Žurnalistiň "hezil işi"
1993-nji ýyl. Žurnalist işden çykdy.1982-nji ýylda ýokary okuwy tamamlap, "žurnalist boljak" diýende, kakasy oňa "üç prosent hakykaty ýazyp bilseňem razy bolaryn, ýöne ony saňa uzak ýazdyrmazlar" diýipdi. Žurnalist "kakam mamla eken" diýdi. Onsoň, işleýän wagty iki-üç aýlap görüp bilmedik ejesini, kakasyny görmek üçin 200 km uzaklykda ýerleşýän obasyna gitdi. Uzak ýol geçip, uly ýoldan obasyna sowlan ýerinde hem klasdaşyna duşdy. Ol ugurdaş maşyna garaşyp durdy. Durdy. Gara-gadyr salamlaşdylar. Iş-güýç, öý-içeri, goňşy-golam, mal-gara soraşyldy. Ol işden çykanyny aýtmady. "Hemme zat gowy" diýdi. "Aý, siziňki gowy bolman kimiňki gowy bolsun, hezil işiňiz bar" diýip, klasdaşy ýylgyrdy. Žurnalist geň galdy: "Nämesi hezil oň?" "Aý, şony öwmelidir-dä... Öwdügiňçe-de wezipäňi ulaldarlar, aýlygyňy köpelderler, baýrak bererler. Onsoň şol öwüp oturmaly."