Ýatlamaçy we redaktor

(Radiodrama)

Gatnaşýarlar:
Ýatlamaçy şahyr, 60 ýaşlarynda.
Redaktor, 50 ýaşlarynda
Waka garaşsyz Türkmenistanda bolup geçýär.

(Gapy kakylýar.)
Redaktor. (Gaty sesli) Giriň!
Ýatlamaçy. (Şelaýyn) Salam, ýoldaş redaktor!
-- Salam, ýatlamaçy şahyr, senmisiň? Ýene ýatlama getirdiňmi?
-- He-he, ýatlama-da bar, goşgam. Haýsy göwnüňizden tursa...
-- Göwünden turýan zat aňsat däl, çala tasa gelse oňýas biz...
-- Bu gezek çynym bilen, ýürekden ýazdym, ýoldaş redaktor!
-- Näbileýin-dä! Getiren bolsaň göreli onda-da... (Kagyzyň sesi) Bäh, eplem-eplem-le bi, jübiňe salyp geldiňmi?

-- Hä, şeýledir... Sowet döwründe alan päpgejigim ýyrtyldy-da...
-- Özem elde, galam bilen ýazylan! Maşynkaň ýa kompuýuteriň ýokmy seň?
-- Maşynkaň lentesi tapylanok. O kompotor diýýän zadyňy bolsa gaty gymmat...
-- Hä, dogry. Me özüň oka onda, men seň hatyňa düşünemok.
-- Haýsyny okaýyn, goşgymy ýa ýatlama?
-- Goşgy oka!
-- Yhym... “Aşgabadyň baýrynda
Çemen bogdy Selim jan...”
-- Oh, dur gardaş! Ýene Selim janmy?
-- Onda Meýlis jana bagyşlan goşgymy okaýaýyn?
-- Bagyşlaň welin, ýoldaş şahyr, sizi şo ogullaryňyzdan, onsoň o söýgüli aýalyňyzdan başga joşdurýan zat ýokmy?
-- Aý, perzent süýji zat-da! Aýalyň bolmasa-da perzendiň bomyýa... Onsoň hemme islän zadyňy ýazyp bolýamy? Hökümet halamaz öýdülýä-däraý...
-- Hany, ýatlamalaňdan birini oka onda, belki şolardan birini alarys.
-- Kompozitor hakda ýatlamam bar, basym doglan güni gelýär, öňräginden ýazaýdym...
-- Bolýar, oka bakaly göreýin.

-- “Saza çuň düşünip, meşhur kompozitoryň beýik eserleriniň ölemen aşygy bolamsoň, men onuň bilen ýygy-ýygydan duşuşardym. Ol meni gaty gowy görerdi. Adymy jansyz tutmazdy. Goşgylaryma syýasy guramanka saz ýazardy. Oglum Selim jany arkasyna mündürerdi... Meýlis jan bilen kowalaşyp oýnardy...”
-- Ow, dur gardaş, dur! Ýatlama siziň maşgalaňyz hakdamy ýa kompozitor hakda?
-- Elbetde, kompozitor hakda.
-- Onda şo kompozitor hakdaky ýerlerini okaň, galan ýerlerini taşlaň.
-- Bolýar. Siz öz gerek ýeriňizi alyň. Meňki ýazmak. “Bir gezek ol gelip, “ýüregim gysýar, bir ýere gideli-le” diýdi. Men onuň saz ýazyp ýadanyna düşündim we “meň ýanyma gelip dogry etdiň, başgalar saňa men ýaly düşünmezdi” diýdim. Döredijilik adamsyna döredijilik adamsy düşünýä-dä! Şol gün men ony Arçmanda bir dostumyňka alyp gitdim. Dostum bizi gowy garşy aldy. Saçagyň üstünde ýok zat ýokdy. Soliçniý arak, ermeni konýak, gara, gyzyl işbil... “Beýtme, azar edinme” diýsem, “Arçmana günde munuň ýaly beýik talantlar gelip duranok” diýýä...
-- Dur, gardaş! Özüňi goşman, kompozitor hakda aýtsana! Onsoňam türkmen “iýen-içeniň özüňki, gören-eşideniňi aýt” diýýär-ä! Iýen-içeniňi aýdyp, bu açlykda iliň agzyny suwartma ahyryn!

