir elhenç kino gören ýaly, içinden agyr hopukdy. O pahyr dürtgüç ýa çemçe tutup, nahar iýmekden geçen, suwly bulgury agzyna hem ýetirip bilmeýärdi.

Ol onuň ellerini stoluň aşagynda, jübüsine salyp saklajak bolşuny, emma olaryň stoly-dagam titredip barşyny görüp, "nahar owarram, iýdirerler, tualetde nädýärkä pahyr, entek altmyşam ýaşamadyk" diýip oýlandy. Baş redaktor heýkelçiniň özüni synlaýanyny görüp, dym-gyzyl boldy. Soň ol aýlanyp gelen toý eýesinden ötünç sorady-da, öýüne gaýtdy.

"Antihalk režimde iküç wezipe eýeläp, çagalaryňy altyna çümdürmäň soňy beýle bolupdyr-ow, ýetim çagalar bilen dul hatynlaryň näleti sypdyrýan däldir" diýip, heýkelçiniň gapdalynda oturan goja baş redaktoryň yzyndan baş atyp, ajy ýylgyrdy.

Heýkelçi toýdan gaýdyşyn bu sözleriň özüne kakdyrylyp aýdylan bolmagynyň hem mümkindigi barada pikir etdi. Biraz öň, aýagyndan dert tapyp, bir aýagyny kesdirmeli bolan baş şahyr hakynda-da şeýle gürrüňler ýaýrapdy. Hatda kärdeşleri hem, "Elim-aýagym gurasyn" diýip, iliň adyndan kasam ýazsaň, allajan hasap soraýjak eken-ow" diýip, hyşy-wyşy edýärdiler. "Olar okuwly adamlar-a, süýji keseliniň kasam ýazany ýa ýazmany seljerip durmaýandygyny gowy bilýärler-ä" diýip, nägile pikirlendi.

Soň ol baş redaktoryň agyr neşekeşlik sebäpli işden aýrylandygyny eşitdi. "Nälet tutupdyr diýilýäni ýalan, geroin ony tutan..." Ol bu sözleri gaýtalap, birsellem özüni ynjaltdy, emma uzak ynjalyp gezip bilmedi, ýygy-ýygydan ellerine çiňerilmäni, olarda titreme alamatynyň baryny-ýogyny görjek bolmany çykardy.

***
Ol her gün irden turup, owadan çyralaryň ýagtysyna ýüz dürli öwşün atýan 'ilde ýok tualetine' girende, näme üçindir, paýtagtdan ýüzlerçe km uzaklykda ýerleşýän garyp obasyny, ömürboýy gara garnyna işläp geçen pukara obadaşlaryny, olaryň mellegiň aýagujynda guran bolgusyzja tualetlerini ýatlardy.

Ýok, ol bu ikaradaky uly tapawut üçin, özüniň şeýle owadan we gymmatbaha tualetde, müşki-anbar içinde 'iş bitirip', obadaşlarynyň henizem şol siňek waggyldysynda galmagyna özüni günäkär duýmaýardy. Sebäbi obadaşlaryny ýatlan wagty öz gören hupbatlary, gowaça meýdanynda döken derleri, soň student döwründe garyplykdan gören görgüleri, kä gijeler aç uklap bilmän, suw içip, garnyny çig suwdan dolduryp ýatyşy göz öňüne gelýärdi.

Ol obadan okuwa diýip çykanda hiç wagt obadaşlaryny bu agyr, gyradeň we gyzyksyz durmuşdan dyndarmagyň pikirini etmändi, öz pikirini edipdi. Has dogrusy, ol hiç wagt ýerden aýagyny üzmändi, realist bolupdy we şol realistlik hem oňa bu kyn ýoly şu wagta çenli ýalňyşman ýöremäge, ýagny aşakdan ýokaryk galmaga hem birden kelemenläp yzyna gaýtmazlyga kömek etdi.

Hawa, käbirleri, elbetde, kärdeşleriniň arasynda, ony 'senedine ikilik etmekde', 'diňe özüni bilmekde' hem aýyplaýarmyş! Ol bu aýyplamalara aýyplama bilen jogap bermedi, asla wagt hem ýitirmedi, siňirlenmedi hem, diňe işi bilen jogap berdi. Meger, şu-da onuň esasy ýeňşi boldy. Ol ýene bir zady, öz ýeňşine rasional baha bermegi hem öwrendi, kimdir birleriniň howaýy ýa 'täsirli' bahasyna garaşmady we eden işiniň bahasyny hemişe diňe nagt pul, zat bilen bilen aljak boldy, nesýe iş etmedi, nesýe baýlyga aldanmady.

Ine, indi ol, aýaly aýtmyşlaýyn, 'ilde ýok tualetli adam', depseň-deprenmez baýlygyň eýesi, hatda irden baryp hajatyny bitirýän ýeri hem köp adamyň ýaşaýan jaýyndan kän esse gowy. Munuň baş sebäbi ýurtda onuň öňüne geçip biljek heýkelçi ýok, bu bir. Ikinjiden ol öz harydynyň potensial alyjysyny kän öňünden kesgitlemegi we soň şol harydy ýokary bahadan satmagy başarýar. Ýok, käbir görip kärdeşleriniň aýdyşy ýaly, ol diňe 'dellalyk' etmeýär, eser döredýär we ol eseri gerek ýerinde, gerek wagty, göterjek bahasyndan satýar. Bu ýerde giden bir tejribeler toplumy işleýär we, aýdymda aýdylyşy ýaly, muny 'başarmaga kişi gerekdir'.

