Kömelekli meýdan
...Golaýjakda bir ýerde gapy jygyldan ýaly boldy. Begli tisgindi. Jygyldy, onuň pikir edişi ýaly, Haky agalaryň gapysynyňkydy. Ol assaja ädip gelýän Haky agany görüp, duran ýerinde doňup galdy. Haky aga, birhili, diri mahalyndakydan ýigdelen ýalydy, ýüregagrydan ejir çekene meňzänokdy. Ýöne onuň bolup gelşi hiç zat diýmän geçip ötäýtjege çalym edýärdi. Begli näme edip, näme goýaryny bilmän, alaçsyz halda başyny aşak sallady.
Haky aga, onuň çen edişi ýaly, sessiz geçip gitdi. Begli onuň aýak sesini eşitse-de, başyny galdyryp bilmedi. Halypanyň kem-kem golaýdan eşidilen aýak sesleri kem-kemden daşlaşdy. Begli birhaýukdan başyny galdyryp, honda barýan Haky aganyň yzyndan müýnli seretdi. Soň ol assaja ädip, onuň yzy bilen köçä çykdy-da, agaç ýuwdan ýaly bolup, birsellem aňalyp durdy. Soň ol yzyna dönüp, Aman Numadowiçiň howlusyna göz aýlady. Howlynyň haýatlary onuň gözleriniň alnynda beýgeldi, lagşan agaç derweze demre öwrüldi...
Demir derwezeden çogup çykan “galamdaşlaryny”, Haky agadan çenelip zyňlan ululy-kiçili daşlary görende, ýer-ä ýarylmady, Beglem girmedi. Iň erbedi, onuň özem akja jüýje däldi, şol kiçijik adamlaryň biridi. Haky aga welin arkaýyn gidip barýardy. Ony saklap biljek güýç ýokdy. Geň ýeri, yzyndan zyňlan daşlar oňa ýetmän, pat edip aşak gaçýardy.
Göwnüne bolmasa, Begliniň gulagyna Haky aganyň sesi eşidilen ýaly boldy:
“Çemçeläp ýygnanyňyzy çanaklap dökmäň!..”
Birdenem başga bir geň zat boldy. “Galamdaşlaryň” zyňan daşlary tümlügi serpip, lowurdaşyp ýatan göwhere öwrüldi. Olar muny gördüler-de, bir-birinden öňürtjek bolup, duran-duran ýerlerinden öňe okduryldylar. Begli aýak astynda galaryndan gorkup, bir gyra çekiljek boldy, ýöne ýetişmedi. “Galamdaşlaryň” bir bölegi ony depeläp geçdi. Ýöne olar barybir göwher daşlara ýetip bilmediler.
Begli olaryň biriniň ýer ýumruklap aglaýanyny görüp, gulagyny üşertdi. Ol “abraý atly, mertebe atly göwher daşyny orta ýolda durmuş atly düýpsüz ummanyň düýbüne gaçyryp şermende bolanyna we yza dönmäge derek barha “öňe” gidenine” ýanýardy.
Begli üstüni kakyp, ýerinden turdy. Ýöne ol derrew özüniň ýerinden turmagynyň ýeterlik däldigine, asfalta surat bolup ýatan mertebesini hem dikeltmelidigine düşündi. Onsoň elini uzadyp, mertebesini bir zarbada ýerinden galdyrjäk boldy. Ýöne bu oňa başartmady. Ol durdy-durdy-da:
“Turuň indi, aýak astyndan ýygnanalyň!” diýip, asfalta surat bolup ýatan “galamdaşlaryna” ýüzlendi. Emma olardan jogap beren bolmady.
Birden ol ýeňse tarapdan gelýän gowry eşitdi. Bu içerdäki meýlisiň gowrudy. Ol saçak başynda arlaşyp oturan “galamdaşlaryndan” kimdir biriniň köçä çykaryny, aýak astyna salnan mertebelerini dikeltjek bolup çytraşaryny isledi. Içerde kiçi dilden bärde aýdylýan sözler barha belent ýaňlanýardy...
