Surat

Uzaga çeken ölüm

Ol uzak öldi. Ilkiler beýleki şahyrlaryň kompartiýa, watan hakynda ýazan goşgulary gazetde çap edilende, olara saz ýazylanda, soň olar aýdym bolup günortan ýa agşamara, pagtaçylar üçin taýýarlanylýan konsert programmasynda radioda eşitdirilende, ýyl aýagynda kitap bolup çykanda, ol az-azdan ölerdi. Emma soň öz goşgusy çykanda, pariýa bilen halkyň jana-jan birligi barasyndaky setirleri aýdym bolup ýaňlananda, göwnüne bolmasa, ol azajyk dikelerdi.

Soň ýurt garaşsyz boldy, kompartiýa dargady, oňa derek dempartiýa döredildi. Emma indi esasy güýç-kuwwat partiýada däldi, prezidentdedi. Onsoň kärdeşleri prezident hakynda oda ýazmaga başladylar. Ol ýene-de gijä galdy we her gezek beýlekileriň odasy çap bolanda, az-azdan öldi. Ýöne ol ýene-de derrew tijendi. Has anygy, hudaý beren talanty ony ýene ýeke, gumly ýolda paýu-pyýada goýmady. Onsoň onuň jan edip ýazan goşgulary prezidentiň gözüne ildi we ol indi hökümet tarapyndan kompartiýa döwründäkiden hem beter sylanýan, hormatlanylýan şahyrlaryň biri boldy. Ony prezidentiň geçirýän ýygnaklaryna çagyryp başladylar, at-dereje, orden-medal paýlananda adyny sanawa goşmagy unutmadylar.

Ýöne ol barybir ölmegini dowam etdirdi, sebäbi prezidentiň göwnüni awlamak, has köp at-dereje, baýrak almak, birinji bolmak ugrundaky ýaryş uludy. Hususan-da ol ýazyjylaryň şäher ortasynda, sowet döwri gurlan kottežler toplumynda goňşurak ýaşaýan şahyr goňşusyndan yza galýanyna gynanýardy...

Ol uzak öldi. Eger halk ýazyjysy, Magtymguly baýragynyň eýesi, prezidentiň gowy görýän ýazyjylarynyň biri bolmadyk bolsa, beýle horlanmaly, ejir çekmeli hem däldi.

Ýok, ol garrylykdan ölmedi, ýaňy altmyşdan aşypdy. Kän içerdi, pahyr. Bu ýaşlykdan başlanypdy we soňky gezek hassahana düşmeziniň öň ýaýnyna çenli dowam etdi.

"Içýäň" diýip, öýünde aýaly, indi uly adam bolan çagalary kän ýüzüni alardy, emma ol içgisisni hiç goýup bilmedi. Ýogsa, aýat-töwir öwrenip, başga molla ýok ýerinde, tanyş-bilişleriň ýas üýşmeleňlerinde Gurhandan uzyn-uzyn süreleri, goşgy okan ýaly, labyzly okamagy hem öwrendi. Emma bende, şo ýas üýşmeleňlerinden soňam, göni öýüne gaýtman, bir ýer tapyp, ülpetleriniň biri-ýarymy bilen gowja içerdi...

Onuň içmek derdi ýaşlykdan başlandy. O döwürde ýazyjylar köp içmeli ýaly bir ynanç bardy. Onsoň, ýaňy ilkinji goşgulary çykyp başlanda, ol içmegi tas gündelik pişesine öwürdi. Diňe ol däl, beýleki ýazyjy-şahyrlar hem, žurnalistler hem, hudožnikler, atristler, kinoçylar, kimi görseň içjekdi, ýeňil aýal tapsa - gezjekdi, keýp çekjekdi we soň içen aragyny, guçan aýallaryny ýatlap, gabady gelse öwünjekdi.

Ol uruşdan soňky ýyllarda, horlugyň we açlygyň bir ujuny gören nesliň wekilidi. Soň, Stalin paş edilip, maýylganlyk döwrüniň ýazyjysy, şahyry bolmak mümkinçiligi döredi. Megerem şol wagtdy, olar deň-duş ýazyjylary bolup, piwe içenlerinde ýa arakdan doýanlarynda, irki ýyllaryň halk şahyrlaryny, hususan-da olaryň biriniň özünden soň orden alan halk şahyryna "Senem bolduň biz deý ordenli şahyr" diýen ýaly goşgy setirini ýatlap gülmegi gowy görerdiler. Iň gülünýän gürrüňem ýaraman ýatanda, yzyndan soramaga baran şura başlygyndan Staline habar ýetirmegi haýyş eden halk şahyrynyň ynanjy, dünüjesi hakyndaky degişme-hakykatdy.

O halk şahyry baý-kulaklary, molla-işanlary, basmaçy diýilýänleri, köne han-begleri tankytlap, partiýanyň öňünde uly hyzmat bitiripdir we başy ölüm ýassygyna ýetende, ’işi kändir, Stalin-ä soramaga geleip bilmez, emma bolmanda Woroşilowy iberer’ diýip, inçejik umyt edipdir. Emma oba arçynyndan, şura başlygyndan her näçe sorasa-da, olar merkeze telegramma iberseler-de, ne Stalinden, ne Woroşilowdan habar bolupdyr. Tersine, halk şahyrynyň ozal tankytlan, "Tokmakda" wejera eden baýlarynyň, molla-işanlarynyň ogullary gelip, ’şahyr aga, basym ýagşy bolarsyň, ýene toýlarda goşgy okarsyň’ diýip, oňa göwünlik bilen bile edýänje zadyny, biraz tirýek, göknar berip, ruhy goldaw etmäge çalşypdyr.

