Oda näme boldy?
Şu hekaýany ýazylan wagtyndan 2012-nji ýyla çenli öýünde saklan we geçen tomus Aşgabatda çagalaryma gowşuran maşgala ullakan taňryýalkasyn aýdýaryn. Men ol öý döküşlikler wagtynda ýitendir öýdýärdim.
Ol uzakly gün dälize diň salyp diýen ýaly işledi. Biri geläýjek ýaly, gelmeli ýaly boldy durdy. Ýöne hiç kim gelmedi. Ol yzly-yzyna çilim otlandy, soňabaka darajyk ussahananyň içi tüsseden doldy gitdi. Ýöne ol muňa üns bermedi.
Şol gadym kyrk birde urşa giden gül ýüzli ýigitleriň ýüzlerine siňe-siňe seredip, çotgany bir ol reňke, bir bu reňke batyryp, soň olary garyp, bulap, üçünji, aralyk bir reňke getirip, esasanam gözlerde kän eglenip, gaýta-gaýta dönüm edip, öňe gidip, yza dolanyp, birhili, hemişe-de bolşy ýaly, onuň birden-birden-ä özünden göwni geçdi, birden-birdenem özüne göwni ýetjek boldy.
Göwni geçmesiniň sebäbi: ol şu ýigitlerem on sekiz bilen ýigrimi bäşiň aralygynda gara guma garylyp gidipdirler, ýogsa ýüz-gözlerinden nähili arassa, nähili päkize oglanlardygy görnüp dur diýdi. Soňundanam, bolýamyş-da, bizem ýaşan bolup ýörüs, ýogsa ne kalbymyzda arassalyk galdy, ne-de ýüz-gözümizde bularyň ýüz-gözündäki ýaly ýagtylyk bar diýip, diwardaky kitap tekjesinde goýlan suratlaryň birine, kärdeşleriniň arasynda papagyny çümrüp durşuna nägile göz aýlady...
Özüne göwni ýetmesiniň sebäbi: ol özüni şu arassa oglanlaryň öňünde, şol gadym kyrk birde urşa giden hemem gaýdyp gelmedik ýigitleriň öňünde, öz kesbi-käriniň öňünde bolup bilşiçe päk, halal hasaplady. Ýogsam bolmanda, beýdip dümtünip oturman, birsellemde bulam-dölem edip, eltip berip bilýärdi, hakynam alýardy. Emma ol muny etmedi. Ýogsa, oňa munyň däl ýa entek çigräk, o taýyny eýtseň, bu taýyny beýtseň dagy diýjek, bellik-sellik etjegem ýokdy.
Olar şol näletli kyrk birde, kyrk ikinji, kyrk üçünji ýyllarda gidipdiler. Onsoň olary hatda ýakyn garyndaşlary, yzynda galan ýa soň doglan ogly-gyzam tanap-bilip, şu taýyny şeýleräk etseň, ýa bu taýyny meňzetmänsiň diýjek däldi. Solgun, ýüzi saralan we öçügsije, o diýen gowy saklanmadyk foto suratlary diýmeseň, olardan galan anyk şekil tas ýok diýen ýalydy. Emma ol şol öçügsije, ýaramaz saklanan suratlara hudožnigiň gözi bilen seredip, öz obadaşlaryny agtarypdy, olary tapjak, gaýtadan yzyna getirjek bolupdy.
Ine, indi olar hatar gurap, diwardan seredip durlar. Göýä diýersiň, hersi öz keşbinden, gaýtadan doglan pursatyndan gaty razy ýaly...
Ýok, ol entek işiniň kändigini, şekilde-suratda, daşy owadan çarçuwada yzyna, obasyna getirilmeli ýigitleriň entek az däldigini bilýärdi. Onsoň, birden-birden-ä özüniň gaty haýal işleýändigine gynanýardy, birdenem bu işi çalasyn ýa gyssanmaç etmeli däldigi barada öz-özüne pent, nesihat edýärdi: “Göçüň göçüp baranok, işläber, ahyry işiň biten ýeri bolýar-da” diýýärdi.
Hawa, ol şol gadym kyrk birde küren obany taşlap, ganym bilen garjaşmaga giden ýigitleriň şekillerini kendiriň ýüzüne sünnäläp çekýärdi. “Gadym kyrk bir” diýibem içinden, käte-käte yzyny üzmän diýen ýaly, käte-de ara biraz salym salyp, üznüksiz gaýtalaýardy. Saga ýörese-de, sola ýönelse-de, başga zat däl, şol bir sözler, “gadym kyrk bir” diline gelýärdi.
“Gadym kyrk bir” diýmez ýalymy eýsem? Aslynda, adam ömri hiç zat bolarly. Kyrk birden bäri gaty kän zat bolupdyr. Hatda şonda baýdak ýaly bolup, obadan pasyrdap giden syrdam-syrdam ýigitlerem ýatdan çykypdyr. Olaryň boýy-syratam, ýüz keşbem unudylypdyr. Diňe yzlarynda ogly-gyzy galanynyň ady agzalyp, “pylany pylany neressäniň edil özi-dä” diýlip, toýda-tomguda, ýasda-hudaýýoluda ýaşulular üýşende gürrüň ediläýmese, olaryň başga bir ýatlanyp ýören ýerlerem ýok.
Ýöne täze başlyk ýeser ýigit bolup çykdy: “Gel, Berdim jan, şol giden oglanlary bir gaýtadan dirildeli, tirseklerine galdyraly - diýdi. - Senem bir öz obamyzdan çykan hudožnik, “eliňem gowy, inçe” diýip gürrüň edýärler, senediň bilen öz obadaşlaryňa-da bir ýadygärlik galdyr - diýdi. - Suratlaryny çekseň, klubda çarçuwalap, hatyralap goýaly, bolmasa-da hersiniň öz ýakyn hossary bar, öýlerinde goýsunlar, tapawudy ýok, ýöne kolhoz şul işiň başynda durýa, hak-heşdegindenem gaçanok” diýdi.
Ol heniz hak-heşdege kowalaşyp, diňe pul üçin iş etmändi, göwnäp, öz edesi gelen işlerini edipdi, ýazasy gelen zatlaryny ýazypdy. Dogry, şol ýagdaýda-da hak-heşdekden hor bolmandy. Ýöne henize çenli, aç-ýalaňaç bolmady diýmeseň, aňyrsyna süýşüren zady ýokdy. Ol bu barada asla pikir etmelidirem diýmändi. Soňabaka, çagalary ulalyşdygyça, birhili, durmuş agralýan ýaly, gün-güzeran has kynalýan ýaly bolup başlady.
Kakasy mamla eken, “kiçiniň kiçi aladasy bar, uluynyň – uly” diýerdi. Ol uluja ogluny öz ugrundan ýokary bilimli etmek üçin, ýurt aşyryp, öz okan ýerine okuwa iberdi. Kiçilerem uçilişe-beýleki diýip, şägirt-okuwçy bolup, ýerli-ýerden kakalarynyň kesbine garyndaşu-ýanaşyk kärlere baş goşdular.
Özlerem, kakalary ýaly, ýapyşan işlerine ýürek bilen ýapyşdylar, hünärmentlik, emel, senetkärlik etmän, eden işiňi ak göwünden, bütin kalbyň bilen etmeli diýdiler. Ýok, olar muny diýjek-aýtjak bolup diýmediler, birhili, ganlarynda şeýle diýip duran diýdimzor bar ýaly, şu ýol bilen gitdiler.
Emma birden kyn günler başlandy. “Baş-başa-da, jan-jana” diýen ýaly, birden pul atly-da, adamlar pyýada bolup ugrady. Ol ozalkyja hallyň-sallyň bilen, arkaýynlykda, aladasyz ýaşalan günler barha we barha ara açmak, daşlaşmak bilen boldy.
Berdi göz hem gaş, kirpikler hem gabaklar bilen aşa gümra bolup, elýeterindäki küldany tümmeklänini, ertirden bäri ikinji gap çilimi hem alarladyp barýanyny-da duýmady. Otluçöp gabyndaky iň söňkuja çöpi ulanandan soň bolsa, birhili, işläp ugry bolmady.
Asyl otluçöpüň gutaranlygy, indi çilim otlamaga oduň ýoklugy baradaky pikir beýnisine çüý bolup kakylana döndi. Ussahanadaka elektrik peji işleder, beýleki eder, garaz, bir alajyny tapar. Ýöne gaýdyşyn, ýolda barýarka näme alaç edip bolar? Ilden otluçöp sorap barsaňam-a gelşiksiz. Ýolam eslije bardyr, öýe barýançaň iki, üç çilim otlanmaly bolar.
