Surat

$ gözlegi

Baýramgülüň hekaýasy

1995-de,12-nji iýuldan soň Aşgabatda her iki hepdeden milli howpsuzlyk komitetiniň deslapky tussaghanasynyň daş işiginde ’peredaçi’ geçirmek üçin irden, alagaraňykda nobata durardyk. Her gezek, edil bilgeşlin edilýän ýaly, aýry-aýrylykda iki-üç adam gelip, ’dollar çalşylýan ýermi?’, ’dollar nobatymy?’ diýip sorardy. Türmedäki bendisini gaýgy edip duranlaryň gahary gelerdi. Käsi hiç zat diýmän, beýlesine öwrülerdi, käsi bu ýerde nämä üçin nobata durulýandygyny iki sözde düşündirerdi. Bu düşündirişden soň, dollar gözleýänleriň hemmesi diýen ýaly gaty gorkardy. Olaryň käsi hiç zat diýmän, derrew bu ýerden ara açmaga çalyşsa, käbiri ’bagyşlaň’ diýip, ötünç sorardy. Ondan bäri ýigrimi ýyldan gowrak wagt geçdi. Käwagt oba jaň edemde eşidýän, ol adamlar şindem dollar tapanokmyş...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024