Kärtişge we syýasat
Adam uzak ýyllardan soň ýurduna dolandy. Inisi mal öldürip, hudaýýoly etdi. Obadaşlary üýşüp gelip, işikde ýazylan brezentiň üstünden düşelen palaslarda aýbogdaşlaryny gurup, tamdyr çörek bilen kärtişgeli çorba iýdiler.
"Bäh, süýji kärtişge eken-aý" diýip, biri aýtdy. Başga biri "Niräň kärtişgesi?" diýip sorady. Öý eýesi "Eýranyňky" diýdi. "Bäh, eýranlylar nädip ekýäkäler, bizde-hä bolanok" diýip, kärtişgäniň süýjiligine haýran galan aýtdy. Çetde oturan çepiksije ýaşuly ajy ýylgyryp: "Bu syýasat bilen bagly" diýdi. "O nähili, syýasatyň kärtişgä näme dahyly bar?" diýip, haýran galan ýene haýran galdy. "Olar ilki ’saýlawlarda galplyk edilýär’ diýip, köp bolup mitinge çykýarlar, soň polisiýa mitingi basyp ýatyrýar, onsoň olar gaharlaryny ýerden çykarýarlar, yhlas edip, ekinlerinde işleýärler, sebäbi bolmanda öz ýerleri bar..."
Çepiksije ýaşuly, "näme diýerkäler?" diýýän ýaly, sözüne dyngy berip garaşdy. Hiç kimden -sesseda çykmady. Ol onsoň, pikiriniň yzyny aýtman, turup gitdi.