Berdi ussahanadan çykjak bolanda diwardaky suratlara, şol gadym kyrk birde urşa giden hem gaýdyp gelmedik oglanlara ýene bir göz aýlady. Çep diwardaky surata, ejesi bilen kakasynyň bileje gülli çäýnegi öňlerine alyp oturan tarapyna hem delminip bakdy. Birhili, soňky günler, esger oglanlar bilen aşa gümra bolup, şol oglanlar bilen bile urşa giden hemem ajal okundan aman-esen gutulyp gelen kakasyna has gowy düşünen ýaly boldy.
Onuň hamraklygyna, ýüreginiň aşa ýukalmagyna düşündi. Özem, bende, ýogalmazynyň öň ýanyndaky ýyllar has hamrak boldy, agtygyny dagy hiç ýanyndan aýyrmady: “Oraz jan” diýip, urşa giden diýlip berlen “Zaporožesine” mündürip, gapdalyndan goýmady. Orazjyk bolsa, atasynyň inspektoryň gapdalyndan geçýänçäler özüne şlýapa geýdirişini jedirdäp, gaýtalap-gaýtalap gürrüň berýärdi.
“Ogullar atalaryna hemişe ýitirip düşünmelimikä? - diýip, Berdi öz ýanyndan gamgyn pikir etdi. - Ýa-da atalara düşünmek üçin hökman ata bolmak gerekmikä? “Ekläniň gadyryny ekläňde bilersiň” diýipdirler. Ýöne gep gadyr bilip-bilmezlikde däl-ä, gep düşünip, aň ýetirip bilmekde ahyryn.”
Ol kakasynyň gadyryny hemişe bilipdi, hemişe-de onuň hatyrasyny saklapdy, sözüni ýykmandy.
Kakasy ony ýumruk ýalylygyndan okuwa gönükdiripdi, göterip diýen ýaly çeperçilik uçilişesine salypdy. Ýogsa ol o mahal rus dilinem bilenokdy, tekizdi. Megerem şondan, ilkiler onuň adyny okuw žurnalyna-da girizmändiler. Her gezek klasda at-familiýalar okalyp, öz ady tutulmasa, ol “ýa net?” diýip, ýerinden galardy. Mugallym oňa adynyň sanawa girizilmändigini, konkursdan ýykylany üçin diňe diňleýji hökmünde, frontçy kakasynyň haýyşy bilen kabul edilendigini her gezek gaýtalap düşündirmeli bolardy.
Berdi ahyry ussahanany gulplap, uzyn dälizden çykalga tarap ýöneldi. Ýöne dälizden çykýança hudožnik ýoldaşlarynyň ýeke-ýeke gapylaryny çekdi. Hiç kim ýokdy. Düýn bardylar. Garaňky däliziň tot-tozan basan, halys demikdirip ugran poluny üç bolup, ellerine öl mata alyp ýuwupdylar. Dogrusy, halysam boldular.
Ýöne özleri ýuwaýmasa, indi ne pollarynyň ýuwulmagy, ne-de çyralarynyň ýanyp-ýanmaýany bilen gyzyklanyljagy, köýen lampalarynyň çalşyryljagy gümanady. Diýmek, oglanlar düýnki pol ýuwuşlykdan soňky “ýuwuşlykdan” soň ussahana köwlenmändirler. “Pol-a arassa, dem alanyňda-da bildirip dur. Arman otluçöp ýok-da...
Ýene kakasy ýadyna düşdi. Bende, ejeleri ýogalandan soň, birhili, sykylan ýaly bolaýdy. Birdenem “meni öýeriň, halys öýe sygamok” diýmäni çykardy. Berdi oňa “bolýa, diýeniň bolar,ýöne biraz tagapyl et, ejemiziň ýyly dagy bir geçsin” diýdi. Ýöne bende taýynyň edil ýyly diýlende üzüldi-de gidiberdi...
Berdi ussahananyň howlusyndan çykaýan ýerinde bir ötegçiden otluçöp sorady, ötegçi çilim çekenok ekeni. Ol düýn ýoldaşlarynyň birinden elli manat karz alypdy, çilimiň bolsa, arzanyndan arzanyny saýlap, “Primada”saklanypdy. Soňky döwürde çilim puly iň uly alada öwrülip barýardy. Ýöne çilimiň barka otluçöp tapdyrmazlygy has myrryhyňy atlandyrýardy.
Berdi muňa gaty bir üns bermejek bolsa-da, darykmajak bolsa-da bolmady. Ikinji bir ötegçem otluçöpüniň ýokdugyny, ýogsa özüniňem çilim otlaýmak hyýalynyň ýok däldigini aýdyp geçdi. “Bi näme, otluçöpüň zawody döwlüp-dagy etdimikä?” diýip, ol üçünji ötegçidenem “ýok” sözüni alanyndan soň pikir etdi.
Dördünji, bäşinji ötegçiler çilim çekmeýändiklerini aýtdylar. “Bäh, çilim çekýänem azalaýjak ekeni, ýöne onda çilimiň bahasynyň barha ýokaryk galyp gidip otyrmasy nämedenkä?..”
Ol: “Duralga ýetsem, adam kändir, hökman birinde bolmasa, birinde ot bardyr” diýdi. Ýöne toý märekesi ýaly üýşüp duran duralgaçylaram otsuz bolup çykdylar. “Bu gün näme hemme kişi dilleşen ýaly” diýip, Berdi gabyndan çykaryp, eline alan çilimini yzyna-da bir salaýjak boldy-da, ýene hol duralgadan aňyrrakda üýşüp oturan ýaş oglanlardan umydygär boldy.
Olaryň arasynda bir körejik ýylpyldy eýläk-beýläk gatnaýan yaly bolup göründi. “Heý, neressejikler, gezekleşip çekýäler-ow çilimi” diýip, Berdi öz ýanyndan pikir etdi. Hemişe şuň ýaly-da, ýolda-yzda soralsa dagam, çilimi gaby bilen berip gidip bilerdi. Indi özüne çilim gaýgy boldy. “Hudožnik bolaýşyňy seň...”
Oglanlar Berdi ýetip barýarka gezekleşip çekýän çilimlerini barmaklarynyň ujuna mündürip, şildirdäp ýatan suwly aryga pitikläp goýberdiler. Özlerem, birhili, ýoknasyz ýylgyryşyp, ha-haýlaşyp, çylkasyz gülüşdiler. Berdi olardan salam-hälik hantama bolmaly däldigini bilerçe bolanam bolsa, “oglanlar, saglykmy?” diýip, gelşigi-ýaraşygy üçin bir salam-helik eden boldy. Oglanlar muňa-da gülüşdiler.
Berdi muňa birbada bir gatyrganjak ýalam etdi-de, birdenem oglanjyklaryň beň çeken bolup, ýer bilen gögüň arasynda asyl-asyl bolan bolup oturandyklaryna düşündi-de, säginip-säginmän, ýene öz ýoluny dowam etdi.
Ot soralanlar onuň yzyndan hasam beter, bolmajyny bolan bolup wakyrda berdiler. Berdi muňa özem duýman tisginip gitdi. Onsoň öz oglanlyk ýyllaryny ýatlady. Agzyna çilim alman, içgi diýlen zadyň dagy ýedi menzillik golaýyndan barman ýigit çykanyny, soň-soňlaram özünden ulularyň ýanynda ernine çilim gysdyrmany uslyp bilmän ýörşini ýatlady. “Oglanlar ýaňy-ýaňylaram gowudy, edeplidi, ýolda-yzda ‘bolup ýörşi näteňet’ diýdirip ýöreni ýokdy” diýdi.
Murty taban, gözleri ýanyp duran, saçlary birenaýy ýaldyrap, görküne görk goşýan ýaşajyk oglanlar toý-tomgyňam, köçäňem ýaraşygy ýalydy. Okuw jaýlarynyň oglanjyklary bolsa, onuň gözüne, hasam gowy ýaly görnerdi. Berdi muny özüniň ýumruk ýalylygyndan okuw diýip çykanlygyndan, ene-atadan, oba-garadan aýralykda ulalanyndan görerdi.
Uly kurslylar ony oglan görüp, körpe jigileri ýaly, aýratyn bir mähir bilenmi, söýgi bilenmi, “malyş” diýip, beýlekilerden ilerräk tutardylar. Megerem şonuň üçindir, ol hemişe özünden ulular, uly kurslylar bilen tirkeşdi, ulular bilen otagdaş boldy...
