• Türkmençe
  • English

Ýowşan Annagurban

Bölümler
  • Goşgular
  • Poemalar
  • Hekaýalar
  • Makalalar
  • Bellikler
  • Portretler
  • Terjimeler
  • Media
  • Ses ýazgylary
  • Suratlar

Dost deňleşdirmesi

Olar uruş-gowgadan bileje gutuldylar. Bileje ýat ile geldiler. Bileje bir jaýda ýaşadylar. Ozal bileje oýnap, duldegşir goňşulykda ösüp, bileje medressä gatnap, bileje namaz öwrenipdiler. Indi bileje mekdebe gatnap, başga dil öwrenýärdiler we yzlarynda galan aýallaryny hem uruş-gykylygyň içinden çykaryp, öz ýanlaryna getirmegiň aladasyny edýärdiler.

Emma biriniň aýaly gelip bilmedi, bomba pidasy boldy. Beýlekisiniň aýaly goňşy ýurda gaçyp, uçara bilet almagy başardy. Aýaly geljek är gününi däl, sagadyny sanap garaşdy. Begenjini ýüregine sygdyryp bilmän, gaýta-gaýta ýanyndaky ýoldaşyna hem aýtdy.

Olar ozal deňdi. Emma indi biriniň aýaly bar, beýlekiniňki bolsa ýok. Aýaly ölen bu deňsizligi ýüregine sygdyryp bilmedi. Onsoň, aýaly gelmezinden bir gün öň, gije uklap ýatan ýegre dostunyň ýüreginden pyçak urdy.

  • 27.11.2016
  • Hekaýalar
Bölüme soňky girizilenler
Hudaýyň ak ketenisi 17.03.2018
Jaýy ýykylanyň jaýy 05.03.2018
Kelteden başlanan uzak ýol 05.02.2018
Uzaga çeken ölüm 01.10.2017
"Haýynyň" haýyşy 01.05.2017
"Admin bolasym gelýä" 08.03.2017
Paýlaş

Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.

  • RSS

annagurban.com copyright © 2006-2019