-- Bolýar, ýoldaş redaktor. Yzyny diňläň! “Beýik kompozitoram bolsa, gaty kiçigöwündi neresse. Özi hakynda gürrüň etmezdi... Arçmanly dostumyň ýanynda meniň goşgularyma gaty ýokary baha berdi...”
-- Dur, gardaş! Bu bolmady. Başga ýatlamaň barmy?
-- Bar, ýöne ikinjisi ýazyjy hakynda. Oňam basym ýubileýi ýa-da ýogalan güni gelmeli, taýyn dursun diýdim...
-- Hany, ondanam bir bölek oka onda!
-- (Kagyzyň şygyrdysy) Yhym! “Men ony ilkinji gezek Pöwrizede görüpdim. Tomsuň örküjidi. Aşgabatda howa gaty gyzýardy. Student ýoldaşlarymyň biri Pöwrizä gezelenje gideli diýdi. Awtobusa bilet aldyk-da, salkyn jülgä gitdik. Doňdurma alyp, Ýedi çynaryň aşagynda oturyp iýdik. Görsem, gapdaljygymda beýik ussat dur. Men ýüzümi beke tutup bardym-da, salam berdim. Kitaplaryny başujymda goýup ýatýandygymy aýtdym. Ol derrew meniň bihal däldigimi aňdy. “Goşgy ýazýaňmy?” diýip sorady...
-- Boldy, duraý şu ýerde. Soň ol goşgularyňyza ýokary baha berendir, şeýle dälmi?
-- Bäh, nädip bildiňiz-aý? Ol şonda menden gowy şahyr çykjagyny aýdyp...
-- Dur, gardaş! Besdir indi, hemmesi düşnükli. Alma agajyndan, eser ýasyjysyndan daş düşmez diýleni çyn eken. Goýuň-da gidäýiň, bulary biz siziň öz ýubileýiňizde çap ederis.
-- O näme üçin öz ýubileýimde, men olary başgalar üçin ýazdym-a!
-- Sebäbi olar başgalaryň däl, siziň öz ýüzüňizi, öz häsiýetiňizi gowy açýar.
-- Onda däp-dessurlar bölümiňize ýazan zatlarymy çap edäýiň. Biri has aktual, täze gelni çörege çagyrmak hakynda...
-- O günem-ä biri çykyş etdi şo diýýän “aktual meseläň” barada.
-- Aý, ol çörege çägyrmany nireden bilsin? Ömründe öýüne adam çagyryp görenog-a... Men inçeden yzyrladym. Özem çörege çagyrylan gelinleriň ýatlamasy esasynda ýazdym. Ozal-a ejem pahyryň, soň aýalymyň çörege çagyran gelinleri on-ýigrimi ýyl soňam bizde iýen palawlaryny ýatlaşar ýörerdi...

-- Dogrudanam aktual kemi ýok eken. Ýöne siz çelpek ýaýmak hakda ýazsaňyz bolmazmy? Ol gelin çagyrmakdan has aktual görünýär. Sebäbi häzirki gytçylykda gelin çagyrýanan, asyl gelin edinýänem az. Emma çelpek ýaýmak ýatdan çykyp barýar, bu ullakan milli ýitgi boljak...
-- Dogry aýtdyňyz, ýoldaş redaktor, men o çelpegi ertiriň özünde ýaýyp getireýin. Ejemem, aýalymam gaty ökde çelpekçidir meň... Ýöne öňürti şu getiren zatlamdan birjigini çap etseňiz gowy boljak...
-- Bolýar, olaram goýuň! Çap ederis. Ýöne öňürti ikimiziň aramyzda bolan gürrüňi çap etsek dogry bolarmyka diýýän.
-- Baş üstüne! Meniň gürrüňlerim okyjylar üçin gaty gyzykly bolar! Siz köpi gören redaktor ekeniňiz, talantlaryň bir sözünem yrýa etmeli däldigine düşünýän ekeniňiz...
-- (Gygyrýar) Eý, işgärler, haýsyňyz golaýda? Ýa maňa “Tiz kömegi” çagyryň, ýa-da şu ýatlamaçy şahyry äkidiň!

("Azatlyk" radiosynda eşitdirildi.)

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024