* * *
Begli gelende Aman Numadowiçiň myhmanlarynyň şagalaňy ýetjek derejesine ýetipdi. Giň otagy dolduryp oturanlar kileň tanyşdy. Olar bilen ýeke-ýeke görşüp çykaýyn diýseň, dogrusy, baryny bimaza etmeli boljakdy. Ol gapydan ätlän badyna, bosagada bir sägindi-de, hemmeler eşidäýer ýalyrak edip, gygyrybrak salam berdi. Işigiň çep tarapynda oturan Uzyn lakamly şahyr uzyn goluny uzatdy-da, elini silkeläp, Begli bilen gadyrly görüşdi. Ol: “Häý, indi bary bilen görşüp çykmaly bor-ow indi” diýdi. Emma onuň bilen Uzyndan başga elleşip görüşjek bolan bolmady. Asyl bu ýerde hiç kimiň gelen, giren, salam beren bilen işi ýokdy. Begli, birhili, özüni oglanlykda kän dyrmaşylan toraňňylaryň biriniň şahasyndan köýnegi ilişip, asyl-asyl bolup galan ýaly duýdy. Begli öýkeli oýlandy: “Gel-geç” diýýän ýok, asyl seniň şu içerde-hä däl, aýdymdyr owaz, gohdur galmagal, agydyr hesret bilen doly dünýede barlygyň hem hiç kimiň azaryna däl...” Birdenem, wagtynda adam aýagy düşmän, bagry eleme-deşik bolan köne ýurt ýeri, gurtlap pide bolan ululy-kiçili kömelekler, ýigit höwesi bilen ondan-oňa ylgaýan, terje kömelek gözleýän kakasy... göz öňüne gelip, Begli şol birmahalkysy ýaly erbet gyýyldy.
-- Eý, aýak üstünde durmasana, gel, geç bärik — diýip, Uzyn oňa öz ýanyndan ýer görkezdi.
Begli onuň bu sözlerini ala-goh bolşup, dünýäni bilmän oturanlaram eşidip, bary birden: “We-weý, bolup durşuň näteňet? Geldiňmi, geçiber-dä! Näme beýle, ýat ýere gelen ýaly, ulugyzsyraýaň?” diýşip, ýerli-ýerden alyp göteräýjekler ýaly, derrew görkezilen ýere geçdi. Ýöne onuň howsalasy biderek bolup çykdy, olara baş galdyran bolmady.
Begli bu oýe kän gelerdi. Ýöne beýle biparh garşylanan gezegi ýokdy. Ozallar, Aýna gelneje barka, ýeke ogullary Bezirgen ata ojagynyň başyndan örýärkä, bu howly has giň ýalydy. Okuwa girmäge gelende, kakasynyň sargap goýbereni üçin, Begli ilki şu gapyny açypdy. Şonda, baý, hezil edipdiler-ä. Olar deňiz kenaryndaky salkyn ýerleriň birine dynç almaga gitmekçi bolup, howlyny boş goýmaga ýaýdanyp oturan eken. Şondan iki-üç gün soň, Beglini howla sakçy goýup, olar salkyn kenarda dynç almaga gitdiler...
— Beh, sen nä beýdip dommarylyp otyrsyň-aýt? — Uzyn onuň böwrüne dürtdi. Edil şol wagtam Artyk diýilýän edebiýat tankytçysy söz gezegini aldy.
— Galamdaşlar! — Onuň lagyrdysy, sezlere aýratyn nazym berip, hersine üýtgeşik öwüşgin çaýjak bolşy, ellerini hereketlendirip, özüne ünsi çekmek, göz gapmak üçin janygyşy Begliniň bada-bat seňrigini ýygyrtdy. — Men arada komandirowkada boldum — diýip, Artyk bokurdagyna zor salyp dowam etdi.
— Şonda bir ýaşuly “Inim, bi ýoldaşlaň-a ganymat welin, sen ne beýle hor, ýa janyň sag dälmi?” diýip sorady. Onuň ýoldaşlaň diýýäni ho Didar şorta bilen Durdy pöwhe bar-a, ana şolar. Ikisem düýe ýaly, gabaralary esli bar zaňňarlaň, içleri köwegem bolsa... Ha-ha-ha... Men nä, olaň ýanynda köşekleri ýaly-da. Ýaňyja bolan...
Üýtgeşik bir zat aýdylan ýaly, Artygyň bu meňzetmesine ala-pakyrdy bolup gülüşdiler. “Näme diýýä, köşejikleri ýaly diýýämi? Waý, içimi gyrdy-leý, walla... Bar iýen-içenim burnumdan geldi...” diýip, saçy arkan gaňtarylan burunlak adam-a gözlerini ýaşardyp, hasam kän güldi, wagty bilenem goýmady. Has erbedi, ol birbada pyňkyryşyp, kümsük hikirdeşenler bolgusyz gülkülerini goýanlaryndan soňam, arasyny ýolup, şol kikirdedi oturdy. Söz sözleýän muňa monça boldy. Sap-sary dişlerini saňaldyp, eýmenç syrtardam:
— Galamdaşlar, dogrujamy aýdaýyn, şo gezek aljyranym çyn. Hernä, Didar dadyma ýetäýdi.
— Gazananymy iýip bilemok, ýumrugymyň daşyny ýalap oňýan diýäýmeli ekeniň-dä — diýip, häliden bäri elinde tutup oturan bulguryny başyna çeken Çörli kyssaçy dil açyp başlady.
