El çarpyşyk
(Radiodrama)
Gatnaşýarlar:
Är-aýal.
Waka garaşsyz Türkmenistanda “ömürlik” prezident ölüp, häkimiýet çalşandan soň bolup geçýär.
(Gürrüldili el çarpyşyk)
-- Atasy, soňky döwür radioňdan el çarpyşyk köp eşidilýä-le?
-- Aýdýanyň 100 göterim dogrudyr, keýwany, eşidilýändir!
-- Bi nä döw çaldy saňa? Ozal el çapyp başlasalar, radioňy öçürip, hapa-hapa sögünýärdiň...
-- He-he-he! Öňki el çarpyşyklar bilen indiki el çarpyşyklaryň parhy bar, keýwany!
-- O näme parhy barmyş olaň? El çarpýanlar öňem, indem şol bir adamlar dälmi? ýa olaryň tahýasynyň keşdesi üýtgeşikmi?
-- He-he-he! Senem rejimiň tankytçysyna öwrülip barýaň öýdýän, keýwany?
-- Tankytçylyk-öwgüçilik bilen işim ýok men, sen bir hili aklyňdan üýtgän ýaly görünýäň, şondan gorkýan.
-- Akyla-beýlekä ýetiberme, keýwany. El çarpýanlar şol bir adamlaram bolsa, el çarpylýan zat başga indi. Ýer bilen gök ýaly tapawut bar bärde!
-- Ýer bilen gök ýaly bolaýşyny şoň! Näme, urbaňda unuň, saçagyňda nanyň köpeldimi?
-- Aý, keýwany, hemme zady nan, un bilen ölçeme ahyryn.
-- Dagy näme bilen ölçäýin? Ýalan sanlar bilen ölçäýinmi?
-- Pa-haý, oňardyň-ow sen-ä! Gurbansoltan gidip, aprel yzyna geldi, şoň bilen ölçe!
-- Onda agşama aprelden nahar bişireris, garnyňy suwa at-da ýatyber.
-- Wah, keýwany, düşüneňok-da!
-- Nämesine düşüneýin? Öň apreli aýryp, Gurbasoltan geldi diýip el çarpdylar. Indi Gurbansoltany aýryp, aprel geldi diýip el çarpýarlar. El çarpýanam şol bir adamlar! Utanmasaň eýleligine-de, beýleligine-de el çarpyp boljak eken...
-- Wah, gowy ýerem şonda-da, keýwany!
-- Nämesi gowy oň? Öň okuwy 10 ýyldan 9 ýyla getirýäs diýip el çarpdylar, soň 9 ýyldan 10 edýäs diýip el çarpýarlar. Ozal opera-baleti ýapdyk, türkmene mahsus däl diýip el çarpýardylar, indi açdyk diýip el çarpýarlar...
-- Wah, bagrymy ýakdyň-da, keýwany! Sen politika düşüneňok-da!
-- Wah-wahlap durmasana, atasy, politika bolsa düşünerdik-le! Politika barmy bu ýurtda?
-- Oh-ow, duraweri, gara zaluwat! Beýle gürrüň etmäweri!
-- O näme üçin etmeli dälmiş? Ýaňy düşüneňok diýýädiň-le!
-- Sebäbi sen indi düşünip, aňyrsyna geçdiň, keýwany! Gaty aňryk gitme, yzyňdan çörek gatnatmaly bolaýmaýyn!
-- Onda senem öňküje bolşuňy sakla, el çarpyşyk eşidilse, öçür radioňy!
-- Men ol el çarpyşykdan lezzet alýan, keýwany!
-- Nämesinden lezzet alýaň, bir topar ýaranjaňyň çörek gazanjak bolşundanmy?
-- Ýok, keýwany. Olar öň ýalňyşlyga el çarpdylar, indi şol ýalňyşlykdan yza gaýdylanyna el çarpýarlar.
-- Ýalňyşy-dogryny bilenok olar, ýokardan näme aýdylsa, şoňa el çarpýarlar.
-- Bolsun! Maňa olaryň aprele el çarpany bolýar!
-- Aprelden aç millete çörek bolar-ow onda!
-- Diňe ol däl, Halk maslahatynam küştden aýyrýarlar, gözüňi giňräk aç!
-- O bolmasa, ýene bir maslahat taparlar, bular üçin gözümi giň açmak däl, kirpigimem gymyldatjak däl!
-- Ýalňyşlygyň başlanan ýerine, azaşan ýerimize gelýäs, keýwany! Men şoňa begenýän! Belki indi dogry ýoldan gidäýedik-dä!
-- El çarpylýan biraz oýlanmasa, ýene ýalňyşaýmasak, atasy...
(Gürrüldili el çarpyşyk)
("Azatlyk" radiosynda efire berildi.)
Maý, 2008