Surat

Bir problema

Adam gürrüň berdi:

"SSSR darganda "men" diýen ýaşymdadym. Işläsim gelýärdi. Elbetde, halk, il-gün diýip, ölüp ýatan däldim, emma diňe özüme, maşgalama bolsun diýýän egoist ýa ogry hem däldim. Kakam dürs adamdy, "sogan bilen çörek iýeniň gowudyr, il malyna, döwlet puluna el uzadaýmaň" diýip sargardy. Kakamyň nesihaty bilen ýaşajak, işlejek boldum. Emma ýokaryk çykan işlemäge goýmady, "syrtymy süpür" diýdi. Onuň diýenini etmedikler ýa türmeden, ýa başga bir ýerden çykýardy. Baş alyp gaçmaly boldum. Emma oglan ýüregim, ýat illerde hem yzymy gaýgy etdim, diňe özüm däl, kösenýän gowy adamlaryň hemmesi üçin işläsim geldi. Emma ýekäniň çaňy çykýarmy näme? Üstesine elimem ýukady, ýat iliň ugur-ýoluny, dilini öwrenmelidim..."

"Hawa, onsoň?" diýip, men oň häsini ýetirjek boldum. Emma ol meniň dilime gelen sözi aýtmaga maý bermedi:

"Ýyllar geçdi. Inçejik umydym bardy: ’beýle bolup durmaz, täze adamlar geler, ýurt üýtgär’ diýýärdim. Emma ýurt üýtgemedi. Muny diňe bir zatdan, ýurtdan çykýanlaryň, gidesi gelýänleriň sanyndan hem hem görse bolýardy. Yzdan bir soralýan zat pul bolsa, ikinji soralýan zat nädip, nirä çykyp boljagydy. Sadalyk gursun, ady gara sanawa düşüp, ýurtdan çykmagy gadagan edilenleriň birine öz tejribämi gürrüň berdim. Olam şol bir problemadan - "syrt süpürmekden" gaçjak bolýandyr diýip çen etdim. Sebäbi olam şol ýokaryk çykanyň ýanynda, golaýjagynda işläpdi, soň türmä basylypdy. Emma menden bir tapawudy - ol türmeden öň mazaly baýapdy. Men bu tapawuda göz ýumupdym..."

Adam sägindi. Men ýene "hä" berjek boldum. Emma ýene ýetişmedim:

"Keltesi, ol ahyry ýurtdan sag-aman çykdy, görüşdik. Öýüme çagyrdym. Geldi. Saçak başynda başdan geçirenlerini gürrüň berdi. Elbetde, gürrüňlerinden çen tutsaň, ol diňe pidady. ’Menem başda şeýledim, problemanyň bir bölegidigimi bilmeýärdim’ diýip, içimi gepletdim. Myhmanym kän nahar iýmän, artygrak içdi. Men oňa ’seresap bol’ diýmegiň ebeteýini tapmadym. Ol ahyrynda hajathanany sorady. Men ýol görkezdim. Birsellemden hajathanada oturan ýerinden adymy tutup gygyrýar. Baryp gapyny kaksam, ’Kakyp durma-da, gel basymrak’ diýýär. Birbada ýaýdandym, soň ’bir bolmasyz zat bolan bolaýmasyn, garamata galaýmaýyn’ diýip, gapyny itdim. Görsem, ol hälki garşy alan mysapyrym däl, şol gaçyp gaýdan azgynym ýaly gaýşaryp, ’Gel basym, syrtymy süpür!’ diýip herrelýär..."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024