Surat

Gözlenýän zat

Alty sözli hekaýalar (3)

***
Ol hiç üýtgemedi, başgalaryň üýtgärine garaşýar.

***
Millionlaryň sakasyny goramalymy ýa-da öz çeşmäňi?

***
Populist bolmasaň, aňsyz mähelle arkaňda durmaz.

***
Durmuş gysdy. Elini açsa - ýüregi agyrýar.

***
Stalinçi syýasatçy: "Adam hukuklaryny goramak isleýärin!"

***
Çilim gytalansoň, döwlet gazetlerini "okaýan" köpeldi.

***
Ozleri ýaly, iş adamlarynyň hudaýy-da biznesmendir.

***
Baý bilen garybyň ýüregi-de, dili-de başgadyr.

***
Göwni ýarym. Söz diýmedim. Depäme berdi.

***
Içiňden diri klassyk bolmasaň, ýazyp nätjek?

***
Eseri düşünmeýänler ykrar etmeli bolsa, waý!

***
Uly ussady, baýrak berip, kiçilere deňlediler.

***
Özüňden çykyp, kämahal özüňi-de görüp bilseň.

***
Hudaýy çagyryp, bizar etme, başgalara-da ýetişsin.

***
Syladym. Baý hantama, garyp beg saýdy.

***
Pesiň eli gelse, özüne çenli peselder.

***
Samsyk bilen sanaşsaň, ol-da edeniňi eder.

***
Adalat. Tussagyň gutabyny türme sakçysy ogurlady.

***
Türkmen: Başgalar ajyksa - gaharlanýar, biz şatlanýarys.

***
Žurnalist. Näme diýseň, "nätjek, çydamaly-da" diýýär.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024