Tawus guş uçup gitdi
Bu owaz maňa eşidildi, bu keşp maňa göründi, bu söz maňa diýildi, bu ahwalat meniň başymdan indi...
* * *
...Ir säher, guşlaryň jürküldisine, ýaz şemalynyň assaja şuwwuldysyna diň salyp ýatyryn. Bir ýerlerden (belki-de, içdendir, kalbyň çuňlugyndandyr) şirin owaz dutaryň sesi, “Keçpelegiň” nagrasy eşidilýän ýaly.
Pikir jylawyny başyna orap, aň atyny ala meýdanlara salyp goýberdim. Şähere düşüp, çyr-çytyr bolup ýörkäm, garry atamdan gelen owaz gulagymda ýaňlandy:
“Köşek, süňňüňi saraltma, sen bir boz göwün boz oglansyň, giň jahana zordan sygyp ýörensiň, dar çygra sygmarsyň!..”
- Atam, otuzyn erňegine çykyp, rysgal tapan sähraňa dolandym. Özüm bilen ikiçäk galmak üçin, öz boz dünýäme dolanmak üçin geldim. Orta mal goýmaly bolanda, mal goýan, ömür goýmaly bolanda, ömür goýan atam, ak gumuň eteginde, egniň egri taýakly selpän sähraň çetinde goş ýazdyrdym.
Ak ertiriň ak dumany içre agar çäkmenli, ak sakgal goja göründi.
- “Gelen - döwlet” diýipdirler, geleniň gowy, ogul! Alny açyk ak gum nepesiňi durlar, gaşlaryň ýazylan ýaly bor.
- Şoň üçin geldim...
- Habarym bar... Bir tymsal aýdaýyn, özüň many al. Men bi çölde kän selpedim. "Munda ýedi ýyl gezen ýalkanarmyş" diýerdiler, ýedi ýyl däl, kän gezdim men. Ahyry bir gün, şunuň ýaly ak ertir, boýdan-başa ak geýnen, saç-sakgaly jowur ak, ýüzünden nur dökülip duran hoşzyban goja öňümden çykdy. Salam-helikden soň, süňňüm bir zat syzan ýaly, “Size kim diýerler?” diýdim. Ýylgyrman-yşman: “Perişde bolaryn” diýdi. Men onuň etegine baş goýdum, bir diýenini iki gaýtalatman, hyzmatynda ýüwürdim geziberdim. Suw diýse, şerbet uzatdym diýsemem ulaltma bolmaz. Dahanyndan dür saçdy bende. Haçan gören zadym, men ony gijeler ýatman, dikler oturyp diňledim. Gepiň keltesi, mal-garadan el ýuwup, yzyna düşdüm. Iki tirkeşik bolup, bedýan çölleri sökdük. Saç-sakgala basdyryp, ahyry bir gün umman derýanyň kenarynda aýak çekdik. “Indi näderis?” diýdim. Ol: “Nätmekden hudaý saklasyn, ogul! – diýdi. - Ana, hol ýatan daşy alyp, etegiňe at-da, balagyň gonjuny çyzga. Soňam, ine, şu dogany diliňe sena edin-de, suwuň ýüzi bilen ýöre-de ötäýt”.
Ol maňa okamaly dogany sözme-söz öwretdi, heçjikleý-heçjikleý gaýtalatdy. Diýşi ýaly etdim: kenarda ýatan gara daşy etegime atdym-da, balagymy çyzgap, doga okadym gidiberdim. Ahyry aňyrky kenara ýetdim. Yzyma garasam, perişde henizem o kenarda dur. “Perişde aga, geliň-dä sizem” diýip, elimi bulap gygyrdym. “Wah, men geçip bidemok-da” diýip, butnaman dur. “Meňki ýaly ediň-de geçäýiň ahyryn!” Perişde duran ýerinden başyny ýaýkady: “Wah, hany seňki ýaly ýürek, hany seňki ýaly ynam” diýdi. Özüň many çykar, ogul! Ynanyp ýaşamasaň, ynanyp göreşmeseň, hiç zadyň manysy ýok bolara çemeli...
Agar çäkmenli, ak sakgal goja ak ertiriň ak dumany içre gaýyp boldy.
“Men manydan gaçyp geldim, atam” diýip, çalaja pyşyrdadym welin, gözýetimi tutup duran ak duman serpilip gitdi. Daşlaşyp barýan agar çäkmenliniň ýeňsesini çala görüp galdym. Onsoň, oturdym-da, öz-özüme pent etdim: “Günlere galtaşman, aýlardan aslyşman, göýä bi ýagty jahanda ýok ýaly ýaşaýyn, ýazaýyn, döredeýin... Goý, boýny egri bolsun, ýöne düýe diýip, düýe bilen işim bolmasyn. Goý, zäherli bolsun, ýöne ýylan diýip, ýylan bilen işim bolmasyn. Ýogsa, ýadadym, gaty ýadadym...”
Ak gumdaky ilkinji güni ýerimden galman geçirdim. Ertesi, ömrüň süýt dek säherinde, çürüje çatmanyň agzynda Gün dogan ýaly boldy. Çatmadan çykyp, gözlerime ynanmadym. Ahyry, ertekilerdäki Sumrug guş ýaly, Gün nuruna nur açmyş Tawus guşuň özi dillendi:
- Näme, göwnüň gitdimi?
- Göwnüm gitdi...
- Onda näme dursuň? Adamzat ähli göwni giden zada açgöz topulgyçdyr-la?
- Topulmaga-da güýç-gurbat gerek. Seni görüp, dyzdan kuwwat gaçdy. Görküň kökerip taşlady...
- Bolsa-da, diliň-ä kuwwaty gaçmandyr. Ýeri, ynanan bolaýyn. Beýle bolma, oglan, özüňi ele al. Beýdip, mydama Tawus guş gaşyňy alyp durmaz!
- ...
- Indi näme dursuň, oglan? Men sen diýip, öz aýagym bilen geldim-ä!
- ...
- Al el degmedik perimden, oglan, başyňa täç edin!
- Howlukmaly, Tawus guş! Gel, günde gel, günaşa gel, bir ýerde bardyryn diý, uçup baraýyn. Görküňe guwanyp gezeýin. Adamçylykdyr, birden çäkden çykmaýyn, periňi üzüp, görküňi gaçyrmaýyn.
- Men asman-zeminiň arasynda kän sersepil boldum. Gög-ä ýetip bilmedim, ýerdenem ötüp. Bir boz oglan gözledim, göwni ýazlar dek ýazgyn, tapmadym. Kak suwundan gandym, epgeklerde ýandym, hemmesini oňatlyga sandym.
Ýazlar geçip barýa, oglan! Näçe ýüwürseň-de, soň olaryň yzyndan ýetme ýok!
- Ýazlar ýene ger.
- Wah-h, ger-le, ýöne başgasy ger. Öňki göwün bilen garşylasaň-da, özüň öňki dälsiň, ýazlaram öňki göreniň däldir. Diýmek, seň ýazyň ýüzi aňrykdyr. Bir gözden uçan zada ýüz düşmesi müşgüldir bi jahanda. Göwnümiň küýsegi boz oglan sen, ýyllarboýy agtaryp tapmanym sen! Mydarym sen!..
Bilmedim näme üçin, geljek ýazlaryň ýüzi solan ýaly boldy. “Olary oglan ýaly ýüwrüp görüp, ýuwlan köýnek ýaly çöwrüp serip bilmersiň” diýip, ýaraty hem ýowuz şübhe ertirki güne, ömrüň dowamyna gara kölege saldy.
Tawus guş uçup gitdi.
Ömür beren ak kagyzlaryma çümdüm: ýanyn ýatyp ýazdym, ýüzin ýatyp ýazdym, dik oturyp, dik durup ýazdym. Ak kagyzlar çyr-çyrşak boldy, çatmanyň töweregi mynçgalanyp taşlanan kagyzlardan doldy.
Günler dogup ýaşdy, daňlar atdy, iňrikler garaldy. Gijeler düýş görmän, oýanman ýatdym. Irdenem, agşamlygam ýazdym, ýazdym...
Ir säher Tawus guş geldi.
- Boz meýdanlaryň myhmany boz oglan, men sen diýip geldim. Perlerim päklikden, täjim tämizlikden, al oglan, sünç başyňa!
- Gül gögeren ýerinde owadan.
- Şonda-da ony ýolýarlar...
- Men bir ýolmaýyn.
- Men bolsam, başgalaryň däl, sen tireriňi isledim...
Tawus guşuň aýdan sözlerinden başym sämäp giden ýaly boldy. Köçäni dolduryp akýan mähelläniň ortarasyndan al baýdagymy parladyp, bir ýerlere gidip barýamykam diýdim. Birdenem, köçe-de, mähelle-de garym-gatym boldy...
Görsem, öňümde Gün nuruna nur açmyş Tawus guş dur. Bir ýerlerden görülmedik bir batyrlyk gelen ýaly, baryp, men onuň älemgoşar öwüşginli uzyn boýunlaryny, el eglenmez sagrysyny sypadym...
Tawus guş uçup gitdi.