Netijede ol ýurduň iň baý adamy, iň baý alyjy üçin işlemeýär, tersine, şol baý adam onuň üçin işleýär, ýagny onuň öndüren önümini satyn alyp bilmek üçin kelle döwýär, töweregindäkileri, tutuş ýurdy, halky şol derejä taýýarlaýar. Elbetde, bu haryt öndürýäniň, satyjynyň, bazara mal getireniň däl, alyjynyň problemasy.

Hawa, kärdeşleri göriplikden her zat diýip biler, 'aý, ol birinji adamyň dosty, pylan-pismidan'. Emma olar bu durmuşda, onda-da kapitalizmde dostluk diýen zadyň ýokdugyny bilmeli ahyryn. Ikinjiden, ol ýurduň birinji adamynyň asla dosty däl, ol diňe ony, 'doňzy batgada bas' diýenlerini edip, öz oýnunda utýar. Ýok, ol munuň üçin şol birinji adamyň ýanyna golaýlajak, oňa ýakyn durjak, onuň üstüne adam iberjek hem bolmaýar, tersine, onuň töweregindäki adamlary, şol birinji adamy 'baş rola' çykaran, şol baş roluň 'üstünlikli oýnalmagyndan' bähbit görýän adamlary öz ýanyna geler ýaly edýär.

Ol bu adamlaryň 'ýurt eýesiniň' göwnüni tapmak üçin pul gaýgyrmajaklaryny, asla hiç zatdan gaýtmajaklaryny gowy bilýär. Ýok, ol bu adamlara dogry düşünýär, olara onuň hünäri halkyň ruhuny götermek, ýurdy 'bedew bady bilen ösdürmek' üçin derkar däl, halkyň howuny basmak üçin derkar, şol bir wagtda-da hökümdary özünden hoş edip, barýan ýolundan yzyna gaýtarmazlyk üçin gerek.
Olar biznesmenler, biznesmen bolsa, diňe pul gazanjak ýerini bilmeli, ýalan duýgulara, geldi-geçer pikirlere, içi güjükli gürrüňlere baş galdyrmaly däl. Ol olarda özüni, öz realistligini görýär. Emma käbir kärdeşleri bu hili adamlara 'dellalmy', 'jellapmy' diýip sögýär, gargaýar we goý, gargasynlar...

***

Ol kärdeşleriniň garyp ussahanalarynda edilýän gybatlardan habarlydy. Emma ol soň şol 'biznesmenlere' sögýän adamlaryň hem, pursat dörese, derrew şolar ýaly 'biznesmen' bolýandygyny, olaryň ahlak, ynsap we ynsanperwerlik hakyndaky owadan gürrüňleriniň diňe Partiýanyň ýa-da Diktaturanyň omaçaly saçagynyň başyna baryp bilmän edýän hüňürdileridigini bilmez ýaly bolmady. Diýmek, eger ol öz o diýen işi şowlamadyk, heýkel proýektlerinden paý ýetmedik kärdeşleriniň sözüne ynanyp, sähelçe-de bolsa ikirjiňlense, yza çekilse, olaryň dörän boşlugy haýal etmän doldurjagyny, derrewjik 'biznesmenler' bilen dost-dogan boljagyny hem özüni gazap bilen 'itden çykarjagyny' gowy bilýärdi.

Ol ozal, öňki 'beýik' döwründe-de birinji heýkelçidi, häzirem. Ol ozal öňki 'beýigiň' heýkelini ýasaýardy, indi, beýik güne esli ýyl garaşmaly bolan hem bolsa, bu 'beýigiňkini' hem ýasamaga taýýar bolup durdy. Ýok, ol bu derejä birden, aňsatlyk bilen ýetmedi, eli palçykdan çykman, bir tarapdan gara zähmet, ikinji tarapdan ýokary derejelerde oýnalýan köşk oýunlaryndan inçelik bilen baş çykaryp, küşt oýnan ýaly, her göçümini hasaplap ýetdi...

***
Adama döwran dönjek bolsa, birden däl, ýuwaş-ýuwaşdan dönýän eken (ol soňky ýyllarda birden wezipä ýetip, birden baýap, birdenem dargap giden adamlary kän gördi; mesele birden ýokaryk galmakda däl, ýokaryk galaňsoň uzak saklanmakda; diýmek, ýokaryk basgançak-basgançak galmaly – ol bu pikiri içinden edýär, daşyna çykarmaýar).

Onuň içden edýän pikirleriniň ýene biri demokratiýa, halk häkimiýeti barada edilýän süýji gürrüňler we hakykatda durmuşda işleýän ajy prinsipler hakyndady. Ol adamlaryň entegem halk häkimiýeti hakynda hyýaly gürrüňler edip ýörşüne geň galýardy. Sebäbi adamlar, isleseler-islemeseler, 'ýurt garaşsyzlygyna' çykyp, gyssanmaç ýagdaýda diktaturany berkarar etdiler. Ýogsa, toýda-ýasda gürrüň edilende, adamlar hak sözüň, iki-ýeke hak sözi aýdýanlaryň, adamkärçiligiň, halk köpçüliginiň umumy bähbitleriniň we abadançylygynyň tarapynda ýalydy. Emma işe gezek gelende, hereket etmeli ýa hereket etmesiz bolanda welin, tas hemme kişi diýen ýaly diktaturany, bir adamyň ýa adamlar toparynyň eden-etdiligini goldadylar.

