Kapasadaky bilbiller
(Radiodrama)
Gatnaşýarlar:
Ata halypa, Aşgabatda ýaşaýan žurnalist. 60 ýaşlarynda
Amanmät, etrap ýerinde ýaşaýan habarçy. 35 ýaşlarynda
(Daşky gapynyň jygyldysy, bilbilleriň saýraýan sesi.)
Amanmät (şadyýan): Redaksiýa barsam, “Ata halypaň eýwanynda bilbilleriniň saýraýşyna guwanyp oturandyr” diýdiler welin, bilýän ekenler-ow!
Ata halypa: Boh-ow, Amanmät habarçy, sen nire bu ýerler nire? (Elleşip görüşýärler.) Gel-ä walla şeýdip käte! Ýat bolduň-a, oglan! Şabat illeri neneň?
-- Geldim, halypa. Şabat illerem sorana salam aýt diýdi. Paýtagta gelemsoň, halypany görmän gaýtmaýyn, bu gymmatlaşykda gatnap durup bilmerin diýdim.
-- Salam iberen-getiren sag bolsun. Düşek üstüne geç bakaly. Ýa içerden oturalymy?
-- Ýok, şu eýwan gowy eken. Halypaň bilbilçidir diýseler, munça bilbil saklaýansyň öýtmändim. Her dürlüsini edinipsiň-aý! Kapasajyklaram dürli-dürli. Üzüm dalbarynyň aşagyndan assaň, gowy gelişjek eken-aý bular...
-- (Gamgyn) Öň, sowet döwründe bilibilim has kändi. Garaşsyzlykdan soň eklenip bilmän, satyp azaltdym... Galanynam satarmykam diýýän. Jaýymyz ýykyljakmyş...
-- Aý, ýyksalar, size jaý bererler-le!
-- Beton jaý berjekmişler, betondan gapyrjagyň içinde bilbil saklap bolarmy? Bir guwanýan zadym işden gelip, bak-bakja güýmenmekdi. Bu bilbiller maňa öz ykbalymy ýatladýar, inim!
-- Bä, kapasadaky bilbillere çenli kösti ýetipdir-ow ol ady ýanwara dakylyp-aýrylanyň...
-- Bizi sowet kapasasyndanam dar kapasa salyp gitdi ol! Indi özi ýogam welin, içimizde biri “Ruhubelent bol, tankyt ýazma, iliň göwnüni çökererisiň” diýip, elimize ýapyşyp duran ýaly... Döşümize kakyp, ýara etdik... Ölmeseň, her hili “ruhubelentlik” görjek ekeniň...
-- Beh, halypa, dertdeş ekenig-ow! Saňa geňeş salaýyn, berse maslahatyny alaýyn diýip şondan gelmegimiň sebäbem şunda.
-- Aý, maslahat sorasaň bereris-le! Pul sorasaň, ana, şonda kyn boljak.
-- Türkmenistanda žurnalistden pul soramaly däldigini Derwezedäki çopanlaram bilýär, halypa. Men senden baýyň-biznesmeniň berip bilmejek gymmatly maslahatyny sorajak.
-- Bä, o nähili gymmatly maslahatmyş, Amanmät habarçy?
-- Men kapasadan çykyp, erkin saýrajak, halypa!
-- Edip bolsa, oňa ýetesi näme bar? Ýöne men-ä şony başarmadym. Işden köpräk galmagymyň sebäbem şol. Pensiýä çykyp, maşynjygym bilen kireýkeşlige başlasam diýýän.
-- Wah, maňa entek pensiýä çenli ýol uzak-da, halypa. Onsoň maşynymam ýok.
-- Oň ýaly bolsa, men näme maslahat berip bilerin saňa?
-- KGB-çileri aldar ýaly maslahat ber, halypa!
-- Beh, KGB-çileri aldamak nämäňe gerek boldy seň? Ýa indi türkmen gazýetleriniň okyjyhalar bolmagyna wehim salanyňy az görüp, milli howpsuzlyga-da wehim saljak bolýaňmy?
-- Ýok-laýt, gaýta men milli howpsuzlyga wehim salýan korrupsiýaň, döwlet derejesindäki ýalançylygyň garşysyna çykjak bolýan.
-- Beýle bolsa, KGB-çileri aldamak nämäňe gerek?
-- Sebäbi baş redaktor hakykaty ýazdyranok, KGB-den gorkýan diýýä.
-- Diýýän bolsa dogrudyr. Döwlet gazýeti döwlet syrlaryny gorap saklamaly-da... Ol döwletiň, sarygarynja düşen ýaly, içinden iýilýänini aýdyp bilmez-ä!
-- Aýtmasa, döwleti bilen bile dargar-da! “Prawda” gazýeti hakykaty ýazmansoň, “nerazruşimiý soýuz” gözümiziň alnynda dargap gitmedimi?
-- He-he... Bolsa-da, pul däl-de, maslahat soraýanyň gowy seň, Amanmät habarçy!
-- Aýtdym-a, Derwezedäki çopanlaram bilýär jurnalistleň ýagdaýyny diýip. Jübimiz bilbiliň ketegine döndi ahyryn!
-- Meň jübimi görse, bilbiliňem öz arassaçyllygyndan göwni geçermikä diýýän.
