Uly kemçilik
Ol ýurdundan gaçyp çykypdyr. "Dar çygra, komsomol-partiýa çarçuwalaryna sygan däldir" diýdim. Emma soň görüp otursam, ol şol köne çarçuwalary hem ýany bilen alyp çykypdyr. Has dogrusy, ol öýünde ýa köçede, daşyndan gürlände ýa birlerini diňlände, ýasama ýylgyryp, ýasama baş atyp, şol öňki çarçuwalaryndan çykmazlyk, öz hakyky ýüzüni açmazlyk üçin jan edýärdi. Şonuň bilen bir wagtda-da, eli ýa agzy ýetse, ol islendik adamy, hamala bir çarçuwa sygmaýan surat ýaly kesip, gyrkyp, öz köne çarçuwalaryna salmaga çalyşýardy. Munuň üçin, elbetde, ol sowet komsomol-partiýa şantažlaryny, ejiz-nadaralary daşyna toplap, gerek ýerine küşgürmegi, birlerini öwmek, birlerini döwmek, birlerini işden kowdurmak ýaly sowetistanda gowy işlän usullary hem ulanmaga çalyşýardy. Gerek ýerinde ýalan sözleýärdi, gykylyk edýärdi, bolmasa gülýärdi, gözüne ýaş aýlap aglaýardy. Ýöne onuň bir uly kemçiligi bardy - bu usullaryň işlemegini üpjün edýän türmesi, kgb-si ýokdy. Dogry, ol öýüni aýaly üçin türmä öwrüp görüpdi, emma olam bu türmäniň gapysyny döwüp, gaçyp gidipdi...