Dogry, olam ilkiler kalbynda diktaturany ýigrenýärdi, hatda öňki 'beýigiň' heýkelini ýasaýan ýyllary bir etmesiz iş hem etdi. Ýagny bilmezlikden, ýa bir zada gahary gelip, ussahananyň howlusynda duran serdar heýkelleriniň biriniň üstüne buşugdy. Ýöne şonda kellesine gelip-geçen pikir beton adamyň kellesine buşukmakdan hem erbetdi: ol howlynyň gyrasynda ýatan täzeräk it pohuny alyp, 'beýigiň'' ýüzüne-gözüne çyrşasam, içim sowaýsa gerek hem diýipdi. Emma ol bu hili peslige gitmedi, hatda şeýle pikiriň serine gelip-geçenine hem utanyp, ýüzi gyzardy.

Soň ol bu eden biedepligi barada kän pikirlendi. Birden 'bite gahar edip', käbirleri ýaly, 'halkyň aladasy' diýen bolup, olam "ýorgan otlan", ýoluny urduran bolsa, şol obadaky ýaly garyplygynda, ýa-da beton jaýdan ýeten hütdüjek kwartirasynda, idili suw çykmaýan tualetinde galan bolsa näderdi?
Ol her gezek özüne şu soragy berende, erbet tisginerdi.

***
Ýok, hiç kim oňa 'çagaňa haram iýdirýäň' diýip bilmez, ol rysgalany azap bilen alýar, kölegede ýatyp almaýar ellerini palçykdan, gipsden çykarman, ýüzi-gözüni tot-tozana basdyryp, uzakly gün, ir ertirden gijagşama çenli durman işleýär.

Ýöne mesele diňe eliňi işletmekde hem däl, megerem kelläňi hem işletmekde bolsa gerek. Ol soňky ýyllar, esasanam heýkelleriň içinden goýulýan direg, kebşirlenen demir simler, ol simleriň bir-birine çatylyp, tutuş göwrä berklik berşi barada pikir edende, bu hakykata barha köp göz ýetirýän ýaly boldy.
Megerem şundan, ol soňabaka iş stilini kän üýtgetdi, sowet döwründäki ýaly, bar işi özi, öz eli bilen etjek bolmasyny goýdy, studentleri ýa şägirtlerini, beýleki adamlary köp ulanmagy, netijeli ulanmagy öwrendi.

Käbirleri, elbetde, kärdeşleri, oňa ýeňsesinden 'gul eýesi' hem diýýärmiş. Emma ol bu hili geplere gulak gabartmaýardy, sebäbi dörediji adamlaryň, sungat ussatlarynyň içinde hemişe göriplik, bahyllyk bolupdyr we hemişe bolar diýip pikir edýärdi; gulagyna ýaramaýan gep-gürrüňleri iş bilen ýeňýärdi, ýüregini bulaýan adamlara gaharyny, ýakynsyrap içden urýan, tarapyny tutan bolup, pes adamlaryň gürrüňini getirýän tanyşlaryndan edýän öýke-kinesini iş bilen basýardy.

Ol käte özüne iş öwreden, gatylyk beren gowaça meýdanlaryna, bilini bekeden ýer işlerine, gämik ýekelemekden, gowaça otamakdan başlap, suw tutmaga, pagta ýygmaga çenli gerdeninden geçiren agyr ýetginjeklik azaplaryna minnetdar hem boljak bolýardy, emma bu duýgular diňe 'ilde ýok' tualetinden çykýança saklanýardy we irden, 'ilde ýok tualetinden' başlanýan iş gününiň dowamynda yzyna gaňrylyp durmaýardy.

Ýöne birden, belki birden hem däldir, onuň durmuş pelsepesinde bir zat üýtgän ýaly boldy, ýa bolmasa, onuň şu wagta çenli ynanan, özüni zor bilen diýen ýaly ynandyran, öz ýanyndan kemsiz praktiki, durmuşy hasaplan ýa hasaplajak bolan prinsiplerine jaýryk düşüp, ol jaýryk kem-kemden ulalmaga, giňemäge başlan ýaly boldy.

Ol bu jaýrygyň bir gün has ulalyp, özüni we 'ilde ýok tualetli' jaýyny, ozal bir 'beýigiň', indi ikinji 'beýigiň' açgözlüginiň we gorkaklygynyň üstünde guran 'ilde ýok köşgüni' hem ýuwutmagynyň mümkindiginden gorkdy. Ol her näçe kellesinden kowjak bolsa-da, bu mümmkinçilik barada pikir etmän bilmedi.

***
Bu gorky-howatyr onda ozalam bolupdy. Ozalky 'beýigiň' saglyk arabasy jygyldap ugranda, ol birazajyk alada edipdi. Şonda käbir kärdeşleri, keseden 'hä, indi näderkäň“ diýip, heşelle hem kakypdyrlar. Oňa bu gepi şobada, gylyny gaçyrman, üstüni ýetirip getiripdiler. Dörediji adamlar, döretmekde gowşak bolsalaram, şu meselede juda operatiw we kemçiliksiz işleýärler diýip, ol olaryň talantyny şonda ýene bir gezek çyndan ykrar edipdi.

