Surat

Gutulgysyzlyk

Onuň ilki gözüni açyp gören hökümeti ýalançydy, emma ol jalkyldap ýykyldy-da, ýerine bir topar kiçijik hökümet döredi. Emma soňky dörän hökümetler hem ýalançy, hem ogry boldy. Ol ne ýalançylyga, ne ogurlyga garşydy. Ilki oktýabrýat, soň pioner, komsomol we kommunist bolup, hukuk ugrundan ýokary bilim alyp, kanun goraýjy bolup, ne ýalandan, ne ogurlykdan gaýdypdy. Haýp, ogrular, ýalançylar hem hemişe bir-birleri bilen oňşup durmaýar. Netijede, ol türmä basyldy, çykdy we ýurtdan gaçdy. Indi wagtal-wagtal daşary ýurtda, ýalançy we ogry hökümeti tankyt edýänlere töhmet atyp, öz wepasyny görkezip durýar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024