Surat

Iň kän zorlanan sözler

Metjitden çykyp gelýän iki goňşy özara gürrüň edýär:

- Bilýäňmi, iň köp zorlanan söz haýsy söz?

- "Agzybirlik" bolaýmasa...

- Näme üçin beýle pikir edýäň?

- Düýn bazarda öňki başlygym duşdy. Garrapdyr. "Agzybirje işleşdik" diýip, azyndan bäş gezek dagy gaýtalady.

- Näme, ýalanmy?

- Onda-da nähili! Bir işgäri onuň öýüne her aý iki-üç gezek täze et getirmelidi, beýlekisi oňa hekaýa ýazyp bermelidi. Biri hepdede iki-üç gezek nahar bişirip, öýüne çagyrsa, beýleki biri hepde ahyrynda mantymy, palawmy bişirip eltmelidi. Ýene biri onuň dynç alyş harajadyny çekýärdi. Bularam az görüp, ol işgär aýallaryň biri bilen gezip başlady. Aýaly muny bagyşlamady. Aýrylyşdy. Onsoň ol şol işgär aýala öýlendi. Onsoň işgär aýallar özlerine bir eşik, aýakgap alsalar, ol aýala-da almaly boldular. Sebäbi ol biri täze zat geýse, "nireden aldyň, maňa-da alsaň bolmadymy?" diýip, diýenini etmeseler, ýakalaryny goýbermeýärdi. Eger biri garşylykly söz aýtjak bolsa, är-aýal ol bendäni kollektiwiň agzybirligini bozmakda günäleýärdi. Diňe baş atyp gutulyp bolýardy, gepleseň heläk edýärdiler. Elbetde, başga iş tapan gaçýardy. Ol gidenleriň ýerine çem geleni işe alaýýardy. Hatda bir ataly-gyzy bir günde, bile işe aldy. Soň eşidip otursak, olary bir aýlyga işletmek, biriniň aýlygyny özüne almak şerti bilen işe alypdyr...

- Aýbygadym eken-ow, bende...

- Sen iň köp zorlanan sözi haýsy söz hasaplaýaň?

- Menmi?.. "Hudaý" sözüni! Bu sözi hudaýsyzlar hiç dilinden düşürmeýär.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024