Surat

Kelteden başlanan uzak ýol

Ýüzüne "Pylan aga" ýa "Pylan Planyýewiç" diýip ýüzlenselerem, ýazyjy kärdeşleri oňa ýeňsesinden ýa özi ýok wagtynda gysgaça "Kelte" ýa-da "Keltebaý" diýerdiler. Bu at oňa ömrüniň soňky ýyllarynda, Beýigiň halk baýlygynyň hasabyna döreden ogrularyndan has gowy ýasaýan wagtynda dakyldy.

Beýik soňabaka öz döreden baýlaryny, özüne basdaş ýa howp-hatar hasaplap, ilki daşary ýurtlara ilçilige-beýlekä ugradaryp, başaranyny garalap, her hili ýollar bilen toplan mal-mülküni elinden alyp, käsini türmä basdy, beýlekilerini içerki sürgüne iberdi. Emma ýazyjylar "Keltäni Beýige goýman, ondan ýokardaky aldy, sebäbi alla-da gowusy gerek" diýip gürrüň etdiler.

"Kelte" lakamy, elbetde, onuň boýy bilen bagly, ýöne ýazyjylar indi onuň akylda hem kelte bolandygyny, emma köp bilýändirin öýdüp öteräk geçendigini ýaňzydýarlar. Hususan-da onuň bir gylygy barada köp gürrüň edilýär. Ol öňünden çykan ýazyja, ýaş-garry diýmän, soralsa-soralmasa, akyl bererdi. Ol akyl esasan golsuz arzaçylary aldamak baradady.

"Görgüli, sowet döwründe düşewüntlije ýerlerde işlänsoň, arzaçylardan gaty gorkýardy, bela-beter gelse, diňe şolardan geler öýdýärdi" diýip, oňa yzyndan nebsi agyrýanlar hem bar.

Käbirleri onuň soňky eýelän wezipesinden golsuz arza sebäpli boşadylandygyny hem aýdýar. Munuň çyn bolmagy hem ahmal, sebäbi ol täze wezipä bellenen ýazyjylary gutlamaga baranda, olara köplenç wezipede uzak oturmagyň, bahyllary ýa golsuz arza ýazjaklary azaltmagyň "syrlaryny" öwrederdi. Käbirleri onuň muny "tejribe paýlaşan" bolup, özüne "gowy adam" diýdirmek üçin edendigini aýtsa, beýlekileri muny adaty ýaranjaňlyk, ýagny geljekde ýumuş buýurmak ýa dileg etmek üçin "gapy açyp goýmak" hasaplaýar.

Ýöne ol diňe wezipeli, işi düşjek kärdeşlerine akyl bermezdi, eýsem öz tejribelerini ýaş ýazyjylar bilen hem paýlaşardy. Emma, geň galmaly ýeri, bu tejribe köplenç ýok muşakgatlary tapyp, pidanyň rolunda oýnamakdan yabarat bolardy.

"Hemmesine diýmäýin, bu adamlaryň köpüsine ynanma, ýanyňa gelseler zeýren: ‘Ýaramok. Gijelerine ýatyp bilemok, irkilsem gara basýar, basyrganyp turýan we nirededigimi bilip bilmän gygyrmaga başlaýan, aýalym ýüzüme sowuk suw sepip, zordan özüme getirýär’ diý" diýerdi.

"Şeýtseň, aýagyňdan arza ýazjak bolup galam-kagyzyny taýynlap ýören görip ýazyjylar ‘aý, bul-a gutarypdyr, uzak gitmän, basym özem öljek, muňa wagt ýitirmäýin’ diýer we başga, jany sagat, has uzak gitjek biriniň kastyna çykar" diýip, ol çyny bilen aýdardy.

Ýazyjylaryň käbiri onuň bu nesihatlaryny oýun, degişme hökmünde kabul ederdi. Ýöne onuň nesihatlary diňe saglykdan zeýrenmek, öljek-öljegiň bäri ýanyndakynyň roluna girmek baradaky maslahat bilen hem gutarmazdy. Wezipeli, murtuny palta çapmaýan ýazyjylardan tapawutlylykda, ol garyp ýazyjylara başgarak hile-mekirlikleri öwrederdi.