Ýoluň gyrasynda birine garaşýan ýaly bolup, töweregine garanjaklabrak duran intelligent sypat adamy görüp, Berdi “şunda-ha ot bolmaly” diýdi. Onsoň bäri ýanynda sägindi-de, Berdi oňa edep bilen salam berdi. Intelligent kişi salam alandan bolup çala baş atdy-da, ýene töwereginemi, ýolamy garanjaklady. Berdi ondan ot sorady. Intelligent ot ýok diýen manyda başyny yrady-da, birdenem onuň ýüzüne geň galyp seretdi.
Berdi onuň gözlerindäki manysyzlygy hiç akylyna sygdyryp bilmedi. Ine saňa, daşyndan göräýmäge birallanäme adam, üsti-başy abat, köwüşleri dagy lowurdap dur, saçlary diýseň şar gara, galstugy doňup dur. Daşyndan höwes etdirýär asyl. Gözünde welin, hiç many ýok. Birmahallar Berdem şeýdip arassadan kaşaň geýnerdi. Indi kaşaňlyk galdy, diňe arassa geýse bolany.
Çagalar ýetişdi, goý, olar kaşaň geýinsin. “Bäh, ýaş ýigit ýaly geýnipdir-aý” diýip, Berdi ýene intelligentiň ýüzüne dikanlady. Ine, indi düşnükli, gözde many bolmasa-da, ýüzde bir zatlar bardy, onda-da ne bardy. O ýüz birden gazaplanypdy, hyrsyzlanypdy. Uly ýoldan suw ýaly şyglap gelen “Volvo” saklanyp-saklanmaka dörän bu üýtgeşiklige Berdi birbada düşünip ýetişmedi. Ýöne intelligent kişi “Volvo” müneninden soň, birhili, göwni ýetmeýän ýaly edipmi, gatyrganýan ýaly edipmi, seňrigini ýygyryp seretdi welin, ol baryna düşündi.
Ol garaýyşda “Şu garamaýaklardanam iripdirin-ow, halys bolupdyryn-ow” diýen many bardy. “Entäp ýören arakkeşdir welin, geler-de, üçleşeni bar ýaly, ot dilän bor ...”
Berdiniň ýüzüne urlan ýaly boldy. Ol eýýäm ara açyp barýan “Volwonyň” yzyndan birhili öýke, arman bilen seretdi. Şol wagtam içinden, garnynyň-gapyrgasynyň töwereklerinden injejik bir sanjy döräp, gitdigiçe-de güýçlendi, awusy ýüregine urdy. Bu onuň şu gün görmeli zady däldi. Baryp-ha student ýyllary, Daşkendiň içinden geçýän sowuk suwly Anhoruň boýunda ilkinji söýgüsi öňünden çykanda-da şeýle bolupdy.
Ol şonda ömür ynanmaýan, bilmedik-görmedik hakykaty bilen ýüzbe-ýüz boldy: ine bir mähriban gyz, gözüňi aýryp bilmeseň nädersiň asyl? Okuwa gaýdanda, kakasy “yzyňa bir sary gulpaklyny tirkäp geläýmegin” diýipdi. Soňam, birinji kursy tamamlap, kanikula baranda, şatur-şutur toý tutup, aýagyny duşaklap goýberipdi. Berdiniň göwni bir ýalydy. Aslynda, daşyndan yşnaklyja görünýän gyzlara oglanlykdan hyrydar garanam bolsa, onda henize çenli beýle ot-ataş köremändi.
Natura bolmaga gelýän gyzlaryň daşyndan ilki aýlanýanlaryň birem bolsa, ol heniz beýle duýgyny bilenokdy. Ine-de, birden, garaşman durka, kalbyň ter çemenli jülgeleriniň birinde ýangyn tutaşdy duruberdi. “Obada gyzyl kürteli gelin ýoluma garap otyr” diýmedi, “beýle zat bolmaz” diýmedi, asyl dünýe gözüne görünmedi...
Şondan soň ol natura bolmaga gelýän gyzlaryň daşyndan has kän aýlanmany çykardy, olary “suwly äkidip, suwsyz” getirdi “suwsuz äkidip, suwly” getirdi. Ýöne içde körän ot barha tutaşmak bilen boldy, öçmedi. Onsoň gök gözleri umman ýaly gyz bilen süýji-süýji duşuşyklar başlandy... Dünýede diňe şol gyz galdy...
Berdi ýoluň gyrasynda “Wolwolynyň” yzyndan garap galan ýaly bolup bir sägindi-de, gözlerini ýumup, şo-ol alysda galan gök göz gyzy - Katýa - Katerinasyny ýatlady. Katýa gögümtil köýneginiň dyzyna ýeter-ýetmez etegini aşagrak çekip, garşydan öwüsýän garagol şemala çalajadan gaşyny çytdy-da, Berdiniň yşk-ataşdan ýanyp duran gözlerinden uýaljyrapmy, aljyrapmy, hol öňe bir ýerlere sereden boldy-da, “Men gitdim, şundan aňryk ugratma”diýdi. Berdi onuň sözüniň sözdügini, diýeniniň diýen, aýdanynyň aýdandygyny bilýärdi. Onsoň, onsoň ol Katerinanyň yzyndan garap galdy...
Kanikul golaýlaberende, yzyndan oglunyň bolanlygy baradaky habar baryp, Berdi alasarmyk bir ýagdaýa düşdi. Indi yzda, obada diňe gyzyl kürteli gelin däl, oglam bardy: diýmek, öý-işik, maşgala, sözüň doly manysyndaky döwlet bardy, öz döwleti bardy. Bärde bolsa, aňyrsyna göz ýetmeýän, bärsinde garap durup, eglenip-säginip bolmaýan döwran bardy. Yşk-ataşyň jigeriň başyndan bir ýerlerden dömýän çydap-çekip bolmaz heseri hemem ogul höwesi aralykda germesatan bol diýlen ýaly...
Berdi bu iki arzyman aralykda altyn ortalygy tapybam, saklanybam biljek däldi. Onsoň, onsoň ol içdi,ömründe ilkinji gezek iki kenar aralygynda daljygyp içdi. O kenarda ogul bardy, goljagazyny galgadyp, ogul yhlasy bilen çagyrypjyk ýatan ogul bardy! Bärde bolsa, göwünde, kalpda arzyman bolup, nijeme ýyllaryň atsyz-sorsuz armanyna öwrülen, ine, indem gyzylly hum ýaly birden üstünden gelnen gyz bardy! Onsoň, onsoň ol ýene içdi, ömründe ilkinji gezek iki kenar aralygynda sermisal bolup içdi.
Köçeden barýan daşary ýurt maşynlarynyň biriniň salonynda gaýşaryp çilim çekip oturan gara saç gelini görüp, Berdiniň ýene çilim otlanmalydygy ýadyna düşdi. Hol öňde, ýoluň gyrajygynda gök-sök satýan, ýöne gök-söge derek ýalpyldawuk gaply daşary ýurt önümlerinden hyra-dyk doldurylan kiçijik larýok-dükan bardy.
Berdi käte çilim alansoň, larýokçy oglanlar ony tanyş adam ýaly garşylardylar. Bu gezegem şeýle boldy, larýokçy oglanlar oňa edep bilen salam berdiler, “agam” dagy diýip, çöken göwnünem biraz galdyryp goýberdiler. Ýöne olaryň otlary welin ýok eken. “Ine, çilim al, amerikan çilimi” diýşip, gaýta, çilimlerini mazamladylar. Berdi çilimiň bahasyny eşidip, başyny ýaýkady-da, içinden: “Her döwür - bir döwür” diýleni. Çörek ýigrimi teňňeden, çilim elli manatdan...” diýdi.
Berdiniň başyny ýaýkanyny görüp, larýokçylar gülüşdiler, “onda bolmasa, çagalara bir zatjagaz al-da”diýip, bir çümmüjek edilip ýalpyldawuk kagyzlara dolanyp, kiçijik şygyrdawuk haltajyklara salnan süýjüjikleri görkezdiler. Berdi olaryňam bahasyny sorady.
Bir mahallar ullakan gapyrjagy ýigrimi altymy, ýigrimi sekizmi köpükden berilýän mekgejöwen gowurgasynyň bir çümmüjegi bäş manat... Berdi ýene başyny ýaýkady, oduň ýoklugynyň sebäbi bu taýda ýaly-la diýdi, ýene öz ýoluna gönükdi.
Ýöne edil larýogyň aňry ýanjygynda, bagyň aşagyndaky skameýkada ýanaşyk oturan gyz-oglany gördi-de, ýene Katýany ýatlady. Içindäki, bagrynyň bir ýerlerindäki agyry güýçlenip giden ýaly boldy. Ýüreginiň başyndan bir ýerlerdenmi, bagryndanmy gan akýan ýaly boldy. Onsoň gözlerini syldy. Ýöne gözüň etegi gus-gurydy. Hemişe şeýle bolanda, gözleriniň etegi çygjarardy, owasy püre-pür bolar, kenardan agar-agar bolup durardy.
