Arkasyz är
Ol ýassygy tirsekläp ýatan ýerinden "Heleý, çaý!" diýip gygyranda, sesine goňşy öýde uklap ýatan bäbek oýanyp, çyr-çyr aglamaga başlady. Munuň goňşy bäbekdigini bilmän, ýene aýalyna arlady: "Gap-eý sesini şoň, göreňokmy, ýanymda adam bar-a!" Öýlenende toýuna gelipdim. "Iki aýakly iki günde, eýläme-beýläme bakmakam, oglum är çykaýypdyr" diýip, kakasy saçagy boldan ýazypdy. Öňräk ýogalanyny eşidip, ýerine görneýin diýdim. Öňündäki tümmek küldana çiliminiň külüni kakan öý eýesiniň arkasynda, pola düşelen haly bilen diwaryň aralygyndaky boş ýerde serrelip ýatan boş çüýşäni görüp, "Näme iş-pişe edýäň?" diýip soraýmanmy. Ol ör-gökden geldi. "Iş-pişe bormy? Arkalylar işleýä bumat diňe! Pahan öldi, işden kowdular. Nememiş, arak içýämişik. Özleri neşe-de edýäler, işläp ýörler-ä!.. Ýatan ýeri ýagty bolsun, pahanyň alyp beren jaýynda otyryn. Ýuridiçeskini gutartdy pahyr... Heleýiň el işi bolmasa, bäş çaga bilen aç öläýmelidik. Hemmejigem gyz... Hudaý jan bir ogul berer öýtdük, yzymyzda ojagymyz öçmez ýaly..." Ýene bir aýat okadyp, turarman boldum. Ýene gyşaryp ýatan ýerinden gygyrdy (biraz ýarawsyzmyş, aýyp-syn etmeli dälmişin): "Heleý, naharyň gelmedi-le, turjak bolýalar-a!.." Ýene goňşy bäbegiň çyrlap aglaýan sesi eşidildi. Ol ýene öz çagasydyr öýtdi: "Gap-eý sesini şoň! Görýäň-ä, öýde myhman bar-a!"