Munuňka-da birsellem hezil edip güldüler. Ara sähel böwşeňlik düşdi welin, Artyk ýene galamdaşlarynyň ünsüni özüne çekdi:
— Galamdaşlar, diňläň-ä, how, men öý eýesiniň, ajaýyp ýazyjymyz Aman Numadowiçin döredijiliginiň şanyna... ýogsa-da, şu günler onuň täze oýnam oýnalýar teatrda, ana, şoň şanyna söz aýtjak bolýan-a!..
— Ýah walla, sen heniz aýdaňagammy? — diýip, Çörli ýene söz atyp galdy. — Makala ýazyşyňam şuň ýaly-da, aýtjak zadyňa ýetmänjik geçäýýäň. Men-ä şol aýdyljak bolunýan zadyň aslynda derek ýokmuka-da diýiberýän onsoň...
— Dursana walla, aýdaýaly-la, ikije söz-le. Nätdiňiz-aý muny!
— Bor, bor, diýmedigim, görmedigim, bilmedigim. Agzym gulply, gulagym dykylgy, gözüm daňylgy. Asyl tüýs seň wasp edýän häzirki zaman gahrymanlaň-da. Aýdyber, menden saňa zowal ýok.
Begli oňa içinden “rast aýtdyň” diýdi. “Sen tüýs şo häzirki zaman gahrymany, Çörli beg!..”
— Onsoň häki, Didar şorta näme diýendir öýdýäňiz? — Artyk töweregine garanjaklady. Öz sowalynyň hiç kimiň azaryna däldigini görüp, arkan gaýşybrak sözüni dowam etdi. — “Aý, ýaşuly, sen muň arryklygyny geň görme, gaýtam ölmän gezip ýörenine berekella aýt” diýdi.
— Ol ýene içerä göz gezdirdi. Ýene öz sözleriniň eşegiň gulagyna ýasyn okanyňky bilen des-deňdigini gördi. Ýöne, Beglini haýran eýläp, sähelçejigem ruhdan düşmedi.
— “Bi edebiýat tankytçysy, biziň ýazan halam-huramlarymyzy okap, şolary öwüp çörek iýmeli. Eger şol çyrşalan zatlardan nähilidir bir kem tapyp, onam ýürek edip aýdaýsa, dat gününe munuň... Baý, bahym mugyra getirýärler-ä! Nädersiň bilbil ýaly saýrap duran tankytçydan dilsiz-agyzsyz gäp ýasaýsalar! Onsoň ýaňky çagalygyny, söýgülisini satjak boluşlaryny, onuň bilen baş alyp gaçyşlaryny, işlän brigadasynyň brigadiri bilen başlygyň arasyndaky dawalary, durmuş ummanynda kimdir birleri bilen eden sene-menelerini, bagtly günlerini ýatlap, şo-ol okap-okap aňkasy aşan kitaplaryna çalymdaş bir kitap ýazjak boup başagaý bolup otyrandyr... Şumatky ýazylýan zatlary okap, däliräp düze çykmaýşyna berekella diý sen muň. Şuň ýerine bol-da, şo öz ýazanjalaňňy okap çyk diýselerem, walla, özümiz-ä oka tutsalaram başarjak däl” diýdi ýaňky.
Ol ýene sözüne dyngy berdi. Gara bokurdaklarydyr özara hümi-sümileri bilen başagaý bolup oturan ülpetler birden ýuwaşadylar. Içeri birden emele gelen ümsümlikden ýaňa inçejik sygyrmaga başlady.
Çüýşäniň bokurdagyny “towlap”, iň soňkuja damjasyny hem bulguryna damdyran “häzirki zamanyň gahrymany” “häh” edip başyny galdyrdy. Asyl şo mütdetde içeri Artyga tarap ýüz segsen gradus öwrüldi duruberdi. Begli munuň oňlululykdan däldigini aňyp, “yzy nähili borka?” diýip, Artyga haýpy gelip seretdi. Hamala, ilkinji gezek görýän ýaly, içerdäkiler oňa çiňerilişip otyrdylar. Birhili, möleren, tegelenen gözlerden, hatap kimin açylan, şol durşuna-da aňalyp galan agyzlardan, “häzir Ýer titrejek” diýen ýaly şum habary eşidip, nälaçlykdan ýaňa gatap galana çalym edýän göwrelerden üýşenip, Begli öz ýanyndan: “aýdyljak söz ahyry aýdyldy öýdýän” diýip çen urdy. Uzyn beýlekilere garanda parahadrak görünýärdi. Emma Begli onunam ýüzünde nähilidir bir düşnüksizligiň bardygyny aňşyrdy.
— Näme? Näme diýdiň?! Gaýtala-la göreýin! Sen indi... Sen indi Aman Numadowiçe dil ýetirip ugradyňmy? Onuň kitaplaryny özüme zor salyp okaýan diýjek bolýaňmy? Zora çydaman, mejbury, nälaç öwýän diýjek bolýaňmy? Şeýlemi?..
—Hä, şeýlemi asyl? Aýt-da? Häliden bir mus-musjugyň bardy welin, Mustapaň mundan çykdy-ow seň...
