Surat

Uzaga çeken gahar

Rahym Eseniň hekaýasy

Bir gün kameradaşym kikir-kikir gülýär. "Näme beýle böwregiň bökýär, aýt, bile güleli?" diýdim. "Aýtsam, siziň gülkiňiz tutmaz, gaharyňyz geler" diýýär-de, ýene kikir-kikir gülýär. "Aýt, gaharym gelmez" diýip söz berdim. "Aýt diýseň - aýdaýyn: men-ä bir neşekeş, neşe satyp tutulan, siz bolsa bir il içinde tanalýan abraýly ýazyjy, ençeme ýyllap kitap ýazyp, kitabyňyzy çap etdirip tutulan. Ýöne ikimizem adybir tussag. Şuňa gülkim tutýar, he-he..." Sözümde durup bilmedim, gaharym geldi. Ýadyma düşse, şindem tisginýän.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019