Menejeristan

Elli ýyla golaý obada mugallymçylyk eden ata şähere, ogullarynyňka gezelenje geldi. Has dogrusy, ony agtyklarynyň biriniň diplom toýuna çagyrdylar. Tüweleme, agtyklarynyň hersi bir ýokary okuw jaýynda okaýar. Toýa gelen oglan-gyzlar aýdym-saza bat berip, tans edýärler.... Segsenden geçen goja üçin bu galmagala çydap oturmak kyn. Ol sypaýyçylyk bilen gyra, howlynyň çetindäki bagyň aşagynda goýlan kürsä çekildi. Ogullarynyň biri kakasynyň çete çekilenini görüp, körpe ogluna ümledi: "Ataňy ýeke goýma, ýanyna aýlanyp dur!" Körpe ogul atasynyň ýanyna ylgap geldi, iýjek-içjek zady, ýa başga bir islegi barmy, çyny bilen soraşdyrdy. Ata agtygynyň okuwy bilen gyzyklandy: "Sen näme ugurdan okaýaň, oglum?" "Menejerlikde okaýan, ata." ’Nämäň menejerliginde?" "Menejerlikdä-raý, ata, özüň bilýäň, okuwy gutaryp, menejer bolmaly-da..." Goja öwran-öwran sorady, emma agtygynyň kime, näme ugurdan menejer boljagyny anyklap bilmedi. Soň onuň ýanyna ýene bir agtygy geldi. Olam menejerlikde okaýan eken. Emma goja onuňam nämäniň menejeri boljak bolýanyny anyklap bilmedi. "Menejer-menejer borda-raý, ata" diýip, ikinji agtyk birneme gatyrganjagam boldy. Goja şondan soň agtyklarynyň nämäniň menejeri boljak bolýanlaryny anyklajak bolmady.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024