Radikalyň namazy
Ol hiç metjide barmazdy, ýöne bäş wagt namazyny hem sypdyrmazdy. Milli howpsuzlyk komiteti metjitdäki namazhonlary kontrolda saklaýardy, olaryň arasynda ýeterlik adamlary bardy. Emma ýeke çykyp, metjide barman, öýünde ýa çem gelen ýerde, ýeke özi sessiz namaza okaýan kakabaş türkmeniň ýüreginde näme bar, uzak wagtlap bilip bolmady. Sorasalar, beýleki namazhonlar hem hiç zat aýtmaýardy. Has dogrusy, olar ony öz dinibir doganlary hasaplamaýardylar. Sebäbi ol hiç wagt namaz okaýanyny ýa agyz bekleýänini diline çolamazdy, toýa-ýasa baranda, ähmiýetini artdyrjak bolmazdy. Bir agent bolsa onuň hiç wagt "alla-hudaý" sözlerini diline almaýandygyny, muňa derek "taňry" sözüni ulanýandygyny aýtdy. "Bu diýmek onuň Muhammet pygamberiň iň ýaş dinine däl-de, türki halklaryň ondan öň uýan Gök taňrysyna uýýandygyny aňladýar" diýip, ol agent başlyklaryna habar berdi. Bir molla bolsa onuň namazyny türkmençe okaýandygyny, ýagny özüçe namaz döredendigini aýtdy. Agentleri iň alada goýýan zat onuň obadaky abraýydy, il içindäki sylag-hormatydy. Sähel bir üýşmeleň bolsa, ony hökman çagyrardylar. Şol üýşmeleňleriň birinde onuň ýaňsylap, hökümetden aýlyk alýan mollalary "biznesmenler" diýip atlandyrandygy barada hem habar berdiler. Bir agent bolsa ol "bazara geçildi-de, dil-iman gazanç çeşmesine öwrüläýdi-läý, ýa ozalam şeýlemidi?" diýip soranyny ýetirdi... Bu zatlaryň hemmesi birleşip, milli howpsuzlyk komitetiniň agentlerini däli edýärdi. Olar onuň adyna ýörite bir "päpge" açdylar we daş ýüzünden uly harplar bilen "RADIKAL" diýip ýazdylar. Emma "radikalyň" sepini bu "päpge" däl, iň soňky derejedäki ses ýazýan enjamlar açdy. Onuň sesini, namazyny uzak wagtlap ýazgy etdiler. Dogry, bu aňsat düşmedi, sebäbi ol namazyny sessiz, içinden okaýardy. Emma hepdeläp edilen azap ahyry netijesini berdi, ol bir gün, irki namazda çalaja sep açdy. Dogry, bu beýle bir aýyl-saýyl däldi, hümürdidi. Emma şol hümürdiniň arasynda käbir sözleri aňlap bolýardy. Agentleriň biri onuň hümürdisiniň goşgy setirine meňzeýändigini aýtdy. Ikinji agent onuň Magtymgulydan goşy okaýandygyny çaklady. Ahyry Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly institutyndan iň gartaşan magtymgulyşynasy çagyrmaly etdiler. Emma o bendäniň hem gulagy agralan eken. Ýöne ol çykalga tapdy, ertesi on ýaşly agtyjagyny alyp geldi. "Gulagy ýitije, üstesine iki ýaşyndan bäri her gün Magtymgulyny okap ýatyrýan, Magtymgula dahylly zat bolsa, gulagy tutar" diýdi. Diýşi ýaly, çagajyk radikalyň namazyny birinji gezek diňlänininden, gulagyna geýen enjamyny aýryp, bireýjejik ýylgyrdy: "Aýdan sözüňe pyglyň bolmasyn ýalan köňlüm" diýýär. Agentler geň galdylar: "Yzyny diňe, yzynda näme bar? Ol uzyn okaýar-a namazy!" Çaga ýene ýylgyrdy: "Başga zat diýmeýär, diňe şol bir setiri gaýtalaýar."