— Baý-buw, biziňem süýräp ýören adamymyza äňet-le! Duz iýen saçagyny depeleýä bi...
— Aýdyp oturan zadyň näme-haw seň? Agzyna ak gelse-de, gara gelse-de urup oturmaly bor oguşýa. Ýa Aman Numadowiç garrady diýip arkaýynlanýamyň?..
Kimiň näme diýýänini aňlar ýaly bolmady. Sil gelýän ýaly, içeri erbet güwwüldä gaplandy. Begli bir-ä Artygyň ýüzüne, birem ilden öňürdip dübläp ugran Çörliniň — “häzirki zamanyň gahrymanynyň” ýüzüne äňetdi. Artyk kem-kemden ýere siňip barýardy, ýüzi dagysy çuw-ak bolupdy. “Häzirki zamanyň gahrymany” bolsa, şu pursata kän garaşan ýaly, ýumrugyny düwüp, agzyndan ak köpük saçyp gygyrýardy. Ol gohuň näçe wagta çekenini bilmedi. Göwnüne bolmasa, gaty kän wagt bäri ýetdim-ýetdim edip güwläp gelýän siliň öňünde oturan ýalydy.
—...Goýuň-haw!
Içeri ýene dym-dyrs boldy. Ýap-ýaňy hem dyzlaryna galyp, ýer ýumruklap gygyranlar, buýruk berlen esger ýaly, özlerini hylça aşak goýberdiler. Gazaply ses öý eýesiniňkidi. Şondan başga hemme kişi ýüzüni sallap, ýer dyrmap otyrdy. Olar ýap-ýaňky gany gyzgyn, dyzmaç pyýadalardyr diýip dagy oý eder ýaly däldi.
Gurtlan kömelekli, bagry eleme-deşik köne ýurt ýerindäki ýaly, birhili, içinden, ýüreginiň başyndan bir ýerlerden bir zat kümşülläp, dişsiz agzy bilen azajyk-azajykdan goparyp iýip ugran ýaly, Begli birerbet düýrükdi.
— Nätdiniz-aýt?!. Näme, bu taýda şeýdip goh edip almaly zat barmy? Özli-özümiz-ä, del adam ýog-a bärde. Çyrşan zadyňyz geçmedik ýaly, aldynyz galyberdiňiz-aýt... Päheý... — Aman Numadowiç başyny ýaýkady.
— Ýaşuly, ol size dil ýetirdi ahyryn!.. — “Häzirki zamanyň gahrymany” boýnuny burup, naýynjar bir keşbe girdi. Onuň häzirki bolşy gatyrak bir zat diýnlse möňňüriberjek çaganyňka çalym edýärdi.
— Beýle däldir, ýalňyşýawsyňyz! Ine, häzirjek magadyna ýetýäs onuň. Men o diýýäniňize ynanman. — Ol şeý diýip, sesini ýumşadyp, ýuwaşjadan sorag berdi. — Ýogsa-da, sen näme diýjek bolduň, Artyk?
Artyk indi hasam aljyrady.
— Beý diýmekçi bolmadym men... Soňuna çenli aýtdyrmadylar.
— Ýeri, näme diýjek bolduň onda? Indi aýdaý.
— Men “Aman Numadowiçiň eserlerini okamda ýüzüm täzelenip, etime-ganyma çykyberýän, ýöne beýlekileňkini, esasanam şunuňkylary, — ol “häzirki zamanyň gahrymanyna” barmagyny çommaltdy, oturanlara birlaý göz aýlady — şulaňkyny okamda welin, içim geçip, iýenim burnumdan gelip, halys bolaýýan” diýjekdim. Tankydy bellik etmezden öň hoşamaýlyk edäer ýaly, dile çolara öwgüli zat tapman kösenýän diýjekdim, şulaňkydan...
Aman Numadowiç hezil edip ýylgyrdy:
— Eşitdiňiz dälmi? Derrew ýüregiňizi eliňize alyberýäňiz. “Sakawyň soňuna seret” diýmänmidirler. — Ol Beglä köpmanyly seretdi.
— Bä, şu gezeg-ä çüýledi-haw şü, nyşana. Rast şuň aýdýany — diýip, “häzirki zamanyň gahrymany” erinlerini bir gulaç edip syrtardy. — Ahyry aýtdy şü aýtjagyny, “berekella” diýdim. “... bir gepi gerek” diýleni-dä.
Oturanlar “dogry-da-dogry” boluşdylar. Aman Numadowiç elini ýere diräp, haýaljakdan ör turdy-da, ýeňsesindäki serwantdan agzyndaky kümüş erňek bilen ujundaky kümüş täji aralyga inçejik zynjyr berkidilen buýnuz şahy aldy. “Häzirki zamanyň gahrymany” derrew bir çüýşäni açdy-da, onuň alkymyna dykyldy.
