Sowuk pikir
Ýalňyşmasam, bizde "Il näme diýer?" diýen söz köp aýdylýar. Megerem, biz iliň (ol ýa-da beýleki adamyň) daşymyzdan, keseden ýa göni ýüzümize näme diýjegini başga milletlere garanda hem kän alada edýäris. Emma biz şol aýratyn alnan adamyň ýa adamlaryň näderejede il pikirini aňladyp biljegi, ýa-da il şeýle pikir edende näme ähmiýetiniň bardygy barada az oýlanýarys. Gynançly ýeri, munuň beýle bir alada edip ýörmeli mesele hem däldigine, esasy özüňe ikilik etmeli däldigine soň akyl ýetirip başlaýarsyň. Sebäbi ol ýa beýleki adamyň ýa il diýilýäniň diýýän ýa pikir edýän zady, belli bir menzile ýeteniňden soň, käte juda manysyz ýa gülkünç bolup görünýär. Bu pikir ilki ýigrimi ýyla golaý öň, SSSR ýykylandan soň gysga wagtda eline uly pul düşen we soň türme-gykylyk bilen zordan başyny gutaran ildeş bilen gürleşemde kelläme geldi. Ol biz ýaly ýazan bolýanlary (elbetde, biziň aramyzda hem her hilisi bar!) göni "çygyraklar, bagyraklar" diýip atlandyrýardy. Elbetde, ol özüni iş adamsy, jemgyýetde möhüm orun tutýan adam hasaplaýardy we muny kän gizläp hem durmaýardy. Geçen ýyl bu pikiri başga-da biri ýadyma saldy. Ol birinji täze türkmene görä seresabrakdy, sebäbi oňa garanda-da has kän pul görene çalym edýärdi we türmede has köp oturyp, kas kynlyk bilen çykypdy. Ol biz ýaly ýazan bolýanlara, başga biri barada dilden sypdyran sözünden çen tutsaň, "şarlatanlar" diýýän eken.