Ýürek gyýym-gyýym boldy. Gijelikde alysdan gelýän ses ýaly, uzyn ganatlaryň mahmal sesi gulagymda galdy. Gün ýaşyp, iňrik garalanda, şemdanda şem oturdyp, jigerine ot berdim. Inçejik şem gara gijä azm urup, ýyglaplar ýandy. Şem ömrüni ahyrlanda, hamala özüm ýanyp gutaran ýaly, töwerek garaldy, dünýeler daralyp, bir çümmüge geldi. Birhili gysyldym, gowruldym, süňklerime çenli şatyrdaşyp, içden nagra dartýan ýaly boldylar...
Ertesi guşlar hakynda, gök asman, mele toprak, begenç gözýaşy ýaly ýaz ýagyşlary hakynda joşup-joşup ýazdym. Gije bolsa, gözlerim süzülip ugranyndan düşege süýndüm. Çatmanyň agzynda ýaňy murty taban ýetginjek peýda boldy. Özem, birden-ä bir zat-bir zatlar diýýän ýaly, birdenem aýdyma hiňlenýän ýaly.
Elinde bolsa, meniň oglanlykda kän oýnan, ýöne hiç erk edibilmedik gara dutarym bar. Asyl, ol ýat kişi däl, öz oglanlygym. Ýöne, öýkeli ýaly, meniň ýüzüme-de seredenok, aşak bakyp, hiňlenjiräp, şo-ol bir kybap sarnamalara tutup otyr:
- Ak daňlaryň öz gamy,
Aý-aýdyňlaň öz gamy,
Söýdüm ýaz maýsasyny,
Maýsalaryň öz gamy.
Günler garaldy gitdi.
Ýilik saraldy gitdi,
Söýdüm, içe salyplar.
Söýgim ar aldy gigdi.
Gözüm galan gök peller,
Ýüzüm ýelpän ak ýeller,
Ösenmiş, ösjekmişin,
Hemem yzyna gelmez.
Aý dogdy, agyllady,
Gargalar gagyllady,
Perler uçdy ganatdan,
Ömürler jygyllady...
“Bi ne beýle gamgyn, bi ne beýle sus? Bi ne beýle boş iňňildilere tutupdyr? Many ýok...”
Öz-özüm bilen gepleşip, ahyry uklap galypdyryn. Ertesi irden turup, görmedik, ýöne görmek islän düýşlerim hakynda ýazdym. Soňabaka, görsene özüňi aldamagyň gudratyny, şeýle duýşleri görenime özümem ynanyp başladym. Reňkli, iki, üç seriýaly düýşler, durşy bilen gözellige, arzuwçyl ýüregiň nemine ýugrulan düýşler, kim islemez beýle düýşi?
Siňňin heňlere tutan ýagyş diňer ýerde diňmedi. Ahyry gögüň bujagy daňy tutan ýaly boldy. Birdenem lowurdap, garasy solan bulutlaryň aňyrsyndan Gün göründi. Maýa gelniň sagrysy dek ak alaňlar mawy ekrandaky açgöz öpüşleri synlap oturan öpüş görmedik gyzyň ýaňaklary deýin gyrmyzy öwüsdi, kaklar dolup, ýuwa-elmikler boýnundan hünji asdy, zeminiň astyna, kömelekleriň ap-ak köklerine gaýtadan jan girdi. Hatar gurap, alys ýurtlardan uçup gelýän durna kerweni ýüzi açylan asmanda öwrüm etdi-etdi-de, ahyry ak alalaryň goýnunda goş ýazdyrdy. Ol obadan Aýbölek beslenip çykdy, bu obadan Gündogdy sypanyp geldi.
“Aýterek, Günterek, bizden size kim gerek?” diýip gygyrýan ýaşlaryň joşguny ýazlaryň ýaraşygy gülgüne gülleriň baldaklaryny ygşyldadyp-ygşyldadyp gitdi. Onsoň, säginmän-sakynman, “Aýbölek ge-rek” diýdiler. Ýene kim gerekler ýaňlandy, ýene we ýene Aýbölek gerek bolup çykdy. Güller “Aýbölek, Aýbölek” diýip seslendiler, ak alalar “Aýbölek” diýip, şol alyslyklary ýaňlandyryp goýberdiler.
Gündogdy Güne gol bulap, “Ýaş indi eziz Gün, ýaş! Aýyma gowuşsam diýip, ýürek takat tapanok” diýdi, zar-zelil ýalbardy. Göýä, Gündogdyny synaýan ýaly, älemgoşar guşagyny gögüň biline guşan Gün, şol asyl-asyl boldy durdy, wagty bilen ýaşmady. Ýigidem erjel eken: ýer depipler, aglaplar, ýatyplar, togalanyplar ýalbardy, ýalbardy...
Ahyry Günüň Gündogda, zaru-zelil goç ýigide rehimi indi, Gubadagyň gerişlerini gyrmyzy gana boýap, “Ýeri, bolýa-da...” diýýän ýaly, ýuwaşjadan aşak düşdi.
Ýigitdir gyz wysala ýetdi, mahmal gijäniň goýny ot ýaly posalardan hal atdy, besse-besse boldy, diller lorsuldap-lorsuldap agyrdy, beýniler artyk ýel berlen pökgi deý çişdi...
Ýigitdir gyz alkymy hally gijeleri ak daňlardan gysgandy, mähir-muhabbetiň meýini uzyn-uzyn gündizlerden gabandy.
Aýlar dogup, Günler ýaşdy, ýazlar ýanyp, tomus geçdi, güýzler bişip, gyş düşdi. Güni gülýaka, Aýy gulakhalka edinen gelin özüne meňzeşje kiçijik gyzjagazy ak gundaga dolap, Gündogdynyň gujagyna doldy. Ýigitdir gelin bal içre ýüzüp, bagt içre ganat ýaýa-ýaýa uçdy.
Gunça düwen, gül açan baldaklaryň ülpüldisine guwanyp, atalaryň ýörelgesine, eneleriň ýodasyna eýeren ogul-gyzlary ýazlar bolup ýalkasym, guwlar bolup goraglasym geldi...
Ir säher Tawus guş geldi. Hol aňyrda säginip, owadan gözlerini tegeledi durdy, şondan golaý gelmedi. Ony has golaýdan, edil alkymynda oturyp synlasym geldi. Ýene öňki gezekki ýaly serden geçerin öýtdüm-de, ýerimden butnamadym.
Tawus guş bolsa, şol seretdi durdy, seretdi durdy. Onuň bolup durşunda nähilidir bir erk, niçiksidir bir paýhas bar ýaly. Hamala, ozallar golaý gelenine, perlerini sypadanyna, laýykatyny saklap bilmänine ökünip, hiç aňyrsyna çykyp bilmän duran ýaly, nähilidir bir ýowuz armany göreçlerinde garradyp dur, dur...
Ähli çyrşan zatlarymdan, hatda heziller edinip ýazan Aýbölekdir Gündogdyly sahypalarymdan-da göwnüm geçdi.
Iňrik garalyp, töwerek tegelenip ugrady. Ahyram gözýetim jonnujak şemiň öçügsije ýagtysynyň çägine çenli daraldy. Göýä tümlügiň içi bilen tüwdürilip barýarka gabat garşysyndan ýiti çyra ýakylyp-söndürilen keýik ýaly, şemiň ýagtysyna gözi gapyldymy, nämemi, galamym kürtdürdi-de duruberdi.
“Özüň many çykar, ogul” diýip, agar çäkmenli gojanyň sözleri gulagymda ýaňlandy.
“Ýok, men manydan gaçyp geldim, atam” diýip, hötjet pyşyrdadym. Gaýdyp gojadan ses-seda çykmady.
Gözüme çiş kakylan ýaly, dik depämi garap, ýyldyzlary sanap ýatyryn. Ahyry irkilipdirin...
Egnim ap-akja köýnekli, ak mekdebiň ýap-ýagty otagynda joňkaryp otyrmykam diýýän. Gara tagtanyň öňünde iki ýana gezmeläp, dahanyndan dür saçýan perişdä agzymdan gan aldyrjak ýaly aňalypdyryn. Aý-gün edil atylyp barýan otlynyň aýnasyndan synlanýan zatlar ýaly yzlygyna haýdap, eýläme-beýläme garamankam geçip gidýär.
Bir görsem, oba mekdebiniň klasynda däl-de, giň auditoriýada, ýalpyldawuk münberiň aňyrsyndan dür saçýan çal saç perişdä aňalyp otyryn. Ýene-de aý-günler zybyrdaşyp geçýärler. Soň, uly-uly ýygnaklarda münbere çykan perişdeleriň ählisini demimi alman diňleýän...
Birdenem, lowlap, dünýäni gara köýük edip barýan ot-ýalnyň alnynda ýaýdanyp durun. Yzdan, bir ýerlerden ses gelýär: “Söndür, söndür, bahymrak, ýogsa ýanarsyň!” Köýnegimi çykaryp, aldajy ýalny saýgylamaga başlaýaryn. Bir görsem, sagymam, solumam, ýeňsämem, alnymam ot...
Ap-akja köýnegimiň asyl durkundan derek galmady, sal-sal bolup, ýyrtylyp, ýanyp gutardy. “Balagyň bilen söndür” diýip, yzdan ses geldi. Onsoň ody balagym bilen söndürip başladym. Olam ýanyp, ýyrtylyp, sal-sal bolup elimden gaçdy.