— Guý hany şuňa. Men jaýdar aýdylan sözüň gadyryny, oňat tost gadyryny bilýän kişidirin. Şu şahy, oňat tost aýdamda, gürji dostum sowgat beripdi. Şondan bärem şu öýde, şu saçagyň başynda oňat tost aýdan şahdan meý içýä. Özem dolduryp içýä, bir demde başyna çekýä. Oňat tost oňat galam haky bilenem bellenmel-ä. Meň galam hakym şu, al, çek başyňa! — Aman Numadowiç arakdan püre-pür şahy uzatdy welin, biri garbap aldy-da, ony bärligine geçirdi.
Artyk birbada näderini bilmedi. Şah esli bardy. Onuň dolusyny bir zarbada başa çekäýmek oýun-oýunjak iş däldi. Hamala, şahy özi boşatmaly ýaly, Begliniň ini dyglap gitdi. Ol geleli bäri ýekeje owurdam arak datmandy, başarsa datmakçam däldi. Häzir welin, näme üçindir, onuň Artyga delalat edesi, başarsa, şah doly aragy “gapana düşen tankytçy” bilen paýlaşyp içesi geldi.
Içerä ýene dymyşlyk aralaşdy. “Näderkä?” diýýän ýaly, hemme kişi şaha seredýärdi. Artyk oturdy-oturdy-da, birdenem Aman Numadowiçe alarylyp bakdy. Aman Numadowiç, göwni bir ýaly, arkaýyn ýylgyryp otyrdy. Begli onuň bu ýylgyrmasyna beletdi. Ol häzir garşydaşyndan sowukganlylyk bilen ar alýan, ony öz emeline jyzar edýän humarbaza meňzeýärdi.
Artyk çöküne düşüp ykjamlandy-da, şahy başyna çekdi. Şahyň kem-kemden ýokary galyp barýan ujuna geýdirilen ýaly, gözler barha ulalýardy. Ahyry şahyň ujy dim-dik boldy. Artyk ony yzyna uzatdy. Şahy alyp, Aman Numadowiçe geçirdiler. Ýöne şah beýläk geçensoňam, Artyga şahy bar ýaly seredýärdiler. Artyk az-maz garbandy-da, aýbogdaşyny gurup oturjak bolup, bir gapdala agyp gaýtdy. Emma derrew dikeldi, aýbogdaşyny gurdy, ýöne kän oturyp bilmedi. Ýuwaşjadan gyşaryp, ýykylyp galdy.
— Bir şah-a aldyraýmaly ýigit däldi, neresse... Gapdaly bilen birneme hüňen bolsa, juda nemetmezdi welin, çümhöregräk-dä özi — diýip, “häzirki zamanyň gahrymany” merhum hakda gürrüň edýän ýaly, başyny ýaýkap, Artyga çyny bilen gynanç bildirdi.
— Pýotryň emeli bi. Şuň ýaly, duzuňy iýip, içi güjükli gürrüň edýänler üçin. — Öý eýesi ýeňijiniň dabarasy bilen ýylgyrdy. — Özünden özgäni akmakdyr öýdýä. Içgili bolansoň, içindäkini daşyna çykaraýdy, onam giç bildi. Bolsa-da, ýeser, sähel salymda plastinkany beýlesine öwrüp barýa, gara zaluwat...
Begli onuň bu gylygyna — köpüň içinde içini dökmesine näbeletdi. Ol Begliniň göreçlerine dikanlap, “entek näme görýäň sen!” diýýän ýaly, bir enaýy ýylgyryp goýberdi. Biraz soň ol şol ýylgyryşy bilen ýerinden galdy-da, oturanlaryň arkasyndan aýlanyp, gapa ýöneldi.
— Men birsellem açyk howa çykjak, siz arkaýyn dowam ediberiň... — Aman Numadowiç göni çykyp gidibermän, gapa golaý oturan Begliniň egnine elini atdy. — Ýör, obadaş, senem...
Begli ol bir zatlar aýtjakdyr diýip çak urdy.
— Gel hany, biraz açyk howada oturaly-la — diýip, ol howlynyň bir çetindäki uzyn oturgyja çökenden soň haşlap dem aldy. — Neneň onsoň, bunlar nämejik işleýäň? Ýa işläbem bileňokmy kemally? Bizden-ä iş gutardy indi. Janyňa-da ýaranyp bolanok. Üstesine, bi adamlaň bolşy hem urna, edil demigiberýän indi... Gördüňmi, nähili bolaýypdyrlar! Daşym çolardy, senem geleňok. — Aman Numadowiç uludan demini aldy-da, hemişe-de käýinende edişi ýaly, başyny ýaýkady.
— Gyzlar-a kişi maşgalasy diýeli, ogulam uçdy gitdi höwürtgesinden. Ýaşam birçene baryberipdir. Hä, Beglim... Galan ömrüm uzak görünýä. Haky pahyr goýanok meni, gelip üstüme abanyp dur...
