Dört mugtuň höziri

Aşgabatda bir türkmen agşamara işden gelip, üstünden suw akytmak üçin wannaly otaga girýär. Görse, suw ýok.
- Eý, Nabat, kitire suw alyp goýduňmy? – Ol aýalyna gygyrýar. – Çaý bir içip bilýäsmi?
- Hawa, suw alyp goýdum, ýöne öýländen bäri gaz ýok.
- Bä, onda dört mugtdan biriniň hözirini görmek üçin telewizory açmaly-da. Şo bir boş sözleri diňlemekden däliremesek ýagşy... – Türkmen ýassyk alyp, telewizoryň öňünde gyşarýar. Emma şol wagt daşarda çalaja ýel turýar-da, tok hem kesilýär. Türkmen gyşaryp ýatan ýerinden aýalyna gygyrýar:
- Eý, Nabat, seret, duz gapda duz beri barmy?

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024