“Elleriň, aýaklaryň bilen söndür, gum peşe, durma” diýip, yzdan bir ýerlerden gygyrdylar. Men gum peşäp ugradym. Dyrnaklarym gopdy, ellerim-aýaklarym gan-gabarçak boldy, ýandy, köýdi. Yzdan bolsa, “Haýda, haýallama, dursaň ýanarsyň” diýip, hor bolup gygyrdylar. Halys aljyradymmy, nämemi, soňabaka özümi oduň ustüne oklap ugradym. Yzdan “Haý, berekella, şeýt ahyryn!” diýen sözler eşidildi.
Birden “wäh” diýlen ýaly, yzdan gygyrýan adamlaryň seslerini tanan ýaly boldum. Olar meniň ozaldan gulagymyň ganan seslerine gaty meňzeşdi. Has dogrusy, olar meniň ak mekdepde, ýagty auditoriýalarda, kaşaňdan-kaşaň mejlis zallarynda kän diňlän perişdelerimiň sesidi...
Bilime kuwwat, gollaryma gujur gelen ýaly boldy. Birazajyk gaýrat etsem, hä diýmän kömege gelerler, ýetişerler diýip, öz-özüme göwünlik berdim. Ýöne hiç kömege gelen bolmady.
Delalat isläp gygyrdym, barybir, gelýän ýok. Birdenem, “Wah, hany seňki ýaly ýürek, hany seňki ýaly ynam...” diýip, giň auditoriýada, ýalpyldawuk münberiň aňyrsyndan kyrk ýyllap dür saçan çal saç perişdäniň ahmyrdan doly sesi ýaňlanyp gitdi. Soň onuň bu sözlerini beýlekilerem alyp göterdiler...
Oýanyp, ilki ýadyma düşen zat garry enemiň her wagt-her wagt gaýtalamany gowy görýän sözleri - “Jahan doly perişde, her haýsysy bir işde” boldy. Edil şol wagtam agar çäkmenli gojanyň sesi eşidildi: “Özüň many çykar, ogul!” Men oňa, öňkim ýaly, “Manydan gaçyp geldim, atam” diýip bilmedim...
Murty taban ýetginjek tä daňdana çen süýnüp-sarkdy:
- Ak göwnüm aga garşy,
Tutundym daga garşy,
Ak öýlänler ýanypdyr,
Çaglanyp çoga garşy.
Dag boýny besse-besse,
Bag goýny besse-besse,
Burugsap dur gijagşam,
Gözüm baglapdyr tüsse.
Ýananlar ýandy diýdim.
Gonanlar gondy diýdim,
Göwni gala gözeller -
Bir gülmüş, soldy diýdim...
Ertesi irden, Gün nuruna lowurdap, şol öňki gelýän ýerine gelip, gernip, daranyp, seýkin-seýkin basyp, ýeriň gaýmagyny bozman gezmeläp ýören Tawus guşa nazarym düşdi-de, dünýäm giňän ýaly boldy. Men ýene gözellikden ruh aldym, görkden ganat bagladym.
Ýigit göwnümiň çyragy, juwan ýüregimiň mydary gyzlar, siz bolmasaňyz näderdim? Daşyňyzdan guwanyplar gezdim, görküňizden gözüm doýmady, mähriňizden mährim ganmady...
On dört ýaşda, dag jereni deý terlenen, görkünden Aý uýalmyş gözele göwnüm gitdi. Gyr bedewi öňünde keserdip, “Ýör, men seni öz dünýäme äkideýin, ýazlar bolup ýalkaýyn” diýdim. Janymy alan gözler güldi, dür dişleriň arasyndan nura eýlenip çykan “Çynyňma?” durkum bilen baş atdym, onam az görüp, “Wah, gara çynym-la” diýdim. Göwnüm giden gül beden gülgüne köýnegiň içinde bir towlandy-da, “Çynyňmy?” diýendäkä garanda gussalyrak ýylgyrdy: “Ýaşrak bolýaň-da entek, jigim!..”
Gyr bedewiň jylawyny goýberip, boýnundan gol saldym. Hesretimi ýellere, ýollara saçyp, gubara dolan oglan gözlerimi ulus-illerden, deňimden-duşumdan gizläp, boz meýdanlara tutundym.
Gyzlar, her gün, her sagat mydarym siz! Goý, gülüp geçiň, gözüm yzyňyzda galsyn, ýöne şeýdip, asman-zemin arasyna görk berip gezseňiz bolýar. Yşkyňyzdan däli bolaýyn, diwana bolaýyn, mejnun bolup, çöllere çykaýyn, daglary ýykaýyn, barybir adam bolmak kyn, kyn...
Tawus guşuň ýüzi soldy, roýy sargardy:
- Eý, boz oglan, boz oglan, men sen diýip geldim. Günden näzik göwün, Günden gala ýürek sen diýip geldim. Içiň gemre-gemre, aýt derdiňi, goşalanmasyn!
- Dert haýsy, derman haýsy, biler ýaly bolan däldir, Tawus guş. Dogrudan-dürsi şol, birmahallar adyma laýyk boz oglandym. Günden zyýada, Aýdan arzyly läleleriň yşgyna düşdüm. Bir görsem, göwni gala, goly ýuka, gujagy boş galyp men... Ýagyrnymy şorladyp, alyn derimi saçdym, aýalarym gabardy, gatady, ak işikde ak torum göründi. Ak torumy sürä goşdum, ulus-illeriň sürüsine... Ak torumymy garry erkek çeýnedi. Gidip, çöl-meýdanda, ak torumy armanda goýan garym-agylda gara ýere siňip ýatan läşi gözüm bilen görüp gaýtdym. Alyn derimi saçyp alan halal malymyň maslygyndan uran ys hiç burnumdaň gitmedi. Mal hiç, badym gaçdy...
- Doýma barmy munda, boz oglan! Görüp durun, derdiň däri-dermanlyk däl seň. Onda-da aýt, içde ýatmasyn, gemre baglap, aýt, oglan!
- Yşkymmy ýa ysnatlygym, bilmedim, dilimi damagyma tarap itdi-de, çar ýandan uzadylan gara lybasa boýum bilen çolandym. Gözlerimi ýumup, söze bat berdim: ýazdym, ýanyplar, tütäpler ýazdym. Ýöne ýananym bir zat, ýazanym başga zat boldy. Şeýdip, iki bölündim. Boz oglanyň bozlugy içde galdy, gemre baglap. Ulus-il şeýdýä diýdim, il diýip ugrap, ilden yrak düşdüm...
- Gaty bir beýem diýme, entejik iliň birisiň, oglan!
- Mydama paradda ýaly bezemen, söz sözlemäni söýýän, dabarany söýýän adamlaryň arasyna düşdüm. Onsoň, edil elim boş galyp barýan ýaly, owadan baýdagy garbap aldym. Pese gaýdan suw ýaly akýan mähelläniň içi bilen baýdagymyň pasyrdysyna guwanyp, haýdap barýan. Bir görsem aňalyp, hol yzda galypdyryn. Mähelle ara açyp, gözden ýitip barýar. Ho-ol öňde bolsa, gözüň ýagyny sorup, elwan baýdak pasyrdaýar. Mähelle-de şo diýip çyrpynýan mysaly. Meniňem şol elwan baýdaga ýetesim geldi. Birden gyssandym. Ýöne, şunça ylgasamam, açylan arany ýygryp bilmedim. Golumda görküne guwanan owadan baýdagym, göwnüme bolmasa, pasyrdysy kemelen ýaly... Öňdäki elwan baýdak bolsa, daşlaşdygyça görk açýar, gitdikçe gaty pasyrdaýar. Ne golumdakyny taşlap bildim, ne göwün gidenini alyp... Yza gaýdyp, baýdagy alan ýerimde goýaýyn diýsem, o boljak däl, gatyrak gidip, öňdäkiniň yzyndan ýeteýin diýsem, golum baýdakly, ol eýgertjek däl. Aý, garaz, galdym men ikarada janserek bolup. Görnüşinden, tä parad gutarýança şeýdip, janserek, iki jahan owarrasy bolup gitmeli ýaly...
- Parad gutarýançamy ýa ömür, boz oglan?
- Wah, ömür-le...
- Şeýt, türküle, boz oglan!
- Men saňa haýsy birini aýdaýyn, Tawus guş?
- Haýsam bolsa birini aýt, galanyny özüm aňaryn...
- Atam pahyr oturanda-turanda “Kanagat bersin” diýerdi. Belki-de, kanagatymyň ugry ýokdur. Ak inişden ok bolup inen gyr bedewim çaman göründi, gylyç syryp gelene garşy duran almaz gylyjymy kütek bildim... Golumdaky owadan baýdaga imrinerin öýtdüm, bolmady. Şo-ol öňdäki diýip, atygsap dur ýürek. Bor-a dükandaky uly köwüşleri görüp, bahymrak ulalasy gelýän oglan, şo men. Diňe men bolsam hijem-le, göwnüme, adamzat şeýle ýaly.
- Gaty ýokary galdyň-la, boz oglan?
- Ýeri, pessaýlamyzda üýtgän zat bor öýdýäňmi, Tawus guş? Barybir şo heňdir, ýasaw şeýleräk borly...
- Bozlukdan söz aç, oglan! Juwan göwün bilen bir gözele göz çenän ýalydyň-la sen?
