Içerki sürgün

(Radiodrama)

Gatnaşýarlar:
Alabaý, şäherden oba iberilen it.
Betdi, kitaphanaçy bolmak isleýän işsiz.
Aman aga, Alabaýyň eýesi

(Itiň sesi.)
-- Ýit, ýok bol-aýt, seňki näme? Ýa meň ogry-jümrä meňzeýän ýerim barmy!
(Gapynyň jygyldap açylan sesi eşidilýär.)
-- Alabaý, ýat! Kim-ow bi gündiziň günortany it üýrdürip ýören?
-- Men-laý, Aman aga! Geçip barýan-laý. Itiňiz berk daňylgydyr-da hernä!
-- Gorkma, zynjyrlydyr! Oh, Betdi ýegen, gara penjek geýip, galstuk dakynyp, gaty bezenipsiň-le! Öýlenip-dagy edýän-ä dälsiň?
-- Ýok-laý, Aman aga! Obaň arçyny ýapylan kitaphanany täzeden açjak diýipdir, şol işi alyp bolmazmyka diýip barşym.
-- Oň bolsun! Onda indi sen ýönekeý Betdilikden ösüp, “Betdi kitaphanaçylyga” geçýäň-dä! Progres!
-- Aman aga, öň siz it saklaňyzokmykaňyz diýýädim-le? Birki günlükde geçemde-de beýle zat ýokdy!

-- Öň it saklamyzokdyk, o dogry. Ýöne birki aý bäri saklaýas. Şäherdäki oglum getirdi. Agtygym güjükliginden alyp, öýde saklaýardy. “Telewizora seredip üýrmäni çykardy, obada saklasak düzelmezmikä” diýýär.
-- Beh, “beýik galkynyş” zamanasynda her zat eşidiljeg-ow! Telewizora seredip üýrýär diýdiňizmi?
-- Hawa, ýöne telewizorda kino, multfilm görkezilse, hezil edip görýär diýýär. Oglum muny tohum it diýip alypdyr. Aç bolsa-da, guýruk bulamasy, gözi bilen dilegçilik etmesi ýok diýip öwýär.
-- Bä, it telewizorda kino görýär diýip eşitmändim... Teležurnalistler eşitse, itiňiz hakda gepleşik gurap, populýar-a ederdiler!
-- Ýöne telewizorda penjekli, galstukly adam görse, bul itiň gözi gyzarýamyş. Oglum ony şoň üçin bärde goýdy.
-- Bä, onda menem şol adamlara meňzedipdir-ow! Öň geçemde üýrenok eken-dä...
-- Ilki öňki prezidentiň kabinet ministriň mäslahatyny geçirişine üýrüp başlapdyr bi. Başda çala hyňranyp goýýan eken. Soň, stuýurdesseleňkä meňzeş şäpkeli aýal gürläp ugranda, birden gaty-gaty üýrmäni çykarypdyr.
-- Bä, öňki baş prokuroryň krupnyý parahordugyny biläýdimikä? Akylyňa döneýin, Alabaýym! Beýdip zynjyrlap saklaman, berre toklyň guýrugyny gapdyrmaly saňa! Maňa galsa, Gurbanbibiň jaýynam saňa bererdim!
-- Dur, beýle joşma, Betdi ýegen! Soň bul it öňki prezdidentiň özüne-de üýrmäni çykarypdyr. Telewizorda şol görünse, gözi gyzaryp, tüýleri syh-syh boluberýä diýýär.
-- Bä, onam bizden öňürti tanapdyr-da onda! Akylyňa döneýin, janawer!
-- Soň ol garalawçy aýal şäpkesinden aýrylyp, öňki prezidente “günämi geç, azatlykdan mahrum etme” diýip ýalbarandan soň Alabaý birki aý köşeşipdir. Ýöne soň ýene üýrmäge başlapdyr. Soňabaka ol telewizorda diňe prezidente däl, penjek geýen ähli adama üýrmäni çykarypdyr.
-- Bä, şu hili eşik geýýänlerden gorkmaly diýdigimikä-raý!
-- Soň oglum muny öýden çykaryp, howluda saklapdyr. Onda-da poçtolýon gazýet getirse, poçta ýeşşiginden alyp, birinji sahypasy sutarly gazýetleri ýyrtýar diýýä...
-- Bä, adamdan akylly-la bul it, Aman aga!
-- Yzyny diňle! Soň ol “beýik” aşak düşüp, mermer mazara girende, Alabaý ýene arkaýyn telewizor görmäge başlapdyr.
-- Bä, “Indi arkamyza şemal çalar” diýipdir-ow!
-- Ýöne alty aý soň ýene telewizora hyňranmany, biraz soň bolsa “Hormatly prezidentimiz” diýen sözi aýtsalar üýrmäni çykarypdyr.
-- Bäh, ýene öňki ýagdaý gaýtalanýar diýdigimikä-raý?
-- Onçasyny biljek däl. Oglum çydaman bärik getirdi. Men bu hiç üýrenok diýip geň görýädim, obada birinji saňa üýrdi.
-- (Ite ýüzlenip) Wah, janawer! Seni ýalynjaňlyk edip guýruk bulamanyň, başgaça üýrýäniň üçin içerki sürgüne ugradypdyrlar-a!.. Hernä çöregiň bitin eken, “guduzlady” diýip atmandyrlar...
-- Betdi, näme birden ite bakyp samraberdiň-aýt?
-- Aman aga, bu gürrüňi şu ýerde goýaly, ýogsa KGB-çiler eşidip, itiňiziň üç arkasyny barlap, dogan-dolanan, guda-gaýyn diýmän, baryny bir çetinden gyrarlar.
-- Aý, oglan, edýän gürrüňiň näteňet seň? KGB-çiler indi başga işini gutardymy?
-- Wah, olaň başga işi ýok-da, Aman aga! Has dogrusy, olar başga işi oňaranoklar. Onsoň gara sanaw düzüp, sähel başgaça pikirlenýänden “duşman” ýasap, ýokarkylaň öňünde kör abraý gazanýarlar.
-- Oň ýaly bolsa, Alabaýy köçe tarapdan aýryp, bukurak ýere geçireýin men. Atsalar, agtygym gaty gynanar...
-- Şeýt, Aman aga! Ýogsa KGB-çiler bizi Ginnesiň kitabyna girizder...
-- Ginnesiň kitabyna nädip giriztjekmiş olar bizi?
-- Olar bizi o kitaba “Akylly, başgaça üýrýän iti atýan millet” diýip girizder, Aman aga!
(Itiň sesi.)

("Azatlyk" radiosynda efire berildi.)

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019