Diktatura saçagynyň başyndan orun ýetmedik, has dogrusy, özleri orun alyp bilmedik kärdeşleri ondan nägiledi, ol muny bilýärdi. Olam bir wagtlar şol nägile toparyň içindedi. O mahal olar Partiýanyň giň ýazylan saçagynyň başynda aýbogdaşyny gurup, eýemsiräp oturan, döwletiň etli-ýagly omaçalaryny ilki alýan 'uly kärdeşlerini' bileje, kollektiwleýin ýigrenýärdiler. Emma ellerinden gelýän zat ýokdy. Dogry, awulyja, içi tommaýly, teýeneli gep tapardylar, bir-birlerine duşanlarynda şol gepleri üstlerinden geçirip, geçilerini daga ýaýradardylar, emma ýene şol garyp günlerinde, ussahanalaryndaky gaty nan bilen galardylar.

***

Ol geçmişi ýatlanda, birhili, köşeşen ýaly bolýardy. Sebäbi geçmişde ol garyp bolupdy, indi baýdy. Baýlyk ony geçmişde basmarlan paranoýadan, garyp köpçüligiň biri bolup galmak gorkusyndan ýokaryk çykarýardy. Emma ol soňky aýlar şol garyplyk paranoýasyna gaýtadan dolanýan ýaly bir duýgyny başdan geçirýärdi. Bu ilki bir bolgusyz düýşden başlandy. Hamala, ol şägirtleriniň biriniň gözünde pitne uçgunyny görýärmiş. Ol bir ýuwaş oglandy, emma edil onuň özi ýaly işjanlydy, sungata obadan, gowaça meýdanyndan gelipdi, garypdy, yzynda galan maşgalasy zordan gününi aýlaýardy.
Ol ilki bu pitne uçgunyny ozal saýgarmanyna, bu oglanjygy şägirtleriniň arasyna goşanyna gynandy. Bu onuň etmeli seresapsyzlygy däldi. Uçgundan ot dörese, ol oglanjyk beýlekilere hem ters görelde bolsa, nädip bolar?

***

'Dünýe gury samana döndi indi, haçan haýsy baýryň ot aljagyny biler ýaly bolmady' diýip, bir kärdeşiniň Muammar Kaddafi tagtyndan agdarylanda getiren jaýdar deňeşdirmesi ony köp pikirlendiripdi. Birden onuň heýkel dikýän baýyrlaryna hem uçgun düşse, ol bujagaz gününi tapmajagyny, Kaddafiniň ogullary ýaly, 'beýik' atasy bilen bileje jeza çekmeli boljagyny bilmän duranokdy.

Ýöne soň ol bu pitne uçgunynyň başda bolman, ol oglanyň ussahanada işlän bir ýylynyň dowamynda, dynç alyşsyz, uzaga çekýän we agyr iş günleri netijesinde dörändigini akylyna getirdi. 'Hawa-da, bu synaga döz gelmek aňsat däl-dä' diýip, ol ýene özünden razy boldy. Bir kärdeşi, talantly oglan, 'beýigiň' bolşuna gahar edip, ussahanasynda ysmaz bolup ýykylanda, oňa hiç wagt gahar etmezlik, gazaba erkiňi aldyrmazlyk sapagyny beripdi. Bu sapak oňa bujagaz pitnä gahar etmän, ony sowuk akyl bilen, has kiçijikkä ýatyrmak akylyny salgy berýärdi.

Diýmek ol bu pitnäni wagtynda saýgaranyna, ony ot bolmanka, ýanyndaky 'sary samanlara' - beýleki oglanlara geçmänkä, tutaşmanka ýatyrmak, sallançakda bogmak mümkinçiliginiň bardgyna begendi. Bu işde ol ozalky 'beýikden' görelde almalydy. Ol oňa, gör, näçe pitnäni sallançakda bogmak sapagyny beripdi.

***
'Näme, Medet jan, seniň bir aladaň barmy?' diýip, ol düýşünde gözünde pitne gören şägirdi bilen ikiçäk gürleşdi. Ol ilki hiç zat aýtmady. Emma halypasynyň aňsat ýakasyny goýbermejegini bilensoň, obadaky jigilerini alada edýändigini, kakasynyň we doganlarynyň her ýyl diýen ýaly kärende ýerlerinden bergili ýa şoňa golaý çykýandygyny gürrüň berdi.

Ol oňa pul berdi, almajak bolsa-da berdi. Zor edip diýen ýaly jübüsine gysdyrdy. Onuň beren puly garyp student üçin kän puldy, emma 'beýigiň' heýkelini ýasaýan üçin gara şaýydy. Ol bu usulyň ulularda hem, kiçilerde hem, baýlarda hem, garyplarda we ortahallarda hem gowy işleýändigini bilýärdi.
Onuň realistligi şu ýerdedi, ol adamlara pul bermelidigin, şonda olaryň gowşaýandygny bilýärdi. Emma ol puly diňe süýjüdip, ýeter-ýetmez bermelidigini hem bilýärdi. 'Beýik' şeýdýärdi, bu şonuň beren sapagydy. 'Beýigiň' 'beýikligi' şundady, ol baý ýurduň ilatyny garyp saklap, öz aýagyna ýykmagy we hiç kime baş galdyrtman saklamagy başarýardy. Ol muny görýärdi we 'beýige' düşünýärdi. Sebäbi bu adamlara puly bol berseň, olar ertir has köp islejekdi.

