Alty sözli hekaýalar
"For sale: baby shoes, never worn." Ernest Hemingway
Ynanmaýan adamlaryňa ygrarlylyk özüňe dönüklikden başlanýar.
***
Açgözi doýurjak bolup, agzybirlikde aç öldüler.
***
Mal janlylar mal ýygnady. Talaňçylar üçin.
***
Atasy zorlady, agtygy-da il üstüne mündi.
***
Daşardan pul iberip ýadan ölüp dyndy.
***
Emläk paýlaşyldy. Pol agaçlaryny hem gopardylar.
***
Ol agasyny zäherledi. Ýaşuly bolasy gelýärdi.
***
Tanan gaçdy. Menden gorkýarlar diýip öwündi.
***
Ümsümlikde sesiň eşidilmese, gykylykda dymmaly bolýar.
***
Iýen agyz uýalmady, aç çagalara alkyşlatdy.
***
Öňüne saçak ýazdym. "Mugt düşdümi?" diýdi.
***
Gonamçylyk. "Sizde ogly gum atmaly dälmi?"
***
Ganhor türmeden çykdy. Daşardakylar içerik ýygnandy.
***
Men ýene-de ogrynyň öňünde özümi akladym.
***
Il aglak boldy, ol ölübem gitmedi.
***
Giç. Kölegämi basan maşyn özümem basdy.
***
Namaz tamam boldy, gara pikirler gutarmady.
***
Bir-birege palçyk zyňdylar. Ikisem ýuwunmaly boldy.
***
Esgeri göterdiler. Atgulagy agaç ata daňdylar.
***
Men ölçemän kesdim, soň kän garyşlatdylar.
***
Ynanasym gelýärdi. Ellerimi daňyp, zyndana itekledi.
***
Ygrarsyza ygrarly bol, ýogsa ölersiň diýdiler.
***
Çyn pikirdeş. Ýykyldym - begendi, dikeldim - gynandy.
***
Janly diwar. Daşdan: "Şöhrat!" Içden: "Nälet!"
***
Soň gelen aşa-da, öňküleri iýmäge-de batyr.
***
Başy dik biri galypdy, onam ýygnadylar.
***
Söz azatlygy diýilse, diýeni edilmelidir öýtdi.
***
Prokuror: Ilki baryp, aýyplanýanyň öýüni görýärin.
***
KGB ofiseri: Iberýän ýerimize özümizem gidýäris.
***
Bir wizipäni oňarmadyga ýene üçüsini berdiler.
***
Hemişe belent uçsaň - bagyşlamalzlar, biraz pessaýla.
***
Bitaraplyk: Özüňe gelýänçä başga basgylanýany görmezlik.
***
Birtaraplylyk: Alla berer diýdiler. Alar diýmediler.
***
Hudaýy çagyrdym. "Ýatan ýeriňden gal" diýdi.
***
Ogryny bagyşladym. Öwnüp, ýene wagtymy aldy.
***
Eşitseň - hemme ýeriň horazy deň gygyrar.
***
Ogurlaýarka gowudy, soň ’sistema çüýrük’ boldy.
***
Ýalançy diňe seni däl, çagaňy-da aldar.
***
Ol bolýandan gorkup, gelýäni görüp bilmedi.
***
Adalatsyzlyga gözüni ýumdy. Gözi türmede açyldy.
***
Bendi hudaýy çagyrdy. Prezident jellatlaryny iberdi.
***
Ýüzi alnan çyn ýalanyň arkasyna duwlandy.
***
Ýüz atly bir atlydan sorady: «Ogurladyňmy?»
***
Bosgun çagalary görüp, ot başynda üşedim.
***
Köşk. Hajathana çenli adam mertebesi düşelen.
***
Aja çörek soradym, doklar daş zyňdy.
***
Tanymal ýazyjy. Kitaplary bar, eseri ýok.
***
Aglady, güldi, haýsysy çyn, özi-de bilmedi.
***
Gürlese däl, dymsa däl, gülen boldy.
***
Ol kellesini aýaýar. Goý, başgalar agyrtsyn!
***
Ogram özüne osar, orramsam. Dogry nätmeli?
***
Bilmez arkasy güýçli. Bilen aýagaldygyna gaçdy.
***
Börek dosty. Türmeden boşadym. ’Däli’ diýdi.
***
Milleti çaý-çörege daňyp, ’bagtly’ etdiler.
***
Häkimiýet ýerde ýatyr. Götermäge ner ýok.
***
Gazet aldym. Agam käýindi. "Endik-dä" diýdim.
***
Intelligentler: "Men - hajy!" "Ýok. Sen - geçi!"
***
Howlugan oppozisioner. Öňünden wezipe paýlap satyldy.
***
Ol akylly. Beýlekiler – uçdantutma samsyk, binamys.
***
"Bigünä töhmet atypsyň-a?" "Nädeýin, iş gerekdi-dä..."
***
Atly millioner garyplary eşek ogurlygynda aýyplady.
***
Tiredeşini süýrärdi. Ulalyp, işden kowanda düşünmedi.
***
Oýnalanyny içine salyp, pensiýada içip öldi.
***
Orsçasyna şatdy. Iňlisçeden soň türkmençe öwrenýär.
***
Ýatan turup gygyrdy: "Binamyslar, nämä ýatyrsyňyz?"
***
Azlykdylar. Bir-biriniň arkasyndan urup söweşdiler.
***
Maglumat urşy. Iki tarapa-da gygyrýan gerek.
***
Watançylyk: başgaça pikirlenýäni üýşüp ýok etmeli.
***
Ynanmaýan adamlaryňa ygrarlylyk özüňe dönüklikden başlanýar.
***
Rewolýusiýa. Kiçijik adamlar uly wada berdiler.
***
Ýeňiýoluklar uzak wagt baýlaryň doýaryna garaşdy.
***
Milli gymmatlyk: Kim bolsa-da, baş ogra guwanmaly.
***
Ene öldürilen çagasyna däl, hökümete ynanmaly.
***
Tutulamda türmede tapmady, gutulamda Skandinawiýadan tapdy.
***
Gygyryp, wyždanynyň we başgalaryň sesini basdy.
***
Ilki at-ýaragyny, gaýratyny, soň özüni aldylar.
***
Söz azatlygy: Sözläne sögmeli, atyp galmaly.
***
Köpçülik bilelikde özüne garşy durup, ýeňdi.
***
Ýakasyny tanadan "maňa eýerenoklar" diýip zeýrendi.
***
"Kärdeşlerini satýardy" diýip, ýogalan agasyny satdy.
***
Gorany goraman gülenler kanuny goragçysyz galdy.
***
Bu Gündogar. Özüň näderdiň? Özüňkini ösdürmezmidiň?
***
Diktatorlar, populistler, pandemiýa raýdaşlyk nusgasyny görkezdi.
***
Bagtyrýarlyk. Kanunçylar, lukmanlar, mugallymlar jenaýatçy boldy.
***
Berkarar döwlet. Jaýlar ýykyldy. Işler ýapyldy.