Berdi öňki ýüregem galmandyr diýip pikir etdi. Öňki ýürek! Päheý-de welin, o galjakmy diýsene! Öňki ýürek, öňki göwün bolanlygynda, belki, ol beýdip, ýolboýy ot sorap, görene ýüzüni saraldyp ýörmese-de ýörmezdi. Katýa, Katerina dälmi onuň bu dünýä ot-ataşyny, yşk-höwesini öldüren?..
Kakasy pahyr, baý, ikarada ot-elek bolup-da! Kimiň kellesine geljek, Berd-ä oba, kanikula gaýdar, olam şol alys Orsýete gidip, bäş-alty aýlap garyndaşlarynyňkyda ýaşar-da, birdenem gel-de meni äkit diýip, okuw bilen seri bolman, Katerinanyň enesiniň ýanyna zygyr-zygyr gatnaýan aşygyna telegramma berer diýip...
Bararsyň onsoň bärden, “nirdesiň Orsýetiň Katerinaly obajygy” diýip, ýol söküp, ýurt aşyp. Barsaň, ol öňki gören çaga meňiz gyzjagazyň tegelenip, dolup oturandyr...
Berdi iki eli bilen kellesini tutdy-da: “Bi näme etdigiň? Aýtman-diýmän nädäýipsiň sen?” diýdi.
Katerina: “Aýtsam aýyrtdyrardyňyz” diýdi.
Berdi: “Meň aýalym, çagam bar ahyryn?!” diýdi.
Katerina: “Menem çagam bolmagyny isleýän” diýdi.
Berdi aljyrap, näme etjegini bilmän, hyrçyny dişläp, duran ýerinde ters öwrüldi.
Katerina: “Diňe senden bolmagyny isleýän! - diýdi. - Ýöne sen gaýgy etme, hiç azaryny ýetirmen.”
Onsoň, onsoň Katerinalaryň öýünde goh turdy, dogany Berdiň öýüne telegramma berip, bu goh-galmagala obadaky kakasynam goşdy. Bende şonda ikarada janserek bolandyr-a...
“Katerina, Katýa!..” Berdi eşidiler-eşidilmez pyşyrdady. Okuwyny gytaryp, Daşkentden gaýdanda demir ýol wokzalynda delminip galan gelin, garagözelek gyzjagaz göz öňüne geldi. Onsoň, onsoň şondan şuňa hemem şundan şoňa uzan sergezdanlyk başlandy. Ikarada germelip, üzülere gelip, ahyram Katerinasyny gahba pelege elden aldyrdy...
Berdi töweregini garanjaklap, gelýän-geçýänleriň ýüzüne soranjaň seredip, ýene gyssanmaç ot agtardy, emma otly tapmady. Soranlarynyň birki sanysy “ýok” diyen manyda çala başyny ýaýkap ötse, ýene biri “jyk” diýip geçdi.
“Ötegçilerem edil ömrüň geçişi ýaly geçip barýarlar” diýip, Berdi öz ýanyndan pelsepe otardy. Biri başyny ýaýkaýar, biri bolsa, sagat ýaly, jykgyldap geçip barýar. Olam başda şeýledi, sagat ýalyjakdy. Jykgyldysam ýitijedi.
Katerinanyň armany diýmeseň, armany ýokdy, aldygyna işleýärdi, Katerinadan galan ýalňyz ýadygärine - gyzjagazyna her aý, hepdäniň anyk bir gününde puljagaz iberýärdi. Käte bolsa, ýüregine düşüberse, Daşkendiň otlusyna münüp, Katerinanyň garry enesiniň ýanyna, gyzjagazyny görmäge baryp gaýdýardy. Garry bilen derdinişip, gyzjagazyny bagamy, bazaramy, şähere, derýanyň boýlarynamy aýlap, derdini egisýärdi.
Gelse, yzynda-da çagajyklary itenekde-çomanak, hytda-da-mytda. Baş-başdak jaý salnan, baş-başdak oturylan ýerdäki bisereşgen obajyk hemem çyrşaklyja çagajyklar onuň ýüregini ýene we ýene alawladyp, otlap, tutaşdyryp goýberýärdi. Onsoň ol işleýärdi, adamlara elinden gelen ýagşylygyny edýärdi. Döredijilik öýlerine, obalara gidip işleýärdi. Durmuş bolsa, erbedem däldi, gowudy. Şeýdip barşyna bir gün, baş-başdak oturylan ýerden göçüp, mikraraýondan berlen dört otagly kwartira girdi...
Çagalar bolsa, mekdebe gidip-gelip, kakalarynyň saýasynda arkaýyn ösüp-ulalyp barýardylar. Ol “ýene sanlyja ýyldan bar zat çepbesine çöwrüler, çilim puly uly gaýgy bolar” diýip pikir edipmidi? Eger-eger. Eger birleri “bu şeýle bolar” diýse-de, ony ynandyryp bilmezdi. “Adam pahyr ertirden umytly ýaşaýar, “ertir bu günkimden gowy ýaşaryn” diýip ýaşaýar. Onsoň, gününi sanap ulalyp barýan çagajyklaryň rysgalyna ertirden umyt uludy, olaryň hersini öýli-işikli etmelidi, ile goşmalydy. Uly ýollara ataryp goýbermelidi...
Berdi elindäki çilimini barmaklarynyň arasynda oýnada-oýnada owradanyny duýman galdy. “Içigar, öňem nä günlük bilen tapýan” diýdi. Aýlyga çenli Şyhberdiden bir elli manat alyp, oňa-da “köpräge ýetsin” diýip, iň arzan çilim alypdy. Ylaýyk üç gap “Primaly” bolupdy.
Düýn bolsa, “arzanrak düşjek ýaly-la” diýip, birazajyk nas alyp, nas atybam görüpdi. “Ýene şu kem boljak däl ýaly-la” diýip, nasa tarap gyşarybam ugrapdy. Ýöne ýene Şyhberdiniň elli manady çilime gaýtaryp getirdi-de, ot gözläp ýörmeli bolaýdy. Ýogsa bu mahal nasyň pinegini görüp barýan adam bolmal-a. Ony atmaň täze bir usulynam oýlap tapdy, ýukajyk kagyza dolap, diliniň aşagyna atýar welin, baý, gowy-aýt...
Berdi ýene iki kişiden dagy ot sorady. Ýöne oda derek, asmandan ygym-sagym enteşip ýören bulutlardan iri-iri damjalar dökülip başlady. Berdi sürçegi çykaňkyrlan, aşagy dagy sürülip mazaly ýukalan köwşüne seretdi.
Ýene öýe ezilip, dabanyndan çyg geçirip barjagy barada oýlandy. Köçeden hyryn-dykyn bolup barýan awtobusa umydygär göz aýlady-da, ýene dyknyşyga girip bilmejegini serine getirdi.
Birhili, ebti agan, ebgar düşen, gaharly we gödek adamlaryň üsti-başyndanmy, agzyndan-burnundanmy kükeýän garyşyk ys-kok burnuna urup giden ýaly boldy. Onýança-da öňki Lenin prospektine ýetdi, ondan ilerligine - Eýran tarapa kollona bolup barýan uzyn ýük maşynlarynyň haýaljakdan süýşýän hatary deňinden geçip gutarýança durmaly boldy.
Berdi bu maşynlara ýük çydarmyka diýip, agyr aladanyň aşagynda galan ýaly bolup oýlandy. Getirilýänler-ä şol daşy şykyrdawuk kagyzlyja mekgejöwen gowurgasymy-da-süýji-köke bolmaly, äkidilýänler bolsa, welosipedmidir motosiklet, traktormydyr teležka, armaturmydyr ýene şuň ýaly. Ýogsa-da, gyşrak apelsinmidir mandarinem getiripdiler...
Sen-ä iýde, nemet-de otur, bizem nemedeli diýen ýaly-da. Aý, hawa-da, bize demir önümleri gerek däldir-dä, elbetde. Apelsinjik, almajyk iýsek bolýandyr-da. Düşünmesi kyn-da bi zatlara. Deň bähbitli gatnaşykmyş-da! Ýogsa-da, otluçöpem getiräýmel-ä şü maşynlary ýükläp...
