Hakmyradyň gowy görýän ady

Ýewropanyň bir şäherinde saý-sebäp bilen üç sany türkmen duşuşdy.

Birinjisi - 60-a golaýlan ataist Rozy, moskwaly, heniz sowet döwründe gelip, şol ýerde işlän; ikinjisi - 50-ä golaýlan Hakmyrat, Eýrandan, mollalar režiminden gaçan; üçünjisi - 30-a golaýlan ýurist Ahmet, Türkmenbaşy döwründe gaz edarasynda işlän kakasynyň puluna jaý alyp, çagalary bilen Kaliforniýa göçen. Rozy bilen Hakmyrat öňräkden bäri tanyş, Ahmediň olar bilen tanşyp durşy.

Kofe başynda Ahmet gürrüň berýär: "Ejem bilen kakam geçen ýyl Mekgä zyýarat edip, hajy boldy. Aýalym şol wagt göwrelidi, oglum boldy, adyna Muhammedaly dakdym. Ejem bilen kakam tapan adyma gaty begendi..."

Rozy öten agşamky içgiden soň kellagyrysyna çydaman oturan anti-molla türkmene baş atýar: "Hakmyradam begener, sen onuňam iň gowy görýän adyny dakypsyň..."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024