Ýöne ol 'beýigiň' puly boldan berýän ýerleriniň hem köp bolandygyny görüpdi, emma bu matlaply sahylykdy. Eger pul boldan berilýän bolsa, ýa bol pul ýasamaga şert döredilýän bolsa, bu duzakdy. Ol bu duzaga düşen köp adamy gördi. Emma adamlar muňa düşünerden köplenç ýagdaýda kelte pikirlenýärdi. 'Bir goýun uçutdan aşak bökse, beýlekiler hem yzyndan bökýär' diýerdi obadaş çopan, bu adamlaram şol goýunlardan gowy däl... Muny gaty gör, ýumşak gör, öz işiň. Onuň heýkelleri 'beýige' esasan şol goýun sürüsini bir ugra sürüp, darajyk öride, ýarym dok, ýarym aç saklamak üçin gerekdi. Ol onuň 'muny men däl, halk isleýär' diýip, daşardan gelenlere gülüp düşündirişini görüp, dogrusy, gülüpdi.

***

Ol 'pitneçi' oglanjygy çyndan iş edindi. Ony ilki eden işi üçin, beýlekilere göz edip, birnäçe gezek öwdi. Soň ony özi bilen oňa-muňa äkitdi, mümkin bolsa oglanlaryň ýanynda goýmady, öz ýanynda saklady. Bu ony beýleki oglanlardan diňe fiziki manyda daşlaşdyrmady, ruhy manyda hem daşlaşdyrdy. Beýleki oglanlar oňa gözigidijilik, belli bir derejede göriplik bilen seredip başladylar.

Ol 'pitneçi' oglanjyk bilen onuň ozalky dostlarynyň arasynda özi bilen öz garyp kärdeşleriniň arasynda dörän basdaşlygyň, kesekileşmäniň döräp barýanyny görüp, hem begençli, hem gynançly ýylgyrdy. Ol 'bu durmuş' diýdi, 'durmuşda hiç täzelik ýok, diňe forma üýtgeýär, mazmun asla üýtgemeýär ýa-da çala üýtgeýär' diýip, bir ýerde eşiden ýa okan sözlerini ýatlady.

Ol birden-birden düýşde gören pitnesinden howsala düşüp ýörşüne utanjak hem boldy, emma dünýä ýüzünde pitne ruhy gezip ýörkä, dünýäde ýaşap, dünýäden üzňe galyp bolmajagyny, ol pitnäniň bir gün bu ýerlere hem gelip biljegini akylynda aýlaman hem bilmedi.

'Heýkelçi dost, heýkeltaraş, yzyňa bak aralaş; Gör, nireden nirä geldiň, emma ýene ýoluň daş...'
Ol soňky birki ýylda, töwerekde adam ýok wagty öz-özüne ýuwaşjadan aýdýan sözlerini gaýtalady. Şu pendi-nesihaty aýdandan soň, ol birhili ajy ýylgyryp, gaharly bolsa, gahary synyp, öýkeli bolsa, öýkesi geçip, ýene öňküje 'sungat-biznes' ýodasyna girip, aşaklygyna togalanyp gidýärdi, ýokarlaryk ymtylyp, ýerden aýagyny üzüp özüni horlamak niýetinden, kellesine çala gelip-geçenem bolsa, derrew el çekýärdi.

'Bu bir iş wagtydyr, özüň ýitirme' diýip, ol bu ýolda Magtymgulydan hem medet alýardy. Gepiň küle ýeri, onuň işi kändi, beýik sungat baradaky ham-hyýala wagty ýokdy, 'pitne-sitne' diýip, bir oglanjyga munça kän wagt sarp edip biljek däldi. Emma ol ony başyna goýberip hem biljek däldi.

'Pitneçi' şägirt hepde ahyrynda kakasynyň ýaramaýanyny aýdyp, oba gidip-gelmäge rugsat soranda, ol bu amatly pursaty elden giderip bilmejegini bilip, derrew onuň bilen ýola düşdi. Şägirt halypasyny azara goýanyna utandy, şol bir wagtda-da ýurda belli heýkelçi bilen, onuň gymmatbaha daşary ýurt maşynynda obalaryna barsa, goňşularyň, klasdaş oglanlaryň we gyzlaryň özüne nähili gözleriniň gitjegini göz öňüne getirip, içinden begenmek begendi.

Pitneçiniň kakasy dümewlän eken. Dogrusy, ol şägirdiniň sözlerine biraz şübheli garapdy, dynç günlerinde bir ussahanadaky 'gul zähmetinden' sypaýyn diýip, bahana tapýandyr öýdüpdi. Bu gowy täzelikdi, onuň şägirdi, kalbynda az-owlak pitne bolsa-da, ýalançy-kezzap däldi (Ýöne onuň kakasy - ýetmişden geçen ak sakgally, emma heniz berdaşly görünýän ýaşuly 'erbet täzelik' – oglundaky pitneçiligiň ýaşyryn çeşmesi, 'ýurt aladasyny edýän' oba syýasatçysy bolup çykdy).

'Ozallar dümewi aýak üstünde geçirerdim, indi doktor düşekde ýat diýýär' diýip, Medetiň kakasy düşekden turjak boldy. Emma heýkelçi ony egninden basyp diýen ýaly ýerinde oturtdy.