Maşynlaryň yzy görnensoň, Berdi seresapja bolup köçäni kesdi, ýöne köçäni kesip gutaryp barýarka büdredi-de, entirekläp gitdi. Zordan ýykylman saklanyp, trotuara özüni atdy-da, eýýäm dykylyp ýetip gelen maşynlylaramy, ýolamy alarlyp-alarlyp seretdi. Ýöne ne ýoldan, ne-de maşynlylardan, hiç haýsysyndan seredýäňmi sen, nägilemi sen, gaharlymy sen diýen bolmady. Berdi öz bolşuna ajymtyk ýylgyryp oňdy.
Soňam her gün irden ýola çykyp, çukanak-sukanak trotuardan, aňkap duran joýajyklaryň hapa suwundan seresabrak ätläp, daş-töweregi gyzyl-ýaýyrt bolup ýatan hapa dökülýän ýerleriň burnuňy dagy alyp barýan ys-kokundan ýelpenibräk, tä ussahana ýetýänçä şäher häkimine käýinip gidişini ýatlady. Soňky döwürler zeýreňjeňräk bolupdyryn öýdýän diýdi.
Ýöne ýene özünden ýazygy aýryp taşlady: öň beýle däldi ahyryn, jaýlaram ýylaýardy, suwam bardy, köçelerem arassady, maşynlaram gowy gatnaýardy, dokçulykdam, çagalara-da yşnaklyja eşijekler geýdirip bolýardy, ine, indi gurady, indi basan ýeriňden hörp edip çaň göterilýä...
Berdi çilim otlajak bolup gelýän orta ýaşlaryndaky adamy egninden tutup diýen ýaly saklady, çilimini somlap, “menem otlaýyn-la?” diýip sorady. Ötegçi: “Aý, şunda men-ä otlap bilmedim, senem gör-dä” diýdi-de, otluçöpüni başy bilen berdi ötäýtdi.
Berdi birki çöpüni bada-bat zaýalan otluçöpüniň çyg çekendigine düşündi-de, çöpleri üfläp, guradyp otlajak bolup gördi. Ýöne mundan netije çykmady. Onsoň, “Ah meň gara maňlaýym, garpyz aldym, ak çykdy” diýip, kärdeşleriniň biriniň türklerden eşiden nakylyny ýatlady. “Ozal-a otluçöp ýok, bolanam çyg çeken.” Bu pikir oňa ýene öz aladalaryny ýatlatdy.
Ulujasyny öýerdi. Uly aladany ýeňsä atdy. Indi okuwyny gutaryp, işläp başlasa, goltugyndan göterilen ýaly bolar. Ýöne okuwyny gutarmaga ýene üç ýyly bar. Ine şol üç ýylda iş bar. Bir göwn-ä Daşkentden getirip, yzyny bärde dowam etdirdäýinem diýýär.
Ýöne ýene ogluna dözenok. Neresse, ýetde-gütdelikden horlansa-da, “ýagşy-la, oňuşmazça däl-le” diýip, şo taýda okanyny gowy görýär. Aý, hawa-da, bärde uçilişäni gutardy, aljagyny aldy, galanyny şo taýlardan bir ýerlerden çözlemeli. Arman öňki arkaýynçylyk, bolçulyk ýok. Ýogsa ol ony bärlerik getirmek barada pikir etmezdi. Her gezek gelip-gidende, harjyny ýetirip bilmän, ýöne daşyny garanyp durmaly bolýardy...
Dost-ýar bir gowy zat, ogul öýerende agramyny ýetirmediler, toýuny gül ýaly edip sowup berdiler. Myrat kel berk durdy, zadyň gaýgysyny etme asyl. Ýogsa, guda bolup, ilki bir daşyny garanjaklanyny duýman galypdy. Aý, hawa-da, Myrat kel-dä ol! Şonda, ol Katerinasy bilen ber-başagaý bolup ýörkä, bärde Myrat kelem birneme aljyrapdy.
O mahallar ol sandyk ýasap satardy. Gülli, nagyşly sandyklar ýasardy. Berdi kanikula gelende, Myrada höwes bilen kömek ederdi. Täze-täze nagyşlary oýlap tapardylar, neşelije sandyjaklar hatar-hatar bolar durardy. Ýöne durmuşyň öz nagyşlary, öz neşesi bar bolarly. Kakasy oňa gaýry milletden gelinlik gerek däl diýipdir. Ejesem bolmaz diýipdir. Onsoň ýüregi ýanyp duran sandykçy ussa öz Walentinasy bilen ene-atasynyň arasynda janserek bolupdyr...
Berdi Myradyň kakasynyň ýanyna gelip, özelenip aýdan iň soňky sözüni gaýtadan, edil ýanynda duran ýaly bolup eşitdi. Myrat: “Kaka, biz günä galýas... Çagaň ganyna galýas! Seň agtygyň ganyna galýas!” diýdi.
Gulgeldi aga tisginip gitdi: “Hä, näme diýdiň? O nämäň günäsi?”
“Walýa menden çaga garaşýa, kaka!”
“Iş işden geçdi diýsene asyl?.. Bar ejeňi çagyr, bärik gel diý...”
Ene gyňajynyň çowy bilen gözleriniň ýaşyny syldy. Ata agras dymdy. Onsoň, onsoň “biz razy, ýet” diýdiler. Myrat Walýalara tarap guş bolup uçdy. Barsa, Walýa eýýäm ejesi bilen ýurt aşyp, boýnundaky garamatdan dynmak üçin, ýola rowana bolupdyr. Onsoň, onsoň ol ýük otlusynyň wagonlarynyň arasyna münüp, arzymanyň yzyndan kowdy...
Bu zatlary Berdi soň Myradyň öz agzyndan eşidipdi.
“Berdi, görsene bujagaz çagany! Sen hudožnik ahyryn! Edil fransuz-da! Owadan, hä?” diýip, Myrat elinden tutup gelen gyzjagazyny Berdä görkezdi.
Berdi: “Näme, owadan bolmak üçin hökman fransuz bolmalymy? - diýdi. - Türkmen bolanda bolmazmy? Türkmen owadan millet ahyryn?”
“Wah, owadandyr-la, ýöne türkmen owadanlygyny saklap bilenok-da... Pariži biz indi gurmaly-da... Kim bilýä, haçan gurarys? Gurarysmy bir?..”
Berdi: “Biz Pariži göwünde bireýýäm gurduk!” diýdi.
Berdi gabadyndan biriniň zompa çykanyny hemem bir zatlar diýenini aňşyryp, sakga durdy. Ötegçi çilim soraýan ekeni. Berdi oňa elinde owkalanyp giden “Primasyny” uzatdy. Ötegçi odam sorady. Berdi egnini ýygyrdy-da: “Menem tapman gelýän şony” diýdi. Ötegçi ýylgyrdy-da: “Hä, şeýlemi? Onda bolýa” diýip, elini salgady-da, öz ýoluna gitdi.
Berdi ötegçiniň yzyndan garap durşuna çilim çekesiniň gelip halys bolanlygyny duýup galdy. Sermenip, çyg çöpi salan jübüsini çöwürdi. Ýöne otluçöpüň şol çyglygy eken, “jyzt” eden bolsa-da, çilim otlap gönendirmedi.
“Mal eýesine çekmese şumluk” diýenleri. “Otluçöpümizem biziň özümiz ýaly-da” diýip, Berdi uludan demini aldy. “Adymyz otly çöp bolsa-da, odumyz odukdyryberenok...”
Berdi çilim çekesi gelip, gözleriniň dagam garaňkyrap-garaňkyrap gidýänini, halynyň halys teňdigini aňdy-da, “bu diňe çilimkeşiň azarlamasy däl, meni durmuş basmarlaýar” diýdi. Gözüne ýanyp çürşen, egrelen otluçöpleriň garaja sudurlarynyň giden bir topary görnüp giden ýaly boldy. Olar ýoluň sagyndan hem solundan mytdyldaşyp ýöreşip gelýärdiler. Aýaklarynda etegi-ardy sürlüp giden ýyrtyjak köwüşleri, eginlerinde bolsa, çürşen bedenlerine syrlaşyp duran gara köýnekleri bar diýmeseň, olara adam-a diýip boljak däldi.
Berdi öz edýän pikirine birhili boldy. “Adamlar nire, otluçöpler nire?” diýdi. Birhili, gözüniň öňünde bolup geçýän zatlardan many alyp bilmän başlanyny, aňynyň bolsa, görüp-bilip duran zatlarynam bulaşdyryp ugranyny barmagyny çommaltmak bilen belledi. Elini galgadyp, öňünden gözleri ýok ýaly süssenekleşip gelýän “egrijeleri” iki ýana sowuşdyrýan ýaly etdi.