Begli aýaklarynyň ysgynynyň gaçanyny aňdy. Dogrusy, Aman Numadowiçe tarap seretmäge-de gorkdy.
— Görýäňmi, ýaňkylary, Beglim? Biz kimlere arka diredik diýsene. Gybat bary edilendir bi öýde, Beglim. Üýşülip-çaşylyp, baý, maslahat urlandyr-a. Haky pahyryň ölmezinden bir ýyl öň jany ýanyp, münberden aýdan sözleri henizem gulagyma eşidilip dur. Şonda ol: “Zeminiň kümsükden ýüki ýetikdir, ýöne hakylar has kändir!” diýdi. “Olar har bolarlar, emma senetlerini har etmezler!” diýdi. Ol şeýdibem ötdi, senedini har etmedi. Biz welin... golsuz belalaryň gudratyna, çörlileriň “ýumşa” gaýymlygyna bil bagladyk. Uly ýoluň başynda ownap, poluň jaýrygyndan aşak gaçan köpük ýaly, gelip-gelip, ine, şu tünege atan ikidir-üçdir kümsüge daýandyk... Öz senedine ýük bolman, eýse ony arşa göteren ussatlardan aýra düşdük. Çilim tüssesi deýin saraldyp taşlan gep-gybatdan, ýaramsak gürrüňlerden, şyltaklardan ýaňa güwläp oturan pessejik potologyň aşagynda galdyk biz... Sen, ýüzümize gelmeseňem, bizden çekeräk duranyňy kem görmediň. Emma sen şu pessejik gapydan maňlaýy ýardyrman, belki-de küle çökerip, özümizi aldap girip-çykan ýyllarymyza janlyja şaýatsyň. Haky bu gapydan awunman ätläp bilmezdi, sebäp diýseň, ol biz ýaly keltejik däldi, daýawdy, epilmäni başarmaýardy. Kiçijik bähbidi üçin uly zatlary owarram etmedi ol, ýeten sepgidine Adam bolup ýetdi. Münberden iliň üstüne syçramady, Haky bolup gürledi. Biz ownasagam, ol ownamady. Onsoň, muňa uwnup-çydap bilmän, biz has beter ownadyk...
Begli gelenine puşman etdi. Ýöne, näme üçindir, ýüregi gowzaşan ýaly boldy.
— Bilýän, Haky myjabatlara tap getiribilmän gitdi. Şondan gitdi ol — diýip, Aman Numadowiç uludan demini aldy. — Aýaly ýogalanda dagy, “gezýänine öýlenjek bolup, o pahyra özi bir zat etdi” diýlibem ýazylandyr. Baý, eňterilendir-ä aýagyndan... Ondan bäri tegelek bäş ýyl geçdi, ýöne ol her gün gelýär. Edil dirilikdäki ýaly, üstüme abanyp dur. Onun abraýynyň öz üstümize kölege salyp durmasyny halamadyk-da... Zehinini gysgandyk, biz öldürdik ony, Beglim! Dogrusyny aýdyp bilýäni üçin, özümizden belentligi üçin bagyşlap bilmedik...
Aman Numadowiç kän gürledi. Belli hem näbelli zatlar hakda uzak gürrüň etdi. Begli onuň şeýdip içini dekerine kän wagt bäri garaşyp ýören ýalydy. Has takygy, çöşlenip oturan ýumak onuň jigerinde iriň baglap giden jerhetleri dyrmalaýardy...
Begli Aman Numadowiçi ilkinji gezek mekdepde okaýarka görüpdi. Şo gezek mekdepde obalaryndan çykan ýeke-täk ýazyjy bilen duşuşyk geçirilipdi. Ol şonda täzeje çykan kitaplarynyň birini Beglä-de beripdi. Ol kitabyň içinde owadanlap ýazylan ýadygärlik ýazgysy bardy. Şonda ol ilk-ä Aman Numadowiçiň hatynyň owadanlygyna höwes edipdi, soňam ilkinji gezek ýazyjy bolmagyň arzuwyna çümüpdi. Soň bir-birege täze kitaplaryny sowgat berenlerinde, ol şo-ol ilkinji duşuşygy, ak guş ýaly çagalyk günlerini ýatlardy-da, birhili bolardy. Her gezek şeýledi...
Soň-soňlar olar has ýygy-ýygydan duşuşyp durdular. Ol oba kän barardy. Bir gezekki saparyndan soň-a obadaşlary hakda oçerkem ýazdy. Oçerk ilki radioda okaldy, soň gazetde çykdy. Oçerkde esasan kolhozyň başlygy Geldi Garajaew taryp edilýärdi. Şonda Begliniň kakasy: “Numat aga-ha halalhon adamdy, dogry sözlüdi” diýdi. Soňam: “Ýeri, şeýdip gün görer ýaly, ýedi başly kel ekleýämiň. Üç sany çagaň bar, öýüň bitin” diýip, birki ýola käýindi. Begli indi görüp otursa, Geldi Garaja şo wagtlaram beýle bir halanyp barlanok eken. Ýakynda onuň işini suda geçirdiler, kolhozy maldan çykaranmyş ol...