Ol bu hili 'köpbilmiş' adamlary kän görüpdi, toýda-ýasda olaryň edýän jogapkärçiliksiz gürrüňlerini kän eşidipdi. Ýöne geň ýeri, ol adamlar diňe şol eden gürrüňleriniň içinde galýardylar, edilen gürrüňlerden herekete geçmek barada pikir edip bilmeýärdiler. Ol muny syýasy tejribesizlikden hem däl, türkmen owarramçyllgyndan görýärdi.

Olar özleri şol zatlary aýtmaly, ýagny bir zatlara düşünýän, bir zatlary bilýän bolup görünmeli, başga birleri hem durmuşa geçirmeli diýip pikir edýän ýalydylar. Heýkelçiniň bir dosty bir gezek 'bu adamlaryň hemmesi ekspert, teoretik, praktikada welin olar çaý bilen nan tapsalar, kaýyl bolýarlar' diýdi.

'Bu şeýdip gitjek oturjakmyka, halys ýadadyk-la' diýip, hamala ýanyna oppozisiýa lideri gelen ýaly, 'pitneçi' şägirdiň kakasy ussat heýkelçiniň ýüzüne naýynjar seredip, saglyk gürrüňinde uzak eglenmän, derrew syýasy gürrüňe geçdi. 'Şäherde garşysyna çykjak bolýan ýokmy munuň, daşary ýurtlarda gymyldy edýän ýokmy, heý 'dur' diýjek tapylmazmy bulara? Dargatdylar-la ýurdy, derek-tagsyr goýmadylar-la bu milletde...'

Heýkelçi oba adamlarynyň özüne hemişe hormat bilen, ynam bilen ýüzlenmegine geň galýardy. Olar ony, näme üçindir, öz adamlary hasaplaýardylar. 'Olar näme üçin mende biznesmene garanda senetçini kän görýärkäler?' diýip, ol şunuň ýaly duşuşyklardan soň öz-özüne sorag bererdi we ol soraga ýalanjykdan hem jogap tapyp bilmezdi.

Ol hassa gojanyň soragyna jogap bermese-de bermezdi, emma onuň körpe ogly, okatsam, hünär bersem diýip şähere iberen soňky umydy, 'pitneçi' şägirt hem ýanlarynda otyrdy we, durşuna göz bilen gulaga öwrülip, halypasyna öz bermedik soragynyň jogabyna garaşýardy.

'Syýasat baý adamlaryň işi, garybyň onsuzam derdi ýetik' diýip, ol ýüzüni aşak salyp, ýuwaşja aýtdy. 'Bizde baý adam az, olar köpelmez ýaly, baýany basyp, baş galdyrmaz ýaly edip durýarlar. Şoň üçin, agam, saglygyň pikirini et, syýasaty kelleden çykar. Garyp syýasata gelse, häkimiýet üstünde dalaş gurýan baýlaryň elinde oýunjak bolar. Häkimiýet çalşanyň bilen, barybir garyp utmaz, ýene bir açgöz baý utar. Men şägirtlerime iş öwretjek bolýan, özümem iş bilen çykdym garyplykdan; ilki garyplykdan çykmaly, soň oýnuň manysyna düşünmeli. Bular bir oýun...' Ol özüniň birden beýle açyk gürrüň edip başlanyna geň galdy. 'Olar maňa ynanýar diýip, men olara ynanmalymy?' diýdi. 'Ertir ýanyna soramaga gelenlere ähli aýdan zadymy aýtsa, bu meniň peýdammy?'

Goja heýkelçiniň säginenini görüp, onuň ýaş oglanyň ýanynda 'uly' gürrüň edip oturmakdan çekinendigini çak etdi-de, oglundan çaýlary täzelemegi haýyş etdi. Ogly çäýnekleri alyp çykan badyna-da, sesini peseldip, 'Bu golaýda umyt ýokmy onda? Şeýlemikä-de diýýädim-le...' diýdi.

Heýkelçi ýany bilen getiren sumkasyndan esli pul çykaryp, gojanyň ýassygynyň aşagyna dykdy. Ol hassa adamyň bu puly görüp, gözlerine ýaş aýlanyny gördi we edil onuň özüniňki ýaly pessaý ses bilen, ýöne ynamly gürledi: 'Diňe saglygyň pikirini et, bu zatlar uzak wagtyň işi, biz entek millet hökmünde köp ýol geçmeli, syýasatçylyk uly dereje, bizde entek adamlar bir halta un aladasynda. Syýasat diýip öňe çykanlar, bir halta undan kesilse, bir-biriniň arkasyndan pyçak urýar... Sen ol adamlardan üýtgeşiklige garaşma!'

'Onda bizde hiç üýtgeşiklik bolmazmy? Biz şu çukurdan çykman ýa çykjagam bolman galaýarysmy?' Goja başyny galdyryp, mejalsyz göwresini ýassyga ýaplap, biraz dikelip oturdy.

Heýkelçi onuň gözlerindäki umyt uçgunlaryny doly öçürmäge dözmedi: 'Ýok, bizde hem üýtgeşiklik bolar, sebäbi dünýä üýtgeýär, emma bizde ony entekler yza çekerler. Sebäbi adamlar garyp, düşünje pes, bu ýagdaý hem biziň ýolbaşçylarymyza, hem biziň ýurdumyzdaky baýlyklardan peýda görýän daşary ýurtlylara örän amatly...'

Goja ýene yzyna, ýassyga başyny goýdy: 'Hezret mollumam şuny aýdýa-da... Ol Kaddafiniň 'Ýaşyl kitabyny' okap, mydama şony öwerdi. Emma Kaddafi-de dargady gitdi... Ýogsa şol, özi ogurlasa-da, halka-da biraz nebitiň pulundan paý berýän liderdi...'