- Hä, omy? Ak kepderi ýaly gyz juwan öňümden çykdy. Göreniňden göwnüň gidýän zatlar bolýar, olary nirede bolsa, ýetip alasyň gelýär. Göreniňden göwnüň gidýän güller bolýar, olary haýdan-haý ýolasyň gelýär. Ýöne meniň ol güli alasymam, ýolasymam gelmedi. Ýürek welin gitdi. Ýykylyp-sürşüp, endam-janyňy sypjyryk-sypjyryk edip, ýüregiň giden ugruna göwre ahyry ýykylýan eken. Menem ahyry boş göwräni ýüregiň yzyndan eltdim. Garşydan öwüsýän gök şemala ýüzümizi tutup, gürleşip gitdik. Ol meniň ýüzüme urmady, gaýta, şemala ykjaýan keltekçäme ümläp, “Ilikleňňi ildirsene, oglan!” diýdi. Jaň etdim, jaň edip dur diýdi, gaýtsam, gelip dur diýdi. Ýöne, erksiz uzan ellerimi yzyna itdi, çabrap ugran duýgularymy, kenara urlup, yzyna gaýdan tolkunlar ýaly, agras nazar bilen yzyna gaýtardy. “Şol öňki boz göwün oglanmy men?” diýip, öz-özümden soradym. “Şol sen, şo boz oglan sen!” diýip, ak kepderi deýin gyz juwana duşuran ykbaldan owaz geldi.
- Göwnüň gurp tapynan bolsa bolýa, boz oglan!
- Şondan bäri, iňrik garalyp ugrasa, hamala diýersiň, göwşüllän gaýyş keltekçämiň syýyny ykjadyp, çigrän agşam şemalyna döş gerip barýan ýaly bolýan. Onsoň, töwerege ýaň salyp, ýaz maýsasy dek ülpüldäp, mydama garşymda gülüp oturan kepder gopuk, gaz boýun gyzyň on iki süňňüme ornan sesi eşidilýär. Sen onuň näme diýýänini bilýäňmi, Tawus guş?
- Bilýän. Ol saňa “Ilikleňňi ildirsene, oglan!” diýýär.
- Tawus guş, men senden bir zat sorajak?!
- Sora, boz oglan, sora.
- Men şu iki sesi, Tawus guşdur kepder topuk gyzyň sesini bir-birinden aýryp bilemok...
Tawus guş uçup gitdi.
Ganat ýaýsa, asmany bar, gonsa - zemini. Göräýmäge, tarhan ol munda. Ýöne bu göräýmäge şeýle. Atam pahyr naçar guş diýerdi oňa. Asyl, owadan guş bolsa, asly naçardyr diýerdi atam. Bu owadan guşlaryň asly gadymlarda dür dişli, Aý gaşly owadan gyz bolanmyş, hiç taý tapylmanmyş oňa. Adalat ady äleme dolup, jemalyny bir görmek üçin ýurt söküp, ýol aşyp ger ekenler. Onsoň, Adalat gyzyň at-owazasy dilden-dile düşüp, gidiberipdir göterilip. Ýeriň ol ujundan bir päliýaman galypdyr, bu ujundan bir päliýaman galypdyr, pälini ýamana dikip. Şeýdip, gül-pürçüge, bag-bossana bürenip oturan Ýer üleşige düşüpdir. Ony bölek-bölek edip bölüşipdirler, çar-para edip paýlaşypdyrlar. Daşlaryna nöker toplapdyrlar, ýygyn-ýygynçak çekipdirler. Agyr-agyr şalyklar döräpdir, şalar çykypdyr orta gylyç syryp. Her kimem gyzylly halka - Adalata el ýetirjek. Şeýdip, Adalat sary çar ýandan ýöriş başlanypdyr.
Adalat gyzyň bolsa, minneti gara güýjünden çekip, çül-çagany ekläp oturan garyp agasy bar, başga hossary ýok diýýä. Soňy görünmeýän agyr ýygyndan hopugan garyp ýigit hyrçyny dişläp: “Gyzyl ýüzli ýigidiň gyz uýasy bolmasyn...” diýipdir-de, ýarag şaýyny tutup, ýow gününiň ýoldaşy bedewine atlanypdyr. Bir ýygyny gaýtarypdyr, iki ýygyny gaýtarypdyr, ýygynlaryň soňy gelmändir.
Ýeke-ýalňyz garyp ýigidiň garşysyna munça ýygyn çekdim diýip, şalaryň hiç biri müýn etmändir, yza dönmändir. “Şalar adyl bolmaz...” diýen söz şondan gaýdanmyş...
Gaty golaý gelip bilmän, ak öýüň daşyny alyp ýatan agyr ýygynyň üstünden ösýän porsy şemala çydamadyk boz ýigit ýene ata çykypdyr. Ýaradar agasynyň yzyndan garap duran Adalatam mundan artyk çydap bilmändir: demir sowut geýip, almaz gylyjy goluna alypdyr-da, nagra dartyp, at başyny duşman sary burupdyr. Gylyç gylyjyň gözünde ot ýakypdyr, başlar synypdyr, agyr ýygyn aljyraňňylyga düşüp, läş bolupdyr. Garyp ýigit at başyny çekip, “...gyz uýasy bolsa-da, gyzyl ýüzi solmasyn” diýip, darygan-da dile getiren sözliriniň yzyny düzedipdir. Şondan gaýdanmyş bu söz...
Bu söze merdi-merdana gyz Adalatam bozulanmyş. Ol agasynyň ýaraly çignine başyny goýup, gözýaşyny sylypdyr-da, şeý diýipdýr:
- Ýalňyz dogan, dyrnagyňa tiken batsa, dözmejek halyma, başyňy gowga saldym. Men sebäpli tyg ýarasyny çekdiň, içden çykmaz söz eşitdiň. Kyn günümde är dek duranyň üçin, daşyma gala bolanyň üçin ömrümboýy adyňy dilime sena edinerin. Ýöne men munda galsam, başyň gowgasy sowulmaz, ýeňsesini ýygynçagyna, kümsük köplüge dirän namart şalar bilen salşyp geçmeli borsuň. Ondan ötri, çül-çagalaň, gül jigilem ýetim galmanka, göterileýin men mundan. Men-ä yrza, senem yrza bol, dogan!
Garyp ýigit agzyny açyp-açmanka, Adalat gyz başy jygaly owadan guşa öwrülipdir-de, ala-pasyrdy bolup, dem salymda asmana göterilipdir. Häli görseň, owadan guşlaryň gözünde birhili gussa bardyr. Adalat gyzyň gussasy guşlaryň gözünde, görki ganat-perinde galanmyş. Şeýdip, Adalat guşa öwrülipdir, ýöne onuň haýsy guşdugyny bilýän ýok. Owadan guşmuş özi...
Atam pahyryň şu gürrüňi ýadyma düşýär-de, owadan guş görsem, gözümi aýryp bilemok. Çagalykdan şeýle. Göýä, Adalat gyzy tanaýjak ýaly. Göwnüme, gyzlar guşa, guşlar gyza gaty meňzeş. Göwnüm gidei gyz – kepder topuk, gaz boýun. Ýöne ol meniň üçin elýetmez şaha, baryna gol ýetirjek bolup towussam, barha ýokary galdy. Bir gulaç müýnüm bar, dilim bagly. Gyndan çykmadyk jöwher gylyç, ula gitmedik bedew mysaly, göwün synyk. Ýöne şonda-da söýgi, guwanç bilen ýaşasym geldi, görüp, guwanyp gezeýin diýdim, daş gitmedim. Şeýtsem, şol öňki päklige, şol öňki bozluga golaýlaýşak ýaly...
Dünýe owazdan doldy. Owaz içre ganat ýaýyp uçdum. Birdenem, durşuna syr, durşuna synag dünýe dym-dyrs boldy. Owazlar kökeniniň haýsy ýoldan uç alyp, haýsy ýolda üzülenini bilmän galdym. Şol ýokardan, ýyldyzlaryň deňinden gaýdym-da, daş ýaly takyra, hiňlenjiräp oturan ýetginjegiň gaşyna gütläp düşdüm.
– Belendi bar, pesi bar,
Toýlaryň öýkesi bar,
Çuňňur guýyň gowasy,
Ak kaklaň suw mesi bar.
Gün dogmuş Güne garşy,
Üm dogmuş üme garşy.
Edähedi heňňamyň -
Dem dogmuş deme garşy.
Ir säher örtän ömür,
Ak bahar örtän ömür,
Ýalňyz günüm ýagysy,
Ýagyma sürtän ömür...
“Beh, bi ne beýle manysyz, boş zatlara tutup otyr? Ýa men hiç zadyň parhyny bilmez bolaýdymmykam? Ýok-la, boş-a bi sarnalyp oturlan zatlar. Aldawçyny aňsat-aňsat aldap bolmaýşy ýaly, özüňem aňsat aldap bolanok. Besdir şumada çen aldandan bolup gezenim. Besdir şo...”
Irkilipdirin.
- Özüň many çykar, ogul... - diýip, ak duman içre agar çäkmenli goja göründi.
- Manydan gaçyp geldim, atam - diýip, çalaja pyşyrdanymam şoldy, älem tüm garaňky boldy. Ilki golaýjakdan eşidilen aýak sesi bolsa, barha daşlaşmak bilen. - Atam, aýak çek, gitme?!.
- Gideýin ogul, egleme meni - diýip, tümüň içinden öýkeli ses eşidildi.
- Geç ýazygymy, atam?!
- Geçip-geçmez ýaly ýazygyň ýok seň...