-- 90-njy ýyllaň başynda, ol ady ýanwardan aýrylan bende “baý bolarsyňyz, dünýäde gaýşaryp gezersiňiz” diýse, bir gapjyk aldym. “Iri pul salaryn, öňki ýaly, sary birligi mynçgap, jübime atyp ýörmen, salyhatly adam bolaryn” diýip göwün ýüwürtdim...
-- He-he, göwnüň ahal-teke aty ýaly ýüwrük eken-ow!
-- Hawa, ýüwrükdi. Ýöne indi çaman boldy, bedew ýaly çarpaýa galmasyny goýup, ýüke werziş eşege öwrüldi. Eşekligem owarram diýse, otlamaga gaty çaýyram tapanok...
-- Beh, seň gaharyň gaty gelipdir-ow!
-- Gaharyň gelmez ýalymy? Hökümet gazýetinde ne pul, ne-de abraý galdy. Ne öýde sylagymyz bar indi, ne-de il içinde. Görýän welin, özümiz üýtgemesek, hökümet üýtegejek däl.
-- Oglan, sen üýtgäňde näme boljak? Hökümetiň elinde güýç bar, sende näme bar?
-- Mende çyn söz bar, oň güýjüni tonna, kilowat bilen ölçäp bolmaz!
-- Bu öň şeýle bolupdyr, indi söz nebit-gazly ýurtlaryň ýolbaşçylary aýtsa güýçli. Görýäň-ä, nebit-gazyň bolsa, daşyňa bal çalnan ýaly ahyryn!
-- Onda-da sen maňa maslahat ber. Men indi daşary ýurt habar serişdeleri bilen hyzmatdaşlyga başlajak.
-- Boh-ow, gaty aňryk gitmäweri, gara zaluwat. Ýüzläp žurnalist oňşuk edip ýör, geziberseň bolmadymy?
-- Ýok, halypa, men ýüregimi bire bagladym. Maňa “dur, yza gaýt, ýöreme-de mytdylda” diýme, gaýta “gaty ýöre, öňe git” diý!
-- Men “Gaty ýöre, öňe git” diýip, erteki gün seniň çagalaryň öňünde günäkär bolup biljek däl. Gaty ýöräni KGB-çileň nädýänini bileňokmy sen?
-- Şoň üçin KGB-çileň gözüne çöp atar ýaly maslahat, akyl ber diýýän-dä men saňa!
-- Olar saňa-maňa gözüne çöp atdyrmaz, inim! Ol ady ýanwardan aýrylan diýýäniň iň täze diňleýiş enjamlaryny satyn alyp beripmiş-ä olara...
-- Bu hökümet bizi uly iliň öňünde däl, çagamyzyň öňünde-de hiç kim etdi. On ýyl bäri işe diýip öýden çykmaga, işden öýe gelmäge utanýan. Men indi garaşsyz žurnalist boljak, hakykaty ýazjak!
-- KGB-çiler yzyňa düşüp başlasa, bujagaz günüňem ýitirersiň, oglan, şuňa düşün.
-- KGB-çi meň yzyma düşmesin, kileläp geroin agdarýanlaň, daşary ýurt firmalary bilen birigip, her kontraktdan millionlap dollar urýanlaň yzyna düşsün.
-- Wah, sada bolýaň-da, Amanmät jan! Olar üçin garyp žurnalist aňsatja aw ahyryn. Olar saňa-maňa näme etse, edeni öňünden gidýär. Üstesine, bu hyzmaty üçin hökümetem olaryň döşüne medal ýa egnine ýyldyz dakýar. Ýöne ol pully, wezipeli adamlara ýanaşsalar, işlerini ýitirerler...
-- Men açyk däl, lakam bilen işlesem diýýän... Türkmenler ajaly, ezraýyly aldapdyr, näme üçin KGB-çileň gözüne çöp atyp bolmaz?
-- Beh, Amanmät ýegen, bu nireden çykan gep boldy-aýt? Türkmenler ajaly nädip aldapdyrlar?
-- Çagasy durmaýanlar, şu bir ölmesin diýip, soňky çagalaryna “Italmaz”, “Pohly” ýaly atlary dakypdyr diýip siz ýazdyňyz-a! Ajaly aldamak üçin-dä şol!
-- Bä, sen onda “KGBALMAZ” diýip lakam aljakmy?
-- Ýok, men ýazan zatlarymyň aşagyna “Hiç kim” diýip gol çekjek...
-- Ýeser lakam tapypsyň, hiç kim bolsaň, hiç kimiň seň bilen işi bolmaz.
-- Meňem diýýänim şo-da, halypa!
-- Diýýäniň ýagşy welin, sen hakykaty ýazyp başlasaň, hiç kimlikden çykýaň-da, Amanmät jan! Biz şu wagt adymyz bilen açyk ýalan sözleýärkäk hiç kim, KGB-äň biz bilen şoň üçin işi ýok. Ýöne hakykatyň aşagyna “Hiç kim” diýip gol çeksek, KGB bizi hiç kim hasaplamaz. Onda biz “hiç kimlikden” çykyp, kimdir biri bolarys, derrew göze ileris, adam sanyna geçeris!
-- Wä, men bu tarapyny pikir etmändirin, halypa...
(Bilbilleriň saýraýan sesi.)
("Azatlyk" radiosy üçin ýazyldy we "Azatlyk" radiosynda efire berildi.)
()