"Obada bäş-on sany dowarym bardy, birki sany düýe, sygyr edinipdim, goýunlar guzlasa, sygyrlarym gölejik berse, düýämden köşejik alsam, elim giňär, gazet-žurnallara mätäç bolmaryn’ diýýärdim, emma goýunlaryma kesel degipdir, düýäm bilen sygrymy bolsa ogurladylar’ diý, şonda redaksiýalarda işleýänleriň nebsi agyryp, rehimleri gelip, biraz eglişik etjek bolarlar, sosialistik realizmi beýle berk talap edip durmazlar" diýip, ýogalandan soň soraşdyryp görseler, ol azyndan altmyş ýazyja nesihat beripdir.

"Mydama şeýdip ýaşamalydyr” diýip, ol öz sowet pirimlerinden örän razydy.

Elbetde, sowet döwründe bol zat akyl-maslahatdy. Her kim, soralsa-soralmasa, başgalara akyl-maslahat bererdi. Özem bu akyl-maslahatlar diňe akyl berýäniň öz hünärine ýa durmuş tejribesine degişli bolmazdy, ähli ugurlara degişli bolardy. Hemmeler hemme ugurdan ekspertdi. Şol bir wagtda, şol akyl berýän adamlar öz berýän akyl-nesihatlaryny öz durmuşlarynda ulanmazdylar. Mysal üçin, "içme, çekme, humar oýnama" diýip nesihat edýän bolsalar, tapsalar yzyna gaýdýança içerdiler, iýerdiler, çekerdiler we humar oýnardylar...

Ýöne Kelte beýle däldi, ile berýän akylyny özi hem ulanýardy. Üstesine, onuň başgalar bilen paýlaşman, emma ýeserlik bilen ulanan başga tejribeleri hem bardy. Muny ulurak wezipe eýelän ýazyjy gürrüň berdi:

"Örän täsin adamdy, golaýdaky etraplara-beýlekä iş saparyna gitjegiňi bilse, sürüjiň ýanyna geler-de, ‘maşynyňy meniň maşynymyň ýanyna golaýlat’ diýer we bagažyňa dört-bäş çüýşe arak salar. Ýolda sürüjiňe bir dükan görseň sowul, baran ýerimize eli boş barmaly, birki çüýşe alaly’ diýersiň, emma ol ’ýolda gerek bolar’ diýip, Kelte aga berdi, arak bar’ diýer."

Kelte ýazyjynyň diňe başgalara beren akyl-nesihatyny däl, itini ýatlaýanlar hem bar.

"Özündenem kiçijik bir iti bardy, pahyryň. Öýüne barsaň, adam gelýänini görüp, derwezä üýrmegiň deregine, howlynyň töründe aýratyn salnan jaýa, eýesiniň iş otagyna ylgar we onuň äpişgesine bakyp üýrerdi, ‘adam geldi’ diýdigidir-dä" diýip, azyndan iki ýazyjy ýatlýar.

Başga bir ýazyjy bolsa onuň daýaw aýallary gowy görendigini, mydama daýaw aýal bilen ýatmagy höwes edendigini ýatlaýar: "Bir gezek ol özüni çaga göteren ýaly edip gujagyna alyp biljek daýaw şahyr aýalyň ýanyna baryp, ’meniň göwräme seretme, beýlekim ullakandyr’ diýip, hantamaçylygyny bildiripdir. Ol aýal: ’Sen durşuň bilen beýlekiň bolaňda maňa näme, gaýdyp gözüme görünme, gaty heläk ederin’ diýip gorkuzypdyr.

"Aý, ol diýer, bir şahyr baryp ’Sen pylany bilen gezme, ol gowy däl’ diýende, ’saňa näme, seň aýalyňdan boşasa, Beki bilenem gezjek’ diýipdir" diýip, bu fakty başga-da bir ýazyjy gytaklýayn tassyk etdi.

Ýöne ýazyjylar Keltäniň soň has öte geçendigini, diňe adamlary däl, hudaýy hem aldajak bolandygyny aýdýarlar.