'Gep halka pul bereniňde ýa bermäniňde däl, herki zadyň wagty gelmeli. Bizde hem wagty gelse, bu düzgün bulaşar. Emma ondan soň näme boljak, bu-da belli däl...' Heýkelçi gapa seredip, töwerekde hiç kimiň ýokdugyny ýene bir gezek anyklap, gürrüňini dowam etdi. 'Men, dogrusy, bu ýurtda boljak gowulyklary ýa rahat durmuşy görmäge biziň ömrümiz ýetmez öýdüp gorkýan. Ondan, kakam pahyryň aýdyşy ýaly, bary bilen bazar eýlemeli.'

Hassa goja sesini ozalkysyndan hem peseldip sorady: 'Biz owarram, oglanlar näder? Ýaşlar kileň okuwsyz, işsiz...'

Heýkelçi şu soragyň beriljegini bilýärdi. 'Medeti özüm ugrukdyraryn, işem bolar, pulam. Onsoň ol doganlaryna hem kömek eder. Ýöne häzir oglanlary goramaly; syýasata salyp, baýlaryň oýnunda ýakmajak bolmaly. Goý, çeke dursunlar, seretsinler, netije çykarsynlar we öz ömürlerini ýaşasynlar.'
Goja pyşyrdady: 'Wah, şony alada edýän-dä, birden ot tutaşsa, hiç kimi sylap goýmaz...'

Heýkelçi sagadyna seretdi-de: 'Men turmakçy, ýöne diňleseň, bir zat aýtjak' diýdi. Goja heýkelçiniň ýüzündäki aýgytlylygy görüp, 'aýt' diýen manyda baş atdy. 'Eger Medeti öýermekçi bolsaň, näçe pul gerek bolsa, baraý! Soňam öý-jaý, iş meselesinde kömek ederin. Basymrak aýagyny duşasaň, syýasatdan daşrak durar, maşgalasy, öýi bilen bolar...'

'Taňryýalkasyn!' Goja gözünden çogan ýaş damjalaryny ýanynda ýatan ak ýaglyk bilen syldy-da, aňyrsyna bakdy.

'Özüňe-de näme derman gerek bolsa aýt, doktorlar bilenem özüm gürleşeýin' diýip, heýkelçi sözüne aram berdi.

'Hudaýa şükür, mende agyr kesel ýok' diýip, goja biraz dikelip oturdy. 'Dogtorlyk işimem ýok, derman-därimem özüm bilýän...' Goja sägindi. 'Emma adamçylyk, ýaş bir çene barypdyr, oglanlary gaýgy edýän-de, sähel dümewlesem-beýleki etsem, ysgyndan gaçaýýan. Birhilek erbet gaýgyçyl bolupdyryn...'
Heýkelçi gojanyň eliniň üstünden elini goýdy: 'Gürleşdik onda, Medetden arkaýyn bol, oňa özüm göz-gulak bolaryn. Soň ol doganlaryna hemaýatçy bolar, akylsyz oglan däl, zehini ýiti, eli gowy işleýär. Bu gowgaly zamanadan sag-aman geçer...'

Goja heýkelçiniň bu sözlerine özem bilmän owadan ýylgyrdy, megerem bu ony puldanam beter begendiren zat boldy.

'Men oglanlara diňe öz işleri bilen bolmagy öwredýän, şonda başyň bela düşmese-de kaýyl bolmaly indi...' Heýkelçi bu sözleri ýerinden turup aýtdy. Hassa ýatan goja hem düşeginden dikelip, bir elini ýere diräp, ör turjak boldy. Heýkelçi onuň egninden basyp, aşak oturtdy. 'Sen düşekden turjak bolma, obada ot-çöp iýen jüýje çorbasy bilen özüňi seýisle. Gowulaşaňsoň, haçan gelseň, gapym açyk, diýen sözümiň yzynda duraryn...'

***

Heýkelçi ýolda jaý salmak üçin, maşyn almak üçin, gelin edinmek üçin, saglygyny bejertdirmek üçin, okuwa girmek üçin ýa başga bir iş üçin näçe obadaşyna, tanyş-bilşine karz pul berenini ýatlajak boldy, emma başarmady. Olar sanardan kändi. Ýöne ol başga bir ýagdaýa, eline pul berlenleriň hemmesiniň ýüzüniň ýagtylyp gidişine, olaryň soňy görünmeýän problemalaryň wagtlaýyn çözgüdini tapanlaryna çaksyz begenişlerine, bu zatlaryň yzy, sebäpleri barada pikir etmeýişlerine welin her gezek geň galardy.
Ol karz pul berip, olaryň gözüniň öňünde sylagly, eli açyk, ýüregi gowy bir adama öwrülýärdi; olar ondan ogly-gyzy, ýakyn garyndaşlary bilen bilelikde baky minnetdar bolýardylar. Sebäbi ol olara kyn günlerinde, gyssagda kömek berýärdi, el uzadýardy. Emma ol şol adamlaryň iki aýagyny bir gonja sokýan diktaturanyň bir diregidi, olar muny görmeýärdiler we görjek, saýgarjak hem bolmaýan ýalydylar.