- Diýsem diýäýýän, agtaranym many, gözlegim pähim meň, atam. Ýöne ol maňa tapdyrmady, dok maňyz diýen şänigim pak çykdy...
- Ir dälmi, ogul?
- Näme ol ir, atam?
- Umytdan düşerden ir dälmi diýýän men?
- Ynsan ömri çiglikden doly. Ýöne bi umytdan düşmäge esas däl. Gulak as, gadymdan gelýän bir gep bar: “Ýere gazyk kakaňda, gumy nirä gidýä?” – diýip, adam şeýtandan soranmyş. Şeýtan bi soraga şeýle jogap berdipr: “Öýe biri gelse, orta nahar alnyp, açyk ýürekden hödür-kerem edilse, myhman utanyp, işdä saklasa, onda gum myhmanyň gözüne gidýä. Emma myhman utanmasa, işdäsiniň baryndan iýse, öý eýesi ýalandan hödür etse, duzuny gysgansa, onda gum öý eýesiniň gözüne gidýä. Eger-de öý eýesi açyk ýürekden hödür etse, myhmanam işdä saklamasa, onda gum şeýtanyn gözüne gidýä.” Şeý diýipdir şeýtan. “Gözi gumdan doldy...” diýen sözem şondan gaýdandyr. Ýöne bi-de umytdan düşmäge esas berenok...
Tumüň içinde biri birden-ä ha-ha-haýlap, birdenem jakgyldap gülmäge, bir zat-bir zatlar diýip gygyrmaga durdy. Agar çäkmenli gojanyň sesi çakyr gülkiniň, goh-gowruň aşagynda galdy.
- Kim bi gülýän? Näm barmyş güler ýaly? Kim bi bolgusyz? - diýip, ahyry durup bilmän gygyrdym.
- Men gülýän, ha-ha... Men - şeýtan! Kim gülsün başga? Waý, içim gyryldy-la. Ha-ha-ha... Hi-hi--hi... Waý, gülmez ýalym-eý, bolşuňyz? Waý, içim, içjagazym gyryldy-leý... Sered-ä, gumdan dold-a garagyňyz! Ömrüňizi gum peşäp geçirýäňiz-ä bir-biriňize. Esas berenokmyş? Ýeri, mundan beter näme etjekdiň diýsene? Ha-hi-Hi...
Şeýtanyň gülküsi galar ýerde galmady, gaýtam gitdigiçe gataldy. Çydaman, gulaklarymy dykdym. Ýöne, barybir, çakyr sesden gutulyp bilmedim. Onsoň, halys bolmajagyny bilip, gel, şunuň özünden ökde çykaýyn-la diýip, aldygyna gygyrmaga başladym!
- Eý, samsyk şeýtan, bes et! Biderek gülýäň sen. Gury arrygyňy gynanyň galar. Beýdip, gumdan dolduryp tükedip bilmersiň sen bi gözleri! Birini doldursaň, onusy jöwherlener, ýüzüsinden ot çykar! Oňsoň, dur durubilseň öňünde! Bek belle şuny! Aýtmady diýme soňky gün... Päheý, menem-ä, şeýtan bilenem sanaşyp durun-aý. Heý, şeýtanyňam bir gepi bormy diý-dä. Başga elinden zat gelmänsoň edýä nadaralygy ol, şuňa-da düşeňokmy sen... Päheý...
Şeýtanyň sesi ýuwaşady-ýuwaşady-da, birden kesildi. Ilki goýy tümlük agaryp ugrady, soň töwerek ýap-ýagty boldy. Lowurdap, gara dagyň aňyrsyndan nur saçyp duran tylla Güne, onuň bäri ýanynda sakgalyny sypalap, ýylgyryp duran agar çäkmenli goja gözüm düşdi. Begenjimden öňküdenem beter gygyrdym:
- Dogry aýdýaň sen, atam! Umytdan düşmäge esas ýok, ýok!..
Öz gohuma özüm sýandym. Oýandym-da, düýşdäki ýeňşimden monça boldum. Ýeňiş! Goý, kiçijik bolsun, ýöne ýeňiş ýeňiş bolýar!..
Ýeňiş buýsanjy göterdi, ruhum galkyndy. Tylla Günüň astynda, ýalpyldap ýatan ak takyrlykda ogul jigisi bolan çaga ýaly togsakladym, ýagyrnym çygjaryp, ýüzüm lap-lap gyzýança, maňlaýymdan burçak-burçak der akýança ylgadym. Şähdim açyldy, göwün ganatlanyp, Kap dagynyň iň belent gerşine durman çykdy. Çöp çatmanyň işiginde mis tüňçäni oda ýaplap, çaý gaýnaýança çörejik dagam gyzdyryndym, döwüm-dişlem alyp, kytyrdysyna guwanyp iýdimem. Onsoň, el ýaly gowurdagy şakäsä atyp, säher çaýçorbasyny başa çekdim-de, galam-kagyzyma ýapyşdym. Birhili, ýazjak zatlarym dilime gelip, öz-özünden kagyza geçip barýan ýaly. Ýazdym, hiç zada başymy galdyrman, tä iňrik garalýança ýazdym. Iňrik garalyp ugradam welin, turup, krossowkamyň bagjyklaryny dartybrak daňdym-da, ýene ýagyrnym çygjarýança, burçak-burçak der gelýänçä ylgadym.
Şeýdip, bassyr ýedi gün işledim: etsem-petsemlerimiň aglabasy bir akabadan akdy, ýazaýsam diýip ýören agyr sülsadymyň taslamasy taýyn boldy. Galyň depderleri gapdalyňa alyp, üzlem-saplam ýazgylaryň başyny çatmaly-da, maşynkanyň başyna geçäýmeli.
Keýp gowy, öz ýanymdan akyljyk satdym: “Owal özüňi ýeň, ýeňiş soň, soň... Rowaçlyklaryň gözbaşy ýeňiş, ýeňişsiz rowaçlyk-da ýok, rowanlyk-da. Rowaç tap, ýollaryň rowan bolsun, adam!”
Näçe gündür jyňkyny çykarman ýatan radiopriýomnigiň gulagyny burdum, bir-birinden eýmenç habarlar ýaňlanyp ugrady: suw joşguny, ýer yranmasy, apy-tupanly ýel - adam heläkçiligi... Eýran-Yrak urşy, Owganystandaky yglan edilmedik... - adam heläkçiligi... Ýurtlar hem araçäkler, syýasat, syýasat, syýasat...
Beýleki kanala geçirdim, biri aldygyna eňterýär: “Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňiş... Biz ýeňiş üçin bar zada döz geldik, açlygam, horlugam çekdik, ýöne ýeňdik, ýeňdik!..”
Ýene-de ýeňiş!.. Ýöne ol indi maňa düýpden başgaça bolup göründi.
“Göwnüm gümanda, adam. Sen bar zada döz gelýäň, muňa söz ýok. Ömri göreşlere berýäň, ýykýaň, ýykylýaň - bu göreş kanuny, baky kanun. Ýöne sen ýeňýämikäň, adam?!. Göwnüm gümanda, ýer yranmasydyr suw joşmasam, apy-tupanly ýellerem, otlularyň agdarylmagam, partlaýyşlardyr ýangynlaram, adalat-u-adalatsyz uruşlaram nä derejede ýitgi çekilýändigine, haýsy tarapyň üstün çykýandygyna garamazdan, seniň ýeňşiňden däl, ýeňlişleriňden habar berýär, adam! Üznüksiz ýeňlişlerden!..
Göwün gubar tapdy, hakydany haýykdyryp, bagşy bogazlaryny gaýnadyp, oglanlyk hemram saryja bilbiller geldi. Bilbilgöýeler, ertekiler bossanynyň bezegi, sazanda guşlar geldi. Bilýän, kesewi gögerdýän ýerleriň başyna ak sepende, gaba başly erikler gül döküp, ak gülli dünýäsini bakyýa terk edenden soň, saryja bilbiller gözden uçdy. Soň olary ak bazarlarda gördüm. Şol ýerdenem öýe daşap ugradym. Ilki birini, soň ikisini, üçüsini...
Öýüm owazdan doldy. Bilbiller irdenem, günortanam, agşamara-da saýrady, saýrady...
Günleriň bir güni guşlaryň gözünde gussa gördüm. Olary bir-birekden, bagy-bossanyndan, asyl tutuş barlykdan yrak eýlän kapasalar durşy bilen gussa, gama şärik mysaly...
Kapasalary açyp, bilbilleri ilki öýe, soň daşaryk, giň dünýä goýberdim. Öýde, darajyk kapasanyň içinde gurnalan emeli bossandan azat eýledim. Goý, gitsinler, bir günden bir gün uçan ojaklaryna, kapasa bolan, ýöne ýelden-ýagyşdan goran tünegiň töweregine dolansalar-a dolananlary, ýogsa-da ýolda-yzda owazlaryny eşitsemem bes...
Bilbiller uçup gitdiler, dolanmadylar. Haýp, gaýdyp olara nepisje kapasalardan başga ýerde duşmadym. Onsoň ýene ak bazara bardym, bilbil aldym. Ýene öýüm owazdan doldy, ýene göwnüm galkyndy, ýene göwne gubar çökdi, ýene kapasany açdym... Ýene, ýene...
Kapasasyz barlyk bilbil owazyndan mahrum, kapasa owazynda gussa bar, gam bar...