O şahyryň "Alan ýurduň gutly bolsun, bolşewik" diýen goşgusy mekdep programmasyna girizlipdi. Emma ol ölmezinden öň, "Stalin serdardan habar bolmady, Köp garaşdym, Woroşilow-da gelmedi, Indi bildim bolşewigiň kimdigin" diýip, soňky goşgusyny diktowka edip ýazdyryp, bukja saldyryp, "Türkmenistan" gazetine iberdenden soň gözlerini bakyýa ýumupdyr. Ýöne bu goşgy hiç wagt çap edilmändir.

Men diýen wagty Nikita Hruşewiň getiren syýasy maýylganlygyna gabat gelen şahyr-ýazyjylar bu halk şahyryny we onuň soňky "Bolşewik" goşgusyny ýatlap, köp gülerdiler. Emma ’gülme goňşyňa’ diýleni boldy. Olar SSSR dargap, ýurt garaşsyz bolanda täzeden şol öňki halk şahyrlarynyň, partiýa ýaranjak bolup, obadaşlaryny satan adamlaryň ykbalyny gaýtaladylar, il hasratyna göz ýumup, bolşewigiň ýerine täze türkmen serdaryny wasp etmekde ýaryşdylar. Sebäbi olara ’halk ýazyjysy’ diýen at, Magtymguly baýragy, Şahyrlar alleýasynda heýkelleriniň dikilmegi gerekdi...

Ol uzak öldi. Eger prezidentiň gowy görýän ýazyjylarynyň biri bolmadyk bolsa, beýle ejir çekmeli hem däldi. Hassahana düşende, ýazyjylaryň biri lukmanlara onuň prezidentiň gowy görýän şahyrlarynyň biridigini duýdurdy, bu näsaga gowy seretmelidigini aňladýardy. Lukmanlar oňa gowy seretdiler. Emma onuň işi lukmanlykdan bireýýäm geçipdi...

Ol hassahanada özüne gelmän kän ýatdy. Ahyry bir gün, ýaşrak kärdeşleriniň biri soramaga gelende, baş lukman hakykaty aýtman durup bilmedi: "Biziň elimizden gelýän zat ýok, beýdip bu ýerde ýatanyndan peýda bolmaz. Türkmençilikde ’öýüňde ölmek, törüňde süýnmek’ diýip bir zat bar, emma garyndaş-hossaryndan gelýän, görünýän ýok. Siz maşgalasyna aýdyp bilmezmisiňiz..."

Ýaşrak kärdeş hassahanadan çykyp, halk ýazyjysynyň öýüne gitdi. Ol ilki gaharlydy, emma ýazyjynyň öýüne ýetýänçä biraz köşeşdi, şonda-da nägileleigini syzdyrman bilmedi: "Gelneje, lukmanlar geň görüpdir, ’yzyndan gelýän ýok’ diýýärler, arasynda bir aýlanaýmaly ekeniňz-dä" diýip, salam-helikden soň halk ýazyjysynyň aýalyna ýüzlendi.

"Waý-eý, bardyň-barmadyň, tapawudy näme? Ol indi hiç kimi tananog-a" diýip, hassanyň aýaly parhsyz gürledi. Soň ol baş lukmanyň hassany öýüne ýygnamak teklibine hem el-aýak garşy çykdy: "Göreňokmy, biz jaýy remont edýäris, şuny gutarman, öýe getirip bilmeris... Prezident ýerine görünmäge gelip, kirli jaýda ýaşaýanymyzy görse, aýyp bolar ahyryn..."

Ýaş ýazyjy bu gürrüňe näme diýjegini bilmän, çala-çulak hoşlaşyp, çykyp gaýtdy. Ýöne öýüne barmazdan öň ölýän halk ýazyjysynyň regiondaş ýazyjylarynyň biriniňkä sowlup, ýagdaýy düşündirdi. Olaryň üçüsem bir sebitden çykan adamlardy. Sebitdeşi oňa ölýän ýazyjynyň aýalynyň üstüne bile töwella gitmegi, 40 ýyl bile ýaşan adamsyna öýünde ölmäge rugsat bermegini soramagy teklip etdi. "Ýok, ol aýalda töwella aljak adamyň ýüzi-de, ýüregi-de ýok, men indi o gapydan baryp bilmesem gerek" diýip, ýaş ýazyjy ýagdaýyny aýtdy. Emma ol biraz soň, sebitdeş ýazyjylary üýşüp baryp, ölýän ýazyjynyň aýalyny yranlaryndan we jaýyň remonty gyssanmaç tamamlandan soň, köne kärdeşi hasshanadan getirilende öňünde bolmak üçin, onuň işigine ýene bir gezek bardy.

Hassahanada uzak wagtlap ölüp bilmän ýatan ýazyjy öýüne gelip, dulunda süýnenden laýyk ýigrimi minut soň jan berdi. Emma aýaly, çagalary hernäçe garaşsa-da, prezident onuň ýerine görünmedi. Merhumyň ýakynlaryna raýdaşlyk üçin, metbugatda iki setir gynanç hem berilmedi. Sebäbi dempartiýa munuň ýaly şum habarlar bilen milletiň keýpini bozmaga garşydy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024