Ýöne ol Medetiň kakasynyň 'birden ot tutaşsa, hiç kimi sylap goýmaz' diýen sözlerinde welin, ildeşlerinde mundan öň kän duşmadyk görgürligini, burundan biraz aňryk seretjek bolmagy gördi. Bu oňa başga bir çala tanşyny, öňki 'beýigiň' döwründe uly işden aýrylyp, ähli toplan baýlygyny prokuror aýala elinden aldyran öňki resmini ýatlatdy.

Ol onuň bilen daşary ýurt saparlarynyň birinde, hökümet delegasiýasynyň hatarynda bile bolup, birki günde umumy dil tapyp, biraz 'dostlaşypdy'. Ol bu dostlugyň wezipe 'dostlugydygyny', diýmek, diliňe pugta, agzyňa bek bolmalydygyny, bu dostlugyň wagtlaýyn bir zatdygyny, tanyşlykdan aňryk gaty bir geçip bilmeýändigini gowy bilýärdi. Emma bu hili 'dostlar', wezipelerini ýitirensoňlar, ikiçäk galanlarynda, ynanýanrak adamlarynyň ýanynda köplenç ozalkylardan has açyk bolýardylar. Göwnüne bolmasa, olar 'boljak zat boldy, indi seresaplyk edip ýörmek gerek däl' diýip pikir edýän ýalydylar.
'Ýygnanja zatlam gazanyşym ýaly hem gitdi, baryny elimden aldylar, indem özümi ýygnarlaryna garşaýan' diýip, ol dost şonda heýkelçi bilen salam-helikden soň ajy ýylgyryp aýdypdy.

'Gara gün üçin biraz aýryp goýjak bolmadyňmy?' diýip, heýkelçi oňa öňki resmileriň ýakyn dostlarynyň 'bulaşan' dostlaryna berýän adaty soragyny beripdi.

'Başgalaryň başyna gelýärkä, özümize gelmejek ýalydy' diýip, öňki resmi başyny ýaýkapdy. 'Aýryp goýjak boldum, emma kän ýetişdirmediler. Oglumy çykardym daşaryk, emma özümi sypdyrmazlar öýdýän...'

'Öňräginden duýan bolsaň, ogluň ýanyna çykardyň...'

'Wah, duýdum-la, emma aýalymy yryp bilmedim, 'ýene biraz gaýrat et, gorkak bolma' diýdi oturdy-da...'
Bu ýatlama ony ýene pitneçi şägirdine dolap getirdi. 'Öýlense, aýaly 'pylanylaryň telewizory ýaly uly telewizor' 'sazyny' çalyp başlansoň, pitne-sitnä eli degmese gerek...'

***
Ozalky 'beýik' dünýädäki ähli açgözlüge we jenaýatçylyga aýallar günäkär diýerdi. Bir kärdeşi bolsa, 'hatda Magtymguly, Kemine ýaly beýiklerem aýaldan oňmandyr, ýanyp geçipdirler, bizde ilki çözmeli mesele aýal meselesi' diýerdi.

Onuň pikiriçe, aýaly erbet edýän zat sypaty, saçynyň uzynlygy ýa gysgalygy däldi, akylynyň kemligidi, bisowatlygydy. 'Ol şol bisowatlygy bilen seniň ähli azabyňy biderek edýär, çagalaryňy sandan çykarýar' diýip, kärdeşi jibrinerdi.

Dogrusy, ol kärdeşiniň aýdýanlarynyň jany ýok hem däldi. Dogrudanam, erkek uzakly gün eklenç aladasynda bolup, köplenç çagasyndan uzakda, oňa kän eli ýetmän ýaşamaly bolýardy. Eger dostlary içegen, keýphalar, sport janköýeri, küştçi-beýleki bolsa-ha hasam beter. 'Eger biziňki ýaly konserwatiw jemgyýetde aýal akylly bolsa, erkegiň işi ýarpy ýeňleýär, ol gazanylan puly ýerlikli ulanýar, çagalara edep-terbiýe berýär, emma samsyk bolsa, bagtyň ýatdygy' diýip, ol aýdardy.

Şeýle-de ol 'akylly aýaldan samsyk aýal, arassaçyl aýaldan harsal aýal, ýerlikli aýaldan sowajan aýal, pespäl aýaldan göterim, görümsiz ýa dili we nebsi bir gulaç aýal köp' diýerdi. 'Äri är edýänem aýaldyr, gara ýer edýänem' diýip, ol öz sözüni nakyl bilenem berkiderdi. Haçanda hudožnikleriň biri aýalyň hakyky aýal bolmagy üçin erkegiň hakyky erkek bolmalydygyny ýatlatsa, ol öýkelärdi, 'sen aýalyňdan gaty gorkýaň, ýüregiňdäkini aýdaňok' diýerdi.

Onuň ynanjyna görä, erkek haýsy milletden bolsa bolsun, haýsy derejä ýetse ýetsin, onuň aýalyndan gorkmazlygy mümkin däldi, ýöne ol aýaldan gaty gorkup, Magtymgulynyň goşgusyndaky 'ýüke werziş boz eşek' bolmajak bolmalydygyny, munuň üçin her gün göreşmelidigini hetjiklärdi...

Ol özüniň indi näçinji aýala 'boz eşek' bolmaly bolanyny ýatlap, ýüzünden siňek kowan ýaly, aýal pikirini kellesinden kowmak üçin elini galdyrjak boldy, emma olar diýenini etmedi. Onuň ýene elleri titreýärdi.

Awgust, 2014, ýanwar, 2015.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024