• Türkmençe
  • English

Ýowşan Annagurban

Bölümler
  • Goşgular
  • Poemalar
  • Hekaýalar
  • Makalalar
  • Bellikler
  • Portretler
  • Terjimeler
  • Media
  • Ses ýazgylary
  • Suratlar

Haýran galmaly zatlar

Garly gün. Gezýän ýolumyň käýerleri erän, käýerleri doň we typançak, seresapja ýöremeli bolýar. Ýogsa taýyp, bir ýeriň ýere gatyja degmegi mümkin.

Öňümden iki sany ýaş çagaly aýal barýar. Elbetde, çagalary kolýaskada. Çagalar üçin gurlan meýdançanyň deňinde olardan ozup geçdim, emma bialaç gep diňledim.

Gelinler ’biziňki dilde’ gepleýärdi, diýmek, öňki sowetistandan gelen, her gören zadyny biygtyýar yzynda galan durmuş ýa öň gören zatlary bilen deňeşdirýän adamlardy.

Olaryň birinjisi şeýle diýýär:

- Geňler galýan, şu çagalar meýdançasyny gurup gidenlerine bir ýyl boldy, emma gelip agşam ýeke zadyny döwüp gidýän ýok-da?!.

Ikinjisi jogap berýär:

- Hawa, ilki hojagaz kiçijik çaga öýjagazyna çagam girjek bolsa, ilki baryp hökman içini görerdim. Haýran galmaly, ne itler, ne oglanlar, hiç kim içine meýdan etmeýär...

  • 31.01.2017
  • Hekaýalar
Bölüme soňky girizilenler
Hudaýyň ak ketenisi 17.03.2018
Jaýy ýykylanyň jaýy 05.03.2018
Kelteden başlanan uzak ýol 05.02.2018
Uzaga çeken ölüm 01.10.2017
"Haýynyň" haýyşy 01.05.2017
"Admin bolasym gelýä" 08.03.2017
Paýlaş

Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.

  • RSS

annagurban.com copyright © 2006-2019