Murty taban ýetginjek uzak gije gulagymy gazady. Ir säher Tawus guş geldi:
- Kenara urulýan gomlara gözüm gitdi, bady alynsa-da, gaýdymy ýok diýip. Umman derýalara gözüm gitdi, akarlarda synmyş diýip. Hatar guran durnalara gözüm gitdi, alys-alys illeriň awarasy diýip. Gözellere gözüm gitdi, gerçekleriň armany diýip. Saňa synym oturdy, oglan! Gomlara, ummanlara meňzetdim. Awara durnalardan sandym. Gerçek diýdim...
- Tawus guş, bi senmi? Ýok, bi sen däl, kepder topuk gyzyň sesi bi. Küýsegim kepder topuk gyz, sen bi sözleri maňa aýdýaňmy?
Ara murty taban ýetginjek düşdi:
- Ýok, o bi sözleri maňa aýdýa. Suwuň pese gidýänini indi bilmeli däl sen. Päklik päklik sary süýger, aklyk aklyk sary akar. Şo diýer sargaryp-solar. Sen o däl, päklikden daş düşen sen, aklykdan daş düşen sen...
- Ýeri, seňki näme? Otur-da sokul-da, agzysary jüýje! Haçan senden zat soralypdyr?!
- Baglam gurçuk awlapdyr,
Daglam burjy baglapdyr.
Owal-ahyr gül göwün
Göwün diýip aglapdyr.
Aý ýaşar, iňrik gider,
Gül solar, çiňrik gider.
Ak gündizleň agysy -
Jigerde gemrik gider...
- Goý indi şunyňy, bes et. Boş sözlerden, manysyz iňňildiden, zaryn heňlerden irmediňmi sen? Naçar maşaga ýaly, şol zarlap ýörşüň. Bes et! Ýuwlan geýim ýaly, ýüregimi sykma, öňem sar galmady onda.
- Bolmanda-da sen şeý diýersiň, bozlukdan daş düşen oglan! Sebäbi sen özüňden daş düşdün, özüňi terk etdiň. Özüňden yraga gitdiň sen. Bilýän, irensiň, mundan artyk bizar etmäýin. Salamat gal, ahyry gider boldum, bozlukdan yrak düşen oglan!..
Dünýe owaza doldy, ýürek-bagryňy dilip barýan zaryn owazlar ýaňlandy. Owazlar içre bolsa, üstünden basylýan çakyr süňkleriň şatyrdysyna meňzeş şatyrdy, daşlaşyp barýan aýak sesi eşidildi...
“Küýsegim kepder topuk, näme sen? Hak-hakykatmy, hyýalmy? Seni barlykdan gözläp, ýoklukdan tapjak ýaly men.. Aslynda men kim, näme gözleýän, nämäniň ugrunda ýörün? Mal-mülküňmi, keýpiňmi, şöhratyňmy? Näme üçin ynjalyp, rahat tapyp bilemok?
Göýä, buz öwüsýän adada galyp, golaýjakdan ýalbyrap görünýän güneşli kenara göwün ýüwürdip, ýürek ylgadyp oturan ýaly. Şo kenaryň oduna ýandym, Gününe çoýundym. Ynsan balasy her hili ýagdaýda-da özüni aklara delil tapjak ekeni. Içde, kalbyň çuňlugynda bir ýerlerde ysgynsyzja delil şineledi: ynsan çagasynyň düwünçeginiň düwlen ýeri daryşganlyk, ol giň jahana ýüregi ýarylan ýaly çyrlap gelýär. Onsoň tä ömri ahyr bolýança, gundagdan çyksa-da, gundagly ýalydyr. Sebäp diýseň, gundagy çözülende, aýajygyny däbşenekledip, heziller edinendir welin, derrew berkje gundandyrlar. Şeýdip, aýajygyny däbşenekledibermeli däldigini oňatja düşündirendirler. Soň bolsa, eýle bolma, beýle bolma diýip, saga sowulsa, soldan, sola gitse, sagdan badyny alandyrlar...
Göýä içden düzülen, kalbyň töründe tiňňildedilen zaryn owazy eşiden ýaly, Tawus guş gussamy paýlaşdy:
- Giň jahany başa çekip, sähralary segredip ýörme ýok-da onda?
- Sähra çyksaň, duraryň ýokdur. Oňsoň, şeýtseň eglenäýjek ýaly, çatmajyk dikinen borsuň. Çar ýanyň açyk bolsa, ýüregiňe ýel düşüberer.
- Derdiň zyýat eken, boz oglan, egserden agyr gördüm.
“Owal-başda dar çygyrda, kinniwanja zatlar bilen mydar edendir bi, adam diýen mahluk. Hä diýmän hum çäýnek çaýyň geljegini bilip dursa-da, bir käse sowuk suwy başyna çekäýer bi. Soň, hum çäýnek çaýa seredip, ýaýdanar oturar. Ilki eşideni hakykatdyr, lükgeligi bilen içine dolar, çykmasy hyllalladyr. Ilki duşan ýalana ýüregini berer, çyndan binesipdir. Kiçijik mydara bilen mydar eden adam uly hakykatyň öňünde ejizdir, bir käse suw ýaly, suwsanda başa çekäýip bilmez. Adamzat ähliniň ozalebetden ýasawy şeýle borly. Çatmajyk dikinip, şa köşgi däldir öýtmez. Aslyýetinde, şa köşgi hem oňa şol kiçijik mydarasyny goraglamak üçiň, gerek bolandyr, şondan gaýry uly bähbidi ýokdur. Tawus guş, düşýäňmi meň aýdýanlamma?”
Içden gürländirin öýtdüm, Tawus guş ýene eşiden eken.
- Eý, boz oglan, düşmez ýaly zat aýdýaňmy näme? Men ony aýtmaňda-da bilýän. Gözleriňden, ýüzünden aňýan, oglan. Ýöne seni sözledesim, ýeňledesim geldi. Göýä, derdiňi diýdigiňçe, aýtdygyňça bozlugyňa dolýanýan ýaly. Aýtman-diýmän, içden gemre baglap, öz-özüňi iýip geçmeseň, söýüp bilseň, aglap hem gülüp bilseň, mydaraň, güzeranyň gamy däl-de, akyldan ýeten paýyň, nähakdyr hakyň hesreti bilen ýaşap bilseň, armanyň Arşy baglamaz...
“Sen şo gyza meňzeş, Tawus guş, şo kepder topuk gyza, päklige dolan gyza meňzeş sen. Gözleriňde gözlerini görýän, sözleriňden sözlerini eşidýän. Meger, şoň üçindir, sen gideňde, syýadan-kagyzdan, buz öwüsýän pikirlemden galdyradym. Seni görüp, şol güne, kepder topuk gyz bilen garşydan öwüsýän şemala döş gerip, keltekçämiň syýyny ykjadyp giden günüme dolandym. Bilime kuwwat, gollaryma gujur geldi. “Ilikleňňi ildirsene, oglan!” diýip, ýürejigiň bilen dilleneriňe garaşdym. Ýaz ýagşyna ezilip, buýup, garşydan öwüsýän şemala döş gerip, keltekçämiň syýny ykjadyp, iliklerini ildirmän, seň bilen gidesim geldi, Tawus guş! Sen şo gyz, meniň ak guma gaçyp gaýdanymy bilip, yzymdan gelipsiň! Yzlap gelipsiň! Daşrakda duranyňy halamadym, olam şeýdäýdi...”
Tawus guş uçup gitdi.
Ganatlaryny kakyp, asmana göterildi-de, çürüje çatmanyň ýokarsynda birki ýola öwrüm etdi, soň gitdi. Mundan artyk diňlemäge takaty ýetmedik borly. Ýogsa, ilki “Aýt derdiňi” diýdi. Meger, öz derdinden egsik görendir.
Aldygyna ýazyp başladym. Toslama, ýalan, ýakmadyk odum hakda, ýanmadyk yşkym hakda, bilmedik hakykatym hakda, çykmadyk belentligim hakda, çümmedik çuňlugym hakda, iýmedk tagamym, datmadyk lezzetim hakda çynaberimsiz edip ýazdym. Ýazdygymça-da, garalaýan kagyzlarymyň sanyna guwanyp, edil hakykaty ýazýan ýaly, hakykaty bilýän ýaly bir duýga gaplandym.
Öz ýanymdan baý boldum, beg boldum, azat boldum, erkin hem erkli boldum. Ne hakykaty, ne adalaty, ne akyly, ne akmaklygy pikir etdim, edil dünýäni suw alsa-da, bilmedim welin, topugymdan boljak däldi...
“Namardyň ogly deý gaýgyçyl bolma” diýip, klassyklaryň biriniň setiri dilime geldi. Şol wagtam, mesaňa diýen ýaly, köçeden gyz gülküsi eşidildi. Atylyp köçä çykdym. Görsem, bir kowçum gyz gülüp-oýnap barýar. Ylgap yzlaryndan ýetdim, salam berdim. Gaňrylyp ýüzüme seretdiler, biri-biruinden gözel. Bu ne aýgyt, bu ne edermenlik, men men däldim, göni birine, başda gelenine elimi uzatdym. Gyz emgenmän elini berdi. Ne sorag bar, ne ideg, ne gep bar, ne gürrüň. Belki, düňe gözler gürleşendir, ýürekler sözleşendir...