Kakasy ýogalandan kyrk gün soň ol Aman Numadowiçlere ilkinji göwrümli eserini — “Kömelekli meýdan” poemasyny alyp geldi. Begli şonda uniwersitetiň ahyrky kursunda okaýardy. Ana, şo poemadanam onuň hakyky döredijilik terjimehaly başlandy. Ony hemmeler goldady. Haky aga-da, Aman Numadowiçem... Emma Begli şonda Aman Numadowiç bilen uzak wagtlap bir güzerden inip gezip bilmejegini aňdy.
...Obadan habar gelenden soň, Begli ata ojagyna sary gijeki otly bilen süýnüp gaýtdy. Gelse, kakasy çaý içip, burçak-burçak derläp otyr. Onsoň, kakasy bilen köne ýurt ýerlerine gitdiler. Öý tutulan, tamkepbe salnan ýerler, ojaklaryň, tamdyrlaryň sudury mundan göç eýlenenine nijeme ýyllar aşanam bolsa, aýyl-saýyldy. Birmahallar ömür sürlen ýurt ýeri, ýüzüne çykan-u-çykyp gelýän kömeleklerden ýaňa, durşuna güberip ýatyrdy. Emma ataly-ogul oda daglap iýäer ýaly ýekeje kemelegem tapmady. Kömelekleriň bary gurtlan eken. Hatda olaryň heniz ýagty jahana ýüzi düşmedikleri, ýaňyja düwenjeleri hem gurtlapdyr. Begliniň kakasy muňa gaty gynandy. Öýe gaýdyşyn, ýolda hem şol başyny ýaýkady geldi. Poema şu pursatdan uç alyp gaýdýardy.
“Beýle bolmagy mümkin däl. Arasynda ýek-tük gurtlany bolup biler, emma hemmesiniň gurtlamaga haky ýok. Oglan, her bir eserden many çykarylýar ahbetin. Ýeri, daşary ýurt näme diýer onsoň?! Düzet, meň aýdyşym ýaly et-de täzeden işle” diýip, Aman Numadowiç oňa halypa maslahatyny berdi.
Begli diňe şojagaz ýerdäki — köne ýurt ýerlerindäki kömelekleriň gurtlandygyny, kakasynyň muňa gaty gyýylandygyny düşündirjek boldy. “Ol ömrüniň paýawlandygyny, uzak kömelek iýmejegini bilýärdi, emma onuň menden parhy hem şunda bolarly. Ol gül-gülälege beslenen zeminiň goýnundaky iň bir göze ilmejek zaýaçylyga-da biparh garap bilmedi. Gynanmak gynandy. Emma men beýle gynanmadym. Ol wagtal-wagtal Garagum kanaly çekilmezden öň uly erik agaçlarynyň bolandygyny aýdardy. Emma men ol erik agaçlaryny göz öňüne getirip bilmezdim. Ýogsa, aýtmakalryna görä, şol agaçlaryň aşagynda kän oýnapdyryn. Ol ýerleriň şorlamagyndan hem ýanardy. Emma men muňa hem adaty zat ýaly gagardym... Atalaryň yzynda hemme zada biparh garaýan, belki-de durmuşda nämäniň ýitirilýändigine düşünmeýän, kän zada göz ýumup bilýän ogullar galýan bolmasyn?” Begli janykdy, seýregem bolsa, şeýle ýagdaýyň juda aýylganç zatdygyny, poemanyn hut şunuň üçin ýazylandygyny, emma özüniň gurtlamadyk kömelekleriňem kändigini inkär etmeýändigini düşündirip bilmän, halypasynyň aýdyşy ýaly etdi, eserini “täzeden işledi”. Ýöne bu onuň ýüregine jaý bolmady. Ýogsa poema agza-da düşdi...
Soň bir gezek ol nägileligini daşyna çykardy. Şonda poemanyň oňurgasynyň ýazdyrylandygyny aýtdy.
— Oglan, şumadam bir beýle gurtlaýmak bormy? Käşgä rewolýusiýadan ozal bolsa... Häzir daşymyz aktiw pozisiýaly adamlardan doly ahyryn. Birden-biri ýetişer ahyryn. Aý, garaz, adam aýagy düşmän, şeýle zat boldy diýseň, ynandyryjy däl-dä. Poemaň oňurgasy ýazan däldir, gaýtam has berdaşlanandyr. Sen nä haýsy zamanda ýaşaýanyňy bileňokmy, oglan?!
Begli diýenine puşman etdi.
