Surat

Adamyň açyşy

Adam aýtdy:

"Inim ugursyz. ‘Içip-çekenok, urşup-sögüşip ýörenok, emma oňuşmady, maşgalasyny bozdy, ogullaryny başy dikkä atasyz goýdy’ diýip, bir özüni günäkärleýärdim. Emma diňe bir tarap ýazykly bolmaýan eken, agyr günä iki tarap, belki-de üç, dört tarap ýa ondanam köplük bolup edilýän eken... Içen-çekeniňem hemmesiniň maşgalasy bozulanok."

Sorag bilen seredendirin-dä, ol dowam etdi:

"Ejem pahyr gelniniň yzyndan kän gatnady. Emma her gezek baranda, gelni çagalaryny gaçyrýarmyş. Soňky gezek, uly agtygynyň doglan gününde, tort bişirip, sowgatjyk alyp gitdi. Emma o gelin ýene ogullaryny gaçyrypdyr. Şondan soň ejem ’olaryň gelmejegi çyny’ diýdi. Şolam dert boldy. Pahyr, körpe oglunyň ogullaryny gujagyndan düşürmän ulaldypdy..."

Men ýene-de sorag bilen seretdim.

"Men özümi gelnimiziňem ýerinde goýup gördüm. Her hili ýagdaý bar, adamsy bilen ýaşaşasy gelmän biler. Emma garry gaýnynda näme günä bar? Ol olary oňuşdyrjak bolup, nämeler etmedi? Üstesine, enäniň ozal öz çagalary, soň agtyklary üçin saçyny sübse edişini görüp, soňam o gelende ogullaryny gaçyrýan gelin akja jüýje bolup bilmez..."

"Bu dünýede akja jüýje barmyka aslynda?"

"Megerem şondan, agyr günäler köplük bolup, bilelikde edilýär. Öýler bilelikde ýykylýar, döwletlerem şeýle. Ony diňe prezident däl, premýer-ministr, ministrler, häkimler, nire-nireleriň adamlary bilen birleşip ýykýarlar. "

Men sesimi çykarmadym. Adam ajy ýylgyrdy:

"Haýp, ozal diňe öz inimden görüpdirin. Bir döwletbaşy, her näçe ugursyz bolsa-da, gapdalyndakylar düzüw bolsa, ýurt ýykyp bilmezdi. Ýurt ýykylmasa, ýurdy bar adamlar, ataly ýetim ýaly, ýat illere dargamazdy... "

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024