Ýöne her näçe elini galgatsa-da, egrelişip gelýän garamaýaklar ne sowulmany bildi, ne-de säginmäni. Göni üstüňden ýörediler geldiler. Berdi muňa erbet göwnüne deglen ýaly bolup ynjady. “Bärde palas berlenok-how, gaýta meň özümem çilim otlara ot tapman gelýän” diýip hüňürdedi. Onsoň, onsoň onuň göz öňüne hojalyk harytlary dükanynyň agzyndaky palas nobaty we agyr depeşek geldi.
Berdi ellerini ýokarsynda galgadyp-galgadyp goýberenini duýman galdy. Hol uly ýoldan bolsa, daşary ýurt markaly maşynlarynda gaýşaryp oturan türkmen baýlary täze saldyrýan köşklerine tarap haýdaşyp geçip barýan ýaly, o tarapa-da alarylyp-alarylyp bakdy...
Birdenem “Mersedesdir” “Volvo” münen ýogyn adamlar egrelişip gelýän garamaýaklary bir-birine degrilip diýlen ýaly salnan köp gatly beton jaýlara tarap kowmaga başladylar...
Berdi beton jaýlar tarapdan aýallaryň gykylygyny, çagalaryň yzlaşýan sesini eşitdi. Aýallar “suw ýok” diýip gygyryşýardylar, çagalar bolsa, gyşyna çyg, tomsuna howur bürýän beton diwarlardan igläp, ysgynsyz yzlaşýardylar. Onsoň Berdiniň burnuna haplap çygly porsy urdy... Berdi ellerini daldalady. “Ýok-la, beýle bolmaz-la” diýdi. Onýança “Mersedesliler” maşynlaryny yzky tigriniň üstünde yzyna aýlap, hol beýlede ýalpyldap görünýän giňiş köşklerine tarap dolandylar.
Berdi ýene agyr pikirlerden saplanjak bolup synandy, saçlaryny daraklan boldy, ýüzüni-gözüni aýasy bilen sypalaşdyrdy. “Gowy bolar-la, hemmesi wagtlaýyn-a bu zatlaň” diýdi... “Ine, Oraz jan dagy okuwyny gutaryp geler, onsoň hudožnigiňem gerkdigine düşünerler. Olar edil kakalary ýaly horluk görmezler, kakalarynyň çekmedik beýik hem ajaýyp suratlaryny çekerler. Ýok, olam çekjekdi, ýöne hany, maý boldumy näme? Ilk-ä o beýik pikir kemala gelmeli, bişmeli, soňam durmuş...”
“Salawmaleýkim-ow! Näme, indi ýolda-da surat çekýäňmi?”
Berdi bu tanyş sese tisginip gitdi: “Hä, Ýedinazar jan, senmi? - diýip, iki elini uzadyp gelýän obadaşy bilen elleşip görüşdi. - Surat çekme nämişlesin, ýöne pikirini eden bolýandyrys-da...”
Ýedinazar muňa “loh-loh” edip güldi. Onsoň saglyk-amanlyk soraşdylar. Berdi ondan oba-garaň ýagdaýyny soraşdyrdy.
Ýedinazar ýene güldi: “Ekin eken bergili, mal bakan bergili, obaň ýagdaýy şol...” diýdi.
Berdi: “Düzelişer işalla, gaýrat ediň” diýen boldy.
Ýedinazar ýene gülüp: “Onsoň biz-ä, ‘barybir bergili çykjak bolsak, şüýyl hiç zat etmänem göreli’ diýip, keselhana girmäge geldik. Biraz janymyza-da seredel-ä haw?!” diýdi.
Berdi: “Hawa-la, janyňa seretmeli-le” diýdi.
Ýedinazar öňküden beter gülüp: “Ýöne olam ýetdirjek däl bize - diýdi. - Barsam, “koýka ýok” diýip goýberdiler. Indiki hepde boşaýmagam ahmalmyş. Derman ugrundan işleýän bir obadaşymyz bolmaly, ertir şoň gözlegine çykaryn-da...”
Berdi gülüp salamlaşyşy ýaly, gülübem hoşlaşan obadaşynyň yzyndan garap durdy-da, ýeňillik bilen öz ýoluna ugrady. “Bolsa-da, adamyň häsiýeti üýtgejek däl, şol bir bolşy şuň” diýdi. Soňam Ýedinazaryň kakasy Kakajan aga pahyr ýadyna düşdi-de, başyny ýaýkap goýberdi. O dagy oglunyň çenem däldi, durşuna gürrüňdi özem. Berdi onuň Samsyk depe baradaky gürrüňini surata geçirjek bolup kän kelle döwüpdi.
Heý, pahyr... Bir gezek ol: “Şo depäň adynyň nämeden galanyny bilýäňizmi? - diýip, Samsyk depäniň ýanyndaky meýdan düşelgede çaý içip otyrkalar gürrüňe başlady. - Ozal oba bolan şu taýda. “Samsyklar obasy” diýer ekenler. “Samsyk depe-de” diýer ekenler. Bi bir agyr oba bolan. Baýy-begi, batyry-atarmany dagam ýetik eken. Özlerine göwünleri ýetip, murtlaryna tow berip, “aý, biz pylanyň neslidiris” diýşip, aňyrlaryny öwmäni, öwünmäni gowy görer ekenler. Özlerem gözlegleri tomaşa, gülki eken.
Onsoň bularyň obalarynda toý-tomgy ýa bir üýşmek bolsa, üýtgeşik bir tomaşa gurnamak däbi ýörgün bolupdyr. Ýakasy gaýyşly samsyklar döräpdir şeýdip. Olar özara warsaky aýdyşar ekenler, her hili wejeralyk tapar ekenler, garaz, baş baýrak ugrunda hiç masgaraçylykdan gaýtmaz ekenler. Soňabaka ekin-dikin, mal-gara, atarmanlyk-çaparmanlyk dagam hol soňky derejeli bir zat bolup galanmyş onsoň... Bir gezegem obaň uly baýy toý tutup, bu toýa-da goňşy obalardan dagam samsyk bary ýygnanypdyr. Uly baý toý edensoň, baş baýraga iner dagy goýlar tamasy bar eken özem.
Muny baýdan osmakladyp soranam tapylypdyr, garaz. Onsoň baý iň aňrybaş samsyklyga iň uly baýragy goýjakdygyny, iň aňrybaş samsygyň, ýurt samsygynyň iner idip gitjegini aýdypdyr...”
Kakajan aga pahyr gürrüňiniň şu ýerine ýetende “loh-loh”gülerdi. “Iner idip gaýtmak üçin nämeler edilmeýä?.. Onsoň çar ýandan ýygnanan samsyklaryň arasynda ýurt samsygy adyny almak ugrundaky darkaş başlanypdyr. Samsyklar her hili wejeralykdan gaýtman, bir-birini masgaralapdyrlar. Ýöne her niçe çytyraşsalar-da, her niçe çygylsalar-da, samsyklaryň ýaryşy Gultak han gelýänçä hiç gyzyşmandyr.
Ahyry gün günorta boluberende toýa Gultak han gelipdir. Gultak han geldi diýlenden samsyklar ýerinden gozganyşyp, gozgalaň tapyşyp ugrapdyrlar. Hol ilerki obadan gelen ýakasy gaýyşly samsyk bolsa, donunyň syýyny biline çolan bolupdyr-da, burnuny ýelä tutup, ysyrganan bolagetdin, ýörmülläp baryp, Gultak samsygyň ýeňsesine aýlanypdyr.
Toýçy märeke tomaşanyň başlananyny bilip, “bu günki darkaş-a ilerki samsyk bilen gaýraky samsygyň arasynda boljag-ow” diýip, ýakasy gaýyşlynyň yzy bilen gürre göterilip, Gultak hanyň atyny iltän tudunyň ýanyna üýşüpdir.
Gultak ilerki obalynyň eden bolýan oýnuna bada-bat düşünse-de, birbada hiç hili gaýtargy bermändir. Mundan beleň alan ilerki samsyk bolsa, Gultagyň ýeňsesinden aýrylman, mada eşegiň ýeňsesinde köwejekleýän erkek eşek bolan bolup, birsalym bolmajysyny bolupdyr.
Toýçy märeke muňa gözüni ýaşardyp gülüpdir, el çarpypdyr, gykylyk-şowhun turzupdyr. Gultak welin, han adyny güne ýatyp alan däl belli, hiç zat bolmadyk ýaly, arkaýyn düşek üstünden oturypdyr-da, telpegini bir gapdalyna, tahýasyny beýle gapdalyna taşlap, naskädisini dişine tyrkylladyp, tüýs toýa gelen ýaly diýýä.