Garşydan öwüsýän şemala döş gerip, köçeden akyp barýan adam siline goşuldyk. Adam sili inçelip, ýognap, ahyrda mähellesi ýetik kenara taşlady. Kassanyň agzy mygyllym, “On alty ýaşa ýetmedikler goýberilenok” diýen ýazgy ýaşu-garryny odukdyryp, ýaýyň içinden ýaňsyly ýylgyryp dur. Garaňkyradylan, gara kellelerden gyrma hatarlaryň arasy bilen öz ýerimize atdyk...
Garaňky törden ak don geýen çuň dereler nur saçdy. Gün çykyp, garlar eredi. Ýüz-müň ýyllar ozal bolşy ýaly, ýaşyl dereleriň gelşigi gara baglarda guşlar saýraşdy, kükräp bahar geldi. Onsoň, ynsan ähliniň dogup-döräp adaty, der döküldi, ekin ekildi. Aýlar aýlanyp, asyrlar aşyp bolşy ýaly, hasyl ýygnaldy. Birdenem, çagajyklarynyň aç galaryndan gorkup, adam günä etdi, alyn deri siňmedik zada el urdy. Adamlar ýer-gökden geldiler. Gaýdyp gaýtalanmaz ýaly, dirilere sapak bolsun diýip, günäkäri çaga-çugasy bilen ýere gömdüler, diriligine...
Aýlar aýlandy, adam günä etdi, ýöne ondan hiç ýülnüp bilmedi. Ölüm ýassygynda aýalyna nesihat etdi, gitdi. Onsoň, günäden ýülünmek üçin, adam zyna etdi. Egin örtügini bulap urdy-da, tutuş oba bolup, il bolup zyna etdi, zyna etmedik kemsindi...
Soň, adam dokuz aý goýnunda göteren, agzyndan kesip iýdiren, ýelden-ýagyşdan goraglap kemala getiren enäni - sandan galdyň diýip, öňden gelýän adat diýip, diňe beý diýibem däl, öz islegi bilen, äkidiň-de taşlap gaýdyň indi diýip duransoň, gadym ertekilerdäki ýaly, - arkasyna aldy-da, dagdan aňryk, adamzat ähliniň ata-babasynyň çakyr süňk bolup ýatan deresine aşyryp gaýtdy. Enäniň ýerine bolsa, gujagynda derlär ýaly, goýny-goltugy howurlynyň birini getirdi...
Adam barynyň garaguşlara şam bolup, çakyr süňke öwrülen deresinde ak guş deýin agaryp oturan eneden üýşendim. Onuň merdi-merdanalygyndan aýaklarym titredi, süňňüme galpyldy ýetdi. Enäni ak gar örtende, şol başdaky ýaly, ilkidurmuş päkligindäki deýin, älem nurdan doldy, garaňky zal ýagtyldy. Kepder topuk näzeniniň ýüzüne göni garap bilmedim...
Göýä, gyzgyn gujak diýip, garry enesini dagdan aşyran ýaly, günäden ýülünmek üçin zyna eden ýaly, asyl şu giň jaýdaky tomaşa-da oňat päl bilen gelmedik ýaly boldum.
Kinoteatrdan bahymrak ara açasym geldi. Goltugymdan goluny geçiren näzeniniň ýüzüne seredip bilmän, dähedem-dessem, dähedem-dessem, gapa bir ýetsem diýip, mähelläniň dem salymda agzyny tutan açyklygyna ýetýänçäm gara der boldum. Daşary, kinoteatryň agzy henizem myggyldy. Göýä, saý-sebäp bilen gyra düşüp, güne gyzan kenarda suw diýip urnup ýatan çalajan balyklar ýaly, ilkidurmuş ýalaňaçlygyndan bäri edinen ähli geýim-gejimini, egin örtügini çykaryp zyňmaga, asyrlaryň öwrüminde bir ýerlerde galan wagşyýana aslyna dolanmaga gyssanýan ýaly, adam bary gara heläk, heläk...
Hyýal haltamyň agzy çözüldi, ak guma, atam pahyryň rysgal tapan sährasyna patlap gaçdym. Ýatlama kirşi şarta ýolundy. Ýatyryn eplenip, mum-helim, ne ýazyp bilýän, ne-de ýazman rahat tapýan. Iňrikler garaldy, tümlükler geldi, Aý dogdy, asmana nur çaýyldy. Gün dogdy, gök asmana, tutuş barlyga ot düşdi. Älem birýanujundan ýanyp ugrady. Ýatyryn eplenip, mum-helim...
Otly halka ýaly lowlaýan Günüň bäri ýanyndan agar çäkmenli goja göründi:
- Saňa gelişýän zat däldir-le beýdip ýatmak?
- Dagy nädeýin, atam? Dünýe ýanýa, men ýeke. Şunça gygyrdym, gol uzadan bolmady. Perişdelerem gelmedi.
- Ýeke adamlyk berin söndür ahyryn! Perişdelere perişdelik iş, olardan delalata garaşma, garaşma!..
Gün guşluk bolanda, Tawus guş geldi. Men ony ganatlarynyň sesinden tanadym.
- Geldinmi, Tawusym?
- Geldim, boz oglan. Ara açyp, kararym ýok.
- Gözüm baglanan ýaly, hiç zat göremok. Edil oglanlykda gözdaňdy oýnan mysaly.
- Belki, şo gowudyr, boz oglan?
- Ne elim zada barýa, ne göwnüm galýa, Tawusym. Kepder topuk saram aýagym çekmedi şondan soň. Başym alyp gaçdym, ýagtylykdan, giňlikden gaçdym. Garaňky dulda, stol çyrasynyň alkymynda dünýä nur çaýmagyň gamyny iýdim. Aýlap-ýyllap, tümden nur agtardym. Indem, meň saçjak nurumyň hiç kime derkary ýok ýaly, özümden göwnüm geçgin...
- Derdimiz bir, boz oglan!..
- Owazyňda gussa bar, Tawusym! Öňküligiň ýok seň?
- Gonan başym başly çykdy, saňa aýtman, kime aýdaýyn...
- Sen meniň mydarymmy ýa armanym, Tawus guş? Haýsysy sen? Şol kepder topuk mysaly, ertir-agşam hyýalymy alyp dursuň. O-da şeýtdi. Jahyllyk-beýleki diýibem gapysyndan garamadyk kinoteatrlarymyň agzyny torç etdim, äwüp-säwübem içine düşmedik seýil baglarymda gazet köküni galdyrdym. Başyma gonan ak kepderini del gözlerden gabandym. Şo diýip, ýoluma nur saçan galyň diwanlary terk etdim, gulagym ganan günäleri unutdym. Ýöne bary wagtlaýyn eken. Dükanyň agzynda, zynjyry iki ujy ýere gömlen uzyn sime berkidilen it bolar-a, şo ýaly, ylgadym-ylgadym-da, birden aýagymdan alnan ýaly bolaýdym. Boýnumdaky zynjyr goýbermedi. “Bir gezek çyda, iki gezek çyda, üç gezegem çyda, üçden soň puç” diýerdiler. On ýerde dişými gysyp, on birinji ýerde dil ýarjak boldum, dilim diýen etmedi...
- Gögüň gözünde ýaş gördüm, ýerin bagrynda daş, oglan!
- Göz ýumaý, Tawusym!
- Öz edip bilmedigiňi mana diýýämiň?
- Dagy näme diýeýin?
- Gözümi ýumuplar uçdum, gabaklarymyň içine, göreçlerime siňen görnüşden sypabilmedim.
- Göwnüňi gubara berme, Tawusym!
- Ah, boz oglan, boz oglan! Başyň dumany ýetigem bolsa, aňryň, dünýäň düýbi boz sen. Boýunda ýazlan balçeşmäňe bereket!
Tawus guş uçup gitdi.
Içim üzüldi. Boýunda ýazlanan balçeşme beýik daglaryň başyna ülker bolup çöken arçalary bilen bile göz öňüme geldi. Onsoň, balçeşmäniň illeri ellerine ýalaw ýaly palta aldylar-da, şol ýokarlygyna dyrmaşdylar ötägitdiler. Belent başly arçalar ikiden-ýekeden ýan berdi, keliň saçy dek selçeňledi. Bir günem, ardanmy, namysdanmy, tüm gijä ot berip, galanja arçalaram lowlap ýandy. Iller muny özünden däl, ýyldyrymdan gördi. Şondan soň dag başynda gar ýatmady, siller rowan boldy. Şeýdip, gyşyn-ýazyn baly egsilmez balçeşmäniň gözbaşy gurady. Il bolsa, bir toýdan kowlup, başga bir toýa baran bozgak mysaly, başga bir çeşmäniň başyndan ildi...
Her tiräniň öz tentegi-de, danasy-da bolarmyş. Sözi ýer alar öýtmese-de, dana durup bilmedi: “Oturan şahamyzy çapmalyň!” diýdi. Iller dogry diýdiler. Onsoň, çeşmeleriň gözbaşy guramaz ýaly, daglara, berekedi egsilmez ýaly, düzlere aldygyna bag ekdiler. Emma, Genjim begiň gün-günden köpelip, ýeriň ýüzüni tutup barýan geçilerine hiç çäre edip bilmediler. Şeýdip, baglar boý alman, bossana ýetmän köýdi. Geçiler çöp goýman çeýnedi...
Uly-uly mejlisler guruldy, ýöne dowamy dowama sapan genjimlik adamdan aýrylmady, gitmedi, galmady. Näme ýamanlyk görüpdir ol beýder ýaly...
