Surat

Hekaýanyň hekaýasy

Alty sözli hekaýalar (4)

***
Olar örän akylly. Akyl berene sögýärler.

***
Aýtdym, aýtdym, düşünmedi. Özüm samsyk boldum.

***
Umumy dälilige dahylsyzy "däliniň dälisi" atlandyrdylar.

***
Bileje türme gurdular. Agzybirje girip-çykýarlar.

***
Hemmesi akylly dymýar. Çydaman geplän samsyk.

***
Edaradaky halyny ogurlansoň, öýüne adam çagyrmaýar.

***
Bende. Söýenine ýetip bilmedi, bahyllyga öýlendi.

***
Gapyrjaga sygmady. "Jenaýatçy" diýip, türmä saldylar.

***
Dogan-garyndaşdan aýryldym. Arada döwlet dur.

***
Hekaýanyň hekaýasy özüň bolmak, başga däl.

***
Ýol tapman, üstümden geçirdim. Ýodadyr öýtdüler.

***
Bogulsa-da çydaýar, çünki ýene bir gelmekçi.

***
Ony egindeşleri öldürdi. Göni däl, gytaklaýyn.

***
Dereje. Ýüzüňe: "He-he..." Ýeňsäňden: "Haýyn, haýyn!"

***
Wezipe: Hapa ýalap, "süýji" diýip gygyrmaly.

***
Adalatyň adyndan daňylgy hakykaty üýşüp zorladylar.

***
Talaňçylar bir-biregi goldady, talanýanlar goldamady.

***
Ozalky resminiň aýallary: Öň biz tussagdyk...

***
Eklenç üçin gara işläp, sypynanda ýazýar.

***
Türmä ilki dogrulary, soňundan ogrulary saldylar.

***
Aristokrat. Soňky ýumşuny etmedim, jaňyny kesdi.

***
Distansiýa hakykatdanam beýik, ýakyndan görmedigiňi tanaňok.

***
Oligarhlaryň çagasy Pöwrizede, meniňki sürgünde ulaldy.

***
Ýaşajaga ýalan sözlerden başga işem gerek.

***
Hökümetiň sesi gataldygyça dükanlar boşamak bilen.

***
Garaşsyzlyk baýramy. 25-den 19-sy bosgunlykda bellendi.

***
Eşek ogurlady. Yzyna ogurlatdy. Ogrudan öýkeledi.

***
Göreşe çykarsyň. Ýaralanarsyň. Söweşsiz ölenler güler.

***
Gözlenýän zat bir bolsa, duşmanlaram ylalaşar.

***
Halky ýuwaşatmak üçin žurnalisti töhmetde aýyplarlar.

***
Ejeňi, kakaňy öldüren bidöwlet ’sagbola’ garaşar.

***
Iş etjege güýç, busjaga ketek berler.

***
Ýykjaga-da, gurjaga-da baş aýlaýan ýalan gerek.

***
Garyplaryň puluna baýlara köşki-eýwan gurdular.

***
Aktual interwiýu. Ylalaşylan soraglar. Boş jogaplar.

***
Maňa sögülende iki, ezijide - ýarym paý.

***
It uruşdyrmagy bilmezdi. Adam uruşdyrmaga ussatdy.

***
Okan namazy ürküzen gurbagasyna degdi, aldatdy.

***
Beýik hukuk goraýjy. Aýalynyň ýaşmagyny açdyrmady.

***
Ýigrendigi dissident. Dissident "gorap", çörek iýýär.

***
Özüni aşak basyp, işini basgançak edindiler.

***
Iki aganyň hyzmatkäri: hakykatyň hem ýarymçyklygyň.

***
Üstüme gelmedi. Düşümejege baryp, ýüregimi agyrtdym.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024