Alty sözli hekaýalar

***
Köpçülik bilelikde özüne garşy durup, ýeňdi.  
 ***
Ýakasyny tanadan "maňa eýerenoklar" diýip zeýrendi.
***
"Kärdeşlerini satýardy" diýip, ýogalan agasyny satdy.
***
Gorany goraman gülenler kanuny goragçysyz galdy.
***
Bu Gündogar. Özüň näderdiň? Özüňkini ösdürmezmidiň?
***
Diktatorlar, populistler, pandemiýa raýdaşlyk nusgasyny görkezdi.
***
Bagtyrýarlyk. Kanunçylar, lukmanlar, mugallymlar jenaýatçy boldy.
***
Berkarar döwlet. Jaýlar ýykyldy. Işler ýapyldy.
***
Mal janlylar mal ýygnady. Döwlet üçin.
***
Garalamaga ýüz adam tapyldy, aklajak tapylmady.

***
Doganlarymyz talamaga gelensoň, biz hammallyga gitdik.
***
Özgeleri aýyplap ýaşady. Ölende özgeler jaýlady.
***
Soranyňy bererler. Azatlykmy, gulçulyk? Özüň saýlarsyň.
***
Ýüzüňe däl, ýeňsänden sögsünler. Bilmäniň gowudyr.

Goja mugallymyň ökünji
Adam aýtdy:
"Üç gyzdan soň boldy diýip, oglumy lälik sakladym. Gyzlarym okady, wagtynda hünär edindi, soň olaryň çagalary hem okap, öz halaýan hünärlerini edindiler. Emma oglum ösdürip goýaňda, üçlük baha alsa, zor boldugydy. Onda-da uniwersitete salyp, ýedi ýylda zordan gutartdym. Öňki okuwçym bilen guda boldum. Ol kolhozyň ammarynda işleýärdi, ýumşum düşse, ýogy ýokdy. Ýöne ýadymda, okanda gowy okamandy. Onuň gyzyny hem okadypdym. Olam beýle ýiti däldi. Emma kakasy ammarçy bolansoň, tanyş tapyp, gaýybana okadyp, gyzyny diplomly etdi. Indi oglumam, gelnimem mekdepde işleýär. Menden geçendir-dä, olaram öz çagalarynyň öý işlerini barlamandyr. Çagalary mekdebi gutaryp, öz güýjüne okap bilmedi. Dogry, diplom aldylar. ne okady, ne hünär aldy. Has anygy, bir agbitiren işleri bolmady. Öňki tanyşlar ýokdy, okuwa hem ýerleşdirip bilmedik. Ýöne biri-ýarymy mekdebi gutaransoňlarEmma agtyklarymyň içinde kitap okaýany ýok. ikilikçi boldy.

Köpçülik bilelikde özüne garşy durup, ýeňdi.  
 ***
Ýakasyny tanadan "maňa eýerenoklar" diýip zeýrendi.
***
"Kärdeşlerini satýardy" diýip, ýogalan agasyny satdy.
***
Gorany goraman gülenler kanuny goragçysyz galdy.
***
Bu Gündogar. Özüň näderdiň? Özüňkini ösdürmezmidiň?
***
Diktatorlar, populistler, pandemiýa raýdaşlyk nusgasyny görkezdi.
***
Bagtyrýarlyk. Kanunçylar, lukmanlar, mugallymlar jenaýatçy boldy.
***
Berkarar döwlet. Jaýlar ýykyldy. Işler ýapyldy.
***
Mal janlylar mal ýygnady. Döwlet üçin.
***
Garalamaga ýüz adam tapyldy, aklajak tapylmady.
***
Doganlarymyz talamaga gelensoň, biz hammallyga gitdik.
***
Özgeleri aýyplap ýaşady. Ölende özgeler jaýlady.
***
Soranyňy bererler. Azatlykmy, gulçulyk? Özüň saýlarsyň.
***
Ýüzüňe däl, ýeňsänden sögsünler. Bilmäniň gowudyr.

 

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024