Dünýäm owaza gaplandy. Owazlar içre bolsa, üstünden basylýan çakyr süňkleriň şatyrdysyna meňzeş şatyrdy, ylgap gelýän oglanyň hassyldysy eşidildi. Başymy galdyryp, alnymda dyz epen ýetginjegiň mön gözlerine göni garadym.
- Göwün gyltymçy bormuş, sähel zada aldanarmyş. Balçeşmäni ýatladyň welin, göterildim gaýdyberdim.
- Ýene geldim diýsene?
- Geldim. Balçeşmäni ýatladyň. Uçuşdan galan dag bürgüdi ýaly, bar gujur-gaýraty gök alyslyklara, başy jygaly belentliklere bagyşlap, ýylçyr gaýalary gabatlap, şaglap gaýdyberdiňmikäň diýdýam...
- Git! Git indi! Sen bir gyjyt berme. Onsoňam men entek uçuşdan galamok.
- Oň ýaly bolsa bolýa-la, bolýa-la...
“Tawusym, göwnümiň aramy, nirde sen? Ýeke-ýalňyz goýduň gidiberdiňmi?”
Owazlar içre adajykdaň ösýän şemalyň şuwnuldysy, ot-çöpüň ygşyldysy eşidildi.
- Men bärde, boz oglan.
Gözlerime ynanmadym:
- Tawusym, bi ne boluş? Ganatdan-perden, görküňden-berkiňden aýrylypsyň-a? Hany ol päklikden ýasalan perler? Hany ol adalat nury çaýylan ganatlar? Hany?!
- Perden päklik uçdy, ganatdan adalat gaçdy, boz oglan. Öňýeten çöpdüýbiniň atan kesegi ýetdi...
- Men olaryň ellerini gömeýinden sograryn. Tawus guş...
- Ýok, Tawus guş däl men, oglan! Käşgä Tawus bolan bolsam, sypanyp, sallanyp, dünýäniň geçerini bilip gezsem... O däl men. Gül meňiz, Aý ýüzli gyzdym, Adalat diýipdir atam-enem adyma. Zulumdan-zorlukdan gaçyp, asmana galdym. Adalat guşy men, döwlet guşy men. Ýöne maňa öňýeten çöpdüýbiniň atan kesegi ýetdi, ganatym gyryldy. Galgap, gaýyp, ýyglap, ikiden-ýekeden gyryldy durdy, gaçdy durdy. Nähakdan atylan her kesek ilki maňa degdi, oglan! Gör diýip geldim, görmediň! Gaýtam, neneň edeýin, görküme guwanandan bolduň. Çöp-çalamyň düýbüne busup, bukdaklap, gaçyp-tezip gün görýän indi. Uçsam, atyp aldylar, gaçsam - ýetip, kastymda kilen çöpdüýbi. Gög-ä ýetip bilmedim, ýerdenem ötüp, ikarada sersepil...
- Hany, bi zeminiň ýaraşygy ärlere ne döw çaldy?
- Wah, käşgä şo ärler bolsa, başyna gonsaň! Goraglardan, saklardan daş ýaran manlaýly ogullar, dünýäniň ýaryny ýumrugyna gysan ärler ejiz. Bir gün başa täç edinýäler, on, ýüz, müň gün göterýäler, ýöne, heňňam atly gara diwara urlaý-urlaý, başlaram ýarylýa, täçlerem synýa...
- Oglan göwünden uçan, ýetdirmedik, tutdurmadyk adalat guşum ekeniň-dä onda?!. Bilmändirin-dä?!.
- Men gitdim, boz oglan. Timisgenip, porsy tumşuk şagal ger häzir. Azara goýdum, öt günämi, oglan?! Gitdim men...
Ganatlaryň mahmal sesi däl, gulakda çöp-çalamyň şygyrdysy galdy.
Dile diýjegini diýdirmedim, diýjegimi diýdirdim: “Tawus guş uçup gitdi, uçup gitdi, uçup gitdi...” El welin, etjegini etdi: bir aýlap, gije-gündiz diýmän çyrşalanlary gat-gat edip, epläpler ýyrtdy, ýyrtdy... Hötjetlikdenmi ýa ejizlikden, bilmedim, şol bir sözleri – “Tawus guş uçup gitdini” gaýtaladym durdum, gaýtaladym durdum. Soňabaka öz sesimi özümem eşitmedim, ýöne şonda-da, pyşyrda ýazypmy, iňňildä geçipmi, öz-özümi yrjak bolýan mysaly, öz-özümi aldap, şol köne hanamdan siller bolup akdym:
- Tawus guş uçup gitdi, uçup gitdi, uçup gitdi...
Ölen ýaly ýatypdyryn.
...Asyrlaryň gatynda bir ýerlerde dabanymdan ýüzdüler! Dişimi gysyp, asmanymy garap ýatyryn. Hol ýokarda gyz beden söwütleriň gül şelpeleri ses edýär, guşlar gözýaş dökýär, bulutlar garalyp, zar-u-zelil bolup dur.
Başujumdanmy, aňyrrakda bir ýerlerdenmi, ýow güni ýoldaşym gyr bedewiň biynjalyk dükürdisi, aram-aram bolsa, älemi godukladýan kişňemesi eşidilýär. Gyr bedewiň sesi galandyram, edil saýgyç degip gaýdan ýüň ýaly, gazan gapagy deýin garalyp duran gök asman bulutlary bilen bilelikde silkinip gitdi...
Halys bolup ýeten çeşmämiň boýunda, yzymdan gelip, kebzämden pyçak urdular! Dişimi gysyp, asmanymy garap ýatyryn. Hol ýokarda sergezdan bulutlar sökülen ýollary yzlap barýar...
Gylyç syryp, gapyllykda üstüme döküldiler, gylyç syryp çykdym: çapdym, çapyldym, zyndanda çüýredim, gul bazaryna düşdüm...
Dana men diýdim, diňlemediler, diwana men diýdim, geňlemediler, däli men diýdim, güldüler... Ýazan kitabymy sil aldy, ýagy ýakdy... Sürdüm, ekdim, ýygnadym, egnim bitmedi, garnym ýazylmady... Il bilen galkdym, il boldum. Döwrana ýetdim. Mal goý diýdiler, mal goýdum, ömür goý diýdiler, ömür goýdum. Duşman diýdiler, sürgün eýlediler... Asmanu-zemini lerzana getirip, ýowuz ýagy indi, döş gerip çykdym. Ot sowrulýan dzotlara göwrämi gapak etdim... On üç ýaşly oglan, gowaça meýdanynda, okuwdan-bilimden bizar, ir ertirden gijagşama çen haýdadym, haýdadym. Sürdüm, ekdim, bejerdim, dökün dökdüm, otadym, hasylyny ýygnadym, tagt etdim. On dört doldy, gowaçaly pelde garşyladym, on bäş doldy, gowaçaly pelde garşyladym, on alty doldy, atanlykda suwlup ýetişmednk ýylanyň guýrugyndan basdym. Ýylan yza dönüp, injigime kakdy. Agyra çydaman gygyrdym:
- A-a-a...
Oýun edýändir öýtdüler.
- Ýylan çakdy, ýylan!.. Güldüler.
Oturyp, injigimi ýylan çakan ýeriniň ýokary ýanyndan çigip daňdym-da, gyzaryp duran nokatjygy iki elim bilen pugta gysdym, ýylan zährini dilim bilen sorup, tüýkürmäge başladym...
Gara suw bolup oýandym. Ak duman içre agar çäkmenli goja göründi.
- Özüň many al, ogul! Adam bilen ýylanyň iýeni aýry gitmänmiş. Olar mydama bile gezer eken. Özlerem, biri beýlekisinden beter, bir-birege aşyk eken. Adam ýylanyň suwlunyp gidişini synlap, hiç doýup bilmänmiş. Onsoň, günleriň bir güni, ýylanyň owsun atyşyna aňalyp, guýrugyndan basaýanmyş. Ýylan agyrysyna çydamanmy, ýa-da dostundan gaty görüpdirmi, garaz, gaharyna adamy çakypdyr. Şondan bäri, ýylandyr adam arasyna sowuklyk düşenmiş. Ýylan müýn edip, adamy görse, gaçma bilenmiş...
- Meni ýylan çakdy, atam. Awusyny dilim bilen sorup aldym...
- Munyň many gep, ogul! Ten awusyn dil alar, gaýry zat almaz. Teniňde awy ýatmasyn, özüň çykar, özüň!..
Agar çäkmenli goja ak duman içre gaýyp boldy...
Bu owaz maňa eşidildi, bu keşp maňa göründi, bu söz maňa diýildi, bu ahwalat meniň başymdan indi. Aýtmak parzym, aýdaýyn diýdim. Ýowuz hem ýaraty şübhe syýymdan aslyşdy:
- Ynanmazlar - diýdi.
- Aýdyp bir göreýin - diýdim.
- Barybir düşünmezler - diýdi.
- Ýok, düşünerler! - diýdim.
- Gülerler - diýdi.
- Goý, gülsünler - diýdim. - Aýakdan alan awy-zäher başy iýmesin, dil bilen çykaraýyn, söz bilen çykaraýyn, çykaraýyn!
Bu eser 1990-njy ýyllaryň başynda, Türkmenistanda gadagan edilmezimden öň çap edilipdi.