Onsoň Gultaga çaý-nahar çekipdirler. Gultagam arkaýyn çaý-nahar edinipdir, ondan-mundan warsakyrak gürrüňler edipdir. Ýöne millet welin, wakanyň soňuna garaşýa diýýä.
Märekäniň içindäki ýüzi ýyrtygrak adamlar bolsa, “Gultak han-da, Gultak batyr, Gultak serdar-da, Gultak beg” diýip, samsyklara hasam beleň berýä diýýä. Ilerki obaly samsyk bolsa, Gultak gelip oturansoňam, ýanyndan aýrylman, hem dil bilen, hem el-aýak hereketi bilen, şol süýkenip otyr diýýä. Onsoň Gultak “kellebaşaýak bişmedim-aýt, ýa bu toýda janly soýulmadymy?” diýdi.
Toý mähellesi çalaja tolkunyp gitdi. Bärden aňyrlygyna Gultagyň näme etjek bolýanlygy baradaky çaklamalar uruldy. Aňyrdan bärligine ýüz dürli çen edildi. Gara gazanda gaýnamy ýeten kellebaşaýak çorbasy geldi onsoň. Gultak beg ellerini çermäp, kelle diýmän, kyrkgaryn diýmän, aýak diýmän, baý bir sellem gidişdi-ow. Arasynda-da ullakan kaşyk bilen çorbadanam eňterip-eňterip aldy.
Gultak batyryň ozalam süzme halta ýaly bolup gabaryp duran garny alaň ýaly hol ýokaryk galdy. Batyr welin, maňlaýyndan, çekgelerinden syrygýan deri gyraly ýaglyk bilen sylyp, ilerki obaly samsyga käte bir gözüni aýlap, “seni bir etjegim bardyr” diýýän ýaly, çala ýylgyryp, tirsegini ýassyga berip, “indi bir düme ekilen garpyzam bolaýsa, baýyň toýuna meňzeş däl bi, hemme zady sorap iýmeli” diýdi...”
“O-how, ýoldaş mollum! Salawmaleýkim! Ussahanadan gelýänsiň-ow! Aý, siz boljak ýokdur-la!..”
Berdi aňk-taňk boldy. Kakajan aganyň gürrüňine gaty gümra bolaýan oguşýan asyl. Görse, edil alkymynda üç-dört ýyl mundan öň uçilişäni gutardyp goýberen okuwçysy dur. Hawa, ol ony gutardypdy, zor bilen, süýräp diplomly edipdi.
“Ýaa, mollum, henizem şo dünýäň pikirini edip ýörşüňm-aý? Ýör, bileje keýip çekeli-le? Hana, gül ýaly gyzlar bar...”
Berdi onuň gapdalynda iki sany gyzyňam bardygyny, ýöne olaryň biraz aňyrrakda duranyny diňe şundan soň görüp galdy.
“Beýdip ýörmän, surat çekseň bolmyýamy?” Berdi halys aljyrandygyny şu sözleri aýdandan soň bilip galdy.
“Ýaa, mollum! Surat çekmek üçin, bilýäň-ä sen, içiňde bir ot bolmaly, ataş bolmaly, ýanyp-köräp duran. O bamy bizde hany? Hiç zat galmad-a! Diňe şu gyzlar galdy!..”
Berdi neden “şol ot-ataş-a bizde-de galmady” diýipdi. Ýöne ol muňa derek başga zat: “ýogsa-da, çilim otlaly-la, oduňy bersene?” diýdi.
“Ýaa, mollum, ýör gideli, çilim çekme, gowusyndan çekeli! Paýalnikli-zatly kwartira bar, şu gyzlaň biriniňki. Gowy filmlerem göreris, errotiçeski diýilýänlerinden. Aragyňam gowusy bar şo taýda. Beýdip ýörm-ä senem, indi sungat kime gerek, surat kime gerek?..”
Berdi: “Ýok-la, men öýe baraýyn, sen gidiber - diýdi. - Biz indi o diýýänleňňi eýgermeris...”
“Ýaa, mollum? Öýe barsaňam, telewizor bilen sögüşer oturarsyň-da...”
Berdi: “Aý, hawa, dutary ters tutup oturan bagşysumakdan-a ýadadyk” diýen boldy.
“Ýaa, mollumy, diňe bagşa sögýän dälsiň-le, walla? Ýör, gideli, ýadyňdan çykyşar! Ýogsa däliretjekler-how! Opytnyý gyzlar bular, o biriniň-ä kakasy baýam, şoň jaýy barjak ýerimizem. Eýläňi-beýläňi syparlar welin, ölen damarlaňňa-da jan gelen ýaly bor eddil. Mollum, ýalbartmasana, maňa ýoldaş gerek şumat. Hana, özleri “ýoldaş tapyn” diýip dur-how...”
Berdi uçilişäni zordan gutaran okuwçysyndan zordan sypdy. Ýöne onuň “telewizor bilen sögüşer oturarsyň-da”diýeni welin, ýüregine çüňk boldy. “Şun-a dogry aýdy-aýt” diýdi. “Dogurdanam, öýe bararsyň, saçagyň ýukalandyr, holodilnigiň içi ap-arassajadyr, telewizorda bolsa, ine saňa gerek bolsa, gözüňe bol-elinlik! Sögüşer oturarsyň-da onsoň.”
Arad-a şuň ýalyda bir myhmanam geläýdi. Eýranly oglan. Hudožnikler soýuzyndan Hindistana iberenlerinde, şo ýerde duşup, şondan bärem hat alşyp ýördi. Ana, şo geläýdi. Biraz içgiliräkdem öýdýän şonda. Ýöne Berdiniň şul ömrüne nobata durup ýeten dördünji gatdaky ýalaňaçja jaýyndan, saçagynyň ýukalygyndan utanyp, haýsydyr bir daşary ýurtdan geleniň bolsa, iki günde pasport alyp, ýene birinji gatdan iki kwartirany birden satyn alanlygy baradaky gürrüňine gaharynyň gelenem çyn... Kowarsyň-da onsoň myhmanyňy...
Berdi ýene Berzeňňiniň ilersinden berlen bag uçastojygyny ýatlady. Üç ýyldyr, suw eltilse, şo “Nahalstroýdaky” ýaly wremýankajyk salnyp, kempirem alyp göçeýin-le diýen pikir hiç gününe goýanok indi. He-eý, “Nahalstroýkadaky” wremýankajygyny diýsene, jaý berdik, göç diýip, dyzynyp, çykaryna mähetdel üstünden traktor sürdüler. Indem ine, dört sany beton diwaryň içinde, ne suw bar idili, ne-de söl...
Daça diýip, hil bir zat beren ýaly, suw eltilýänçä, tok çekilýänçä, maşyn gatnadylýança bir ömür geçjek... Ýogsa, belki, bumada bagjagaz dagam ýetişdirerdi, iň bolanda iýjek gögüňe pul bermeli bolmazdy. Maljagaz dagam saklasa saklardy. Bolmanda-da, indi hudožniklikden çörek ýok ahyryn. Ussahana diýip, gitse gidip, gelse gelip ýör welin, ibaly bir bitirip bilýän işi ýoga ynha. Ýaňky “ýaa-heýiň”aýdýanynyň jany bar, içde bir ýanyp duran ot-ataş gerek, onam-a öçürdiler...
Ýogsa-da, ýaňky “ýaaheý” bilen gidäýen bolsa, biraz dünýäni-hä unudardy. Soňky döwür dünýäni unudasy, nädibem bolsa biraz gaýgy-aladadan dynasy gelýänem-ä çyn. Şoň üçindir-dä walla, köprägem içiläýýä. Çagalaram indi bez bolup ýör öýdýän. Aý, bez bolman nätsin, öýüňde öýlänlik gaýgy, senem içip barýaň. Mürehet eden bolsa gidiberýäň asyl. Garralýamy, nämemi, datdygyň ýetýä o sadagasy gitdigimem. Näme diýýäniňem, näme edýäniňem bileňok onsoň...
Bäh, ýöne zeýrenip gidip otyryn-aý? Zeýrenjeňem boljak men-ä. Adam bir ýagşy umyt eder, “gowy bolar” diýer welin, meňki tersine-aýt? Ine, bu zatlar bir wagtlaýyn nemedir, Orazjan dagy okuwyny gutaryp gelýänçä hemmesi düzelişer, kada geler. Şeý diýen bor-da bir adam diýeniň. Bolmaz-a öz-özüňden göwnüňi geçirip, gün-günden çöküp barmak...
