Bolçulyk
Olar ozal azlykdy, daşky duşmanlar bilen uruş-gykylyklarda gyrlyp, hiç köpelip bilmändiler. Emma ellerine tapsalar gylyç, tapmasalar gyrkylyk alyp, ata çykyp ýa pyýada, aýal-erkek diýmän, ýurt gorapdylar, bolmanda ar-namys bilen ölüpdiler. Indi başga döwür, ol ozalky daşky duşmanlar ýok, goşun çekip, gyryp gidýän. Emma içki duşman welin, biri gitse, ikinjisi gelýär. Has dogrusy, olar bir-biriniň duşmanlaryna öwrüldiler. Täsin ýeri, "Dogry sözliň dosty ýok" diýip, öz ýagdaýlaryny boýun hem alýarlar. Dogruçylyň-dürsüň duşmany has köp, arakhory, aýalbazy, ogry-jümrini, ýalançy-kezzaby ýa neşekeşi beýle ýek görmeýärler. Bu, käbir pikirlere görä, durmuşyň bir bölegine öwrülen milli göriplik bilen bagly. Özem esasan olar atdan düşürilenden soň, sowet-kommunist eýýamynda, hemmesi diýen ýaly deňeçer garyp bolanda kada öwrüldi. Soň "altyn asyr" eýýamy geldi, içlerinde ugruny tapyp, biraz gurplananlar, at münenler hem tapyldy. Ýöne Keminäniň günde müň kowlap, baý ýere giderip bilmedik garyplygy gapböwürde goş basyp ýatyrdy. Netijede, at ýetmedikler, daşlaryna çykaryp zat diýmeseler-de, özleri ýaly garyp öýden çykanlaryň birdenkä atly bolmagyna, özleriniň eşek tapmazlygyna içlerinden razy däldiler. Muny, elbetde, at münenler hem bilýär. Üstesine, olaryň, ýagny at münenleriň arasynda hem göreş gidýär, agzy ýeten beýlekini iýjek bolýar. Şeýdip, at münenleriň köpüsi türmeden çykdy, beýlekileri bolsa, ymyzgansa gara basyp, hasap gününe garaşyp ýaşaýar. Ýöne daşyndan seretseň, bu ýerde beýle zat ýok, toý-tomaşa, şatlyk-şagalaň asmana galýar. Sebäbi indi olar öňki ýaly azlyk däl, köplük, garyp-gasar näçe köp bolsa-da, içinde aýdym aýdyp, saz çalyp, goşgy-gazal okap, at üstündäkileriň keýpini göterjek bolýan bol tapylýar. Dogry, arasynda bu durmuşdan bizar bolup, daşraga gaçýanlar hem bar. Emma olara biragyz "watan satan" diýýärler.