Beýik lider?
Beýik lider, demokrat! Uruşdan gaçanlara ýurdunyň serhedini giňden açdy. Soň bolsa, zordan başyny gutaran maşgalalary garşylap, gözlerinden buýur-buýur ýaş dökdi. Sebäbi ol özi ýaly beýik demokratlaryň liderligindäki döwletleriň halkyny urşa, gyrgynçylyga getiren diktatorlara näçe ýarag satanyny, aşakdan näçe goldaw berenini gowy bilýärdi...