Çökmäňde, “ine, gowy bolar” diýip näme gördüň diýsene? Hey, düzelen zat boldumy şu ömrüňe?.. Beh, meňki boljak däl-ow, ýene zeýrenäýýän. Ýogsa-da, Kakajan aganyň gürrüňine geleýin-le. Pahyr Gultak diýip, giden bir seriýa gürrüň bererdi. Ana onsoň, şonda Gultak han ilerki obaly samsygy it masgarasy edip ýeňipdir diýýä, aý asyl kemini goýmandyr diýýä diýen bordy, pahyr...
Berdiniň gulagyna Kakajan aganyň myssyjak ses bilen, arasynda mysylap gülüp berýän gürrüňi eşidilip-eşidilip giden ýaly boldy.
“Ana onsoň, Gultak hana gumda düme biten uzyn ala garpyzam käseläp beripdirler. Ilerki obaly samsygam Gultak näme etse, şony gaýtalan bolýa diýýä. Arasynda-da, ýerinden turup, Gultagyň ýeňsesine geçip, ardyny ysgan bolup, burnuny ýokarlarykmy, ýelämi tutup, jyrtlan dagam bolup ýör diýýä.
Onsoň, garaz, Gultak han garpyzdanam mazaly garnyny ýazdy diýýä. Birsellem toý eýesini, soň obaň bereketini, akyl depäni öwdi diýýä. Şo wakadan ozal Samsyk depä “Akyl depe” diýer ekenler. Bereketli ýurt eken özem. Kesewini dürtseň, gögerdip oturan topragy, bal ýaly suwy bar eken. Ýöne şol wakadan soň bereket gaýdyp, bi ýerleri çakyr ýeller mekan edinipdir. Suwam çekilipdir. Şordan gyrawlap yatardy ýaňylaram...”
“Ýeri onsoň, wakaň yzy näme bilen gutardy?” diýip, garagol oglanlaryň biri Kakajan aganyň gürrüňi süýndürmesine takat etmän sorady.
“Hä, hawa - diýip, Kakajan aga mis tüňçesinden güllüje käsesine syrkyryp çaý guýundy. - Wakaň yzy şeýle onsoň: Gultak ilerki samsyga edýäniň näme diýenok. Toý mähellesi bolsa, “Gultak, nätdiň-ä muny? Bir zat ed-ä beýtdirip oturma-da” diýip, öz samsyklaryny gyssap ugradylar... Hä, hawa, mundan öňürti men Gultagyň öldürilişini aýdyp bereýin-le. Şol has gyzykly...”
“Äl, nätdiň-aý, Kakajan aga?” diýip, oglanlar nägile boldylar. Kakajan aganyň welin, gürrüňini hasam gyzykdyrasy geldimi, nämemi, wakanyň soňuny aýtman, başga waka geçdi.
“Ana, onsoň ilerki samsyk bi toýdan şeýle masgara bolup gitdi diýýä. Ahmyrly diýýä-dä. Gultagyň bolsa, her hili hokga çykarmasy bar. Bir gezek ol goňşy obaň toýunda ýaňky ilerki samsyk bilen bir toklyny kellebaşaýagyna, kyrkgarnyna çenli iýerin diýip jedel edýä. Ilerki samsygam bir tokly menden diýýä. Onsoň toklyny soýagetdin getirýärler, atarýalar gazana.
Gultak gazanyň düýbünde bir owurt çorba-da goýman aparýar-ow şunyny. Şeýdýä-de, turýa gidiberýä. Ilerki samsygam ahmal däl eken. Şu näme edýäkä diýip garama-garaba yzyna düşýä. Ine, şu depäň beýle ýüzünde bazar bolar eken o mahallar. Gultak şuňa gelýä-de, goşýumruk ýaly gyp-gyzyl düýp soganlardan donunyň syýyny dolduryp, terne gemren ýaly gyrçyldadyp iýip ýör diýýä. Ilerki samsyk muny görüp, hany indem bir göreli, edişime bir bak seni diýip, hyrçyny dişläp, yzyna gaýdýa.
Soň, onsoň, ýene bir oturlyşykda Gultaga gabatlaşýa-da, ýene bir tokludan urýa bi jedeli. Gultagam näme, zatdan habary ýok, toklynyň ýahnasyny Görogly beg däldirin öýtmän çekýä başyna. Ýöne haýp, ilerki samsygyň inisiniň jedel urlanyndan bazara gideninem, bar soganlynyň soganyny satyn alanynam bilenok diýýä.
Ap-arkaýyn turup, süzme halta dönen garnyny sypalan bolup, nirdesiň bazar diýip barýa diýýä. Ilerki samsygam näme, görjek, biljek, yzyndan galanok diýýä. Barsalar, bazaram birki obaň bazary, ne sogan bar, ne beýleki diýýä. Aý, garaz, Gultak iki ýana haltyllap, sogan gözläp ylgaýar-a, ýöne hiç tapmaýa. Garyn bolsa, çişip, iş-işden geçip barýa diýýä. Ýarylyp ölüpdir, bedibagt...”
“Kakajan aga, beýtmesene, janserek etmesene? Akyl depä Samsyk depe adynyň galyşyny aýtjak diýdiň-ä sen?..” diýip, oglanlar ýene sabyrlaryny suwa gaçyrdylar. Kakjan aga bolsa, öz gürrüňinden özi lezzet alyp, “hä, ony diýseňiz-le” diýip, gyraly ýaglyjagyny çykaryp, derini syldy.
Berdi şu gürrüňleri edil şu gün eşiden ýaly yatlap bilşine geň galdy. Çilim ýadyna düşüp, ýene çygly otluçöpde bagtyny synap gördi. Otluçöp pyzt etdi-de, ýanmady. “Bäh, daşyndan göräýmäge bir allanäme otluçöp welin, çyg çykse, boljak däl eken-ow” diýip, Berdi otluçöp gabynyň eýlesine-beýlesine seredişdirdi.
“Öýe-de ýetip gelýän ekenim” diýip, ozal sport harytlary satylan, indi bolsa türkleriň bir zatlar edişdirip täzeden enjamlaşdyrýan dükanynyň agzyna gelenini görüp oýlandy. “Gowusy, nasa geçmeli öýdýän” diýdi. Ýene “öýde ot bardyr-la, bolmasa gazdan otlaryn-da” diýibem “Primasyny” jübüsine ýygnady.
“Hä, hawa - diýip, ýene Kakajan aganyň sesi eşidilen ýaly boldy. – “Samsyk depe, Samsyklar adynyň galyşyny aýt” diýdiňizmi? Ana, şo gezek iňrik garalyberende Gultak ýerinden galýa. Baýyň tamyna elini uzadyp, “şuňa bir merdiwan söýäň” diýýä. Degenek pyýadalar ylgap baryp, baýyň ile göz edip saldyran pagsa tamyna merdiwan söýeýäler. Gultak gyşarylyp merdiwana tarap ýönelýä welin, ilerki samsygam şol Gultak gelip düşendäki oýunjygyny gaýtalap, yzy bilen ýörmüllän bolup barýa diýýä. Gultaga-da geregi şul bolarly, hiç zat diýmeýä diýýä.
Onsoň ol bärden merdiwanyň ýanyna barýa-da, boldan biçilen gyýma balagyň uçguryny silkip goýberýär. Ilerki samsyk muňa hasam bolmajyny bolup, Gultagyň ardyny ysgan bolup başagaý diýýä. Gultak welin, balagy taşlaýa-da, ýuwaşjadan merdiwana dyrmaşyberýä. Ilerkem yzyndan dyrmaşýa... Aý, ahyry bolan zat şeýle-how, Gultak yzyndan gelýän merdiwan bilen bir dört-bäş basgançak galyp, ardyna dykylyberýä welin, donunyň syýyny silkip alýa-da, biline çolap bir çygylýa goýberýä-de...
Hälki kellebaşaýak çorbasydyr ala garpyzyň gara läbigi ilerki samsygyň agzy-burny diýmän, üsti-başy diýmän, göz-gülban edýä... Milletem näme, tomaşa görjek bolup, merdiwanyň aşagyna dykylyp, üstüne nemedilen millet, Gultagyň nemesiniň porsusyndan gaçyp, dyr-pytrak bolýa... Samsygy depäňe çykarsaň, şondan gowy bolarmyň bolmanda diý-dä, he-he...”
Berdi Kakajan aganyň gülküsi bilen bile Gultagyň nemesiniň nemesinem duýan ýaly boldy. Burnuny tutdy. Görse, podýezlerine ýeten eken. Aşakda, podwaldan gelýän hapa suwuň heňli ysy burnuňa urup, gözüňi ýaşardyp, alarladyp barýa asyl. Hernä öýde ýekeje gap otluçöp bar eken, onda-da çyg çekmedik otluçöp!
Aşgabat. 1993-1994 ýý.
()