...Aman Numadowiç ýene yzyna, özi aýtmyşlaýyn, “pessejik potologyň” aşagyna dolandy...
Begli howludan daşaryk ätledi-de, asfaltyň ýüzüne hek bilen çekilen kiçijik şekillere (çagalar çeken borly) seredip esli durdy. Köçe gündizlikdäki ýaly, ýap-ýagtydy. Ertir, ir säher ýagty gelejege sary atarjak adamlaryna garaşýan ýaly, rahat uklap ýatan ýol onuň göwnüne ganat berdi. Birdenem, golaýjakda bir ýerde gapy jygyldan ýaly boldy. Begli tisgindi. Jygyldy, onun, pikir edişi ýaly, Haky agalaryň gapysynyňkydy. Ol assaja ädip gelýän Haky agany görüp, duran ýerinde doňup galdy, Haky aga, birhili, diri mahalyndakydan ýigdelen ýalydy, ýüregagyrydan ejir çekene meňzänokdy. Onuň bolup gelşi hiç zat diýmän geçip ötäýtjege çalym edýärdi. Begli näme edip, näme goýaryny bilmän, başyny aşak sallady. Haky aga, onuň çen edişi ýaly, sessiz geçip gitdi. Begli onuň aýak sesini eşitse-de, başyny galdyryp bilmedi. Halypanyň kem-kem golaýdan eşidilen aýak sesleri kem-kemden daşlaşdy. Begli birhaýukdan başyny galdyryp, honda barýan Haky aganyň yzyndan müýnli seretdi. Soň ol assaja ädip, onuň yzy bilen köçä çykdy-da, agaç ýuwdan ýaly bolup, birsellem aňalyp durdy. Soň ol yzyna dönüp, Aman Numadowiçiň howlusyna göz aýlady. Howlynyň haýatlary onuň gözleriniň alnynda beýgeldi, lagşan agaç derweze demre öwrüldi...
Demir derwezeden çogup çykan “galamdaşlaryny”, Haky agadan çenelip zyňlan ululy-kiçili daşlary görende, ýer-ä ýarylmady, Beglem girmedi. Iň erbedi, onuň özem akja jüýje däldi, şol kiçijik adamlaryň biridi. Haky aga welin arkaýyn gidip barýardy. Ony saklap biljek güýç ýokdy. Geň ýeri, yzyndan zyňlan daşlar oňa ýetmän, pat edip aşak gaçýardy.
Göwnüne bolmasa, Begliniň gulagyna Haky aganyň sesi eşidilen ýaly boldy:
“Çemçeläp ýygnanyňyzy çanaklap dökmäň!..”
Birdenem başga bir geň zat boldy. “Galamdaşlaryň” zyňan daşlary tümlügi serpip, lowurdaşyp ýatan göwhere öwrüldi. Olar muny gördüler-de, bir-birinden öňürtjek bolup, duran-duran ýerlerinden öňe okduryldylar. Begli aýak astynda galaryndan gorkup, bir gyra çekiljek boldy, ýöne ýetişmedi. “Galamdaşlaryň” bir bölegi ony depeläp geçdi. Ýöne olar barybir göwher daşlara ýetip bilmediler.
Begli olaryň biriniň ýer ýumruklap aglaýanyny görüp, gulagyny üşertdi. Ol “abraý atly, mertebe atly göwher daşyny orta ýolda durmuş atly düýpsüz ummanyň düýbüne gaçyryp şermende bolanyna we yza dönmäge derek barha “öňe” gidenine” ýanýardy.
Begli üstüni kakyp, ýerinden turdy. Ýöne ol derrew özüniň ýerinden turmagynyň ýeterlik däldigine, asfalta surat bolup ýatan mertebesini hem dikeltmelidigine düşündi. Onsoň elini uzadyp, mertebesini bir zarbada ýerinden galdyrjäk boldy. Ýöne bu oňa başartmady. Ol durdy-durdy-da:
“Turuň indi, aýak astyndan ýygnanalyň!” diýip, asfalta surat bolup ýatan “galamdaşlaryna” ýüzlendi. Emma olardan jogap beren bolmady.
Begli uzak garaşdy. Emma üýtgän zat bolmady. Birden ol ýeňse tarapdan gelýän gowry eşitdi. Bu içerdäki meýlisiň gowrudy. Ol saçak başynda arlaşyp oturan “galamdaşlaryndan” kimdir biriniň köçä çykaryny, aýak astyna salnan mertebelerini dikeltjek bolup çytraşaryny isledi. Içerde kiçi dilden bärde aýdylýan sözler barha belent ýaňlanýardy...
Şondan soň Begli bu zatlaryň huşudygyna-da, hyýalydygyna-da akyl ýetirip bilmedi. Onuň göz öňüne şo-ol kömelekli meýdan, gurtlap pide bolan kömelekler geldi.
Sentýabr, 1987.