"Admin bolasym gelýä"

"Ýegen ujy ýagy, ýagam bolsa gowy." Türkmen nakyly

Ýa hudaýdan, ýa bendesinden, düşünmesi we belli bir zat diýmesi kyn, emma uzak ýyllap ýapyk duran ýurt derwezesi birden az wagtlyk açyldy-da, döwlet metbugatynda "dönük", "haramazda" diýlip näletlenen dissidentiň çagalaryna ölmän galan atalary, mamalary bilen görüşmek mümkinçiligi döredi. "Geçä jan gaýgy, gassaba - ýag" diýleni. Ýegenleriň biri pursatdan "hyýanatçylykly peýdalanmaga" çalyşdy, ýagny olaryň Germaniýadan "şkolorşipli okuw" tapyp bermegini sorady, emma "dil bilýäňmi?" diýen soragy gaty gördi. Soň ol internetde websaýt ýa blog açyp bermeklerini sorady, ony näme etjek diýseler, "admin bolasym gelýä" diýdi.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024