"Beýik Amerika gidip, Bil Klinton bilen duşuşjak boldy, emma ol ony kabul etmedi. Beýik ile gülki bolmajak bolup, şol ýerde aýagyny operasiýa etdirende, ’Amerikadan sag-aman gelsin, operasiýa şowly geçirdir’ diýip, ol howlusynda Beýigiň baş saglygyna uly sadaka, hudaýýoly berdi. Şu inisiatiwa-da belanyň başy boldy" diýip, başga bir ýazyjy aýdýar.

Şondan öň mal soýlup, gazan atarylyp, Beýigiň baş saglygyna berilýän sadakalar diňe wezipeli adamlaryň oýnydy. Ýazyjylar bu oýny diňe metbugatda oýnardylar we alan galam haklaryna goýun alyp, öýlerinde, diňe özleri üçin gazan atarardylar.

Kelte wezipeli, Beýige esasan döwlet emläginiň hasabyna ýaranýan resmilerden hem aňry geçdi we onuň derdinden metbugatda ’peýdalanmagyň’ hem beýik nusgasyny görkezdi, yzly-yzyna makala çap etdirdi.

Beýik Amerikadan öwrülip gelip, intelligentsiýa bilen duşuşanda, Keltä ’çuň minnetdarlygyny’ bildirdi.

"Seniň eden işiň barada maňa Amerikadakam habar berdiler, sag bol! Men Amerikadan saňa atyň naly şekilinde ýasalan altyn ýüzük getirdim” diýip, Beýik ol ýüzügi ýazyjynyň barmagyna dakdy.

Emma Kelte bir ýüzüge aldanjak aldawçy däldi: "Men siziň sag-aman öwrülip gelmegiňize garaşdym, Daşogza gidip, Köneürgençde 360-da uly hudaýýoly bermäge taýýarlanýan" diýdi.

Diline bitýär, Beýik Daşogzuň häkimi Motaýewa baş atdy: "Sapargeldi, ýaşula kömek ediň!"

Bu kömegi ýazyjylar biraz çişirýärmi ýa bu hakykatdan hem şeýle, muny anyklamak kyn. Bu barada Keltäniň özi hem hiç kime anyk bir zat aýtmandyr. Ýöne ýazyjylaryň köpüsi şonda her etraba Köneürgenje bir öküzçe, on dowar, tüwi-beýleki eltmegiň tabşyrylandygyny, şeýdip onuň Köneürgençde beren hudaýýolusyndan soň giden mally bolandygyny tassyklaýar.

"Ol mallary sürüp, Ýerbent töweregine getirdiler, Kelte bir gün mal üstünde bolman, çopanly-çolukly baýa öwrüldi. Asyl biziň arzuwymyz sowet döwründe ýere sokan baýlarymyz ýaly mal-mülkli bolmak eken, emma ol baýlar öz baýlygyny çemçeläp ýygnapdy" diýip, ynsaplyrak ýazyjylaryň biri aýtdy.

Baýlygyndan başga, Beýik Keltä "Halk ýazyjysy" diýen derejäni hem berdi, yzyndanam ’Seni Amerika ibereýin, aýlanyp gel, dünýäni gör’ diýdi. Kelte ýany bilen aýalyny hem äkitmek isleýändigini aýtdy. Emma Beýik bu ideýany oňlamady.

"Aýalyňy näme etjek, hopul-sopul köýnekli mollummydyr, nemedir? Yzyňa düşürip, ile göz edip ýörme, oňmaryn öýtseň, oglanlara aýdaryn, ýanyňda boljak birini taparlar, mini ýubkalyja" diýip, Beýik hezil edip güldi.

Kelte Beýigiň wezipesine her neneňsi aşygam bolsa, onuň aýalynyň üstünden gülmegini halamady: "O haýwan meň maşgalamyň üstünden güldi" diýip, birki ýerde gaharly gürrüň etdi.

"Bilmedim, ýa Beýikden ýetdi, ýa gowulary gowy görýäniň özi isledi, ol şol Köneürgnçdäki hudaýýoludan soň uzaga gitmedi, kellesinden çiş döräp, beýläk gitmeli boldy" diýip, kärdeşleriniň biri ony birki günlükde, başga bir ýazyjynyň ýedisinde ýatlady. "Ýöne tüweleme, kärdeşleri onuň kesbi-kärini ýerde goýmadylar, ýoluny dowam etdirýärler" diýip, ol ajy ýylgyrdy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024