Pahyr adamlar
Obada gürrüň berdiler.
"Köçämizden, Bäşim aganyň ogly Gurbangeldi Tejeniň häkimligine bellendi."
Meniňem kakamyň ady Bäşimdi. Emma meniň kakam mygallymdy, KGB dissident ogly üçin kowdurýança, 46 ýyl pyýadaja mekdebe gatnapdy. Gurbangeldiniň kakasy çopandy, mal yzynda ýogalypdy. Ony ýük maşyna ýükläp, meýdandan getirenlerinde, Gurbangeldiniň doganoglany Annamyrat bilen Bäşim agalaryň işiginde oýnap ýördük (Annamyradam ýogalypdyr, ýatan ýeri ýagty bolsun!) Maşynyň ýeňse bortuny açyp, aşak goýberdiler welin, burunlary ýokaryk bakyp duran bir jübüt çokaýa gözüm düşdi...
"Gurbangeldi ýygnak geçirende, Gaýgysyz Poroşogyň ogly Isge onuň üstüne gygyrýar: ’Ýowşan Annagurbanyň garyndaşy’ diýip, aýagyňdan ýazaryn!’ Ýowşan Annagurbanyň garyndaşam däl welin, Gurbangeldi gorkýar..."
Isge kän ýadyma düşenok, emma kakasy ýadymda. Şofýordy, ýük maşyn sürerdi. Okuw ýatyrylyp, meýdan işine gatnaýarkak, biraz wagt biziň brigadamyzyň sürüjisi bolupdy. Günoratan çaý içilýärkä, "Sofýorlyk gursun, ýolda bir s... ýatanam bolsa, durup barlamasaň, ’nämedikä, geregi çykjak zat bolsa bildiňmi? Görämelidiň-dä’ diýip, iki-üç gün kelläňden çykmaz, garyplyk-da" diýiň zeýrenýäni ýadymda.
Gurbangeldini soň häkimlikden aýrypdyrlar. Bolsa-da, türmä basylman gutulypdyr.