Kelle kelteligi
Ol gol gowşuryp, başyny aşak egip geldi. Onsoň kellesinde tans etdiler. Bir ýyl, iki ýyl çydady. Üçünji ýyl çalaja garşylyk görkezdi: "Kelläm agyrýar" diýdi. Gaty gördiler. "Git, ýok bol, seňkiden has goçak, has takyr kellelileri hem tapýas" diýdiler. Ol kellesinde tans edýänleri däl, özünden soň geljekleri ýigrendi. Sebäbi olar kellesinde tans etdirip, hiç garşylyk görkezmezler öýtdi.